20:05 Gül dessesi / hekaýa | |
GÜL DESSESI
Hekaýalar
Şagül öýlerine ýetmäge howlugýardy. Ony ilki bilen gören jigisi Tokarjyk "Eje, aý eje, Şagül gelýär" - diýip, gygyrmaga başlady. Ejesi gyzyny görenden garsa gujaklady. Şagül ejesiniň ýüzüne seredende, onuň gözlerinde ýaş göründi. Ene ýüregi-dä, sähel zada bozulyp dur. Enesi gyzynyň gelenine örän şatlanýardy. Onuň öňünde iýer-çer ýaly zatlary üýşürdi-de: - Al, guzym, ýadansyň, ajgygansyň, iý-iç. Seniň gideniňe-de, ep-esli wagt geçipdir - diýip, daşynda edil kebelek bolup ýördi. Şagül öňünde goýlan gülli çäýnekden çaý guýunsa-da, hiç zat bilen seri bolmady. - Ejem, gaty ýadadym, birazajyk dynç aljak - diýip, ol içerki jaýa geçip gyşardy. Şo ýatyşyna-da uka gitdi. Ol ukynyň arasynda kä ýylgyrýardy, käte-de gaşyny çytýardy. Kä wagt hem tolgunmadanmy, gahardanmy, tisginýärdi. Onuň bu ýatyşyndan onda nähilem bolsa bir ünjüniň bardygyny bilmek bolýardy. Ol nähili ünjükä? ...Şagülüň okuwa gelenine ep-esli wagt bolupdy. Ol şol wagtyň içinde okuw bilen-de, täze joralary bilen-de öwrenişipdi. Gyzlaryň içinde Aýgül atly gyz Şagüle hasam ýarapdy. Onuň şadyýanlygyny diýsene! Bir gezek şagül bilen Aýgül otagda ikiçäk oturyp, sapaga taýýarlanýardylar. Şol wagtam olaryň otagyna iki sany oglan geldi. Olar Aýgülüň obadaşlarydy. Aýgül olara ýer görkezip, yzyndanam jorasy bilen tanyşdyrdy. Oglanlaryň biri edil Aýgül ýaly alçak, şadyýan bolansoň, derrew Şagülüň ünsüni özüne çekdi. Onuň, göwnüne bolmasa, şol ýigit hem Şagüli synlaýan ýalydy. Ol hakykatdanam synlaýardy, degişme äheňinde şagüle söz gatýardy. Olar gürrüňleşip ep-esli wagt oturansoňlar gitmek bilen boldular. Olar gidensoň otagyň içine birhii ümsümlik aralaşdy. Birdenem Şagül: - Nejep diýilýäni kim bolmaly? - diýip, ümsümligi bozdy. Aýgül bu soraga kän bir ähmiýet bermän: - Olmy, şu ýerde, uniwersitetde okaýar, biziň obamyzdan. Gaty akylly ýigitdir. Şagül şol gün stoluň başynda oturyşyna, nämä güýmenjegini bilmän, ejesine hat ýazmaga oturdy. Emma näme üçindir ýene-de Nejebi göresi gelýärdi. Her näme-de bolsa Nejebiň ýönekeý zatlary gyzykly edip gürrüň beräýşini diýsene! Onuň saryýagyz ýüzüne gelşik berip duran buýra-buýra gara saçyny şagül ol barada kän pikirlenýärdi. Bu näme üçin beýlekä? Ýa-da Şagül bir bakyşda aşyk bolaýdymyka? Bir gün bolsa ol köçede nejep bilen pete-pet gabat geläýdi. Olam Şagüli görenden, salam berdi-de, aljyrap näme diýjegini bilmän: - Aýgül barmy? - diýip sorady. Şagül utanyp: - Bar, ýöne näme geleňzok? - diýdi. - Biz barjak-la, ýöne, Şagül, bilýärmiň, wagt ýok. Ekzamenler ýetip gelýär. Iki arada bolup geçen gürrüň ýaşlaryň her haýsyna özboluşly lezzet berýärdi. Aýgül welin nejep bilen jorasynyň arasynda inçe bir syryň ýüze çykmagyndan heder edýärdi. Ahyry şol syry Nejebiň özi aýdyň etdi. şagüli halaýanyny öz obadaşyna gürrüň berdi. Bu habary Aýgül eşidende: "Nejep, barybir, şagül şu tomus toý edýär, sen özüňi gynap ýörme" - diýip, jogap beripdi. Şonda Nejep birhili boldy, sesini çykarmady. Onuň şol gidişi gidişi boldy. Tomus ekzamenler başlandy. Her kim okuw bilen gara başyna gaýdy şagülem ekzamen berýärdi. Ol iň soňky ekzemanem oňat tabşyrdy. Onuň ýaşaýyş jaýyna gelip, zatlaryny ýerleşdirmäge duranam şoldy welin, gapy kakyldy. Içerik eli gül desseli Nejep girdi. - Salam, Şagül! Gutlaýan! Kursdan kursa geçmegiň bilen! - diýdi-de, gül dessesini şagüle uzatdy. Şobada hem başga hiç zat diýmän, müýni görnüşde çykyp gitdi. ol gül dessesini stoluň üstünde duran owadan wazada oturtdy. Soň bolsa ýol üçin bilet almaga wokzala gaýtdy. Ol gaýdyp gelende hem gül dessesine nebsewürlik bilen seretjekdi. Emma, hany gül?! Waza boş dur. Güli kim aldyka?! - Hany, gül nirede? Aýgül parhsyz: - Gül dessesini men yzyna äkitdim. Onuň öz otagynda-da ýok ekeni, şonda-da goýup gaýtdym. Maňa onuň gülem gerek däl, dessesem. Onuň getirendigini biljegem däldim, ýöne häli eli gül desseli gelýändigini görüpdim. Men-ä seniň üçindigini-de bilmändirin. - Ah, şeýlemi? Zyýany ýok, Aýgül. Göwnüňe zat alma. Bu gün öýe gaýdýan günümiz ahyry. Aýgül şagüle agyr zarba urlan ýaly bolanam bolsa, şony gizlemäge çalyşýandygyny bildi. Onuň boýdaşlyk hatyrasyny sakaýandygyny duýdy. Ol mundan artyk çydap bilmedi. - Şagül jan, bagyşla meni! Men ýalňyşdm. Ony senden gabandym. Şagülüň gözüne biygtyýar ýaş aýlandy. ol iki eli bilen ýüzüni tutup çykyp gitse-de, Aýgül nämäniň-nämedigine düşünmän galdy. haçanda, şagül Nejebiň otagyna baranda, akly-gyzylly güller gapynyň agzynda dagap ýatyrdy... Şirin GURBANOWA. "Edebiýat we sungat" gazeti, 03.02.1971 ý. | |
|
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |