20:58 Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi... | |
![]() Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi, Jan hem oňa «Merhaba, gelýän!» diýip seslendi. Diýdi: «Eşitdim, salam bolsun heran-haçanam, Ýene bir gezek çagyr, «hel etä» çen uçaýyn. Eý, taýsyz myhmanymyz, ýokdur sabyr, karar-da, Diýdi: «Mekandan üstün, jandan aýry bir ýerde». Zynjyrlary üzeýin bendiler aýagyndan, Bir merdiwan guraýyn, jan göge çyksyn ondan. Jana jan goşan gözel, sen biziň şäherdensiň, Köňlüňem bigänede, sen kime wepa berdiň? Sergezdanlyk – şerbedi içip, barýarsyň öe tarap, Ol jadygöý Kabylda, jadylap içgi berip. Gonup-göçýän kerwenler geçip eýläk-beýläge, Başyň nädip aýlanok, munuň sebäbi näme? Kerwenbaşyň janlaryn eşdeňokmy her demde, Bize garaşyp durlar, ýoldaşlarmyz, hemdemler. Garaşýar bir bölek halk, özün undup gaýgydan, «Eý, ýoksul, şa ýanyna gel!» ses bar – aýbygadym. ___________________________ Hel etä («Ynsana wagt gelmedimi») diýmek.. Gurhanyň 76-njy («Ynsan») süresiniň 1-nji aýaty bu söz bilen başlaýar. Bu sürede Hezreti Aly, Patma, Hasan-Hüseýin dagylar we pygamber neberesi hakda görrüň edilýär. Şonuň üçin sopuçylykda «hel etä» makamy Hezret Alyny aňladýar. Kabyl – Kabul şäheri. Kabulda güýçli jadygöý kempir ýaşanmyş. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |