21:56 Ýar zarbyndan ýaýa döndüm / hekaýa | |
ÝAR ZARBYNDAN ÝAÝA DÖNDÜM
Hekaýalar
Ýaşyl ýapraklaryñ tolgundyryjy owazy kem-kemden peselip ugrady, tomus paslynyñ özboluşly epgekli ýeli-de, gör, nirädir bir ýere ýitirim boldy. Jahan giñişliginiñ tozanly tüweleýi al-asmanyñ ummanyna aralaşyp gitdi. Şondan soñ ýaşylja ýapraklar şabram kakyp şelpelije mukam çalyp ugrady. Tüweleýden gorkup rahat ýer gözläp, pelesañ kakan guşlaram dessine peýda boldular. Olaryñam özboluşly saýraýan owazy şabram şelpelere goşulyp gitdi. Çagajyklaram ýene-de şol agajyñ goýy kölegesine gelip üýşdüler. Käbiri öñki hiññildigine tarap ýöneldi. Ese-boýa ýetenleri nämedir bir gyzykly söhbete gyzdylar. Obanyñ üç-dört öýüniñ oglandyr-gyzlary diýip tapawutlandyryp bolýardy. Bular ýetginjeklige ýeten-de, şeýdip öz köçesiniñ adyna eýe bolýardylar. Eger-de oba arasynda "Maral daýza ogluny öýerýärmiş, ho-ol uzyn köçeden gyz alýarmyş" diýildigi eýýäm düşnüklidi haýsy gyzyñ durmuşa çykýandygy. Hakykatdanam, Maral daýzanyñ toýy barada gürrüñ uzaga çekdi. Wagtal-wagtal "Uzyn köçedäki gyz razy dälmiş" diýen myş-myşlar gulaga ilýärdi. Emma şol köçeden Maral daýza-da hergiz el çekerli dälmiş. Nämemiş, onuñ ýalñyz ogly barmyş. Şoña-da diñe şol köçedäki gyz mynasypmyş. Emma gyz aldygyna öz närazylygyny duýdurýarmyş. Ine, şu gürrüñler şu gün şol agajyñ goýy kölegesinde oturan ýaş-ýuş oglanlaryñ esasy gepbaşysy boldy. Kem-kemden ýumak çöşlendi. Şol myş-myşlaryñ jany bar eken. Gyz razy däl. Şonuñ üçin toýuñ sähedi ýene-de yza süýşürilipdir. Gyz ejesine kän ýalbardy. "Maña düşüniñ. Meniñ Söýün bilen durmuş gurasym gelenok. Men.. men..." diýip, gözlerini ýaşa dolduryp aýtdy. Ejesi başgaça jogap berdi. "Eý, akmak gyzjagaz, sen bir düşün ahyry. Ol biriniñ ýeke ogly. Sen şol öýüñ hany-soltany borsuñ. Hiç bir zada mätäç bolmarsyñ. Başga saña näme gerek! - Mañamy?... - diýip, gyz tisgindi. - "Maña Söýün däl-de, Azat gerek". Gyz pyşyrdady. Ene ol sözleri eşitmedi. Gaýtam: - Gördüñmi? Lal bolan bolsañ gerek - diýip, hemle atdy. Gyzyñ ünjüli ýüzüniñ barha çytylýandygy, dodaklarynyñ kemşerip nägile görnüşe geçýändigi, gara gaşlarynyñam, gara gözleriniñem perişandygy onuñ iki ýumrugynyñ gazaply düwlendigi bilen utgaşyp gitdi. Gaýdyp uzyn köçedäki gyzdan ses-üýn çykmady. Söýün bu zatlardan habarsyzdy. Ejesi onuñ gulagyny dynman gazady: "Eneş diñe seni halaýarmyş. Meni dagy görse, utanyp aşak seredip, sülmüräp öz otagyndan çykanok. Wah, oglum, şol gyza ýetip bilsek, armanymyz ýok". Söýün ýylgyrdy. "Ah, eje jan, bilseñ-ä meniñ bar arzuwym diñe Eneş. Men ony, gör, indi ençe wagtdan bäri ýüregim saýyp ýörün". Ýigidiñ syrly ýylgyryşy syrly arzuwlaryna aralaşyp gitdi. Soña-baka ol ak "Žigulisine" atlanyp, gyzyñ köçesinden geçmäni çykardy. Uzyn köçeliler onuñ manysyna derrew düşündiler. Ýöne uly il bu gudaçylygy añryýany bilen oñlaýardy. - Ikisi-de bir-birine tüýs mynasyp! Uly iliñ oñlan toýunyñ ahyry sähedi ýetip geldi. Gyz dymýardy. Başyna kürte atyp, gelnalyjy ýola düşende-de, onuñ şol doñup durşudy. Daş-töweregiñ toý-şagalañy, şatlygy onuñ ýüzünde ýylgyryşy döretmedi. Gaýtam kineli köñüller syrly ümsümlige duwlanypdy. Nika gyýyldy. "Razymy?" diýlende gyz çalaja baş atdy. Söýün ýeñillik bilen dem aldy. Otagda ýaş juwanlardan başga adam galmady. Ýigit gyzyñ kürtesini aýyrdy. Onuñ ýüzüniñ nuranadan ajaýypdygyna, gözelligine syn etdi. Bütin durky bilen älemiñ biperwaý çarhypelegine özüni oklan gyzyñ ak goşaryndan tutdy: - Eneşim! Göwnüñde niçiksi pikiriñ bolsa, ol öz işiñ. Ýöne bir zady bek belle: men ömrümiñ iñ soñky pursadyna çenli seniñ bagtyñ üçin, diñe seniñ bagtyñ üçin ähli zada döz gelerin. Diñleýärmiñ? Diñlegin! Eşitgin! Sen hökman bagtly bolarsyñ. Meni edil şu wagt söýmeýänem bolsañ, soñra söýersiñ. Ine görersiñ. Gyz gobsundy. Ýigidiñ ýüzüne dikanlap seretdi: - Söýmäge mejbur ederin diýjek bolýarmyñ? Söýün tisgindi: - Ýok, ezizim! Ýöne men ynanýan, seniñ meni söýjegiñe, hatda örtenipler, gabanyp söýjegiñe. Men ynanýaryn şoña! Sen hem ynan! Ynan! - diýip, Söýün gyzy bagryna basdy. Adamzat takdyrynda ýatda galýan pursatlar, hadysalar örän-örän kän bolýar. Şol wakalary ýatlamagyñ özi-de kalbyñda ýakymly mylaýymlygy döredip, manyly ömrüñe süýjülik duýgusyny gatyşdyrýar. Şeýle-de dogabitdi häsiýetiñe tebigy ýumşaklugy bagyş edýär. Gahar-gazap diýlen şeýtan sapagyny gysga wagtly bolsa-da ýolup taşlaýar. Eneş bilen Söýün örän bagtly ýaşaýşyñ bosagasyndan ätledi. Söýün öz sözünde tapyldy. Mydama gelni üçin mährini, muhabbetini gysganmady, eçildi, barha eçildi. Dogry, ilkibadalar Eneş şol biperwaýlygy bilen gümra boldy. Emma Söýün çyn köñülden maýyl bolan duýgusyny ýitirmek islemedi. Ýigit ýaşlygyny giñ sähranyñ goýnunda geçireni üçin, onuñ tebigata, çöle, sähra giñişlige bolan söýgüsi üýtgeşikdi. Onuñ ýüregi gysan pursady, şol sährada mähremlik hem mähribanlyk duýýardy. Kakasynyñ bakýan sürüsiniñ yzyna düşýärdi. Çopan taýagyny eline alyp, dowarlar bilen giden meýdany aýlanyp çykýardy. Ýelginli ýetginjekligiñ haý-haýly hesretdir gussasyny çöl sährasynyñ sergin dünýäsi bilen egisýärdi. Käte-käte hiñlenip, özüçe aýdym aýdýardy. Ol şu sährada müdimilik ýaşamagy arzuw edýärdi. Emma ene-atanyñ ony ýokary okuw jaýynda okatmak islegi has añyrdandy. Söýün okuwa gitmekden boýun gaçyrdy, ol esgerlige gitdi. Şol ýerde-de sürüjilik kursunu gutaryp eli hünärli dolanyp geldi. - Kaka, isleseñ, ýanyñda çoluk bolaýyn, isleseñ obada şopur bolaýyn. Ol şeý diýip, obada ýük maşynlarynyñ birine geçdi. Ol hiç wagt läliksiremedi. Emma ata-ene şonda-da oña ýeñil maşyn äberdiler. Indem uzyn köçeden gyza öýerdiler. Söýün has bagtyýardy. Gelnini jany-teni bilen söýdi. Aýalyndan hem şol mähre garaşdy. Emma biperwaý dünýäli Eneş sowuk nazary bilen ýaşamagyny dowam etdirdi. Ýok! Söýün ony islemedi. Ol Eneşe söýgi diýlen zer-zümerretli eýwany onuñ gursagynda döretmegi niýet edindi. Ol ýigide başardarmyka? Söýün çagalygynda syrdaş bolan sährany ýatlady. Birdenem şol sähranyñ garşysynda peýda bolan durşuna göm-gök öwsüp duran sümme tokaýlygy gördi. Ol tolkunly derýany, deñzi, göge başyny diräp duran dagy ýatlatdy. Ine, şularyñ haýsy biri Eneşiñ kalbynda gozgalañ turzup, heser dagyny döredip biler? Söýün kän pikir etdi. Ahyry çyrpynyp akýan derýany saýlap aldy. Dessine zähmet rugsadyna çykdy. Ýol enjamlaryny düzedip, ýeñil maşyna ýerleşdirdi. Eneşiñ elinden tutup, oña örän mylaýymlyk bilen habar gatdy: - Giderismi, ezizim? - Nirä? - Söýgi älemine! - Ol nirede? - Seniñ göwnüñ islän ýeriñde. - Düşünmedim. - Ynha, düşünersiñ. - Ýok, men gitjek däl. - Onda ikimiziñ durmuşymyz salgymly howaýy bir boşluga öwrüler. - Näme diýjek bolýañ. - Diñe gowulyk etjek bolýan. Eneş adamsyna mundan artyk sowal bermegi gelşiksiz gördi. Razylaşdy. Makullap baş atdy. Olar ugradylar. Güýz gününiñ salkyn howasynda ýola düşen ýaş ýolagçylar Jeýhun derýasynyñ kenaryna tarap barýardylar. Söýün şol derýanyñ günbatar tarapynda tokaýly bir adanyñ bardygyny bilýärdi. Şol meýdança ýetýänçäler, olar üç gezek ýolda goş ýazdyrdylar, açyk howada ot ýakyp, garbandylar. Ine, şeýdip, ir säherden ýola düşen maşyn mazaly iñrik garalanda, derýa kenarynyñ sowujak şemalyna aralaşdy. Maşyn togtady. Söýün tanyş tokaý meýdançasyna seretdi. Juwanlar rahatlanan ýaly boldular. Bular dañ atandan çadyr gurmagy makul bildiler. Gijäni geçirmek üçin häzirlikçe şu duran ýerlerini arassalap, getiren düşeklerini ýere ýazdylar. Daña golaý kenaryñ howasy birneme sowady. Söýün üşäp oýandy. Rahat ukuda ýatan aýalyna seredip ýylgyrdy. Soñra ýerinden turup, özboluşly towlanýan derýanyñ golaýyn bardy, esli salym seredip durdy. El-ýüzüni ýuwdy. Çadyr gurmak üçin gyssandy. Gök öwsüp duran gür gamyşlygyñ içinden amatly ýer agtardy. Ol göwnüne ýaran otlukly ýeri tämizledi. Şol ýerden çadyr gurmaga başlady. Hysyrdanyp garabaşynagaý boldy. Eneş dünýäden bigam ukudady. Säheriñ salkynly hüwdüsine bimar bolan gelin süýji-süýji düýş görýärdi. Şol gün ol düýşünde çagalygyndan bileje tirkeşip, bir köçede önüp-ösen, pynhan-pynhan göwün islegini arzuwlan Azadyny gördi. Azat ony biwepalykda aýyplaýardy. "Sen diñw maña gülüp bakmaga wada beripdiñ" diýip, nägile gürleýärdi. Eneş sessiz dymýardy. Onuñ tersine, Azat aldygyna gyza igenýärdi. "Diýmek, sen meni söýmänsiñ-dä! Ähli umyt-arzuwlarymyz, geljegimiz, ykbalymyz, ýolumyz ýitirimi bolaýdymy? Asla ynanasym gelenok!" Eneş dymýardy. Azar gaharly bir görnüşe geçdi. - Söýün menden gowumy? Aýt, sen ony söýýärmiñ? Jogap ber! Söýýäñ gerek! Söýýäñ! - Ýo-o-ok!!! Eneş öz sesine oýandy. Säher çagynyñ düýşüni özüçe ýordy. Hernäçe ýüregine teselli gözlese-de, birhiki biunjalyk sussupesligi öz janyndan aýryp bilmedi. Çyrpynyp akýan derýa-da gaýtam onuñ pikirleriniñ çözgüdini bulam-bujar etdi. Daş-töwereginde ylgaşlap ýören adamsynyñ aladasy-da ony az gyzyklandyrdy. Söýün özboluşly hyýaly durmuşyñ gahrymanlaryna öýkünip hereket edýärdi. Odunlary üýşürip, ot ýakýardy. Eneş garbanmaga bir zatlar bişirýärdi. Söýün şol oduñ daşyndan uzak gidip bilmän, onuñ bişirýan tagamyndan dadyp görýärdi. Şol aralykda balyk çeññeklerini-de suwa oklaýardy. Uzak wagtlap, sessiz-üýnsüz derýa tolkunlaryna nazar salýardy. Günorta naharyndan soñ, Söýün kenar bilen pyýadalap gitdi. Ol birneme soñrak gaýykly dolanyp geldi. - Eneş! Ezizim, seretsene! Gör, neneñsi ulagymyz bar. Men seni tä ýadaýançañ, gezelenje äkiderin. Eneş çalaja ýylgyrdy. Elbetde, bu ýylgyryş Söýüniñ wagtyny hoş etdi. Derýanyñ asuda akýan pursaty gaýykly gezelenjiñ täsin bir lezzeti bolýardy. Eneş gaýygyñ beýleki bir burçunda oturyp, ýumşajyk suw düşeginiñ rahatlygyny duýýardy. Söýün kürekleýärdi. Käte-de gaýygy akymyñ ugruna goýberýärdi. Bular çadyr öýünden barha arany açdylar. Edil suwuñ içinde ýerleşen adada düşlediler. Şeýle seredäýmäge, ýönekeýje otlukly meýdany ýatladyp duran bujagaz adanyñ gözelligini nähili taryp etseñ-de jüpüne düşüp dur. Oña seretdigiñ saýyn birhili keýpiñe wagtyhoşluk aralaşýardy. Emma Eneşiñ şol bir bolşudy. Ol uludan dem aldy, onuñ dünýäsinde özgerişlik duýulmaýan ýalydy. Birdenem adamsynyñ ruhubelent keşbine seredip, onuñ hem ýylgyrasy geldi. Edil şol pursat onuñ kalbynda tolgundyryjy duýgular başlanan ýaly boldy. Näler ýürek söýgüsiniñ joş almagyny isledi. Ýöne kimdir biri onuñ hyjuwyna böwet bolan dek, ol kürtdürip durdy. Çünki onuñ gözleri ýylgyn şahalarynyñ üýtgeşik hallan atyşyna seredip, göwün arzuwlarynyñ şol tarapa telwas edýändigini duýdy. "Olar bagtly! Suwly ýeriñ mesgeninde mekan tutan agaçlar, guşlar ~ olaryñ barysy bagtly! Şojagaz şadyýanlykdan mañada paý ýetsedi!" Söýün gelniniñ pelsepesine üns bermedi. Onuñ goşaryndan tutup, ylgamaga mejbur etdi. Ýumşajyk palçykly otlaryñ içinde ylgaşlamak ne hezildi! Ilkinji gezek Eneş jak-jaklap güldi. Tozgalyja otlardan çemen bogan adamsyna mähirli seretdi. Söýün ol çemeni halka edip, Eneşiñ boýnundan asdy. - Ine, hindi gözellerine meñzediñ. Ýogsam-da ikimiz şu adada galsak, Robinzon Kruzo ýaly ýaşamagy başararmydyk! - Elbetde. - Äh-ä. Görýän weli, sen batyrgaý ýaly-la. Ýaş juwanlar gün ýaşýança, adanyñ o çetinden tä beýlesine çenli ýörediler. Entek duş gelmedik täsin ösümliklere, owadanja, boýny nagyşlyja guşlara haýran galdylar. Wagtal-wagtal bilbil owazyna meñzeş mahmal mukamlara diñ saldylar. Olary ýene bir geñ galdyran zat çöp-çalamlaryń arasynda ýerleşen guş höwürtgesi boldy. Ol ýerde üç-dört sany owunjak ýumurtga bardy. Onuñ reñki ak däldi, ala-mulady. Bular "Haýsy guşka?" diýip pikir etdi. Şol höwürtgäniñ eýesi gelýänçä, añtap durdular. Emma guş gara bermedi. Iki-üç sagatlap bilesigeliji ýolagçylar dymyp durdular. Emma hiç hili guş gara bermedi. Ahyry Söýün elini salgady: - Bijaý hüşgär bolmaga çemeli. Ýör, gideli, Eneşim! Şol gün bular üýtgeşik balykgulaklara duşdular. Eneş hezil edip olary synlady, göwünjeñ çöpleşdirdi. Gün ýaşar uçurlarynda adanyñ ösümlikleri birhili howsalaly ses etdiler. Ýeliñ şuwwuldyly owazy peýda boldy. Gögüñ ýüzüni çal duman örtdi. Derýanyñ akymy birden güýçlendi. Indi onuñ aç-açan güwwüldisi göterilen ýaly boldy. - Basymrak gideli, Eneşim. Ýagyş ýagjak bolýar - diýip, Söýün aladaly dillendi. - Ýagyş ýagsa hiç-le. Ýel turýar. - Gaýgy etme, Eneşim, men ýanyñda ahyryn! Emma Söýüniñ ol sözi bilen Eneş rahatlanmady. Olar gaýygyñ dañlan ýerine tarap gaty-gaty ýörediler. Asmandaky aldygyna gaýmalaşýan bulutlar hereketini togtatdy, edil bularyñ depesinde ýer etdi. Söýün Eneşiñ goltugyndan tutup ylgap başlady. Entek gaýyga çenli eslo ýol bardy. Onýança ýylgynlar başlaryny yrap, ýel sazyna ses goşdular. Elbetde, derýanyñ boýunda tozan bolmasa-da, akymyñ seslenişi ýeliñ zarbynady. Ýylgyn düýbüne ýüpi dañlan gaýyk ýerinde ýokdy. Görgüli ýylgyn agajy suwuñ badyna gözgyny halda gyşaryp, naýynjar elenip durdy. Gaýyk bolsa bireýýämler erkinlige gol ýapyp, öz ugruna ýüzüp akyma gatyşypdyr. Söýün gözlerine ynanmady. "Ýalñyşýandyryn" diýip, adanyñ iki ýan tarapyna ylgaşlady. Ony gara der basdy. Entek gaýgyly ünjüsini ýüze çykarmanka, derýa tolkuny batly zarba urdy. Tas ikisi-de togalanyp, tolkunyñ badyna ýere ýazylypdy. Söýün Eneşi yza çekdi. Ýylgynlaryñ ygyny penalap howpurgadylar. Eneş aljyraññy dillendi: - Ine, indi hakyky Robinzon bolduk. Söýün ony bagryna basdy: - Men seni söýýän, ezizim. Ine görersiñ, biz maksadymyza ýeteris! Söýün indi nähili söhbet edilýän bolsa, şony aldygyna gaýtalamaga mejbur boldy. Käte añynda bilýän şygyrlaryny hakydasyna getirdi. Indi onuñ bar maksady Eneşiñ göwnüni awlamakdy, her niçik-de bolsa, oña teselli bermekdi. Bular şol barmana, ýylgynlaryñ penasynda saklandylar. Eneş özüniñ aljyraññylygyny gizlemäge çalyşdy. Onuñ beýle rahat boljak bolmagy Söýüniñ ýüregine azajyk hem bolsa teselli isleýänligidi. Emma Söýün has aladalydy. Ol hem özündäki gorkudyr ürkini gizlejek bolup jan edýärdi. Söýün özüniñ söýgüsine ynandy. Eneş kiçijik ýüreginiñ hijranly paralanyşyna haýran galdy. Adamsynyñ belent ruhly tämiz söýgüsine barha baş egýärdi. Olar gijäniñ garañkylygyny biri-birine söýenişip, diñşirgenmek bilen garşyladylar. Ýel güýjese güýjeýärdi welin, asla köşeşenokdy. Güñleç sesli derýa-da barha dyzaýardy. Onuñ her gezekki köwsarlaýan tolkunly bady adanyñ kenaryny bölüp-bölüp gädip barýardy. Söýün guraksy çöpleri üýşürip düşekçe ýasady. Eneşiñ bir salym gyşarmagyny haýyş etdi. Ikisi-de otuñ üstünde süýndi. Ýyldyzly asman bu gije üýtgeşik don geýnipdi. Tä sähere çenli Mejnun derýan hut zyr däli boldy. Şapagyñ ýalbyrap dogmagy täzeligiñ buşlukçysynyñ şadyýan ýañyny döretdi. Göýä akym, tolkunlar, gör, nirädir ýitirim bolupdy. Ýöne suw welin, öñküden-de beter bulançakdy. Otluk adanyñ bölegini suw örtüpdi. Bir gysym bolup düýrlenip ýatan iki syýahatçynyñ bedenine gün şöhlesiniñ ýylylygy aralaşdy. Uzak gije salkyn howanyñ çygly çigreginden düýrügip ýatan ýaş juwanlar şöhläniñ jadyly şuglasyna meýmirediler. Ot-çöpli gyrymsy agaçlaryñ mylaýymlygy olary barha öz hüwdüsi bilen süýji uka batyrýardy. Däli derýanyñ köşeşmegi bilen adanyñ oýanyş hereketi hem başgaça boldy. Guşlaryñ jürküldisi, ýabany otlaryñ ygşyldysy, sünbül başlaryñ şeýdaýy gözelligi, sümme tokaýlygyñ merdemsiligi, ak asmanyñ pamyk mysaly güneşiniñ şamçyrag şöhlesinde barha-barha zynatly eýýamyñ gözbaşyna öwrülip barýardy. Ýöne bu ajaýyp görkanalyk iki ynsanyñ ýürek howsalasyny kowmagy başarmady. Olar ukudan oýanyp, biri-biriniñ ýüzûne howatyrly seretdi. Söýün mertlik bilen ýylgyrjak boldy. Emma aýalynyñ ýüzündäki gorky alamatyny añlap, ýüzüni aşak saldy. Çykalga çäresini agtarmaga başlady. Adanyñ gyrasynda durup, yzsyz-sorsuz ýiten gaýygyny gözledi. Delmuryp o taý-bu taý garanjaklady. Gözi ýaşly Eneşi görüb-ä tas özüni ýitiripdi. - Goýsana, Eneş! Edil çaga ýaly - diýip, sözüni gutaryp-gutarmanka, Eneş möññürip goýberdi. Eneşi rahatlandyrmak Söýüne iş boldy. Kalbynda neneñsi mylaýym sözler bar bolsa, bary öýlänçi ýaly Eneşiñ üstüne ýagdy. Eger-eger ol sözler bilen Eneş köşeşerli däldi. Söýün ahyry gatyrgandy: - Men özüme ýanýoldaş saýlanymda, iñ esasy bir zady ~ seni mertdir öýdüp göz öñüne getiripdim. Ýalñyşandyrynam öýdemok. Eneşiñ şol bir bolşudy. Söýün onuñ täk özüni galdyryp, tokaýlyga siñip gitdi. Eneş agysyny goýup, uç-gyragy görünmeýän suwly mekana seretdi. Beter howpurgandy. Öz-özüne igendi: "Ählisine özüm günäkär. Düñle ýaly sortduryp gezdim. Söýün görgüli meniñ şähdimi açmak isledi. Ine, meniñ ýersiz ýere içimi hümletmegimiñ soñy şeýle gutardy. Maña geregi şol! Näme üçin Azat, Azat diýýärin?! Hakykatda, ýeri gelende, diýmäýin diýsem, ýeri ol meni söýdümikä? Käte göz astyndan ogryn-dogryn seredäýmese? Ýeri, seredipdir, şol garaýyş eýsem söýgümikä? Belki, ol meni içgin-içgin synlap tanamak isländir. Ýa-da çagalykda bile önüp-ösenden soñ, belki-de, meni has ýakyny saýandyr. Biz hiç wagt ikiçäk duşuşmadyk, düýşdäki ýaly belent-belent bolsadylary arzuw etmedik ahyry! Ol, elbetde, meniñ durmuşa çykjagymy eşidendir, emma, hiý, gara berdimi? Edil atsyz-sorsuz ýiten ýaly boldy. Toýuñ sähedini özelenipler men şondan umydygär bolup yza çekdiripdim. Hiý, gara berdimi? Ýa-da iki barmak hat iberdimi? Ýok! Iberen däldir. Hut şeýle. Azat meni gowy tanandyr, belki-de, maña bil baglap bolmajagyna gözi ýetendir. Kim bilýär? Hamala şeýle bolanmyşam-da ~ men Azada durmuşa çykan bolsam, neneñsi ykbalda ýaşardym. Ah-eý, menmi?! Şonda-da bir zat tapardym. Ah, görküme görä Tañrym maña akyl beräýmändir. Mydama puşmanda gezip ýörün. Şeýdip, puşmanda ýörmekligi Tañrymam halaýan däldir. Toba! Toba!" Eneş iki eli bilen kellesini tutup, aşak oturdy. Gyrymsy otjagazlary mylaýymlyk bilen sypady. Şol barmana çöp-çalamlaryñ arasyndan şygyrdy eşidildi. Ol şol tarapa seretdi. Görse, adamsy bir gujak ot-çöp bilen ýetip gelýär. Eneşiñ derdi ýeñlän ýaly boldy. Çünki onuñ derdini egisjek ýeke-täk adam edil ýanyndady. Indi Eneş howpurgamady. Gaýtam Söýüne kömekleşdi. Olar uzak günläp guran çybyklary çöpleşdirip kiçijik haýat gurdular. Has merdemsi saýan ýylgyn şahalary bilen haýatyñ üstüni örtdüler. Kem-kemden çatma çalymdaş düşelge peýda boldy. Ýumşajyk guran selinler düşekçäniñ ornuny tutdy. Söýün uludan dem aldy. Ol Eneşiñ elinden tutup, adanyñ gyrasyna getirdi. - Ezizim, sen şu ýerde gözegçi hökmünde dur. Birdenkä, gaýykdyr gämi görünse, ýaglygyñy galgatgyn. Men iýmit gözlegine gitjek - diýip, ol sözüni gutaryp-gutarmanka, Eneş onuñ eline berk ýapyşdy: - Ýok, Söýün, nirä gitseñ-de, meni ýanyñdan goýma! - Eneş, sen düşün, ikimiz şu giden jeññele siñip gitsek, bizi hiç kim görmez. Sen meniñ diýşim ýaly şu ýerde dur. Eneş ýere seretdi. Söýüniñ ona nebsi agyrdy. Göwnüni götermek üçin: - Eger söýýänligiñ çyn bolsa, özüñe tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirersiñ - diýip, howlukmaç daşlaşyp gitdi. Eneş ilkibada dikilgazyk bolup, çyrpynyp akýan ummana seredip durdy. Eger-eger gelýän-geçýän gara bolmady. Durup-durup ýadady. Soñra oturdy. Eýýäm gün günorta bolup, öýlän çagyna ýykgyn edýärdi. "Elbetde, ýalbyrap dogan Gün depämde uzak durmasa gerek. Ol dünýä döräli bäri asyrlar taryhyndaky şol bir hereketini dowam edýän bolsa gerek. Edil şu wagt ol meniñ gündizligiñ müdimilik bolmagyny arzuw edýänimi näbilsin. Orta Ýer deñziniñ adasyny ýatladyp duran kiçijik tokaýly meýdanda galandygymy näbilsin. Howpurgap, garanjaklap delmuryp durandygymy näbilsin. Söýüniñ aljyrap selmedir ysmanak gözleýändigini näbilsin!" Eneşi ýene-de gussa gurşap aldy. Akar suwa el-ýüzüni ýuwdy. Emma ol onuñ bilen rahatlyk tapmady. Çöp-çalamlary suwa oklady. Olaryñ oýnawaç gaýyga çalym edýändigine seredip umytly ýuwdundy. Gün ýaşmagyna ujypsyz wagt galdy. Söýün eli gökje otly dolanyp geldi. Olary suwda ýuwdy. Soñra dadyp gördi. Ýylgyrdy: - Al, Eneşim, bu otlaryñ ählisi iýilýändir. Çekinme, bu günki iýmitimiz şular. Al, al! Ýumşajyk ýapraklyja süýjümek otlar iýmezçe däldi. Gökje otlaryñ ählisi iýildi. Yzyndan goşawuçlap suw içdiler. Garañky gatlyşdy. Söýün penjegini çykarup, Eneşiñ egnine atdy. Ikisi-de deñje ädimläp, düşelgesine gaýdyp geldi. Bu ýeri penalamaga amatly hem ýylydy. Eneş özüniñ üşeýändigini gizlejek bolup, mertlik bilen uklan bolýardy. Söýün syr bildirmän ýatmaga çalyşýardy. Ümsümlik uzak dowam etmedi. Gapdalda şygyrdy eşidildi. Ikisi-de birden dikeldi: - Eneşim, sen uklañokmy? - Men diñ saldym. Belki-de, kimdir biri ýüzüp golaýymyzfan geçäýmesin diýip. - Menem - diýip, Söýün ahmyrly dilini dişledi. Soñra Eneşi bagryna basyp: - Üşeýän bolsañ, meniñ gujagymda uklaý - diýip pyşyrdady. Eneşiñ bogazy doldy. - Hiý, senem söýmän bormy? - diýip sojady. Eneş ymyzgandy. Söýün ony beter bagryna basdy. Är-aýalyñ süýji günleriniñ dowamly söhbeti ýalñyz adany gül-gülüstana öwürdi. Göýä tokaýyñ garañky jümmüşinde şamçyrag şöhlesi ýalpyldap ýagty saçdy. Bu tukatlygyñ hesretku gussasyn diñe söýgi ýeñip geçmelidi. Ýarygijäniñ şirin-şirin şerbeti dañ säheriniñ çigregini-de alyslara kowmagy başardy. Eneşiñ jak-jaklaýan gülküsi tokaýy janlandyrdy. Guşlaram, ördeklerem şadyýan ganat kakdylar. Ýylgyndyr selinler birenaýy saz çaldylar. Görsene, bu bolýan gudraty-söýgi gülküsine ösümlikler hem jandarlaram düşünýän bolara çemeli! Guşlaryñ täsin jürküldisi joşgunly aýdym döretdi. Eneş Söýüniñ gujagybda hiñlenenini duýman galdy: Söýgülimiñ sözi gudrat, Dillerinde jady barmy? Eger gyşda bahar gelse, Silleriniñ bady bormy?... Söýün ruhubelent Eneşiñ aýdymyny bimar bolup diñleýärdi. Aýdymyñ soñy inçejik hiñlenmä öwrüldi. Ol hiñlenme Söýün üçin iñ bir ýakymly owazdan-da eziz bolup hüwdini ýatlatdy. Çünki Söýün bäş-alty ýaşa ýetende-de, ony ejesi has eý görüp hüwdülärdi. Gujagynda ýatyrmak islärdi. Emma, näme üçindir, Söýün sähel özüni bilenden, aýry uklamagy gowy gördi. Ejesidir kakasyndan saýlanyp, özüni özbaşdak hasaplamak isledi. Şeýle-de boldy. Onuñ üçin ýörite çaga otagyny döretdiler. Ine, şol ýerde-de onuñ ýatýan krowatyny goýdular. Ýörite stoldur oturgyç onub ygtyýaryna berildi. Oglanjyk ilki-ilkiler ýekelige öwrenişmedi, onuñ ýüregi gysdy, gijelerine howatyrly gorky peýda boldy. Ýöne onuñ gulagynda kakasynyñ häli-şindi gaýtalaýan sözi ýañlanyp durdy: - Oglum, sen mert bolmaly. Ýigit diýen adyñ bar. Şoña mynasyp boljak bol. Üstüñden güldürip ýörme. Mydama başyñy belent tut! Ýaşajyk Söýün ýeñillik bilen nepesini durlap, rahatlanar, soñra uka meýil eder. Onuñ çagalyk dünýäsi özbaşdak basgançagyñ akymy bilen başlandy. Ol hiç hili läliksiremegi bilmedi, lellim bolmagy halamady. Mekdep sapagy her näçe gyzykly bolsa-da, ol mydama demir gurallarynyñ, maşynyñ şaý-sepleri bilen gününi geçirmek isleýärdi. Onuñ bagtyna döwük traktor dagy gabat geläýse, onsoñ ol asla öýüni küýsemez. Şol gün onuñ üçin iñ bagtly pursatlaryñ biridir. Ellerini gara ýaga bulaşdyryp, üst-başyny hakyky işçiniñ bolşuna meñzedip bilse armany ýok. Şonuñ üçin ol mydama düýşünde maşyn sürdi. Daglardan, düzlerden, depeden aşdy. Käte buzly meýdançada typyp ikiýan bulandy. Şeýle zenzeleli seslerden ol tisginip turýardy. Görse, köçe tarapdan Begli şopur süýt maşynyny düýdülledip geçip barýandyr. Oglanjyk ýylgyrar. Şol buzly meýdançadaky düýşüniñ dowamyny näler görmek islär. Emma her näçe gözüni ýumsa-da, uklasa-da, ol meýdança görünmez. Onuñ tersine, başga-başga täsin maşynlar toplumyny görer, olardan saýlama birini alar-da, rula geçer. Oglanjygyñ depesi gök dirär. Düýşünde ýylgyrar, şol gün onuñ huşunda-da şol maşyny ýatlap ruhubelent gezer. Haýran galmaly zat, ol ýañy 13-14 ýaşa ýetende, süýji uka batanda düýş gördi. Ol motorly gaýykda gezelenç edýärdi. Dogry, onuñ ýanynda kimdir biri bardy, ol onuñ çalarak suduryny görýärdi, kimdigini aýyl-saýyl edip bilenokdy. Has takygy, Söýün onuñ kimdigini biljegem bolanokdy. Ony ganatlandyrýan zat, şol gaýygyñ edil uçaryñ tizliginde ýol aşýanlygydy. Ine, şonda ol sümme tokaýlykda gelip düşledi. Apy-tupany garşylap, ýagyş damjasyna diñ saldy, guşlaryñ dyr-pytrak höwürtgelerine gizlenişlerini synlady. Birdenem, güýçli tolkun gaýygy öz holtumyna aldy. Kimdir bir gyzjagazyñ çirkin agy sesi eşidildi. Bularyñ baryny şol wagt Söýün oraşan gördi. Edil şu pursat gelniñ gujagyndaky bimar ýigit şol düýşüni ýatlady. "Hut şeýle. Gaýygam şoldy, jeññelem şudy. Guşlaram bar, tolkunam, suwam. Äh-ä, şonda men gaýygy ýitirdim, emma tapmandym. Diýmek, diýmek... gaýygy tapyp biljekmikäm?!" Söýün howpurgady. Emma Eneşe syr bildirmedi, gaýtam jadyly owazyna meýmiräp, gözlerini ýumdy. Eneş kän wagtlap inçejik sesi bilen hiñlendi. Asyrlara ýaşytdaş Gün iki ynsana rehim eden bolsa gerek. Şöhlesini gysganmady. Bulutlar bilen asla söweş gurmady, gaharlanmady, ala bulutlaryñ añyrsynda duwlanmak islemedi. Guşlar saýraýardy, ýylgynlar yranýardy, selinler daranýardy, aşyklar ýylgyrýardy. Iki ynsan süýji ukynyñ jadysyna bendi boldy. Bularyñ depesinde täsin guşjagaz saýrady. Ol owazy beýlekiler dowam etdi. Mukamlar täjine öwrülen guşlar aýdymy bilen ýaş juwanlary ýumşak sallançakda hüwdüläp, olara özboluşly bagt arzuw edýärdi. Guş diline diñ salsañ, ine şonda bagt ruhuny-da, dünýą baýlygyny-da, genji-hazynany-da, ähli bagtyýarlygy-da duýmak bolýardy. Edil şu pursat guşlaryñ şazadasy hasaplanýan ak guş pel-pelläp gondy. Onuñ boýnunda monjuga meñzäp duran alaja menekleri bardy. Ol örän owadan hem ajaýypdy. Öz mekanynda iki günden bäri mesgen tutan nätanyş myhmanlaryna tarap ýüzüni öwürdi. Jürküldedi. Onuñ sözüne düşünen guşlar birden saýradylar. Onda-da yzyny üzmän, dowamly heñ çaldylar. Hatda ýabany towuklar hem gorky-ürkini taşlap, guşlara golaýlaşdylar. Ördekdir gazlaram özara garkyldaşyp, ganat ýaýdylar. Ak guş käýarym üýtgeşik belent owaz edýärdi. Megerem, ol öz tiredeşlerinden razydygynyñ alamatydyr ýa-da olaryñ sesine ses goşdugydyr. Kim bilýär? Belki, ak gyş ynsanyýet älemine olaryñ özünden hem has beter beletdir, entek dile gelmedik sözüni ýa-da ýüze çykmadyk ýa çykjak ykbal ýazgydyny öñden görüp bilýändir, durmuş ýolunyñ soñky çözgüdinde nämeleriñ garaşýandygyny aýdyñ görýändir ýa onuñ gözünden, ýüzünden okaýandyr. Belki, Ak guşuñ kiçijik ýüreginde-de şeýle bir duýgy peýda bolandyr. Belki-de, ol bu iki ynsanyñ gaýygynyñ tolkunly derýada ýitip gitjekdigini öñden bilendir, wagtynda duýduryp bilmändigi üçin, ahmyr edýändir ýa-da bolmasa, geljekki günleriñ aýdyñlygyny buşlajak bolup çalyşýandyr. Ak guşuñ myhmanlaryndan aýra düşesi gelmedi. Olaryñ gaýgy-gussasyz uzak uklamagyny arzuw etdi. Eger olar oýansalar, aladalaryñ öz-özünden ýüze çykjagyny ol bilýärdi. Hiç bolmanda, Eneş gözüne ýaş aýlajakdy, Söýün aljyrap kenara delmuryp bakjakdy. Ak guş aşyklaryñ hesret çekmegini düýbünden islänokdy. Goşa ýürek uky deñzinden melul ediji mähremlik bilen tirsildäp, ýagty güneşiñ şöhlesini görmek üçin oýandy. Ak guş saýramasyny goýdy, beýlekilerem dymdylar. Birdenem al-asmana göterildiler. Söýün dillendi: - Guşlar uçdular, diýmek, biziñ bu günem şu mekanda galdygymyzdyr. - Ol näme üçin? - diýip, Eneş sorady. - Olmy? Guşlar biziñ bilen hoşlaşmak islän bolsalar, tä gün ýaşýança durardylar. Diýmek, olar bizi ertir ýene göreris diýip, öz ýoluna ugradylar. Eneş asmana seretdi. Ýene-de ýarym sagatdan tüm garañkylygyñ boljagyna juda gynandy. Akar suwda ýuwnan Söýün Eneşiñ ünjüli ýüzüne seredip, oña düşündi: - Gel, Eneşim, ýuwun. Şeýle akyp duran derýanyñ suwuna ýuwunmak hem uly sogapdyr. Gamlanma, uçsa uçupdyr guşlar. Ynha, hä diýmän, biziñ gözlegimize çykjak adam tapylar. Ol gaýygyñ eýesi bolmaly. Men ondan gaýygy ýekeje günlük diýip alypdym. Eýýäm bu gün iki gün. Meniñ şol adamdan umydym bar. Eneş ol jogapdan, elbetde, kanagatlanmady. Ýöne Söýüniñ göwni üçin gülen boldy. Tas diline gelenini aýdypdy. Sebäbi ol gaýyk eýesiniñ gözlemejegini anyk bilýärdi. Gaýykçynyñ: "Harydam bu gün gelmese, ertir geler ýa-da bu ýaşlarmy! Bulara ynam bormy? Olaryñ ýekeje günlük diýeni hepdedir. Ah-eý, men size belet!" diýer-de sögünjirär" Hut şeýle-de boldy. Gaýyk eýesi gaýygyna diýen güni duşmady. Ol hüñürdedi: "Muzduny artyk berdim" diýip, ahmyryny çykarýandyr. Bolýar-da. Ahyry-ha, ýadap, orip getirersiñ!" Wah, Söýün ýadamakdan geçdi. Ol tañryýalkasyn bilen gaýygy näler gowşurjakdy. Bolmady-da. Hakyt paşmady. Onda-da Gün ýalbyrap dogan güni onuñky paşmady. Ýeri, şol gün duýdansyz tupan bolmalymy diýsene?! Ýiten gaýyk asla görünmedi. Şu adanyñ töweregine-de hiç kes gara bermedi. Ikinji gün geçdi. Är-aýal gök otlar bilen oññut edýärdi. Olar mejalynyñ gaçýandygyny biri-birinden gizleýärdi. Eneşiñ kalbynyñ jümmüşinde heserli yşk odunyñ parlak çyrasy ýalpyldap ýandy. Ol iýmitini-höregini şol duýga çalyşdy. Oý-hyýallaryny şeýtanyñ was-wasy gurşan pursaty Söýüniñ gözlerine seredip, ähli zady unutmaga çalyşýardy. Ýüreginiñ irginsiz howatyrlanmagyny kowmak üçin, akar suwuñ mukamyna diñ salýardy. Onuñ üçin ýekeje zat - gijäniñ çigregi howpludy. Ol ýaşlykda-da sowukdan gorkýardy, mydama üşäp gezýärdi. Näçe galyñ geýinse-de, onuñ bedenine sowuk gatlak aralaşan ýalydy. Ine, birdenem gyz saýraýan bilbiliñ owazyny eşitdi. Şol bilbiliñ müdimilik saýramagyny isledi. Diñ saldy. Mylaýym ýylgyryp, süýji-süýji şirin heñlere başyny yrap, göwün guşy bilen jahana seýran etsem diýdi. Derý tolkunlary her gün her hili oýunlaryñ toplumyny özünde jemläp, zarbaly akymyndan buýsançly hökümdara öwrülip, läbik läheñli mele suwunyñ hyjuwly güwwüldisinde serhoşlyk derdine sataşýan ýalydy. Bir seretseñ, şondan rehimdar derýa ýokdur diýýärsiñ. Gaýtam, onuñ zaryn-zaryn güwlemesine duýgudaşlyk goluñy uzadyp, halyndan halyndan habar alyp "Mert bol, mert" diýip, ýüzlenesiñ gelýär. Ine, şonda şol akyp ýatan tolkunlar şeýle bir rahatlanýar, edil akymy togtap, saña boýun sunýan ýaly hesretli pyşyrdylaryñ girdabyna gark bolýandyr. Ýaş juwanlar bäşinji güni başyndan geçirýärkä, derýanyñ harasady güýçlenip, asman ýüzüni bulut örtdi. Biri-birinden ysgyn-rowgatynyñ gaçandygyny gizleýän Eneşdir Söýün beýle gaýly howanyñ elpe-şelpelik etmejegine basym göz ýetirdiler. Gözlerini gorkuly tegeleşip, bir howa dem almakdan saklanyp dymdylar. Söýün iki eli bilen kellesini tutup, saçlaryny gazap bilen penjeledi. "Men günäkär. Ählisine men günäkär!" diýip, Eneşi gujaklady. Eneş doññara daş kimin sarsman durdy. Ol aglaýyn diýse, gözde ýaşynyñ ýoguna düşündi. Emma gözden akan ýaşlaryñ hiç bir nepiniñ ýokdugyna onuñ akyly çatyp durdy. Söýüniñ öz-özüni günäkärläp, näletläp durşuna, biperwaý seretmek isledi. Onuñ sözlerinu ylla eşitmeýän ýaly, derýa harasadynyñ nägehan sesine diñ saldy. Edil şu pursat Eneşiñ jany jesetden aýrylyp, şol gara bulutlara aralaşyp barýan ýalydy. Söýün ýürek sesiniñ howaýy boşluga öwrülip, ýitip gidýändigine göz ýetirdi. Ol aýalynyñ iki egninden tutup silteledi: - Saña näme, bu zatlar, gaý-harasatlar, apy-tupanlar täsir edenokmy? Sen ölmekden gorkañokmy? Şondan soñ Eneş Söýüniñ gujagyndan yza çekildi. Ýuwdundy. Diýjek sözlerini içinden gaýtalaýan ýaly pyşyrdady: - Beýle däl, ezizim. Men ölümden gorkýan. Gaty gorkýan. Belk-de, Tañrym maña bu jezany ýerlikli berýändir. Ýöne seni näme üçin derdi bile çekmäge gönderdikä? Dogry jeza, bu jeza! Men bu jezany çekmäge taýýar. Hakykaty sözlesem, men gowy günlerimden, seniñ ýaly ýigidiñ bagtyndan närazy bolupdym. Mydama näşükürlik edip gezdim. Has dogrusy, şol durmuş, şol ykbaldan naladym. Özümem bilýärin şol pikirimiñ ýersiz ýeredigine. Il içinde diýýärler-ä: "Ol indi doýdy, gözi indi ýer görmez" diýip. Men şol boldum. Hut, şol tobasyzlygym üçin, bu jeza maña göni gelendir. Ýönr bu jezany seniñ bilen däl-de, täk özüm çeksem, gowy bolardy. Şonuñ üçinem edil şu wagt men tolkunlaryñ geljegini bilýärin, olaryñ maña rehimdarlyk etmejegine añry ýany bilen düşünýärin. Söýün Eneşi beter bagryna basdy. - Beý diýme, Eneşim. Belki-de, sen meni söýen dälsiñ. Belki-de başga birini elmydama arzuwlap, niýetläp ýörensiñ. Eger men şol hakda sähelçejik bilen bolsadym, seniñ islegiñe ters gidip, asla öýlenmezdim. Är-aýal ýene-de dymdy. Olaryñ gussaly dymyşlygyny ýagyş damjalary dargatdy. Söýün dillendi: - Ýör, çatmamyza özümizi ataly. Belki, şol ýerde penalarys. Eneş gozganmady: - Men gitjek däl. Garaşjak şu derýanyñ oýnuna. Belki, şondan soñ bu däli derýa rahatlanar. - Gaharlanma, Eneş. Derýanyñ gazaby beter joşar. Oña "Janym derýa" diýip ýüzleneli. Hoş söze-de, ýigrenji söze-de daş-töwerek örän basym düşünýär. "Ýyly söz ýylany hinden çykarýandyr". Ýylgyn çatmanyñ içi birneme ýylydy. Bolsa-da, ýel-ýagmyrdan çalarak gorap biljekdi. Söýün dessine şahalary döwüşdirip, üst-üstüne goýuşdyryp, Eneşiñ süllümbaý ezilmeginden heder edip, olary häli-şindi ýokaryk oklaýardy. Ikisi-de çök düşüp oturdy. Gurbatyñ barha tenden gidip barýandygy ikisine-de aýandy. Ýagyş edil sil siwy kimin dynman guýdy. Her näçe ezilmejek bolsa-da, ikisi-de süllümbaý boldy. Dañ atýança, ýagyşdan goranjak bolup, ýaş juwanlar gözgyny ýagdaýa düşdüler. Daş-töwerek ynsan duýgusyna düşünýän ýaly, aladaly pursaty başdan geçirýärdi. Mazalyja ezilen ýylgynlaram, beýleki gyrymsy otlaram çalaja pyşyrdaşyp, gün nurunyñ ýiti şöhlesine garaşýardylar. Sowuk ýelli şemalam öz ugruny başga tarapa gönükdirip, barha alyslara aralaşjak bolýardy. Tebigat her näçe galagoply bolsa-da, ol mydama adamzat kalbynyñ senasyna, megerem, düşünýän bolsa gerek. Pasyllar ýöne ýere sowukdyr yssa, salkynly güýze, ýagyşly ýaza bölünýän däldir. Ýagyşly ýazyñ ýagmyrly owazy depregini her näçe batly kakan-da bolsa, ol kem-kemden peseldi. Dünýä ýüzüne säher gelip, gündizlik diýen ajaýyp durmuş başlandy. Söýun açlykdan hem çygdan ýaña süñkleriniñ diýen etmän syzlaşýandygyny aç-açan duýdy. Hiç hili hörek islemän tomsuñ jöwzasyny diledi. Ýakyp-ýandyryp barýan gün howrundan gara dere batyp, süllümbaý bolmagy arzuw etdi. "Şonda-ha meniñ endam-janym zerzaw bolmazdy" diýip, hyrçyny dişledi. Söýün ysgynsyz ädimleri bilen Eneşden arany açdy. Ol kenara tarap ýöredi. Sebäbi Eneşiñ naýynjar kalbynyñ talabyna döz gelmek, oña rahatlyk çoýmak, çykalga tapmak ýüzugra çözülýän çigin däldi. Söýün özüne añsat ýoly saýlady, ujypsyzja pursat bolsa-da, ol ýalñyzlyga ýüz urdy. Eneşiñ dagyny çekerden çökder gelen göwresine nälet okap, ýene-de ýöredi. Indi onuñ arzuwly gursagy göýä bir boşluga öwrülip, sag-soldan öwsüp duran şemalyñ bir enaýy şypasyny-da duýman, ädimsaýyn öñe ümzük atýardy. Söýüniñ ädimlerinde entek düýbi-teýkary bilen ýolunmadyk umydynyñ öçügsije şöhlesiniñ öçmändigi görünýärdi. Ýene-de onuñ bar çykalgasy diñe ýüregine aýan bolýan dirilik pyşyrdylarydy. Şol pyşyrdylary çalamydar gaýtalaýan dodaklar tebsiremekden ýaña darka-darka ýarylyp ganjaryp durdy. Ol kenara ýeten wagty mundan añry ädim ätdigiñ, derýa tolkunlaryna özüñi oklamakdygyna añry ýany bilen düşünip sakga durdy. Mele suwuñ tükeniksiz ummanyna seretdi. "Derýa, derýa, ömrüm derýa, gaýygy nirä ýitirim etdiñ?" diýip, duran göwresine bete agram saldy. Derýa oña jogap bermedi. Tolkunly şemalyndan suw köpürjiklerini oña bagyşlady. Eneş şol wagt onuñ yzyndan seretdi. Birdenem özüniñ bulam-bujar bolan eşigine seredip, birhili utandy. Adamsynyñ adanyñ o çetine tarap gidendigini ol görüp durdy. Zenan kalbynyñ duýgurlygy, ýanýoldaşynyñ üýtgeşik urga sezewar bolandygyny, gam-gussanyñ heserli dagyny başdan geçirýändigini oña häli-şindi habar berip durdy. Söýüniñ sañsar bolan hoşniýetli köñlüniñ ýeke-täk howandarynyñ özüdigine düşünen Eneş, çalam-çaş bolan saçlaryna başardygyndan timar berip, onuñ yzyndan haýdady. Onuñ bedenine üýtgeşik gurbat aralaşdy. Adamsyna golaýlaşdygysaýyn, onuñ gaýsuwsyz hyjuwlary barha joş urdy. Ol indi mundan artyk ädimlere özüni aldatmady, başardygyndan ylgady. Baryp, Söýüni gujaklap bagryna basdy. Öñde-soñda beýle heýjana gelmedik ýürek öz-özünden üýtgeşik bir mukam çaldy: Läheñ derýañ içinde birje balyk bolmazmy? Şol balygy tutaýjak ýar gollary bolmazmy? Syrdaş bolan ýary-ýar, indi gaýdyp gülmezmi? Gökde deprek kakylsa, ýagyş-ýagmyr ýagmazmy? Toýnuk guran durnalar ganatyny ýaýmazmy? Golda sazym bolmasa, dilim, didäm diýmezmi? Çözlenende saçlarym, seriñ melul bolmazmy? Gitse gitsin şol gaýyk, ýene ýüzüp gelmezmi? Tenhalyga ten berseñ, tende janyñ ölmezmi? Kükregiñe diñ salsañ, ýürek, bagryñ dilmezmi? Gel, başarsak ýaşaly, belki, bagt çüwmezmi?... Şirin GURBANOWA. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1999 ý. | |
|
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |