18:40 Bir laçynyñ baýguşlaryñ ýaşaýan harabalygyna barşy hakynda hekaýat | |
Bir Laçynyñ Baýguşlaryñ ýaşaýan harabalygyna barşy hakynda hekaýat
Algyr laçyn bir gün saý-sebäp bilen Baýguşlañ ýaşaýan ýerine gelen. Belki, azaşandyr ýitirip ýolun, Bärik öz erkine gelmäni mälim. Baýguşlar laçynyñ daşyny gallap, Jakyrdaşypdyrlar esli mahallap. "Biziñ ýurdumyza bolup hyrydar Gelen bolaýma sen, ýigrenji murdar?" Laçyn şeýle diýen: "Düşüniñ söze, Mätäç däl men siziñ harabyñyza. Meniñ beýle ýeri çekenok keşdim, Siziñ arañyza tötänden düşdüm. Bu ýerlerde mekan tutjak guş däl men, Hä diýmän, öz mesgenime uçýan men. Barar-da, gonaryn eline şanyñ, Ana, şo ýer meñ arzyly mekanym!" bir Baýguş dillendi: "Bu örän mekir, Belki, ýurdumyzy talamakçydyr? Hälden bäri otursa-da haly teñ, Her zat çykyp biler munuñ ýalydan. Bu guş dogurdanam, bolsa idili, Dile alarmydy şanyñ adyny? Gezýän borly şan-şöhratyñ yşgynda, Şalyk näme barmyş munuñ keşbinde? Tutan bolup hökümdaryñ adyny, Görüñ munuñ samrap duran zadyny? Bizi samsyk diýip bilýän bolmasyn? Biziñ üstümizden gülýän bolmasyn? Güýç-kuwwatam-a ýok, bizdenem ejiz, Men-ä beýle guşa duşamok heniz". Laçyn diýdi: "Şa çykanda şikara, Meniñ kuwwatymy beletden sora. Aw mahaly süýnýän göýä bir peýkam, Gören haýran galyp, başyny ýaýkar. Şa ýanynyñ wezir-wekili bilen Meñ yzymdan galman, eñýärler kileñ. Beýik hökümdaryñ göwün hoşy men. Iñ söýgüli, iñ arzyly guşy men. Çäksiz asman meniñ mesgenim-jaýym, Sypdyrman alýaryn topulan awum. Hatda ähli guşlañ şasy Huma-da Ganat ýaýyp ýören wagtym howada, Gözi gidip synlaýandyr bolşumy, Awumy sypdyrman, kowup alşymy. Sizem maña ýetik belet dälsiñiz, Bilseñiz, men duşmanyñyz däl siziñ. Her mahlugyñ öz öýi, öz ili bar, Öz täleýi, öz maksady, ýoly bar!" | |
|
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||