11:56 Bir goşgynyň kyssasy | |
BIR GOŞGYNYŇ KYSSASY
Ýatlamalar
Şahyr Gurbannazar Ezizowyň döreden eserleri toplanyp, birnäçe gezek neşir edildi. Onuň ''Çykmadyk kitabym'' diýen ýygyndysynda diňe gazet-žurnallaryň sahypalarynda galan goşgularydyr makalalary girizildi. Ýöne şahyryň ähli eserleriniň doly ýygyndysy heniz ýok. Şonuň üçin-de şahyryň ýatdan çykarylan, unudylan goşgularydyr makalalary şindem duş gelýär. G. Ezizowyň Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrowyň 60 ýaşyna ýazan gutlag goşgusy mende saklanyp galypdyr. Bu goşgy şahyr ýogalandan soň, onuň ''Serpaý'' diýen kitabyny toplap, çapa taýýarlanymda ýygnanan materiallarymyň arasyndan çykdy. Bu goşgyny ''Garagum'' žurnalynyň okyjylaryna hödürlemegi makul bildim. Altmyşyňy dolduň bu gün, Ýöredip sadalaň kesbin. Seniňki deý juwan göwün Biz - ýaşlara nesip etsin! Doglanyňdan, şu güne çen Kabul etdi sen baryny: Bu ýurduň başyna düşen Ýagşy-ýaman ykbalyny. Kowalaşman şan-şöhrata, Nesip etsin ilde gülmek. Seniň kimin ilki Adam, - Ondan soňra şahyr bolmak. * * * Ine, çalt-çalt ýöräp barýan ýol bile, Güýç-kuwwatyň hiç gaçmasyny dyzyňdan. Çary aga, menem-ä ylgaýan welin, Hiç ýetip bilemok seniň yzyňdan! "GARAGUM" žurnaly, 2009/2. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||