ADYNY ÖWREN MÖJEK
Bardy tokaýda bir betpäl möjek,
Ejizje duşsa, dessine iýjek.
Günlerde bir gün moje yrsarap,
Ýerliksiz ýere bahana arap,
Towşana diýdi: —Eý, sen, hargulak,
Berjaý etmeseň, ýuwdaryn lak-luk,
Şeýle bir perman çykardym, gör, men:
Özüm iýemok, size-de bermen
Şu günden şeýläk tokaý otuny,
Gorajak onuň tebigatyny!
Eger kim-de kim bozsa permany,
Jerime ýerne alynar jany! —
Tokaý halkyna ýetdi bu perman,
Kowdular ony salymyn bermäň:
— Güm bol tokaýdan almankak ara,
Görnäýme bize dagy-duwara! —
Möjek olara dodak çöwürdi,
Öňki adyny börä öwürdi.
Başga bir tokaý tapdy ol gözläp,
Kowlup gaýdanyn illerden gizläp,
Diýdi: — Men pahyr, adymam böri!
Owlaga-guza çarhlamok dişim,
Towşanlar bilen ýok meniň işim! —
Gepiň gysgasy, bildirip ynam
Tokaý halkyna goşdular onam.
Myhman çagyrdy owlakly geçi,
Owlakdan doly öýüniň içi,
Ýedi sanydy sanasa, sany.
Hezzetläp bildi geçi myhmany,
Öňüne ýyljak süýt guýup goýdy.
Owlaklaryňam hersine guýdy.
Owlaklar içdi çykarman sesin,
Almady ele myhman çemçesin,
Ýamana düwüp päl-niýetini,
Diýdi: — Men söýýän owlak etini! —
Boldy dessine uly yzlaşyk,
Goňşy-golamlar geldi ylgaşyp.
Betpäl myhmany derrew tutdular,
Päline görä höküm etdiler:
— Güm bol tokaýdan almankak ara,
Görnäýme bize dagy-duwara! —
Böri olara dodak çöwürdi,
Öňki adyny gurda öwürdi.
Başga bir tokaý tapdy ol gözläp,
Kowlup gaýdanyn illerden gizläp,
Diýdi: — Men ümsüm, gurt meniň adym.
Zalymlyk etmek ýigrenýän zadym!
Ynjamaz menden geçidir goýun,
Kada-kanuna bolaryn boýun! —
Gepiň gysgasy, bildirip ynam,
Tokaý halkyna goşdular onam.
Ol bu ýerde-de tanatdy özün,
Kowdular şemal bozmanka yzyn.
* * *
Düzüw bolmasa päliň niýetiň,
At öwrüp, ynam gazanmak çetin.
Çagalar edebiýaty