10:35 Bilbilnama / poema | |
BILBILNAMA 1. GIRIŞ Eliňe galam alyp, kalbyň syry hakda gürrüň ber. Gürrüňiňe bar syrlardan habarly Allahyň ady bilen başla: gullarynyň ryskyny bermek diňe Oňa mahsus. Asman öz belentligini, ýer öz pesligini Ondan aldy. Iki dünýä ýaşaýyş lybasyny Ondan aldy. Bu gök asmany beýgeldip duran hem, Günüň ergin altynyny lowladyp duran hem Oldur. 2. GUŞLAR SÜLEÝMANYŇ Döwlere-de, perilere-de hökümini ýöreden Süleýman alaýhyssalamyň zamanynda guşlar onuň köşgünde toplanyp, alagoh bolşup, bilbiliň üstünden şikaýat edipdirler. Olar gargy tüýdükler ýaly bolşup iňläpdirler, ganatlary bilen kellelerine we döşlerine pat-pat urupdyrlar. Ählisi çokjalaryny açyşyp, dady-perýat edipdirler hem-de uzak wagtlap ganatlarydyr perlerini sallaşyp durupdyrlar. Ýüreklerinde näme bar bolsa, bir-biriniň yzyndan Süleýmana habar beripdirler. Olaryň ählisi bibilden şikaýatçy bolup, şeýle diýipdirler: «Ol – baglaryň we çemenzarlyklaryň wagyzçysy bolup, öýüdir düşlegi – gyrymsy agaçlaryň arasy. Ýigrenji, gamgyn halda gezýär, ýaramaz işler bilen meşgullanýar, emma diliniň süýjüligine welin, at dakar ýaly däl. Egninde mydama reňksiz köýnegi bar, emma ikiýüzlülik, mekirlik we serhoşlyk söwdasyny edýär. Müşk ýaly hoşroý ysly aýdymynyň arasyny bir pursat hem kesenok, emma sylaýan kişisi-de ýok. Bahar gelip, bägüller açylanda, ýüz hili owaz, dürli-dürli heň çykarýar. Ojakdaky gazan ýaly gaýnap, bütin gijesini iňňildäp, ýatman geçirýär. Ol ukynyň gadryny bilenok, çünki sowatly adamlaryň dymýan wagty, sowatsyzlaryň sesi has batly çykýar. Ejizje-de bolsa, sesi daş ýarýar. Onuň mekirlikleriniň sanyny Allatagaladan başga bilýän kişi ýok! 3. SÜLEÝMAN BILBILI ALYP GELMEK ÜÇIN LAÇYNY UGRADÝAR Guşlaryň aýdanyny eşidip, Süleýman gaharlanypdyr, janyna jaý tapman, gygyrmaga başlapdyr. Ara wagt salman hem laçyna emir edip, şeýle diýipdir: «Ot ýaly bolup, çaltrak öňe okduryl, tüsse ýaly bolup hem yzyňa dolan! Guşlaryň ählisini dady-perýat etdiren guşy synap gör. Onuň akyl-paýhasdan paý alandygyny ýa-da almandygynyanykla. Ol şeýle uly güýje eýemikä? Ondan köpçüligi ýigrenmeginiň sebäbini, özüni ýeke-täk saýmaga haky nireden alanyny sora. Näme üçin bilbil bizi bir pursat hem ýatlamaýarka, näme üçin hyzmat kemerini biline baglamaýarka? Belki, ol telbedir, serhoşdyr? Mydama haýry şerden tapawutlandyrmagy unutmagy hem şonuň üçinmikä? Onuň bedeniniň ejizjedigini, tapsyzjadygyny aýdýarlar, iňňildisi bolsa bägül düýpleriniň arasyndan dynman eşidilip durmuş. Onuň ýanyna golaýlaňda ýylgyr, bolmasa gorkudan ýaňa, Hudaý saklasyn, onuň jan beräýmegi hem ahmaldyr... Onuň bilen gödek gürleşme, barmagyňy agzyňa tutup habar gat, çüňküňi we dyrnaklaryňy ondan gizle». 4. BÄGÜLIŇ WE BILBILIŇ HOŞLAŞYK PURSADY Bilbil bägüle garap şeýle diýdi: «Eý, ýüregi nurlandyrýan, hoşniýetlilik şamçyragyny ýak! Ýör, gideli! Bu gije – mähir-muhabbet gijesi. Gije – aýýüzli gözelleriň zülpi ýaly uzyn. Dostuň bilen daňdana çenli bile bolmagy bagtyň saý. Säher wagtyna çenli syr alşyp, syr berşeris. Iki mähriban dost syrlaryny açmak islän mahallary geçen günlerden söz açýarlar. Bu pursat – soňsuz jennet, emma ol hemme kişä elýeterli däl. Bir gije keseki dodaklardan we dişlerden uzakda seniň dodaklaryňdan dişimi aýyrmadym. Bagban gelip, saňa: «Aýtsana, şu gije seni kim söýdi? Kim ajaýyp ýüzüňden örtügini syrdy, lagyl dodaklaryňa kim agyz saldy? Sen ýaz şemalynyň öwüsgininden ganyp, gowy açylypsyň. Sen çem gelene şam bolaýmaly däl ahyryn» diýen sözler bilen ýüzlendi. Jogabyň nagt boldy: «Daňdana çenli dodaklarymy gyraw nemlendirdi, şemal öwsüp, agzymy altyndan doldurdy. Agzym bilbiliň ganyna boýaldy. Şol ganyň damjalary dodaklarymda şu mahal hem dur». 5. LAÇYN BILBILE HABARYNY AÝDÝAR Laçyn bilbile ýüzlenip şeýle diýdi: «Betbagt diýsäni, ýör, ýola düşeli. Ganatlarymdan ýapyş! Käbäni görmek isleýän garynjalar laçynlaryň iň iri ýelekleriniň aşagyna girip oturýarlar. Süleýman seni kazyýete çagyrýar. Özüňde bar bolan degerli subutnamalaryň ählisini aňyňda aýlajak bol. Sen oňa näme diýmekçi, kim diýip özüňi tanatmakçy? Sen dünýäde gaýgy-gamsyz selpäp ýörsüň, bägüliň reňki we ysy gözüňi gapyp, Süleýmandan daşlaşypsyň. Pany gözellige guwanmaň näme? Hökümdarlaryň emirlerine näme üçin garşy çykýarsyň? Patyşanyň tagtyndan ýüzüňi sowma, çünki şeýle etmek bilen aýaklaryňa özüň gandal urarsyň. Dünýäde özüňe gowy diýdirjek bolsaň, häkimiýet eýeleriniň ýöreýän ýodasyndan ýöremäge çalyş!» 6. HEKAÝAT Bir ýer urup, ýerde galan aljyraňňy garyp görgüli niredesiň Şirwan diýip, ýola rowana bolupdyr. Ol baryp, welaýatyň hökümdarynyň öýüniň derwezesine ýanaşyp duran külbejikde ýaşamaga başlapdyr. Ol bir ýyldan hem gowrak wagtyň dowamynda gününi hökümdaryň öýüniň diwaryna ýaplanyp geçiripdir. Ahyry patyşanyň ýakynlarynyň 7. BILBILIŇ LAÇYNA BEREN JOGABY Sen hiç haçan aşyklyk derdine uçramadyň. Heniz ot bolup ýanyp göreňok. Tüssä çalym edýärsiň. Aşyklykda ruhuňy gaýyp edýänçäň, hiç haçan aşykdyr magşuklaryň gadyryny bilmersiň. Diňe özüni unudan kişi aşyklygyň datly şerabyny noş kylýar. Aşyklygyň alamaty – aň-paýhasyň belentligi, aň-paýhasyň yşk älemindäki ýoly –paýhassyzlyk. Süleýmana meniň adymdan: «Eý, Hudaýyň ýerdäkiwekili! Başymyzdan emir uýanyny aýyr. Diwanalary we aşyklary ýazgarmagyň gabahatdyr, şonuň üçin hem bizi ýanap bilmersiň» diý. 8. LAÇYN BILBILI ALYP GAÇÝAR Bilbil laçynyň süýji sözüne-de, ýalbaryp-ýakarmalaryna-da özüni aldyrmady. Onsoň gödeklige ýüz urdy. Ol penjeleri bilen bilbili kakyp goýberip, ony howa göteriler ýaly etdi we soňra ýene iki penjesiniň arasyna alyp, iküç gezek gysdy. Çykalgasynyň ýokdugyna, 9. BILBIL ÝAZ ŞEMALYNY ÇEMENZARLYGA Olar dagyň gerşine çykan mahallary ýaz şemaly çemenzarlyga tarap öwüsmäge başlady. Bilbil dostlarynyň hatyrasyna iki eli bilen onuň syýnynyndan ýapyşdy-da, ýalbarmaga başlady: «Sen uçup gitde, baryp söýgülimiň syýnyndan ýapyş! Soňra meniň adymdan oňa şeýle diý: «Mensiz rahat gezip bilýärmiň? Senden aýrylyp, ýüregim bir damja gana döndi. Eý, kalbymyň rahatlygy! Aýralygyň maňanäme edenini aýdaýynmy? Mende sabyr-da, akyl-da, rahatlyk-da galmady. Kalbym süýji durmuşy ýadyndan çykaryp, saňa baglandy. Onuň söýgüsi Hysrawyň Şirine bolan söýgüsini ýada salýar. Seni ýene bir gezejik görüp bilsem, bir pursatjyk seniň bilen ikiçäk otursam, onda dünýäniň ähli betbagtlygy meniň üçin üns bereniňe degmeýän zada öwrülerdi. Şol pursada çenli diri galsam, onda ölüm kär etmeýän birine öwrülerin. Diňe ýakynlaryň nazary gül ýüzüňe düşüp dursa bolýar, adamlaryň çekýän hasraty seniň köçäňe sowulmasa bolýar! Eger takdyrymda ýaşamak bar bolsa, diri galaryn, bolmasa-da, senden uzakda jan bererin». 10. ÝAZ ŞEMALY BAGYŇ ÇETINDEN GIRÝÄR Bagyň çetinden giren säher şemalynyň gözüne çemenzarlyk gara peç bolup göründi. Bägül bilbili görmek umydyny ýitiripdir, köýnegini ýyrtym-ýyrtym edipdir, aýagyna müňlerçe tiken batypdyr, batga çümüpdir, bilbilden aýralyk ýüreginde ýer edipdir. Ol çemenzarlykdaky ýönekeý şahalaryň biri ýaly bir epilip, bir ýazylyp, şeýle diýýärdi: «Dostlarym! Bile wagtymyz bagda günümizi hoş geçirýärdik, guşlaryň hem bize gözi gidýärdi. Göripleriň gözi kör bolsun-da hernä! Dostlaryň arasyna bolsa hiç haçan aýralyk düşmesin». 11. BILBIL SÜLEÝMANYŇ KÖŞGÜNE UÇUP GELÝÄR Bilbil Süleýmanyň köşgünde peýda bolanda, guşlaryň ählisi hatara düzülip durdy. Ol başyny aşak egdi, guşagyny dakyndy we gürlemäge başlady. Ol Süleýmanyň adyna hamd-u senalar aýtdy, dogalar okady we şeýle diýdi: «Sen garynja-da, ýylana-da, adama-da, ýyrtyjylara-da, döwlerdir perilere-de hökümüňi ýöredýärsiň. Senden gowy hökümdar hem, özgeleri täçli edýän täçdar hem ýok. Sen – Hudaýyň Resuly, müdimi patyşa. Seniň düşünjeleriň kemçilikden we kämillikden ýokarda. Allah maňa geljekde sabyr-yhsan eýlese, janymy saňa hyzmat etmegiň ýolunda pida ederin. Seniň hyzmatyňda gezmäge 12. SÜLEÝMANYŇ BILBILE BEREN JOGABY Süleýman aýtdy: «Eý, suhangöý guş, arakhor ýaly bolup, şerap içmäň näme? Sen bir görseň serhoş, bir görseň akylyň daş ýarýar, bir görseň ukudan gözüň açylanok, bir görseň hem gijäňi çirim etmän geçirýärsiň. Guşlaryň ählisi ýasda geýilýän eşiklere bürenip, asmana garaýar. Sen bolsa pursat eliňe geçdigi täze nika toýuny tutýarsyň. 13. HARUT WE MARUT HAKDA HEKAÝAT Harut hem Marutyň başyndan geçen wakalar barada eşitdiňmi? 14. BILBILIŇ SÜLEÝMANA BEREN JOGABY Bilbil oňa şeýle jogap berdi: «Eý, pygamber, biziň içýän şerabymyz käse bilen, bada bilen içilýän şeraplardan däl. Meniň serhoşlygyma Gurhany-Kerimiň sözleriniň manysy sebäp bolýar. Onuň käsesiniň şondan başga içgiden habary ýok. Ýaryň ýüzüne aşyk bolan kişiniň gözüne daňdana çenli uky gelmeýär. Saky ýüregini alyp gidensoň, onuň edip biljek zady galmaýar. Heý, şondan soňra iýmek-içmek ýadyňa düşermi, gözüňe uky gelermi? 15. HEKAÝAT «Ondan Hüseýine bir ýuwdum içirdiler. Ol: «Men – Hak» diýip gygyrdy we dünýä gozgalaň saldy. Onuň eliniň aýasyna «Hudaýyň ýeke-täkliginiň» badasyny goýanlarynda, mollalar ony jezalandyrmaga karar berdiler. Bu karary çykaran iki ýüz kişiniň ählisi şol pursadyň özünde utanç-haýalaryndan jyda düşdüler. Başy sämäp duran halyna, ony bazara alyp geldiler. Ol özüne emir edilenlere mertlerçe boýun bolup, günäkär kişiler jezalandyrylýan belent ýerde aýlanyp ýörşüne: 16. SÜLEÝMANYŇ GUŞLARY ÝAZGARYŞY Süleýman guşlara ýüzlenip şeýle diýýär: «Siz düýn bilbiliň ýoklugyndan peýdalanyp, onuň üstünden arz etdiňiz. Kazynyň ýanyna ýeke gelýän kişi, onuň ýanyndan şat we razy bolup gidýär. Garşydaşyň göni ýüzüne garap gürlemek gerek, ol ýok mahaly üstünden arz etmek peslikden başga zat däl. Akylly-başly aýtjak zadyň bar bolsa, ony islän ýeriňde aýdyp bilersiň. Oňa mydama gulak asarlar. Onuň garasyny görmänkäňiz her biriňiz görgüli bilbiliň ganyna gylyjyny boýan gahrymana çalym edýärdiňiz. Şindi bu ýere bilbil geldi welin, gorkudan ýaňa gymyldaýsaňyz nädersiňiz. Onuň we siziň araňyzda bolup geçenler bilen pişigiň, syçanyň we şerabyň arasynda bolup geçenleriň arasynda hiç hili tapawut ýok». 17. SYÇAN WE PIŞIK HAKDA HEKAÝAT Bir gezek gije wagty syçan iýmit gözlegine çykdy, gara günde garbanar ýaly aňyrsyna bir zatlar atmak üçin, garynja ýaly bolup, gyrmyldady ýördi. Ol şerap söwdagäriniň öýüne girip, bugdaý gözledi, emma hiç ýerde bugdaýa gözi düşmedi. Birden onuň gözi arassa şerapdan doly küýzä düşdi. Şerap ony arzyly bugdaýy unutmaga mejbur etdi. Ol şerapdan bir ýuwdum içen badyna serhoş boldy we gaty sesi bilen gygyrmaga başlady: «Dünýäde maňa mertlikde taý geljek kişi ýok. Dünýäni tutuşlygyna sowut bilen örtseler hem, meniň ýanymda onuň ýadyna batyrlyk düşmez. Gylyjyň kömegi bilen dünýäni özüme boýun egdirerin, gahrymanlaryň aýagyny zynjyrlaryn. Patyşalardan meniň bilen deňleşip biljegi ýok, goşunymyň öňünde dag hem durup bilmez. Syçanlaryň kellesini dyrnaçaklaýan pişik dagy kimmişin? Baýram gününde syçanlara emir ederin welin, olar beýlekilere sapak bolar ýaly, pişigiň kellesini agaçdan asyp goýarlar». 18. SYÇANYŇ PIŞIGE ÝALBARYŞY «Eý, dünýä gahrymanlarynyň şasy, Hudaýyň haky üçin, maňa azar berme, ýagdaýyma bak. Seniň ýanyňda, heý, barlygymyň, ýoklugymyň tapawudy barmy? Hiç zadyň alnyndan däl birini jezalandyrjak bolma, seniň mertebäň örän belent ahyryn! Hökümdar serhoş bolup, telek iş eden gulundan çekinermi? Arakhorlaryň ählisi hem serhoş bolan mahallary çola ýerde akylsyz sözleri dillerine alýarlar ahyryn. Işi gaýdyp, serhoş bolan kişiniň aýdýan sözlerine ähmiýet berilmeýär. Ganymy dökmek isleýän bolsaň, niýetiňi amala aşyryp bilersiň, öz aýagym bilen gaşyňa geldim. Şu günden başlap, seniň guluň bolaryn, diri galsam, seniň üçin doga ederin». 19. PIŞIGIŇ SYÇANA BEREN JOGABY «Syçan, biderek ýaňrap durma, sem bol! Oduň içine düşen bolsaň, bişmäge kaýyl bol. Sen adamçylyk we ylahy kanunlara garşy gelýän iş etdiň, şerap içip, serhoş bolduň. Eger-de ganyňy döksem, saňa geregi-de şol. Maňa halypam bir öwüt berdi. Mydama şol öwüde görä hereket etdim. Ol maňa şeýle diýdi: «Meýdana çykan mahalyň özüň pil, duşmanyň çybynça ýok bolsa-da, arkaýyn bolma. Ol ulalar-da, öz neşterini ýüregiňe sanjar». Halypamyň bu sözleri gulagymdan gitmedi, olary gulakhalka edindim. Halas bolaryn öýtme, saňa diňe ölüm garaşýar!» 20. GUŞLAR SÜLEÝMANYŇ KÖŞGÜNE ÜÝŞÝÄRLER Guşlar uçup gelip, kazyýetde jem boldular. Döwler geldimikä diýdirip, ala-goh etdiler. Süleýman bilbile ýüzlenip: «Hany, sen ni rede? Näme üçin guşlar bilen bäsleşmäge çykmaýarsyň? Guşlar üstüňden arz etmäge geldiler, eger-de degerli delilleriň bar bolsa, söze başla!» diýdi. 21. BILBILIŇ JOGABY «Eý, ýagtylyk çeşmesi! Ýüzüňe ýaramaz göz düşmesin! Näme diýeýin, kime hakykaty sözläýin, eýsem, tebigat akyl-paýhasyň diline gulak asýarmy? Ýürekleri solan bu ejiz mähelle nämäniň alnyndan? Olaryň aýagy suwa we palçyga batypdyr! Olar başda düşen duzaklaryndan bir pursat hem boşanyp görmändirler, söýgülileri bilen duşuşyp, içgi içmändirler. Olaryň ýowuzlaşan kalby daş ýaly gatap galypdyr, ömürboýy peýdasyz oýna gümra bolupdyrlar. Men olar hakda hiç zat bilmeýändigim sebäpli, dillerinden daş durmaga çalyşdym. Şonuň üçin hem, Saturn ýaly bolup, olardan uzaklaşdym. Hiç kim meni görmedi. Kim meniň üçin Ýupiterimiň ornuny tutup biljekdi. Eger-de dar gursagymy daglap duran demim daşary çyksa, onda Marsdyr Leňňeç aşak gaçardylar, Zöhre bada-bat öz lýutnýasynyň tarlaryny gyrardy, Merkuriý başyna toprak sowrardy. Näme hakda gürrüň etsem hem, sözüm Aý kimin söhle saçar, şanyň permany ýaly bolup sözüm elden-ele geçer. Eý, dünýäniň hökümdary, seniň bagtyňa dünýä işleri isleýşiň ýaly amala aşsyn! Men bu adalatsyz guşlaryň ýagdaýyny anyklap, olaryň näme bilen meşguldyklaryny ýüze çykaraýyn». 22. BILBILIŇ SYMRUG GUŞA BEREN JOGABY «Eý, Symrug, sen guşlaryň hiç birine meňzemeýärsiň, olaryň ýöreýän ýolundan ýöremeýärsiň. Sen biriniň aýaly ýaly bolup, öýüňden çykman köp oturjakmy? Eger-de özüňi jeň äri hasaplaýan bolsaň, jeň meýdanyna çyk! Sen, balyk ýaly bolup, pany deňziniň içinde gizlendiň. Patyşa bolýan bolsaň, durmuş meýdanyny boýla! Dünýäde seniň diňe adyňy eşidýärler. Seniň suratkeşiň çeken suratyndan tapawudyň ýok. Özüňi guşlaryň şasy hasaplaýan bolsaň, olaryň ýolunda ösen demirtikeni sogrup taşla! Serkerdebaşylygyň çyn bolsa, goşunyň öňüne düş! Suwuň içinde bolsaň hem, ýalynlygyňa gal! Eger-de sen öňbaşçynyň ornuny eýeleýän bolsaň, onda näme üçin guşlaryň mejlisine gatnaşmaýarsyň? Eger-de sen hiç kim bilen gatnaşmak islemeýän bolsaň, onda näme sebäpli ýüzlerçe kebelek, çyra topulýan ýaly, saňa tarap uçýar? Seni guşlara ýakyn hem, keseki hem hasaplamak mümkin däl. Onda sen olar üçin kim bolýarsyň?Sen arkaýynçylykda naharyň we ukynyň lezzetini görmek üçin hemralaryňyň ählisinden daşlaşdyň... Sen hemmeler bilen birlikde bolsaň, güýçli bolarsyň, hemmelere ýagty saçsaň, çyra meňzärsiň! Hemmeleriň arasynda gal, emma Hudaýa gulluk et, bedendäki jan ýaly bol, ýöne bedeni ýadyňdan çykar. Sen diňe özüňi alada edýärsiň, näme üçin, jan ýaly bolup, bedende ornaşmaýarsyň? Çete çekilip, gazanýan zadyň näme? Diňe beýlekileriň kömegi bilen bir makamdan başga bir makama barmak mümkin... Diňe daşky örtüginden doly tämizlenmegi başarýan kişi ilden uzaklaşyp biler. Eger-de muny başarmaýan bolsaň, onda özüňi döwleriň oýunjagyna, adamlaryň arasyndaky şeýtana öwrülen hasaplaý! Meniň iňňildilerimiň öňüne böwet bol. Ýogsam, olar bir pursadyň özünde seniň hyýaly keşbiňi ýele sowrarlar!» 23. BILBILIŇ LAÇYNA BEREN JOGABY «Çalt uçýan batyrgaý laçyn, bäri gel! Wezipä, baýlyga we bolçulyga gözüňi gapdyrma! Şalaryň elinde oturanyň üçin seniň özüňden göwnüň hoş, emma olaryň endikleridir däplerinden habaryň barmy? Olar seni ellerinde götererler, soňra bolsa çölüň ortarasynda taraşadan enaýy görmän, taşlap giderler. Eger-de özüň hakda pikirlenýän bolsaň, has öňüňi görmäge çalşardyň. Seniň gözüňi näme üçin köwlediler, saňa gan içmegi öwretmekleriniň sebäbi näme? Seniň aýaklaryňy bagladylar, gözleriňi açyk goýup, başyňa perwaýsyzlyk şyrdagyny sümürdiler. Kerler ýaly, seniň bar aladaň diňe özüň bolany üçin dünýäniň giňişliklerinden habaryň ýok. Seniň kelläňden perwaýsyzlyk şyrdagyny çykaranlarynda, höwürtgäňe tarap göz hem aýlamarsyň. Sen ganatlaryňy kakyp, batyrgaýlyk bilen asmana göterilmek islärsiň, emma bolelin ýaşamak endigiň seni diňe baýlyga tarap imrindirer. Haýp! Eger-de orta hallylygy dost edinen bolsadyň, onda gulçulygyň golaýyndan bir bararmydyň?» 24. BILBILIŇ TOTUGUŞA BEREN JOGABY «Eý, gandyň ganymy bolan guş, hiç haçan hem ýüregiň meniňki ýaly edip agyran däldir. Sen ötgürlikden mahrum suhangöýligiň söwdasyny edýärsiň, aslynda bolsa, ilki ötgürlik gerek. Suhangöýligiň gezegi şondan soňra gelip ýetmeli. Eger-de akmak sözleri ýaňramagy pişe edinmedik bolaňda, hiç haçan kapasada ýesir bolmazdyň. Eger-de sen dünýäniň ähli ylymlaryny öwrenip hem, yşk diýen zatdan habarsyz galsaň, onda bilen zadyň bolmaz! Ýolbelet tutunman, ýola-da belet bolman, öňe ilerlemek paýhassyzlygyň alamaty, emma torç edilen ýoldan gitmek – bu kyn bir zat däl». 25. BILBILIŇ TAWUSA BEREN JOGABY «Owadan eşikli guş, bäri gel! Seniň kelläň görmegeý türk ýigidiniňki ýaly, aýaklaryň bolsa hindi garakçysynyň aýaklaryna çalym edýär. Seniň bedeniň örtülgi bolsa-da, kalbyň açyk, agzyň gülmekden ýiriläýsem diýýär, gözleriň bolsa aglaýar. Sen metal aýnanyň ýüzüni posdan arassalap, onuň öňünde durup, ýüzlerçe reňkler bilen öwşün atyp duran aýna ýaly eşik geýindiň. Eger-de zergär aýnanyň ýüzüne altyn çaýsa, ol aýna bolmagyny bes edip, diňe altyn bolup ýalpyldar. Eger-de sen gözelligiň, reňkleriň we hoşboý yslaryň söwdasyny edýän bolsaň, adamlardan aýaklaryňy gizlemäň näme? Haýbatly atdan abraý gowudyr, tawusyň perleri tawusdan gowudyr. Eger-de gap-gara aýaklaryň ýadyňa düşüp duran bolsa, kalbyň daşky lybasyňa guwanarmydy? Sen her hili reňk bolup durşuňa, häzirki edilýän gürrüňiň düýp-teýkaryndan habarsyz. Sen gowy yslaryň agyn özi bolsaň-da, biz hakda hiç zat bilmeýärsiň!» 26. BILBILIŇ ÇAÝÇAŇŇALAGA BEREN JOGABY «Kämillik ýaşyna ýetmedik goja, sen nirede? Hany, öňe çyk! Näme üçin gowy durmuşyň bardygyny unudýarsyň? Ýaşuly bolýan bolsaň, şunuň anygyna ýet. Hereketdeligiň çyn bolsa, onda bilimdir paýhas nirede? Ganatlaryňa bat berip, ýokary göterilde, bakylyk agajyna gon, bolmasa bu ýerde hemişelik galarsyň. Gökleri gulaçlamaly halyňa, höwürtgäniň hasratyny çekersiň we çaň-tozana bulaşar ýörersiň. Haýal-ýagallyk etme, bagt – ýokarlarda bir ýerlerde. Goja kişilere çaga oýunlaryny oýnamak gelişmeýär. Sen ýokary galdyň, emma asylzada öwrülip bilmediň. Sen hiç kime azar bereňok, emma maslykdan başga zat hem agzyňa degenok. Heý bir maslygyň ysyny alyp bilmezmikäm diýip, ysyrganyp ýörsüň. Maslygyň ysy bedeniňe ornansoň, gargalara we itlere meňzäp gidipsiň. Gargalardyr itler bilen tirkeşme, ýör, Symrugyň gülüstanyny synla. Seniň ýüregiň ýagşyny-ýamany saýgarmaga ukyply, emma, şonda-da, näme üçin maslyk iýmekden el çekäýesiň gelenok? Sen maslykdan başyňy galdyrmaýarsyň. Näme üçin başyňa bilim täjini geýdirmeýärsiň? Näme üçin aşyk bolaňok? Yşksyz ýaşaýyş ýok ahyryn. Yşk şerabyna başyňy aýladyp, özüňe geleniňden soň, öz ömrüňi alada etmäňi goýarsyň!» 27. BILBILIŇ HÜÝPÜPIGE BEREN JOGABY «Eý, keramatly hüýpüýpik, bäri gel, seniň keramatly biridigiňi nädip aňlamaly? Sen ýüpek parça bürenýärsiň, emma gaýratlylykdan mahrum galypsyň. Sen ullakan telpek geýýärsiň, emma duýgudaşlygyň nämedigini bilmeýärsiň. Bedeniňi örtüp duran bu wagtlaýyn dony sypyryp taşla, kelläňdäki zömmek täji çykar! Başyňda täç göterýän hem bolsaň, seniň daýanýan esasyň ýok. Saňa täç götermek ýaraşmaýar. Egniňde – sal-sal egin-eşik, başyňda – daşlar bilen bezelen täç. Emma saňa täç hem, sal-sal egin-eşik hem gelşenok. Täç götermäge mynasybyň ýoly – akyl-paýhas we adalatlylyk. Seniň eliňde bolsa ýelden başga zat ýok. Seniň aladalaryň öz barlygyňdan aňry geçenok, meniň aladalarym – asmandan hem ýokarlary tozadýar. Men – gülüstanda nalaýan guş, sen böwürslen agajyny dyrnaçaklaýarsyň. Sen Süleýmana wepaly bolmadyň, men bolsa onuň üçin tüýs ýüregimden doga edýärin. Eýsem, sen gadymkylardan galan bir tymsaly diňlemänmidiň? Şol tymsalda şeýle diýilýär: «Boýun egmezek kişi halamaýan zadyny arkasynda daşaýar». Sen harabalyklarda arakhorlar tarapyndan ganyň dökülip, hamyňdan tumar ýasamaklaryna mynasyp. Şahynşa, Isgender ýaly bolup, adalatlylygyň hatyrasyna başyna täç geýýär. Gel, başyňdaky adalatsyzlyk täjini çykaryp taşla, çünki adalatsyzlyk ýüzlerçe täjiň soňuna çykypdy». 28. HÜÝPÜýPIGIŇ BILBILE BEREN JOGABY «Eý, howsala özüni gapdyran guş, näme üçin bu guşlar babatda adalatsyzlyga ýol berdiň? Eý, imanyny ýele beren guş, nadanlyk etme. Nadanlyk ähli kişä adalatsyzlyk edýär. Ýaraly ýüregi dyrnaçaklama, goh etme. Ilki gazan ýaly gaýnap, lokurdamaga soňra başla. Feridetdin ATTAR. | |
|
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |