09:59 Şu gözellige seret, şu boý-syrat, göz-gaşa... | |
Şu gözellige seret, şu boý-syrat, göz-gaşa, Şu reňke seret sen, özüni bezäpdir aşa, Serwiden söz açaýynmy ýa ýasemin läleden, Söz aç diýseň açaýyn mum, legendir ýa ýelden. Ataş münberi dek yşk, keşbe girip üçekde, Köňül kerwenin baglap ýigit, dem ber bu çakda. Gije gündize deňiç ataş içre köýýärin, Guşluk güneşi sebäp, bagtymy duýýaryn. Aý dek ýüze esedip, sessiz salam aýdýaryn, Ol «Gel bäri» diýmänkä, özüm ýere atýaryn. Dünýäniň gül bakjasy, gözgi-yşksyň äleme, Dünýäniň dert-jepasy, sen azar dälmi näme? «Azar berme!» diýersiň, gelsem jan pida, bolup, Yza dönsem, «Samsyk gel!» eşdiler seda bolup. Ataşly aşyklar bilen gezip ýör hyýalyň, Ýüzüň bir dem gözünden gitmez islegim mälim. Ah, köňül, näme boldy, bu nämäniň derdikä? Säher-agşam ukyny kim nirä giderdikä? Köňül-ýüzüň beýany, jady gözi wasp eder, Sünbül saçyň, gaşlaryň söhbetini kesp eder. Eý, yşk hemmäň ýanynda bar sende birnäçe at, Bu gün men bir at dakdym: «Dermany bolmadyk dert». Eý, gözel jan nury sen, pelek ýaly aýlanýan, Bugdaý iber, degirmen, durmasyn-a aýňalman. Indi ondan açman, dymjak diýip şu sözi: «Jan şu höwesde ýandy, Rebbim hoş tut Sen bizi». | |
|
√ Gözeller şasy / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Betbagt adam / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Bilýäňmi, kim sen / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |