20:12 Toý-baýram dabaramyz dünýäge gutly bolsun! | |
Toý-baýram dabaramyz dünýäge gutly bolsun! Toýy Allaň mata dek bize ölçänin bil sen. Zöhre Aýa ýar boldy totyguş hem şekere, Her gije söýgülimiz bir toý tutýar bakara. Şamyzyň döwletiniň saýasynda şat kalplar, Kynçylyklar ýok boldy, dost-dogan boldy halklar. Eý, şähere görk beren, bu gün toýa ýene sen, Gözellere ýar ýigit, seni her kim tanasyn. Ýöreýşiň ne ajaýyp, hoş sallanyp gelýärsiň, Eý, derýamyz, dereden biz sary sowulýarsyň. Dilegimize laýyk, aýak bagymyz çözüp, Eý, dünýäniň Ýusuby biziň ýüregimiz üzüp. Jepa etmek ýaraşýar, hata – wepa garaşmak, Janymyz gan içinde, köp bolansoň şer açmak. Eý, bu jana janana söýgi - ylaha göter, Bu süňk bölegiň bolsa, Anka sowgada ýetir. Aryplar! Dünýä şasynyň janyna jan goşan, Şamyzyň saýasynda raks ediň, oýnaşyň. Nesrin gül gerdeginde deprek boýnumdan asdym, Bu gije depdir deprek iň bir gözel lybasdan. Dym, Zöhre sen bu gije saky bol, meý hödür et, Gülgüli ak ten söýgi, goý, görkezsin gudrat! Dilegimize duş bolduk, derwüşler joş şu mahal, Billerinde gaýrat kemer, başladylar semaga. Bir bölek halk deňiz deý tolkun atýar seždede, Bir bölegi gylyç deý kesýär, goýman derdeser. Dym, bu gije nurly şa, şatdy aşhana girdi, Süýji halwany onuň, özi bişirip durdy. ________________________________ Totyguşa has hem gowy gürlemegi üçin şeker berer ekenler. Anka guşy süňk iýýärmiş. Nesrin – ýabany bägül. Sema – derwüşleriň aýlanyp raks-zikir etmegi. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |