13:55 Towşan ýyly | |
TOWŞAN ÝYLY
Bu ýylda dogulanlar örän özboluşly, ukyply, hem-de gedemiräk adamlardyr. Olar salykatly, ak göwün we hoşgylaw. Her bir zada oñat düşünýär, hemmeler oña haýran galýar hem-de ynanýar. Gowy gepleşmegi başarýarlar, özüni we töweregindäkileri hormatlamagy başarýar. Ýöne olarda bir ýetmezçilik bar, ol hem yüzleklik, hatda bu adamlardaky iñ oñat sypatlar-da ýüzleklik häsiyetlidir. Mundan-da daşgary gybat etmäni gowy görýärler, özlerem gybat edip otyrandyr welin, töweregindäkiler munuñ şeýledigini duýmazlaram. Köpçüligi ýagşy görýär, ony-da köpçülik halaýar.Olaryñ añsat gaharyny getirjek gümanyñ ýok, mydama arkaýyn we parahat. Könülleri ejiz, sähel zada ýüregi ýukalyk edýär, onsoñam başgalaryñ başyna düşen iş üçin doñbagyrlyk etse-de, özüne gezek gelende örän ýüregi ejiz. Sähel zat üçin ýarym-ýaş bolup aglap, tiz wagtdan hem köşeşýär. Özlerem juda köneçil, parahat durmuşyny bozjak, biynjalyk, etjek bolsa, täze zady ornaşdyrmaga garşy bolýarlar.Durmuşda bolelinlige, arkaýynlyga höwes edýärler. Ilki ''ýedi ölçäp, bir kesýänlerden'', herki zadyñ ''boljak'',''bolmajakdygyny'' ölçerip görmän işe başlamaýarlar. Örän işjeñ adamlar, ak ýürekli zähmet çekýärler, tertip-düzgüni, kada-kanuny berk berjaý edýärler. Pula gezek gelende elleri düşümli, işine ezber. Bähbit görjek bolsañ, almak-goýmak, söwda işlerini şolara tabşyraýmaly. Ökde töwellaçy we araçy bolup bilýärler, dawany çözmäge gabyl, hyzmat etmegi başarýarlar. Bu ýylda dogulanlar mylakatly, söýen, halal adamlarynyñ göwnüni tapmagy başarýar, dostlary üçin öýünden-ilinden geçmäge taýýar.Resmiligi añyrýany bilen başarsa-da, bilimi juda zor däl. Duýgur, nirede näme bähbit bardygyny ýüregi bilen syzýan ýaly bilýär. Durmuşy ähli döwürlerde parahat geçýär. Birden bir garaşylmadyk, adatdan daşary ýagdaý ýüze çykaýmasa durmuşy öz akymyna birsydyrgyn gidýär. Durmuş gurmak üçin olar goýun, doñuz ýa-da it ýylynda dogulanlar bilen nikalaşsa göwnemakul. Luw ýylynda dogulanlar bilen goşulmaklyk amatsyz. Syçan ya-da towuk ýylynda dogulanlar bilen durmuş gursa bagtly bolmaz. Şu asyryñ towşan ýyly: 1915, 1927, 1939, 1951, 1963, 1975, 1987, 1999, (2011, 2023). Arazbaý ÖRÄÝEW. ''Täleýnama''. Elektron görnüşe geçiren: PEŞEÑ ogly Afrasyýap | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |