00:53 Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel... | |
Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel, Eý, gizlenen Isa gel, sen asmandan nazar sal. Aýralykdan gün gara, köňlüm ýaý dek, boldy gyl, Misgin Ýakup gojaldy, eý, ýaşajyk Ýusup, gel! Eý, Ymran ogly Musa, köňlümde Tur göründi. Öküz hudaý bolup dur, Tur, Sinadan gel indi! Meňzim dagpyran sary, boýnum hem döndi çeňke, Bedenim gabra döndi, gel, eý, ýaşat, gel, giňde. Muhammet idän gözüm, gam içre muşdak saňa. «Rehmet üçin iberlen», bir ýüzüň görkez maňa. Eý, agşamyň şapagy, şadan sylag alan, gel, Alla bilen gören göz, ähli zady bilen, gel! Barça jan saňa beden, sen ol bedene jansyň, Jansyz beden ne derkar, gel, seniňki bu jan hem. Köňlüm alan günüňden jan bedenim oruldy, Sen dertsiň-git, ýöne, gel – senden derman berildi. Eý, söýgüli dermanym, ýüz para köňlüm nury, Gel, köňlümde diňe sen, bar bolsa – gitdi bary. Seniň gadryň bilmedim, pelek şeýle diýdi bil; Ok bilen köňlüň urup, ur başy-daşlara, gel! Gel, eý, «kaby-köwseýn» derejä eýe bolan, Gel, eý, soltan, «ew-edna» makamy Hakdan alan! Eý, Aý ýaly gözel şa, ýüzläp gözelden gözel, Gel, eý, suw, ot, dur, deňiz, gel, sen baryndan ozal! Hyzmatkäri boldugym, Ruhul-emin Şemseddin, Gel, metjidi Aksadan, ýerdäki arş Töwrizden. _________________________ Öküz hudaý. Musa pygamber Tur Sina dagyna gidende, Samyry diýen bir kapyr ysraýyl ogullarynyň altyn şaý-seplerini alyp, otda eredýär. Jebraýylyň aýak yzyndan hem bmr gysym gum alyp, ol altyn ikisini garyp bir öküz ýasaýar. Halka hem «Bu Musanyň Hudaýy» diýýär. Ysraýyl ogullary hem bu öküze ybadat edip başlaýarlar. Musa hem Tur dagyndan inip gelensoň, ol öküzi owradýar. Çeňk – bir saz guraly. Kaby köwseýn - «Iki ýaý arasy ýakynlaşdy» diýmek. Muhammet alaýhyssalam mygraja çykanda Allatagala iki ýaý aralygyna çenli ýakynlaşýar. Bu barada Gurhanyň 53-nji («Nejm») süresiniň 9-njy aýatynda «Iki ýaý arasy ýakynlaşdy...» diýilýär. Ew edna - «Ondanam has ýakyn» diýmek. Bu barada Gurhanyň 53-nji («Nejm») süresiniň 9-njy aýatynyň dowamynda «Iki ýaý arasy ýakynlaşdy. «Ondanam has ýakyn» diýilýär. Ruhul-emin (Ynamly ruh) – Jebraýyl perişdäniň lakamy. | |
|
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Шоколадка / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Sary ýaprak / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Dostum, älem seniň çün olar duşman maňa... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ilim ajap / Goşgular - 31.05.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
√ Altymyrada bagyşlanan goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |