22:29 Eý, ady gözel Ýusup, üçege çykýaň çakgan... | |
![]() Eý, ady gözel Ýusup, üçege çykýaň çakgan, Ine, gapyny açdyk, gir düşde tiz üçekden. Eý, merjen doly deňzim, karar-sabrym tüketdim, Degirmen aýlanşyndan başyma misil tutdum. Kerwenbaşy, hatyrama, sen kerweni göçürme, Düeleri çöker-de, gonalgadan ötürme. Ýok, ýok, ýöre, eý, däli, gan içre ýör hoş halda, Sebäbini sorama, jana ýer ýok bu ýolda. Teniň topraga girse, janyň asmana galar, Hyrkaň ýyrtyk-gam çekme, jan saňa ýokluk bolar. Köňül syrna ýat däl sen, aýnasyň-görkez ýüzüň, Sen yşga düşen bolsaň, pitnä özüňi dözgün. «Nirä ylgaýaň?»– sorap, menden jogap gaýdanok, Üns et özüň gan içre ylgap ýörsüň, aýdaňok. Aýdaly gidýän ýeriň, otdan geçip barýarsyň, «Alla islänin eder»¹ deňzine çenli dursuň. Her wagt bir ilçi gelýär, elindedir jan ýakaň, Her wagt köýde bir hyýal, çekýär özüne bakan. Köňül şeýle reňkde, şu ys älemin açýar, «Nirde?» diýip, nagra çekip, lybasy ýyrtyp gaçýar. ________________________ «Alla islänin eder» - Gurhanyň 14-nji («Ybraýym») süresiniň 27-nji aýaty. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |