11:13 Bir ömrüñ «ak tegmili»: Ata Nyýazow | |
BIR ÖMRÜŇ «AK TEGMILI»
Taryhy makalalar
Türkmen okyjylaryna ýazyjy Ata Nyýazowyň ady bellidir. Ol ýaşan gysga ömründe ençeme hekaýalarydyr powestlerini, dünýä klassykasyndan eden terjimelerini goýup gitdi. Şahyr 1934-nji ýylda SSSR Ýazyjylar soýuzynyň 1-nji gurultaýyna delegat hökmünde gatnaşýar. Onuň «Iň soňky gije» atly powesti 1933-nji ýylda türkmen dilinde, şondan bir ýyl soň bolsa Moskwada rus dilinde kitap bolup çykýar. Ýazyja otuz ýedinji ýylda nähak töhmet atylýar. Ol tutha-tutluk ýyllarynda birnäçe ýyllap türmede oturmaly bolýar. Onuň ömrüniň şu döwri hakda şu çaka çenli hiç ýerde ýazylmady. Şonuň üçinem şahyryň üstüne abanan agyr howp barada, onuň maşgalasynyň agyr horluklara döz gelşi hakda gürrüň bermegi makul bildik. Beýik Watançylyk urşy başlananda Ata Nyýazow meýletinlik bilen Watan goragyna gidýär. 1943-nji ýylyň 21-nji noýabrynda bolsa söweş meýdanynda gahrymanlarça wepat bolýar. Meniň söhbetdeşim şahyryň ogly Marat Nyýazow. Biz onuň bilen kakasy hakda sowal-jogap alyşdyk. – Marat Nyýazowiç, siz ýaňy üç-dört ýaşyňyzdakaňyz durmuşyň şarpygyny dadypsyňyz. Size ýyllap halk duşmanynyň çagasy hökmünde garapdyrlar. Ýadyňyzda galan zatlar hakda gürrüň beräýseňiz – Men o wagtlar çaga. Kakamy alyp gidenleri ýadymda ýok. Ýöne türmäň gapysyna baranym ýadymda. Ýylgyryp duran ýüzüni gördüm. Bilem ýüp bilen daňylgy. Edil şu günki ýaly göz öňümde. Ejem bilen Ýasmansalykdan Aşgabadyň türmesine pyýada gatnadyk. Özem gaýraky ýol bilen. Kakamy tutanlaryndan soň bizi jaýymyzdan çykardylar. Hemme goşumyzy galdyryp, Ýasmansalyga gitdik. O ýerde ejemiň jorasy bardy. Adamsyna Myrat aga diýýärdiler. Ertesi Myrat agany kolhozyň kontoryna çagyrypdyrlar: – Bu nätdigiň boldy? Halk duşmanynyň maşgalasyny ýygnapsyň — diýipdirler. Olam: – Ata Nyýaz halk duşmany bolýan bolsa, onda partbilediňizi ýygnaň. Men şu adamlardan geçjek däl – diýip, kesgitli aýdypdyr. Muny maňa soň ejem gürrüň beripdi. Ýalňyşmasam, ol kyrk dördünji ýylyň aýagynda fronta gitdi. Gözi biraz çaşyrak bolansoň, başda ony fronta almadylar. Ýogsam näçe gezek dagy «Fronta iberiň» diýip, harby komissariata gatnadam. Ahyr Berlinde wepat bolupdyr. Gowy adamdy. Uruş döwründe her gün şähere gatnardy. Welosipedi bardy. Hemişe bize degip geçerdi. Ogly Annadurdy gazetde işledi. «Ýaş kommunist» gazetiniň redaktory bolubam işledi. – Otuz ýedinji ýylda Aşgabatda kimler bilen goňşy bolup ýaşaýardyňyz? – Kakam tutulmanka Aleksandr Aborskiý, Hoja Şükür, Agahan Durdyýew, Berdi Soltannyýazow, Beki Seýtäkow dagy bilen goňşy bolup ýaşadyk. Ýazyjylaň jaýy diýýärdiler. Krupskaýa köçesiniň 12-nji jaýy Häzirem şu jaý dur. Jaýy gören adamlaň «Bu gün ýykylar, erte ýykylar» diýýänleri ýadymda. Ýöne weli ol ýer yrananda-da ýykylmady. Häzirem dur şo jaý. Ýykyljak gumany ýok. Agaçdan edilen. Diwarlaram gamyşdanmy näme, ýeňiljek jaý. Şo taýda ýaşadyk. Ýaňam aýtdym, kakamy 37-de tutdular. Bize-de «24 sagadyň içinde jaýdan çykyň» diýdiler, Ejemem Ýasmansalyga gitdi. Şo taýdanam türmä gatnadyk. Maşynam gatnanok, gaýraky ýolam tozandan ýaňa ýörär ýaly däl. Onsoň ejem meni arkasyna hopba edip, şähere pyýada gatnardy. Kän gezek gatnadyk. Çagalykdan maňa şo türmäň gapysy tanyş. Şoň üçinem meniň şo köçeden ýöräsim gelenok, dogrusyny aýtsam-a, dünýäde ýigrendigim şol türme. Kakama sud bolany ýadymda. Lenin bagynyň ýanyndaky jaýda sud etdiler. Gogol köçesi bilen getirdiler. Olaram on iki adam. Daşam NKWD-niň adamlary. Itli-zatly. Hakykatdanam halk duşmanlary ýaly. Sud etdiler. Basdylar. Kakama atuw berdiler diýip eşitdim. Kakam soň ejeme gürrüň beripdir: ol hökümiň ýerine ýetirilmegine üç-dört gün garaşypdyr. Gijäniň ýary ýatan wagtlary gelip: «Çyk, ýör, atuwa äkidýäs” diýip, çykaryp äkidýän ekenler. Soňam atman yzlaryna getirýän ekenler. Garaz, atylman galýar. Ony Demirgazyga, Kotlise iberýärler. Demir ýol gurmak üçin Komide öýdýän. Demir ýolda işläpdir. Ahyrsoňy ony 1939-njy ýylyň dekabrynda boşadýarlar. – Kakaňyz sud edilensoň, Ýasmansalykda ýaşadyňyzmy? – Soň biz ejemiň ýurduna, Ufa göçüp gitdik. O ýerde oň iki aýal dogany ýaşaýardy. Kiçisi ýaşdy, heniz durmuşa çykmandy. Uly aýal doganynyň adamsyny hem «halk duşmany» diýip ýygnan ekenler. Türmeden gelmedi. Ol Başgyrdystanyň Žurnalistler soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy eken. Reşit Bagazow. Özem respublikanyň MIK-niň çleni. Soň aklandy. Uly ogly şo sebäpli okuwynam tamamlap bilmedi. Kiçi ogly okady. Ýokary bilim aldy. Ýogalanyna sekiz ýyl boldy oňam. Şolaň öýüne gitdik. Mamam bilen bile ýaşadyk. Ol ýerde iki ýyldan gowrak ýaşadyk. Ejem o taýda kyn günleri gördi. «Halk duşmanynyň» aýaly diýip, işe kabul etmediler. Ahyry ol «Adamym ýogaldy, men ýetim» diýip, aldamaga mejbur boldy. Menem çagalar bagyna tabşyrdy. Maňa-da: «Sorasalar kakam ýok» diýgin”–diýip öwretdi. Özem uniwersitetiň kitaphanasyna kitaphanaçy bolup işe girdi. Ejem Türkmenistana gelmänkä, köne mekdepde okan ekeni. Ol sowatsyzlygy ýok etmek üçin 1928-nji ýylda, 16 ýaşyndaka Başgyrdystandan Türkmenistana iberilen bolmaly. Kakada, Maryda işläpdir. Maryda kakam bilen tanşypdyr. Bir gün agşamara öýe gelsem, ejem «Oglum, öýmüze gaýdýas» diýdi. «Näm boldy, eje?» diýdim. – Kakaň türmeden çykypdyr — diýdi. Baý, begendim-ä şonda. Ertesi çagalar bagyna gitmeli. Täze ýyl. Çagalar bagyna gelip: – Biz-ä öýümize gaýdýas — diýdim. – O nähili? — diýip, terbiýeçi geň galdy. — Kakam türmeden çykypdyr. – O nähili türmeden çykdy. Kakaň ýogalan-a seň. – Kakam diri — diýdim. Ertesi ejemi çagyrdylar. – Bu nätdigiňiz boldy, näme üçin bizi aldadyňyz. Siz halk duşmanynyň maşgalasy ekeniňiz? — diýdiler. Ejem: – Ýok, biz halk duşmanynyň maşgalasy däl. Ony ýalňyşlyk bilen türmä basypdyrlar, indem aklanyp çykdy — diýdi. Kakam basylandan soň ejem degişli ýerlere kän hat ýazdy. Şu hatlaryň täsiri ýetipmi ýa otuzynjy ýyllaryň ahyrlarynda tutha-tutluk azaldy. Şondanmy nämemi, garaz, kakamy boşadypdyrlar. Şo döwürde Ýežowam atyldy. 1940-njy ýylyň başynda daňdan otla münüp, nirdesiň, Aşgabat diýip gaýdyberdik. Aşgabada gelip, paýtunly kakamyň görkezen adresine gelip düşdük. Ufadan «Ugraýas» diýip iberen telegrammamyzyň özümizden soň geleni ýadyma düşýä. Bardyk, gapysyny kakdyk, kakdyk, bir haýukdan soň gapyny Nurmyrat Saryhan açdy. Şaumýan, 64. Häzirem şo gapyda duran tutlar bar. Şondan tanaýan. Belinskiý köçesinde geýim atelýesi bardyr. Howlyň arkasynda şo. Birgiden howludy. Kakamam türmeden boşap gelip, barmaga ýeri bolmansoň, dostunynka-Nurmyrat Saryhanowynka barypdyr. Nurmyratlarda eslije wagt ýaşadyk. Kakam işe durdy. Ýöne jaý ýok. Soň Piwnoý pereulogynda ýaşadyk. Çaryýar Annarejeplerde ýaşadyk. Oňam jaýy 1-nji Maý köçesiniň ugrundady. Häzirki 18-nji mekdebiň ýerinde. Tä ýer yranýança olar şo ýerde ýaşadylar. Ahyr kakam, bilmedim, bir ýerden jaý tapypdyr. Iki otagly jaý. Häzirki bedenterbie institutynyň howlusynda ýerleşýärdi. 83-nji jaý. Kakam gelensoň partiýa hataryna dikeldildi. Neşirýatda işledi. Puşkini terjime etdi. Nyzamyny terjime etdi. Öýümiz doludy bir wagtlar rusça, azerbaýjança sözlüklerden. Ýer yrananda ýitdi ählisi. Bir gün howluda uklap ýatyrdyk. Birden derwezämiz gaty-gaty kakyldy. Kakamam uklap ýatyr. Oýandy-da, ýassygynyň aşagyna elini sokup, sapançasyny çykardy. Şony jübüsine saldy-da, derwezä tarap ugrady. Birsalymdan geldi. Ejeme: – Goşumy ýygna — diýdi. Ejemem: – Näme üçin?— diýip sorady. – Uruş — diýdi. Kim uruşýar. Nähili uruş? Nähili uruşdygyny, Gitleriň kimdigini soň-soňlar bildim. Kakam gitdi. Şo gidişi-gidişi. Şondan birki gün öň Çaryýar aganyň öýünde otyrkak, ejem meniň çilim çekenimi görüpdir. Kakam arkasy goşhaltaly gapydan çykyp barýarka ejem: – Bilýäňmi näme, ogluň çilim çekýä – diýdi. Kakam yzyna öwrüldi-de, maňa garap: – Meň oglum ýigrimi ýaşaýança çilim çekmez –diýdi. Dogrudanam men şondan soň kakamyň sözüni ýykman, tä ýigrimi ýaşyma çenli çilim çekmedim. Ýigrimi bir ýaşymdan çilim çekişime elli ýaşamda goýdum. Ýaman gowy görýärdim kakamy. Hiç sözünden çykmazdym. Maňa dyrnak batyran adam däldi. Diňe «oglum» diýip ýüzlenerdi. Inim bardy Renat diýip. 43-nji ýylyň 11-nji maýynda ýogaldy. Dogrusyny aýtsam, şo ýyl bize gaty agyr düşdi. Şo ýyl kakamyzyň öldi habary geldi. Inim ýogaldy. Atam Annanyýaz, enem Bibi ikisem şo ýyl ýogaldy. Kiçijik çagalary bardy, olam ýogaldy. Kakama ata diýerdim, atama-da kaka diýip ýüzlenerdim. Sebäbi kakam at dakylan. Hakyky ady Ýusupdy. Ufadan Aşgabada gelenimizde, kakam meň bilen türkmençe gepleşdi. Men welin oň bir sözüne-de düşemok. Sebäbi tatar diline öwrenişipdirin. Ne rus dilini, ne türkmen dilini bilýän. Kakam şonda: – Iki ýylam geçmedi weli nädipsiň muny? — diýip, ejeme ýaman käýedi. Kakam tas ejemi ýenjipdi (gülýär). Soň öwrendim rus dilinem, türkmen dilinem. ... Kakam türmede başdan geçirenlerini gürrüň bermegi halamazdy. Ýöne onuň bir gürrüňi ýadymda. Türmeden çykdym welin egin-eşigim ýyrtyk, ýorgan-düşegem şoň ýaly diýýä. Gije-de bolsa utanýan diýýä şähere çykmaga. Onsoň goş-golamymy bir köpriň aşagyna dykdym diýýä. Bir ýorganym bardy diýýä. (O-da meniň ýorganym bolmaly. Ejem şo taýyk kakama iberipdi). Soň şo ýorgan kakamyň güpbe ýadyna düşüpdir-de: “Wah, Maradymyň ýorganjygy» diýip, dolanyp baryp, ony alypdyr. Şo ýorgan şindem bar öýde. Düýe ýüňünden gowuja edilip tikilen ýorgan. «Kakamyň ýadygärligi” diýip, saklap ýörün şony. – Siz wagtlaýynam bolsa Nurmyrat Saryhanlar bilen bir jaýda ýaşapsyňyz. Şo döwürden ýadyňyzda galan zatlar hakda-da aýdaýsaňyz? – Nurmyratlarda ýaşanymyzda, onuň ýekeje bir otagy bardy. Köneden galan jaý. Ozal bir pursiýan ýaşapdyr. Uly eýwanly jaýdy. Uly diýýän weli, häzir ýadyma düşýär, on bäş-ýigrimi metrdir-dä. Itiň gününi gördi olam. Ne bir oňly jaýy bardy, ne-de zady. Ünsem berlenokdy. Ýadyma düşýä, haçan görseň stoluň başynda eglip oturandyr ýazyp. Köp ýazardy. Esasan gije işlärdi. Kakamam gije ýazardy hemişe. «Näme beýle?» diýseň, «Gije hiç kim azar berenok» diýerdi. Kakam bilen men bary-ýogy bäş ýyl töweregi bile boldum. Türmeden boşap gelenden köp wagt geçmänem urşa gitdi. Özem meýletin gitdi. Ilki bir gitdi. Ol harby uçuş bölüminde ýönekeý esger bolup gulluk edipdir. Aşgabada gelip, az-owlak wagt biziň bilen bolansoň, ýamaşgan ýene gidipdir-dä. Bu gezek starşiý politruk bolup gitdi. Baýramalyda türkmen atly diwiziýasynda bolupdyr. Şo diwiziýaň gazetinde redaktor bolup işläpdir. Şo diwiziýa bilenem fronta gitdi. 1942-nji ýylyň dekabrynda kimdir biri ejeme gelip: – Şu gün gije diwiziýп Аşgabatdan gеçýä – diýiр hаbar bеripdir. Inimi öýdе gоýup, аtam, ejеm hеmem mеn—üçimiz wоkzala çуkdyk. Gijе, ýаdymda, wоkzaldaky klumbаň çер tarарyna gеçdik. Рlatforma gеçjek bоlduk wеlin gоýbermediler. Еjem ýаlbardy, аtam ýаlbardy. «Оglum frоnta gеçip gidýä» diýdi. Garaz, bizi goýberdiler. Eşelon gelip saklandy. Menem gygyrýan «Hany meň atam» diýip. Ine, birden oňa gözüm kaklyşdy. Aňyrdan gelýä uzyn şinelli, gapdalynda-da gylyjy bar. Görenden ylgap özümi onuň gujagyna okladym. Boýnundan ýapyşdym. Gujagyndan düşmedim. Ýarym sagat bolandyr, ýa ondan köpräk bolandyr, gürleşip durduk. Olaryň näme hakda gürrüň edenleri hakydamda ýok, ýöne men kakama «Sapançaň barmy? Gylyç bilen baryny öldür-de, bahymrak gel» diýenim ýadymda. Şonda kakam «Ynha, ýeniş bilen dolanyp geleris» diýip, meniň başymy sypady. Şo pursat men onuň gözleriniň owasynyň ýaşdan dolup duranyny gördüm. Bu biziň ony iň soňky sapar görşümiz boldy. – Ejeňiz hakda-da aýdaýsaňiz? – Ejem Magira Şarafutdinowna Salahowa, onunjy ýylda doglan. Onuň ýogalanyna on ýyl boldy. Ol ýetmiş dokuzynjy ýylyň ýigriminji ýanwarynda altmyş ýedi ýaşynda aradan çykdy. Şo wagt men Moskwadadym. Moskwa Olimpiadasyna taýýarlyk görýärdik. On dokuzyna oň bilen gürleşdik, ýigrimi birine men Aşgabada gaýtmalydym. Ajy habar gelende men Moskwada Obrazsowyň gurjak teatryndadym. Meni şo ýerde tapdylar. Pahyryň durmuşy agyr boldy. Ýigrimi bäş ýaşyndaka kakam tutuldy. Agyr horluklary başyndan geçirdi. Soň uruş başlandy. Muňa-da inimiň ölümi, kakamyň öldi habary... Aý, garaz, gören görgüsi kän-dä. Kakamyň öldi hatynam ilki men aldym. Açdym, içinde meň suratym. (Ol kakasy bilen söweş ýollaryny geçen öz suratyny maňa görkezýär). Ejemiň ýanyna ylgap bardym. «Atamdan hat gelipdir. Içinde-de meň suratym» diýip gygyrdym. Ejem şonda «Waý» diýip, çirkin ses etdi-de, özünden gitdi. Özüne gelensoňam turup ylgady. Menem oň yzyndan zordan ýetdim. Şo ylgap barşyna Jemallara bardy, Nurmyradam, Şaly Kekilem, garaz, kakamyň hemme dostlary frontdady. Appow diýip biri bardy, familiýasyny bilemok. Welmyrat diýip bardy. Wellik diýerdik, radio komitetiň işgäri. Hemmesi gitdi. Stalingrad frontundan hatlar gelýärdi. Soň Kriwoý Rogdan hat gelýärdi. Kriwoý Roguň eteginde Kalaçewskaýa stansiýasy bardy. Häzir Rudnik Lenina atlandyrylýar. --Kakaňyzyň guburyny tapdynyzmy? — Kakamyň mazaryny gözläp şo ýerik bardym. Ondan bäri ep-esli wagt geçdi. Näçenji ýyldygam ýadymda ýok. Hawa, şo ýerik bardym, gözledim, gözledim. Stansiýa Kalaçewskaýa diýip hiç bilýän adam ýok. Onsoň demirýolçulardan soradym. — Hä, ýagşy ýigit. Kalaçewskaýa diýýäniň Rudnik Lenina boldy — diýdiler. Men soň olaryň salgy beren ýerine bardym. Näbelli esgerlere dikilen ullakan ýadygärlik bar eken. Şo taýda bir aýala duşdum. Oňa kakamyň şu ýerlerde wepat bolandygyny, özümiňem şonuň guburyny gözleýändigimi aýtdym. Şonda ol aýal maňa: «Aňyrrakda bir kiçiräjik gonamçylyk bardyr. Sen şo taýa baryp gör. Sebäbi şonuň gabadynda bir kiçiräk jaý uruş wagtynda gospital bolupdy. Gospitalda ýogalanlary hemem töwerek-daşynda gurban bolanlary şo taýda jaýladylar. Belki, seňem kakaň şo ýerde jaýlanandyr» diýdi. Ady ýok, zady ýok. Onsoň menem şo taýydyr-da» diýip, bir gysym topragy alyp yzyma gaýtdym. Şo toprak häzirem öýde bar. «Goý, şu mazar meňki bolsun» diýdim. Öňler Kriwoý Roguň komandasy bilen Aşgabadyň komandasy futbol oýnaýardy. Men hemişe Kriwoý Roguň janköýeridim. «Näme üçin?» diýip sorasalar, «Kriwoý Rogda meň kakam ýatyr. Şo ýeriň azatlygy üçin wepat boldy» diýýän. «Onda hakyň bar» diýdiler. O taýda kakamyň ady-ha ýok. Ýöne ep-esli adamyň ady bar. Soň ýene bir gezek bardym o ýerik. Kakamyň Mişka Hodak diýip bir söweşdeş dosty bar eken. Kakam wepat bolanda bukjaň içine meň suratymy salyp iberenem şol eken. Hat atamyň adyna iberilipdir. Ýöne atamyň öz oglundan ir ýogalanyny o näbilsin! Ol hüjüme gidilende kakamyň duşman okundan wepat bolandygyny ýazypdyr. (Ol kakasynyň dokumentleri saklanýan papkanyň içinden şo haty gözleýär. Emma tapanok. Bir gezek akademiýadan biriniň gelip, birtopar dokument äkidendigini ýatlaýar. «Oň adam ýadymdan çykypdyr» diýýär. Mişa Hodagyň ýazan hatyndaky her bir söz meň ýadymda. Ol şeýle ýazypdyr: «Soobşaýem Wam dorogoý towariş, Waş syn Nyýazow Atda, naş boýewoý drug, towariş pal smertýu hrabryh ot puli nemeskih awtomatçikow w atake. My klýanýomsýa otomstit za smert naşego druga i towarişa tysýaçami nemeskih smerteý...» Meň ýadymda, sebäbi men muny ençeme gezek okadym. Indem şo hat ýitipdir-dä, görýäňmi! Bir gezek ýazyjy Mihail Alekseýewiň uruş hakda ýazan oçerkini okadym. Şonda onuň bir gahrymanynyň ady Nyýazow Ata. Ol dutar çalýan eken. Meňem kakam dutary gowy görerdi. Garaýagyz, daýaw türkmen diýip ýazýar. Meňzäp dur-da. Özem goşgam ýazýardy diýip ýazýar. Men ýazyja hat ýazdym. 3-4 aýdan soň ondan hat geldi. Ol hatynda öz gahrymanynyň diridigini, häzirem ýaşaýandygyny ýazypdyr. Soň başga «Uruş ýollary bilen» ady bilen rus dilinde çykan kitaby okadym. Şol kitabyň awtorlarynyň birem Mihail Alekseýewdi. Şonda men Hodakowskiý diýen esgeriň adyna gabat geldim. Men kakamyň dostunyň adam Mişa Hodak. Gabat gelip dur. Barybir men şo oçerkdäki gahryman meň kakammykan diýýän. – Özüňiz hakda-da birki agyz aýdaýsaňyz? – Men Aşgabatda on ýyllyk mekdebi tamamlap, 1956-njy ýylda Moskwanyň Gubkin adyndaky himiýa we gaz senagaty institutyny tamamladym. Azat Pereňliýew, Ödek Ödekow dagy bilen bir institutda okadyk. Soň Aşgabatda, Kerkide, Ýerbentde üç ýyllap işledim. Aspirantura girdim. Ylmy ýolbaşçym akademik Ýuriý Nikolaýewiç Godin ýogalandan soň, onam taşladym. 1960-njy ýylda Rimde geçirilen 17-nji Olimpiýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldum. Dünýä çempionatlaryna gatnaşyp, dünýäniň çempiony diýen ada ýedi gezek mynasyp boldum. Dürli ýyllarda Bolgariýada, Singapurda, Tailandda, Filippinde trener bolup işledim. (Özi aýtmasa-da men onuň TSSR-iň at gazanan treneridigini, SSSR-iň at gazanan sport ussadydygyny, bilýärdim. Onuň Zähmet Gyzyl Baýdak, «Hormat nyşany» ordenleri bilenem sylaglanandygyndan habarym bardy). – Marat Nyýazowiç, ýaňy kakaňyzyň arhiwine ser salyp çykdym. Onuň ýazyjylyk biletinem, dürli ýyllarda düşen suratlarynam, oňa degişli gaýry dokumentlerem apalap saklapsyňyz. Kakaňyzyň frontdan iberen hatlarynynam köpüsi saklanypdyr. Eger garşy bolmasaňyz, şo hatlaryň birnäçesini okyjylaryk dykgatyna ýetiräýsek diýýän. — Gerekdir öýtseňiz, baş üstüne! • FRONTDAN HATLAR Salam Maýsaşa! Janym sag, keýpim kök. Ugran ýerimize gelip ýetişdik. Ýanwaryň 28-inde Stalingradyň gündogar ýanynda Kapustin Ýar diýen ýere gelip düşdük. Şondan bäri dynç aldyk. Geýindik. Walenki, possun we başga-başga hili eşikler aldyk. Ertir işe girişýäris. Şindi duşman bilen aramyz açygrak. Ertirden aňryk has golaýlaşýarys. Uzak diýseň hem her günde samolýotlary bir üstümizden aýlanyp gidýär. Emma edibilýän zady ýok. Indi şonuň ýaly gelýän samolýotlarynyň özleri biziň ýanymyza düşüp, ellerini galdyryp, özlerini berýärler. Şolar ýaly aç, ygyşyp ýören rumynlar kän. Olar indi açlykdan, ýalaňaçlykdan ýaňa gedaý gezip başlapdyrlar. Biziň dynç alýan obamyzda şular ýaly gedaý gezip ýörenler kän. Maýsaşa, häzir adresimiz belli däl. Bu haty ýöne şu dynç alýan ýerimizden ýazaýdym. Adresimiz belli bolandan soň ýene bir hat ýazaryn. Şondan soň hat ýazmagyňy kesme. 1-nji fewral, 1943 ý Häzir hoş. Ata. * * * Salam Marat, Renat we Maýsa! Mundan ozalky ýazan hatlarymda size özümiň adresimi ýazyp bilmändim. Indi adresim belli boldy. Emma belli bolsa-da hatlar örän köp wagtlap gidýär. Biz örän gaty mes, keýpimiz kök. Howa bolsa indi maýlap başlady. Garlar ereýär, ýollar suw. Men-ä size gyzykly bolar ýaly näme ýazjagymy hem bilemok. Biz hemişe at üstünde. Her gün täze bir obada bolýarys. Bu ýerleriň ýagdaýyna ozalky hatlarymda ýazypdym. Niräk barsaň zulumyň, weýrançylygyň yzy bar. Haýsy tarapa seretseň tankyň we awtomaşynlaryň maslygy üýşüp ýatyr. Biz Don derýasynyň boýuny syryp, Rostow oblastynyň köp ýerlerinde bolduk. Häzir hem Donuň boýuny syryp gidip otyrys. Berdi Kerbaba-da bir hat ýazypdym. Bilmedim aldymy, almadymy. Indi meniň şu hatymy alanyndan soň maňa hat ýazarsyň. Bu ýerde hemişe hata tamakin bolnup ýörülýär. Men-ä şu çaka çenli garaşmadym. Çünki sizde adresimiň ýoklugyny bilýärdim. Indi aňyrsy 10–15 günden soň, ýok ýene bir aýdan soň hata garaşyp ugraryn. Siz tiz-tizden ýazyň. Maratigi has göresim gelipdir. Indi näme üçindir Renatyň ýagdaýyny bilesim gelýär. Şonuň haly gowulaşdymy, ýokmy? Şony telegramma bilen habar berjek boluň. Ol, belki, tizräk ýetişer. Maratik gowy okamaga maňa söz beripdi. Indi onuň gowy okaýanlygyna, akylly ogul bolanlygyna ynanýaryn... Seniň ataň, 19-njy mart 1943 ý. Tankina hutory. Adresim: 1743 meýdan poçtasy, 190-njy bölüm. * * * Salam Maratik, salam Maýsa! Mundan ozal hem üçmi ýa dörtmi hat ýazypdym. Bilmedim, olar size baryp ýetişdimi, ýetişmedimi? Şol hatlaryň birisinde adresimi hem ýazypdym. Indi men ozalky bölümimizden başga ýerde täze işde işleýärin. Bu ýerde häli-şindi hat ýazyp oturmaga el hem degmeýär. Hemişe at üstünde bolýarys. Häzir indi biz Don we Dones derýalaryndan geçip, Ukraina girip ugradyk. Özümiz gaty mes, keýpimiz kök. Howa bolsa indi maýlap ugrady. Daňdanyň aýazy bolaýmasa, sowukdan egnini gysýan ýok. Maýsa, sen üç aýlap aýlyk alan dälsiň. Çünki men şindi özüm aýlyk alamok. Sebäbi kassa baryp aýlyk almaga wagt tapamok. Indi aňyrsy 2–3 günde bäş-alty gün dynç alaýjak gumanymyz bar. Şonda aýlyk alyp, seniň hem puluňy ibererin-dä. Iki gije mundan ozal Maratik düýşüme giripdir. Şondan bäri has hem göresim gelýär. Meniň hatymy alanyňyzdan soň tiz-tizden hat ýazyp duruň. Renatigiň saglygyny sorap, ozalky hatlarymda hem ýazypdym. Şol hakda hiç zat bilmeýärin-dä. Hoş, Ata. 29-njy mart 1943 ý. Larinowo obasy. * * * ...Men häzir frontdan çykyp, başga ýerde gezip ýörün. Ýanymda Ata Myradow hem bar. Saryhanowyň ýanynda bolan bir oglany gördüm. Saryhanow rýadowoýmyşyn. Jemal ondan zat hantama bolup ýörmesin. Men hem onuň adresini gözleýärin. Ol frontuň bir ýerinde bolmaga çemeli. Eger Jemalda şonuň adresi bolsa, onda maňa ýazyp iberersiňiz. Maratik häzir kanikuldadyr. Emma şony hor etmejek bolup gaýrat edeweri. Renatyň haly maňa belli däl. Şony hem bir bilesim gelýär. Şu günler has hem siziň ýagdaýysyz ýadyma düşýär. Häzir hoş, Ata. Meýdan poçtasy. 28-nji iýun, 1943 ý. * * * Salam, Maýsa! 18-nji iýul, 1943 ý. Men örän kök, gürgün gezip ýörün. Emma şu çaka çenli sizden hiç bir habar alyp bilmeýärin. Meniň adresim hemişe üýtgäp dur. Belki, onuň üçin siziň ýazýan hatlaryňyz maňa ýetişýän däldir. Arada, aprel aýynda biz müň manat pul iberipdik. Onuň hem ýetişip-etişmändiginden habarym ýok. Ýene hem iberjek. Tiz aýlyk wagtym gelýär. Şonda birneme pul ibererin. Çagalaryň halyny bilesim gelýär. Şolary horlama-da diýýärin. Ýene az wagt gaýrat ediň. Biziňkiler hüjüme geçdi. Ýeňiş ýakyndyr. Haty tiz-tizden ýazyň. Belki, biri gelip ýetişer. Marata, Renata salam. Şolary hor etme! Ata. * * * Maratik, salam! Haty indi seniň özüňe aýratyn ýazmaly bolamsoň, indi sen ullakan adam. Mamaň kömekçisi bolansyň Mamaňy horlaman, oňa kömek edip durgun. Okuwyňy gowy oka. Maňa hat ýazyp dur. Seniň telegrammaňy aldym. Emma hatyň gelenok. Hat ýaz, ýaşaýşyňyzdan. Mamaň näme işleýär, ýaz. Front gutarandan soň men bararyn. Şonda seni boş gezdirerin. Sen hiç iş etmersiň. Emma häzir mamaňa kömek et. Twoý ata. 19-njy sentýabr, 1943 ý. Meýdan poçtasy, 24041 “K”. Maratik, saňa surat iberýärin. Pugta sakla! * * * Türkmen Sowet ensiklopediýasynyň 6-njy tomunda ataly-ogul Nyýazowlaryň hersi hakda aýry-aýry makala ýerleşdirilipdir. Makalada şahyr Ata Nyýazowyň 37-nji ýyllarda halk duşmany hökmünde tutulandygy, soň hem onuň aklanandygy dogrusynda kelam agyz söz ýazylmandyr. Eger-de biz hakykatdanam taryha çynlakaý göz bilen seretmek isleýän bolsak, onda şeýle, «ak tegmilleriň» öwezini akylly-başly dolmagymyz gerek. Muny biz hakykatyň hatyrasyna indiki nesilleriň biziň döwrümizi haýsydyr bir çaklama daýanyp däl-de, anyk taryhy faktlar bilen öwrenmekleriniň hatyrasyna şeýtmelidiris. 1989 ý. Iýul. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |