18:19 Bilbil göwni / hekaýa | |
BILBIL GÖWNI
Hekaýalar
Gyrmyzy garaşýar. Gyz göwni onda-da beter garaşýar. Tämiz, mawy köýnekli. Asman-da, al-ýaşyl kürteli. Zemin-de biri-birine garaşýar. Hal-ha, ýalñyz saryja bilbil hem gülşenli bossan içre öz bilbiline garaşýar. Beýle-de bir garaşdyrmak bolar oguşýan. Köñül soltanynyñ islegi welin, gör, nirelerde?! Onuñ wagt taýdan-da, giñişlik taýdan-da aýdan kesgidi ýok. Garaşmagyñ takady dolup barýar. Ynha, gyzyñ takatsyz göwni gursagyndan çykdy-da, edil guş ýaly uçup, bilbiliñ ýanynda gondy. - Garaşýarmyñ, bilbil dogan? - diýip, gyz göwni bilbile ýüzlendi. - Garaşýan, göwün, garaşýan. Meniñ mañlaýyma garaşmak ýazylan ýaly. Şo-ol garaşyp ýörün, garaşyp ýörün... - Meniñ bibim-de garaşýar. Onuñ hem ykbaly seniñki ýaly. Bu dünýäde haýsy bagtly: garaşýanmy ýa-da garaşdyrýan?! Meniñ düşünişimçe-hä, garaşýan bagtly. Ynamy syndyryp ýaşamak nähili aýylgançlyk. Dünýäniñ özem ynamdan dörändir. Ol bir ýerlerde özi ýaly Dünýäniñ bardygyna, ahyrsoñunda oña gowuşjakdygyna ynanyp ýaşaýandyr. Ýogsam, ol bu äpet göwresi bilen ýalñyzlyk derdinden para-para bolup, bölünip giderdi birçak. - Garaşmak-sabryñ synagy. Bardy-geldi men garaşmaýamda-da, göwnüm garaşar ýörer. Geçen bagtly günleri unutmak juda kyn, çakyňdan-da kyn. Bagtly pursatlar ömrüñde bir gezek bolýarmyka?! Ýa-da soñ ol hiç haçan gaýtalanmaýarmyka?! Aý, ýok, beýle-de däl bolaýmasyn! Meniñ bilbil göwnümiñ tesellisi şo-ol süýji ýatlamalar. Men gowusy, şony ýatlaýsam, niçik bor, näzijek gyz göwni. - Ýatla, bilbil dogan, ýatla! Ýatlasañ, göwnüñ ynjalar, bossanyñ al-elwan gülleri ýaly burk urar, şirmaýy perdeleñ mukamy dek owaz ýañlanar. Şonda heserli kalbyñ bir enaýy ýylgyrar. Seniñ göwnüñ ýylgyrsa, nurlansa, men hem karar tapar men. Sebäbi göwün göwünden suw içýändir ahbetin! - Ol bagtlt pursatlar şeýle başlandy: ynsan gudratyndan dörän bagy-bossanlygyñ içinde "Kimiñ owazy ýakymly?" diýip saýraýardyk. Elmydama meniñ şirin owazyma maýyl bolardyrlar. Saýraşykda mukamlar başyny maña ynandylar. Elbetde, meniñ owazymda dünýä bolan çäksiz söýgi bardy. Şonuñ üçinem, meniñ sesim bilbilleriñ birini ýesir edipdir. Ol meni jany-tenk bilen söýdi. Onuñ söýgüsi meniñ söýgime goşulyp, täsin bir syrly-syrly şelpeleri döretdi. Ol şelpeler nagma bolup, ganatly perleri has pel-pelledi. Biz söýgi mukamynyñ güýjünden uzak alyslyklara, joşgunly ummanlada aralaşýardyk. Aşyk bilbilem meniñ yşkly göwnümiñ şasy boldy. Käteler ol menk joralarymyñ ýanynda goýup, dostlary bilen gezelenje gidýärdi. Ol gelýänçä meniñ kiçijik ýüregim bu uly dünýäde özüne jaý tapmaýardy. Şonda ýakyn joram maña gysmyljyrap, bikarar bolup, ýürek perwazymy diñleýärdi, göwünlik berýärdi. Meniñ yşgymdan yşgy göterilen ekeni, joramyñ. Bir gezek ol maña: - Jora jan, şu ömrümde senden iñ ilkinji hem iñ soñky haýyşym bolsun. Islegimi bitirmeseñ, men ölüp galaryn. Mañ öz bilbiliñ bilen ýekeje gezek uçmaklyga ygtyýar et, jora jan! Razy bolaýsan! Uçaryn-da, ynhajykga dolanyp gelerin, ýekejw gezek haýyş. Naçar joramyñ halyna ýüregim awady. Özem uçýar-da derrew dolanyp gelýär. Men Aşyk bilbilime bu hakda aýdanymda ör-gökden geldi. "Bu dünýäde meniñ ýeke-täk taýym sensiñ" diýip, ganatlary bilen ýüzümi ýelpedi. - Garşy bolma, Aşyk bilbilim! Men razy, ýekeje sapar uçaý-da, eziz görýän joram bilen. Aştk bilbilim ganatlaryny kakup gobsundy, sözümi ýykmajagymy duýdurdy... Görsem, beýle-de joram dirilik çeşmesiniñ suwuna düşen ýaly, güneş kimin lowurdap dur. Meniñ bagryma hanjar urlan ýaly boldy. Indi giç. Olary ýoldan saklamaga bilbiller maşgalasynyñ hiç biriniñ gurby çatmas gerek! Olar yşgyñ heserine ganatlaryny pasyrdadyp, mawy alyslyga sary uçdular. Ýüregim endiräp, başym aýlandy, gözüm garañkyrady. Bogazym gurap, göwnüm bir owurt suw küýsedi. Baryp, gür otlaryñ arasyna özümi urdum. Ýüregim atygsap, agzymdan çykyp barýar: - Eý-ho! Pelegiñ işi ne beladyr?! Her niçigem bolsa, joram söz berdi ahyryn. Eger joram gaýdyp gelmese-de, Aşyk bilbilim hökman geler. Ol mensiz bu jahanda ýekeje gün hem ýaşap bilmez. Kiçijik göwrämden nämedir bir zat basýn ýaly, aýagymdan agram daşy asylýan ýaly. Ne-hä uçup bilýän, ne-de bökjekläp. Takatsyz göwnüm welin garaşýar, umydyny Gün deñinde tutup garaşýar. Gün ýaşdy, dañ atdy. Ukusyz umytly gije sabada ak säheriñ uly ynamyna, umydyna beslendi. Kiçijik ýüregim telwas urdy. Gün çykdy. Günüñ çyraýy şöhleleri köñlüme umyt şuglasyny çaýdy. Günler arzuw bolup geçdi, ýyllar ynam bolup. Aşyk bilbilimiñ joram bilen şol uçup gidişi. Belki, olar eýýäm çagajyklaryna meniñ saýraýşym ýaly saýramagy öwredýändirler. Meniñ üçin aý-ýyllaryñ parhy ýok. Ýatlamalar meni umytly ýaşadyp ýör. Ejemiñ bir wagtky aýdany hakydamda: "Umytly guş Käbä ýeter". Özüm-ä dünýäde ynamly garaşmakdan uly bagt bardyr öýdemok. Ine, meniñ başymdan geçiren ýönekeýje ahwalym şeýle, eý, näzik gyz göwni! Edil şol wagt gür şahadan bir geñsi yşarat bilen bakyp, bir bilbil joşup saýrady. Bilbil: - Bu meniñ Aşyk bilbilimiñ sesi. Ol has şirin saýraýardy - diýip, ol tarapa seretjegem bolmady. Ynha, şol pursat bir ýigit Gyrmyza ~ aşygyna hyjuwly heserli gözler bilen garap geçdi. Gyz göwni: - Bu meniñ köñül soltanymyñ garaşýany däl. Onuñ ýüzi nuranady, ädimleri örän dogumlydu, durşuna gujur-gaýratlydy - diýip kesgitli aýtdy. Bilbil göwni. Gyz göwni. Dünýäde guş-gumursynyñ, ynsyñ-jynsyñ göwni bir. Göwün islemese, ol köñül köşgünde ýer etmez. Göwün silemese, ol gapysynu hergiz, açmaz. Şonuñ üçinem, ol hemişe umytly, ynamly ýaşaýar. Alyslardan näzijek mukama beslenen owaz ýañlandy: - Garaşýan bagtlymy ýa-da garaşdyrýan. Şirin GURBANOWA. | |
|
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |