11:01 Bir soragyñ ýigrimi ýyllyk sütemi: Ömür derýasy | |
ÖMÜR DERÝASY
Taryhy makalalar
Terjimehaldan Ýusup Öwezow 1912-nji ýylda Darganatanyň Hojalyk obasynda eneden bolýar. On bir ýaşyndaka kakasy ölýär. Ejesi bolsa durmuşa çykýar. Şondan soň ol baýyň gapysynda talaban bolýar. Batraçkomyň (1) aladasy bilen internatda okaýar. ŞKM- -da (2) okaýar. Şo ýerde komsomol hataryna kabul edilýär. 1930-njy ýylda ol raýon pioner býurosynyň başlyklygyna hemem raýkom komsomolyň býuro çlenligine saýlanylýar. LKSMT (3) Darganata raýkomynyň jogapkär sekretary wezipesinde işleýär. Aşgabatdaky komwuzda(4), Daşkentdäki Orta Aziýa plan institutynda okaýar. Soňra bu institut Samarkanda göçürilip, Özbek halk hojalyk institutyna öwrülýär. Bu instituty gutaryp gelenden soň, ol TSSR Halk hojalygyny hasaplaýyş uprawleniýesinde ykdysatçy bolup işe başlaýar. Soňra şol uprawleniýäniň kolhozçylaryň býu jeti bölüminiň naçalnikligine bellenýär. * * * — Instituty gutaryp gelemsoň Halk hojalygyny hasaplaýyş uprawleniýesinde işe başladym. Agşamky maliýe-kooperatiw tehnikumynda hemsyýasy ykdysadyýet predmetinden okadýardym. Garadamakda TSSR MIK-niň kursy bardy. Sowet işgärlerini taýýarlaýardy, pedinstitutda işleýän Orazmämmet Abdalow şu kursda okadýan ekeni. Ony baýyň ogly diýip komsomol hataryndan çykardylar. Özi güýçli ykdysatçydy. Biz Daşkentde okamyzda birinji kursda-da okadypdy. Soň Moskwa aspirantura okuwa gidipdi. Şo taýda öýlendi, zat etdi. Näme sebäp boldy bilemok, ýöne gorap bilmän Aşgabada geldi. Pedinstitutda syýasy ykdysatdan sapak berýärdi. Işläp ýördi. Şony işdenem çykarypdyrlar. Şo kursy okatjak bolsaň hökman komsomol çleni ýa-da partiýa çlenligine kandidat bolmalydy. «Ýeriňe kimi teklip edýäň?» diýip sorasalar, Orazmämmet meni salgy beripdir. Otuz bäşinji ýylda Daşkentde okap ýörkäm, institutyň «Planowik lenines» atly köp tiražly gazetinde oňat okaýan student hökmünde bäş oglan bilen meniň suratym çykdy. Ol Moskwada okasa-da, şo gazetde meniň suratymy görüp, begenip maňa hat ýazdy. Hatynda gowy maslahatlar berýär. «Rus dilini gowy öwren» diýipdir. Ýer titrände-de şo haty saklaýardym. Soň ol hat ýitdi. Adamkärçiligi go wy ýigitdi. «Gorkut ata» çykaryljak bolanynda bir topar adamy günäkärläp, türmä basan ekenler. Bu 51-nji ýylyň gürruňi. Men o wagt Moskwada aspiranturada okap ýör- düm. Ýigrimi bäş ýyl kesipdirler. Häzir o kitap çykypdyr-a. Moskwa, ýokary sud olaň dokumentlerini gaýtarýar. Olara kän ýyl kesilipdir diýýärler. Aşgabatda täzeden seredip, on bäşe getirýärler. On bäş ýyl nämä gerek. Ýene Moskwa bu höküme ikirjeňlenme bilen garaýar. Şondan azajyk wagt geçensoň, basylan adamlary boşatdylar. Men otuz ýedinji ýylda hasaplaýyş uprawleniýesine işe geldim. Meniň bölümimde Kondakow diýip biri işleýärdi. Bu bölüm kolhozçylaryň býujetini alyp barýar. On sekiz sany işgäri bar. Men ilki işgär, soň bölüm naçalnigi boldum. Olam starşiý konsultant. Bir gün ony iş ýerinden äkidipdirler. Mundan meniň habarym ýok. Gelip «Kondakow nirede?» diýip sorasam, «Ony äkitdiler» diýdiler. Ol irden işe gelipdir. Ýöne özüniň äkidiljekdiginden onuň habary bar eken. Ýany bilen düwünçek getiripdir. Şondan soň bäş-on gün geçdi. Meni çagyrdylar. «Saňa bolan gatnaşygy nähili?» diýip soradylar. «Maňa nähili gatna- şygy bolsun. Meniň işe başlanyma entek wagt geçenok. Ol bu ýerde öňden işläp gelýän adam» diýdim. Başga-da onuň özüni nähili alyp barşy, gep-gürrüňiniň äheňi dogrusynda soradylar. Men onuň gürrüňinde, üýtgeşik äheň ýokdugyny aýtdym. Bolşy ýaly ýazdylar, kagyzy maňa gol çekmek üçin uzatdylar. Görsem kagyzyň ýarysy boş. Adatça, gol çekdirilende boş ýerine haç çekip, soň gol çekdirilýärdi. Oňa men özüm haç çekdim-de, gol çekdim. Ätiýajy elden bermeli däl-dä. Sülçiniň boş ýere menden soň näme ýazjagyny alla bilsin! Kondakow bir ýyl dagy türmede ýatdy. Çykyp gelen- soň uprawleniýäniň naçalnigi Malinin ony işe almakdan ýüz dönderdi. Soň ol oba hojalyk institutynda mugallym bolup işledi. Dissertasiýa gorady. Indi Abdalowly gürrüň. Men Abdalowyň ýerine geç- dim. TSSR MIK-niň mekdebine. Şertnama baglaşyp, diňe iş wagty okamak hakda ylalaşdyk. Ýörite maşyn meň yzym- dan gelýär. Äkidýär. Sapak gutarandan soňam işe getirýär. Mekdep Garadamak obasynda ýerleşýärdi. Häzirem şo jaý saklanyp galypdyr. Okadyp ýörün. Gruppa kän: oba Sowetiniň başlyklary bar, raýispolkomyň başlyklary, sekretarlary bar. Okuwa başlaýaň weli, salym geçmänkä gapyny kakyp girýärler. Ýuwaşlyk bilen çagyrýar. Çykýaň. «Sizde pylan pylanylar oka- ýarmy?» diýip soraýarlar. Bar bolsa bar diýýäň. «Biz olaryň yzyndan geldik. Gürrüň bar» diýip äkidýärler. Şeýdip äkitdiler oturdylar. Her gün. Men «Bularyň köpüsi çalasowat adamlar. Näme günäleri barkan?» diýip, içimden pikir edýän. Kursy gutarýança doly gruppa galmady. Soň üç-dört gruppany birleşdirip, okatmaly bolduk. Otuz dokuzynjy ýylyň dekabrynda Moskwa, SSSR Halk hojalygyny hasaplaýyş uprawleniýesiniň çagyrmagy boýunça komandirowka gitdim. Iki aý dagy öň maňa «Seň hasabatyň diňlenjek» diýip habar edipdiler. Merkezi uprawleniýäniň naçalnigi hem Sautindi. Şo ýylam şon elli ýaşy doldy. Ýalňyşmasam, şo mynasybetli ol Lenin ordeni bilen sylaglanypdy. Leningraddan, Nemes awtonom respublikasyndan, Ukrainadan we men, beýleki ikisi ýadyma düşenok, maslahatda çykyş etmeli. Men birinji bolup çykyş etdim. Birki sany sowal berdiler. Jogap berdim. Maslahaty Sautiniň özi alyp barýar. Maslahatyň jemi jemlenende meniň adyma öwgüli sözler aýdyldy. Çünki biziň görkezijilerimiz gowudy. Kyrkynjy ýylyň ýanwarynda Aşgabada gelsem, meniň komsomolyň Merkezi Komitetiniň agitasiýa we propaganda böluminiň orunbasarlygyna bellenýänligim hakdaky karary görkezdiler. Şu günki ýaly ýadymda, 16-njy Ýanwar günüdi. Malinin «Bu hakda bizden hiç kim soramady. Diňe karary görkezdiler» diýdi. Ýöne men mundan öň komsomol bilen gatnaşykdadym. MK-nyň ştatdan daşary lektory hökmünde ýerlerde leksiýa okaýardym. Sagadyna bolsa 180 manat tölenýärdi. Ýöne her leksiýa üçin gaty köp wagtyňy sarp etmelidiginem aýdaýaýyn. Şeýdip men komsomola işe geçdim. Şo wagt komsomolyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretaryna Zorin diýýärdiler. Zorin erbet adam däl. Gowy adamdy. Ata Amandurdyýew birinjikä, ony Moskwadan ikinji sekretar edip bärik iberipdiler. Uruş başlanýança onuň bilen bile işledik. Häzir ol Leningradda ýaşaýar. Polkownikçinini alanyny bilýän. Soňmen komsomolyň MK-synyň propaganda boýunça sekretarlygyna saýlandym. Şo döwürde bile işlänlerimiziň ýene birine Kozyr diýerdiler. Ol komsomolyň Aşgabat obkomynyň(5) birinji sekretary bolup işledi. Alty ýyl mundan öň partiýanyň Odessa obkomynyň birinji sekretarydy. Pensiýa çykdy. Olam şu ýerden fronta gitdi. Onuň ýerine-de Annaguly Mämmetgulyýewi saýladyk. Uruş döwri haçanda «Goşun gazetine işgär gerek» diýenlerinde biz Annagulyny görkezdik. Ol şeýdip fronta gitdi. 1941-nji ýylyň 28-nji awgustynda meni komsomolyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretarlygyna saýladylar. Ur- şuň başlanmagy bilen Aşgabada kömür gelmesi kesildi. Kyrk biriň gyşyny eýdip-beýdip geçirdik. Ýöne kyrk ikinji ýylyň tomsunda şäheri odun bilen üpjün etmek maksady bilen ýigitleriň we gyzlaryň 2500-sini ýerlere ibermek hakda karar kabul etdik. Biziň çagyryşymyza komsomol-ýaşlar gyzgyny bilen seslendiler. Şolaryň 500-si hem Repetegiň gündogaryna iberildi. TK(b)P MK hem biziň kararymyzy goldady. Gepiň gerdişine görä aýtsam, küde-küde edilip ýatyrylan sazakdyr ojar altmyş üçünji ýylyň aýagyna çenli Aşga- bada daşaldy. Kim gören bolsa, Änew, Gäwers stansiýalarynda sazagyň küde-küde bolup ýatandygyna syn edendir. Şonda partiýanyň Mary obkomynyň birinji sekretary Seýitnazar Mätiýew bilen käýinişmelem bolupdy. Häzir onuň özi ýok. Ýöne maşgalasy bilen goňşy bolup ýaşaýas. Karar goldananda, TK(b)P MK odun ýatyrmaga baran ýigitleri we gyzlary azyk bilen üpjün etmegi Mary obko- myny borçly etdi. Azyk bilen üpjün etjek bolsaňam, çöregi Maryda, Baýramalyda bişirip, aňryk çekmeli. Suwam diňe düýe bilen çekmeli. Ýaşlar bilen Mara özümem gitdim. Mä- tiýew şo wagt obkomda ýok eken. Obkomyň ikinji sekretary Serbinow bilen gije Sandykgaça bardyk. Şo ýerde adamlaň ýaşajak ýerlerini belli etdik. Azyk-suwuny gürleşdik. Ser- binow soň TSSR sosial-üpjünçilik ministriniň orunbasary bolubam işledi. Ýöne Repetege barsam, ýaşar ýaly ýerem ýok, çöregem, suwam ýok. 1500 adam. Men haýdan-haý telefon arkaly degişli adamlar bilen gürleşip, çörek meselesini çözdüm. Suwa-da wagt gerek. Düýe, çelek tapmaly. Ýöne biz şo ýerde bir zat etdik. Otuz dokuzynjy ýyllarda Ýerbent raýony ýatyrylyp, Sakar raýonyna göçürilipdi. Görsem, gumuň içi bilen maşgala-maşgala bolup Ýerbende, yzlaryna gaýdýan adamlara duşdum. Urşuň başlanmagy bilen olaryň birtopary yzyna gaçyp gelýän ekeni. Sazagy nireden ýygmaly diýip ýer gözläp ýörkäk, olara duşaýdym. Özlerem düýeli- -zatly. Men şo adamlar bilen gürleşip, olary zordan yrdym. «Siziň nireden gelip nirä barýanyňyzy hiç kim bilmez. Bäş-on gün maşgalaňyz bilen ýaşar ýaly polly-potolokly jaý bereýin. Düýe bilen suw çekmeli. Isleseňiz, özüňiz kömek ediň, bolmasa-da suwy özümiz çekeris. Ýöne düýeleriňizi berseňiz bolýa» diýip aýtdym. Olaram maňa ynanyp, wagtlaýyn galmaga razylyk berdiler. Olara birküç sany ýaşar ýaly jaý berdik. Birki gün geçensoň, olaň özleri bize kömek bermäge başladylar. Bäş-alty gün geçensoň Marydan düýe, çelek geldi. Menem gaýtmaly boldum. Olaram şondan soň Ýerbende gaýdan bolmaly. Olaň özleri: «Biz gizlinlik bi- len Ýerbende barýas. Ele düşsek, işimizi gaýtararlar» diýip, maňa ynanyp aýtdylar. Tejende toraňňy ýygyldy. Uruş gutaransoňam, Tejene ýakyn stansiýalarda üýşürilgi toraňňylar kän wagtlap ýatandyr. Çekip ýetişer ýaly bolmady. 1942-nji ýylyň martynda komsomolyň inisiatiwasy bilen fronta sowgat üçin kyrk bir wagon zat ýygnadyk. Men TK(b)P MK-nyň birinji sekretary Foniniň ýanyna bardym. Barsam ýanynda TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy Allaberdi Berdiýew, TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Aýtbaý Hudaýbergenow hem oturan eken. Ol meni diňläp «Başlan işiňiz gowy. Ýöne muny fronta halkyň adyndan ibereli, sebäp entek halkyň adyndan biz fronta hiç zat iberemzok» diýdi. Men pikir edip: «Bolýa, ýöne bu hakda men özümiziňkiler bilenem maslahatlaşyp göreýin» diýdim. Foniniň pikirini Berdiýewem, Hudaýbergenowam goldadylar. Mengelip, sekretarlary hemembýuro çlenlerini ýygnap, MK-da bolan gürrüňi aýtdym, «Nähili görýäňiz?» diýdim. Ýöne men olara kyrk üçünji ýylda diňe komsomol-ýaşlaryň adyndan sowgat iberiljekdigini hem aýtdym. Olar muny oňladylar. Eşelon bilen gitmeli adam on bir sany. Fonin maňa «Delegasiýada özüň bilen ýene iki sany komsomol gurama- synyň sekretaryny hem goş» diýdi. Şonda men Fonine «Eger özümem gitmeli bolsam, onda men Moskwa, WLKSM(6) MK bilen habarlaşmaly borun. Eger olar oňlasa giderin, bolmasa-da galmaly borun» diýem- de, ol «MK-nyň býurosy karar çykarandan soň, oň gürrüňi bolmaz» diýdi. Delegasiýanyň hataryna Gyzylarbadyň wagon-remont zawodynyň hemem Lenin raýonynyň Telman adyndaky kolhozynyň komsomol guramalarynyň sekretar- laryny hem öz ýanym bilen aldym. Delegasiýanyň hatarynda Allaberdi Berdiýew, onuň kömekçisi, Berdi Kerbabaýew, Aman Gulmämmedow, tikinçi Şeker Babaýewa, Sakarçäge raýispolkomynyň başlygy Gur- banowa, Kaganowiç raýonynyň «Iskra» kolhozynyň başlygy Gurban Gapurow, Türkmen TAG-dan bir habarçy... — jemi on bir adam. Delegasiýanyň ýolbaşçysy Allaberdi Berdiýew biziň bilen Daşkentde aýrylyşdy. Fonin bilen Hudaýbergenow samolýotly Daşkentde biziň yzymyzdan ýetip: «Moskwada sessiýa bar. Allaberdini özümiz bilen äkitjek. Galan zatlary özüň oňar» diýdiler. Eşelon äkitjek bolsaň kyn. Wagonlarda et bar, ýumurtga bar... Köpüsem zaýalanjak zatlar. Ýok zat ýok o ýerde, çakyra çenli bar. Iki sany atam alyp barýas. Ikisem Aşgabat raýonynyň häzirki «Sosializm» kolhozynyň atlarydy. Aşgabatdan ugranymyzdan soň Moskwa çenli on alty gije-gündiz ýol ýöremeli bolduk. Biziň çalt barmagymyza kömek eden zat hem degişli demir ýolunyň syýasy bölüminiň naçalnigine hemem Demir ýol halk komissarlygyna telegramma yzyna telegramma ibermegimiz boldy. «Ýarym günläp ýatyrys. Buz bilen üpjün edenoklar. Zatlar zaýalanýar» diýip, telegramma iberýän. Eşelon estakada gelýä weli, «Buz çekmäge işçi güýji ýok» diýýärler. Men şonda «Oglanlar, geliň özümiz çekeliň» diýýän. Şeýdip buz çekýäs hemmämiz. Berdi aga Gurban Gapur bilen buz çekýär. Berdi aga oňa degýä. Wagonyň üstüne çykmaly bolanda Berdi aga öňde, Gurban yzdan gelýä. Düşmeli bolanda ol Gurbany öňe salýa-da, yzyndan agram salýar. Bahym ýere düşürýär. Moskwa baranymyzda Goranmak halk komissarlygynyň işgärleri «Nädip beýle çalt geldiňiz? Daşkentliler otuz gije-gündizde Moskwa geldiler» diýip, geň galyp soraýarlar. Kazan wokzalyna geldik. Şonda Allaberdi Berdiýew hem bizi garşylamaga çykypdyr. Ol meniň ýanyma gelip: «Haçandan bäri MK-nyň sekretary bolduň?» diýip soraýar. Men telegramma gol çekemde oglanlar komsomol sözüni pozup iberýän ekenler. Men şu zatlardan habarym ýok. «MK-nyň sekretary» diýýä-de, komsomol sözi ýok. Şu-da biziň Moskwa çalt barmagymyza kömek eden zatlaň biri. Soň muňa biz kän gülüşdik. Indiki mesele — wagonlary paýlamaly. Garaşmaly bolduk. Şonuň üçinem meň «WLKSM MK barmaly» diýip gitdim. MK-nyň birinji sekretary Mihaýlow. Ikinji sekretary general maýor, lýotçik Gromow. Beýleki sekretarlaryna hem Olga Mişakowa, Romanow diýerdiler. Barandan maňa degip başladylar: «Nämüçin WLKSM MK-ny habardar ede ňok?» diýip. Şonda «Men partiýa boýun bolýaryn» diýip, degişme bilen jogap berdim. Soňra Mihaýlow maňa «Bö- lümlerde bol. Işleri bilen tanyş. Özüňe dahylly meseleleri çözüber. Işiňi boldum edeňden soň, Aşgabada gaýdarsyň» diýdi. Derrew Moskwa myhmanhanasyndan ýaşamak üçin jaý äberdiler. Men indi Komsomola gatnap, işlerimi bitirip ýörün, Allaberdi Berdiýewiň ýaşaýan wagonyna jaň edip, ýagdaýlaryndan habar tutýan. Olam «Garaşyp ýaty- rys. Belli bir aýdylan zat ýok» diýýär. Eger işe güýmenip gijä galaýsam, myhmanhana barman, Merkezi Komitetiň özünde ýatýan. Her kabinetde iki-üç sany düşek, polotensa we gaýry zatlar ýatyr. Kyrk ikinji ýyl-da bi. Ýedilenji ýa-da sekizlenji gün, gije sagat ikide myhmanhanada gapy kakylýar. Başga biri bolsa açjak däl, ýöne nobatçy «Siziň yzyňyzdan gelipdirler. Gapyny açyň» diýensoň açmaly boldum. Gapyny açsam, iki sany GPU-nyň işgäri dur. «Bizi Siziň yzyňyzdan iberdiler. Ol ýerde wagon- da Size garaşýarlar» diýdiler. Alajyň ýok, gitmeli boldum. Barsam Berdiýew «Daňdan sen Leningrada ugramaly. Ýöne ýanyňa-da bir adam alyp bilýäň» diýdi. Indi men otuz dört wagon bilen Leningrada gitmeli. Bäş-alty wagon ýyly egin-eşik bardy, ol Wolokolamska ugradylypdy. Wolokolamsk biz baramyzda faşistlerden azat edilen eken. Men komsomolyň şäherkomynyň birinji sekretary bilen gürrüňdeş boldum. Şäher azat edilenden soň oňa Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen at berlipdir. Ýanyň bilen kimi äkitmeli? Berdi aga-ha «Wagondan münüp-düşmek maňa agyr bor» diýdi. Dogrudanam bu oňa agyrdy. Gurban Gapuram ýaşuly adam. Ozal Aman Gulmämmede teklip edipdirler, olam «Ýusup gitse gitjek. Ýogsam gitjek däl» diýen ekeni. Biz Aman Gulmämmet bilen Leningrada gitmeli bolduk. Wagonlar eýýäm wokzala ugradylypdyr. Bizem gijän içinde wokzala äkitdiler. Şu ýer- de ýadymdaka birki agyz atlar hakda aýdaýyn. Şo atlaryň seýsem ýanlarynda. Her gezek stansiýada duramyzda ahal-teke atlaryny synlajak bolup, millet bary üýşýärdi. Olaryň biri mele, birem gara reňkde. Atlary başga hilidi. Moskwa baraýan uçurlarymyz general Belowyň atly korpusy gabawy böwsüp çykan eken. Ikisinem şoňa sylag berildi. Şeýle hem ýüzüne Staliniň suraty çekilen halyny Belowyň korpusynyň syýasy bölüminiň naçalnigi Makarowa gowşurdyk. Ol uruşdan öň partiýanyň Moskwa obkomynyň ikinji sekretary bolup işlän ekeni. Aýdylan sagady biz wagonlar bilen Leningrada tarap ugradyk. Özem wagonlar dürli şygarlar, transparantlar bilen bezelgidi. Wologda gelip düşdük. O ýerdenem Tihwine ugradyk. Şo wagt ol duşmandan azat edilen eken. Tihwindenem Wolhowstroýa geldik. Oňa ýetmänkäň operatiw topar bar. Ladoga kölüne ýetmänkäň, ondan bäride. Tihwine gelenimizde, wagonlara soldatlary mündürdiler. Goramak üçin. Bizem tüwi ýüklenen wagona geçdik. Oturýan ýerimizem, ýatýan ýerimizem haltaň üsti. Başga ýer ýok. Yzky wagonda iki ýerde pulemýot oturtdylar. «Eger duşman hüjüme geçäýse, kelläňizi çykarmaň» diýip, bize-de berk tabşyrdylar. Diňe gije ýöreýäs. Gündiz ýatýas. Şonda-da Tihwin bilen Wolhowstroýyň aralygynda duşman samolýotlary iki gezek bize hüjüm etdiler. Wolhowstroýa geldik, wagonlary gür tokaýlygyň içine sokdular. Wolhowstroýda şäherden nam-nyşan ýok. Her kerpijiň bölegi aşyk ýaly. Bölek-bölek, ýykan-ýumran. Ýekeje-de graždan eşiginde adam ýok. Hemmesi harby geýimde. Özem ýeriň aşagynda işlenilýä. Bizem ýeriň aşa- gyna saldylar. Operatiw topara näme zat äkidýändigimizi aýtdyk. Şo ýerde Ahunbabaýewiň hökümet wagonyny gördük. Ol Wolhowstroýa hökümet wagony bilen barypdyr. Bombanyň tötänden düşmegi ahmal. Bomba edil wagonyň üstünden düşüpdir. Ahunbabaýewiň özi ýok, Leningrada giden eken. Wagondan weli derek ýok. Diňe somalyşyp duran demir bolup ýatyr. Bize şo ýerde «Ahunbabaýewiň wagony şu» diýip görkezdiler. Operatiw toparda bize «Leningrad bilen gürleşmeli» diýdiler. Bizem «Bolýa» diýdik. Göni prowod arkaly Leningradyň şäher komitetiniň sekretary Kuznesow bilen gürleşdik. «Men bu meseläni çözüp biljek däl. General Kulik bilen gürleşiň» diýdi. Kulik bilen gürleşdik. Olam «Men çözüp biljek däl. Muny diňe Ždanow çözüp biler» diýdi. Aý, garaz, biz bäş günläp göni prowod arkaly gepleşik geçirdik. Biz-ä özümiziňkini gögertjek bolýas, olaram her gezek garşylyk görkezýäler. «Siziň özüňize bir samolýot gerek, ona-da istrebiteliň özünden on altysy gerek. Özem front liniýasyny böwsüp geçmeli, şundan soň özüňiz pikir edip görüň, bize näçe çykdajy» diýýäler. Bizem «Size otuz dört wagon sowgat alyp barýas. Içinde azyk önümleri kän. Häzirem ol Leningradlylar üçin gaty möhüm» diýýäsem weli «ýok» diýip jogap berýärler. Men Ždanow bilen iki gezek gepleşdim. Ol «Getiren zatlaryňyzy operatiw topara akt bilen tabşyryň» diýýär. Ahyry ol «Kakoý wy nadoedliwyý narod» diýmäge mejbur boldy. «Bize häzir her bir samolýot gymmatly» diýdi. Şeýdip ahyrynda gaýtmaly bolduk. Wagonlary akt ýazyp tabşyrdyk. Türkmen halkynyň adyndan ýazylan hat bardy, ony goýduk. «Hata jogap ibereris» diýdiler. Ýöne jogap giç geldi. Delegasiýa Aşgabada gaýtdy. Men Moskwada ýene-de 10-12 gün galyp, komsomolyň Merkezi Komitetinde ozal ýetişmedik işlerimibitirip gaýtdym. Kyrküçünji ýylda komsomol ýaşlaryň adyndan fronta sowgat iberdik. Delegasiýanyň ýolbaşçysy edip Türkmenistan komsomolynyň Merkezi Komitetiniň kadrlar boýunça sekretary Handurdy Hojaýewi belledik. Hojaýew soň partiýanyň Bäherden raýkomynyň birinji sekretary bolubam, Büzmeýinde çakyr zawodynyň direktory bolubam işledi. Häzir onuň barlygyny ýa ýoklugyny bilemok. Bu sapar kyrk üç wagon. Delegasiýany özümiz düzdük. On bir adam. Brýansk frontuna ugratdyk. Frontuň komanduýuşisi Rokosowskiý. Şonda Rokosowskiý on bir adamyň on birisine, hemem Fonine, maňa adymyz ýazylan sapan ça sowgat beripdir. Men ol sapançany götermedim. Ony TK(b)P MK-nyň ikinji sekretary Gurban Permanow göterdi. Bu şeýle boldy. Hojaýew dagy gelende men Moskwadadym. Ol «Ýusup gelse, oňa özüm gowşuraryn» diýip, Hojaýewden alýar. Gurban ýogalandan soň, şo sapança hakda aýalyndan sorasam, sapançatabşyrylaneken. Aýalymaňa sapançanyň tabşyrylandygy hakdaky akty görkezdi. Herýyl Moskwada komsomol-ýaşlaryňbütinsoýuzspar- takiadasy geçirilýärdi. Bizem 1941-nji ýylda Köşi bagynda üç aýlap diýen ýaly 150 adamy şoňa taýýarladyk. Muňa TSSR Bedenterbiýe komiteti, komsomolyň Merkezi Komiteti bilen bilelikde bu ugurda iş alyp bardyk. Men bolsa şo wagt MK-nyň propaganda boýunça sekretarydym. Şo gün 22-nji iýunda Karl Marks ploşadynda bedenterbiýeçileriň paradyny geçirdik. Moskwadaky spartakiada gatnaşjak 150 adam öň hatarda. Parady TK(b)P MK-nyň agitasiýa we propaganda bölüminiň müdiri Gurban Permanow ikimiz kabul etdik. Parad gutardy — zat etdi. Uruşdan biziň habarymyz ýok. Permanow biraz bizden öňräk Pöwrizä gidipdir. Menem gezelenç edeýin diýip, MK-nyň iki sekretaryny ýanyma alyp Pöwrizä gitdim. Gitdik. Ýaňy uşelýe giremizde Pöwrizeden Fonininiň maşyny gelýär. Görsek TK(b)P MK-nyň birinji sekretary M. Fonin, MK-nyň sekretarlary A. Berdiýew, Ýegorow, Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Hudaýbergenow dagy Pöwrizeden gelýärler. Permanowam öňlerinden gabat gelipdir. Olam olaryň yzynda. Sagadam ikiden işleýärdi. Maşyny sakladylar. Fonin «Nirä barýaňyz?» diýip sorady. «Yzyňyza gaýtmaly bor. Uruş başlandy. Häzir MK-da ýygnanmaly borus» diýdi. Kyýamat gopan ýaly boldy. Uruş habaryny hem Fonine Aşgabatdan organ işgärleri jaň edip habar beren ekenler. Kyrk üçünji ýylda BK(b)P MK(7) Türkmenistana ýokary partiýa mekdebinde okamaküçin ýer berýär. Okuwa girmek hakda TK(b)P MK-nyň senagat baradaky sekretary Kakaja- nowa, kadrlar baradaky sekretary Ata Akynyýazowa teklip etdiler. Olaryň ikisem razy bolmady. Biri maşgala ýag- daýyny, beýlekisi başga bir zady tutaryk edindi. MK-nyň býurosynda bu meseläni bir gezek orta atdylar, soň ikinji gezek gürrüň edildi. Üçünji gezek teklip edildi. Hiç kimiň gidesi gelenok. Menem durup bilmän, «Ýoldaş Fonin, meni iberäýiň!» diýdim. Özümem öýlenen, iki sany çagam bar. «Ýok, siz entek işlemeli» diýdi. Býuro gutarandan soň her kim öýli-öýüne gitdi. Birküç gün geçenden soň Foniniň özi maňa jaň edip: «Dogrudanam okuwa gidesiňiz gelýärmi?» diýip sorady. Men bolsa «Gitjek. Hiç kimiň gidesi gelenok ahyry» diýip jogap berdim. «Bolýar onda. Maslahat ederis» diýip, trubkany goýdy. Ertesi MK-da býuro boldy. Menem her gezekki býuro gatnaşýaryn. Fonin maňa ýüzlenip, ýe- ne şol öňki soragyny gaýtalady. Menem öňki ýaly jogap berdim. «Bolýa. Onda taýýarlyk görüber» diýdi. Şo gezek- ki býuro gatnaşanlardan Esen Äralyýew häzir diri. Ol şo wagt guramaçylyk bölüminde işleýärdi. Şondan kän wagt geçensoň Esen Foniniň men hakda diýen zadyny aýtdy. Ol şonda Esene «Biz ony gowy partiýa işgäri edip ýetişdireris» diýipdir. Moskwa okuwa gitdim. Şo wagt Balyş Öwezowam şo mekdepde okaýan eken. Mekdep ilki Swerdlowskä göçürilipdir. Biz baramyzda ýaňy onuň Moskwa geçirilen wagty eken. Balyş Swerdlowskide bir ýyl dagy okapdy. Biz onuň bilen bir ýyl dagy bile okadyk. Bir korpusda ýaşadyk. Okuwa biz iki ýyl yzly-yzyna galla taýýarlamak barada BK(b)P MK-nyň upolnomoçennysy edip ýerlere iberildik. Her gezegem üç aýdan gowrak. Birinji gezek kyrk üçünji ýylyň on birinji awgustynda iberdiler. Dekabrda-da gaýdyp geldik. Kyrk dörtde onunjy awgustda iberildik. Noýabrda-da geldik. Iberilen gezeklerimiziň ikisinde-de biziň bilen Syýasy Býuronyň üç sany çleni instruktaž geçdi: Malenkow, Mikoýan, Andreýew, ýerlere baramyzda partapparat bilen nähili aragatnaşyk saklamaly, Andreýew oba hojalyk meseleleri dogrusynda, Mikoýan bolsa taýýarlaýyş edaralary bilen biziň nähili gatnaşygymyzyň bolmalydygy barada gürrüň geçirdiler. Hersi on bäş minut çykyş edýär. Kimden näme talap etmelidigini düşündirdiler. SSSR taýýarlaýyş halk komissary Dwinskiý her oblastda respublikada galla taýýarlanyşynyň ýagdaýy bilen tanyş etdi. Ýöne biziň bilen instruktaž geçen şol ýolbaşçylaryň arasynda öz işine beledi Mikoýan eken. Şonda men bir zada haýran galdym. Şol adamlaryň partiýa mekdebine geljeginden biziň hiç hi li habarymyz ýok. Her gezek instruktaž agşam sagat on birden soň geçdi. Instruktaž geçemizden öň ýerzeminiň, kitaphanalaryň içiniň barlanyp ýörlendigini oglanlardan göreni bar. Ýöne nämüçin beýdilýändigini hiç kim bilenok. Görsek, şolar geljek eken. On birden soň mekdebiň mejlisler zalyna ýygnanmaly diýýäler. Derrewem ýygnaýarlar. «Okuwyňyzyň arasyny bölmeli diýip MK karar çy- kardy» diýýärler. Şondanam anyk gürrüňe geçilýärdi. Men ilkinji sapar Başgyrdystanda boldum. Açlyk. Galla ýetenok. Galla ogurlygam az bolanok. Gije-de ýatuw ýok. Sanýa münüp, kabul ediş punktlaryna aýlanýansyň. Bir gezegem şeýle boldy. Ýanymda raýkomyň sekretary, GPU-nyň na- çalnigi bar. Gije sanýada gidip barýas. Raýkomyň sekretary tokaýyň içinde çalaja yşyk görüpdir. «Geliň göreliň» diýdik. Bärden bildirmän baryp golaý ýerden seretsek birnäçe adam garyň üstünde bugdaý çekýäler. Söwda gidip dur. Aljak adam «Bir putuny bäş ýüz manatdan ýokary aljak däl» diýýär. Satýanam alty ýüz manat diýýär. Ýüz manadynyň üstünde oňşanoklar. Özem şo taýda otuz üç sany sanýa dur. Bular indi kabul ediş bazasyna barmaly. Bizem şoň üçin olara hiç zat diýmän, ýuwaşlyk bilen baza gaýtdyk. Kabul ediji on sekiz ýaşly rus gyzy. Sanýalara garaşdyk. Olar daň atansoň geldiler. Biz şoňa çenli garaşdyk. Getirip, bugdaýy çekdiler. Çekdirenlerinden soň, kabul edýän gyzyň ýanyna baryp, kwitansiýany soradyk. Barlasak, satylan bugdaý eýýäm swodka giripdir. Görüp otursak, puly şo gyz bilen paýlaşylýan eken. Bazany ýapdyk. Täzeden çekilip başlandy. Gyzyň özi bir kiçijik otagda ýaşaýan eken. Onuň ýaşaýan otagynyň polunyň aşagyndan bir million sekiz ýüz manat pul tapdylar. Ýedimi ýa sekiz müň put däne ýetmedi. Soň gyz sud edilip, atuwa berlipdir. Beýlekilere-de ýyl kesilipdir. Kyrk bäşinji ýylda partiýa mekdebini üç adam bolup tamamlap, Aşgabada geldik. Biri Remnýow Ýakow Gerasimowiç, ozal partiýanyň Mary obkomynyň senagat boýunça sekretary bolup işlän, beýlekisi Anna Muhammet Berdiýew ozal Daşhowuz obkomynyň senagat boýunça sekretary. Partiýanyň Aşgabat obkomynyň ikinji sekretarlygy boş eken. Foniniň özi meni şo wezipä hödürledi. Men bu wezipede az salym işlämsoň Aşgabat obkomynyň birinji sekretary boldum. Menden öňki birinji sekretar G. Iwannikow. Ýokary partiýa mekdebine okuwa iberildi. Şu ýerde ýene bir zady aýdaýyn, olam obkomyň birinji sekretary şo wagtyň özünde Aşgabat şaherkomynyň hem birinji sekretarydy. 1945 — 1947-nji ýyllar bütin soýuzymyzda gurakçylyk boldy. Biziň oblastymyzda-da Tejen topar raýolarynda gurakçylyk boldy. Ýaplar dagy gömlüp gitdi. Mal däl, adam saklamak bize alada boldy. Mallary Saragt tarapda Badhyza göçürmeli etdik. Diňe şo ýerde ot bar. 1946-njy ýylda dowarlary, towuklara çenli şo ýere göçürdik. Tapylsa maşyn bilen, bolmasa-da sürini Badhyza tarap sürdürdik. Suwy ajy we duzly. Gaýnadyp içeňde-de bildirýär. Başga alajyň ýok. Bärisi Doňuz çeşme, aňyrsy Kepelä çenli mallary ýaýratdyk. Indi adam meselesi dur. MK-da maslahat boldy. Häzirki Oktýabr raýonynyň territoriýasy 2-nji MTS-iň ýeridi. Birnäçe adam şo ýerik göçürmegi teklip edýär. Menem «Tejen ilaty o ýerikgeçmez»diýdim. TSSR Ýokary SowetiniňPrezidiumynyň başlygy Akmämmet Saryýew hem meni goldady. Ondan öňinçä men Tejeniň ilaty bilen gürleşip görüpdim. Şaja Batyrow «Näme bolsa-da olar bilen maslahat etmeli» diýdi. Biz A. Saryýew bilen bile kolhozçylaryň arasyna gitdik. Ýygnak çagyrdyk. Biragyzdan «Gitjek däl» diýdiler. MK gelip, bolan ýagdaýlary aýtdyk. Ýöne men ozal Çärjew bilen telefon arkaly gürleşipdim. Çärjewde obkomyň birinji sekretary Arkadiý Andreýewiç Sennikowdy. Sennikowa men «Her kolhozdan bir brigada ibersek, niçik görýäňiz?» diýdim. «Kömek ederis» diýipdi. «Ýöne öňürti biriňiz gelip, ýerleri görüň» diýdi. Men öz pikirimi MK aýtdym. Men «Häzir ilkinji alada adamlary saklamak, şoň üçinem her kolhozdan bir brigada maşgalasy bilen Çärjew oblastyna ibermeli» diýdim. Olar şo ýerde wagtlaýyn ýaşap, işläp, öz kolhozlary üçin mekgejöwen, gawun we beýleki ir-iýmişi ýetişdirsinler» diýdim. MK-da «Şeýle karar kabul etseňiz, biz garşy çykmarys» diýdiler. Şondan soň Çärjew oblastyna özüm gitdim. Çärjew, Dänew, Garabekewül, Sakar raýonlaryna aýlandym. Çärjewiň ýeri-dä. Buýan basyp ýatyr. Şony sürüp bejerseň gowy. MTS-de «Sürmäge kömek ederis» diýdiler. «Ýap çekip beriň» diýdim. Ikinji mesele «Gowaçadan başga Çärjewde näme bitýän bolsa, şoňtohumy bilen üpjün ediň» diýip haýyş etdim. Şeýdip iki ýyl Tejenden gatnap işlenildi. Güýz hasyl ýygnalandan soň olar «Bize pylança wagon gerek» diýip habar edýärler. Menem «Wagon bilen üpjün etmeli» diýip buýruk berýän. Wagonlara ýüklenilip getirilenden soň, kolhozçylara paýlaşylyp berilýär. Görnüşi ýaly, ýagdaý agyrdy. Kyrk sekizde-de Tejende gurakçylyk boldy. «Pulhatyndan 640 kubmetr sil suwy geljek» diýen habary eşidip, Tejene gaýtdym. Şo wagt birinji Tejen suw howdany gurulýardy. Aşgabat oblastynyň hemme ýerinden baryp işleýärdiler. Gyş aýlary işleýän adamlaryň sany ýedi-sekiz müňe-de ýetýärdi. Hawa, suw joşgunynyň geljegini eşidip, Tejene bardym. Şol ýyl Tejende 10 müň gektar ýere gowaça ekdiripdik. Gowaça ekişiniň öň ýanyndaky suwy beripdik. Gowaçanyň boýy bir metre ýetip, güllejek bolýar. Emma suw ýokdy. Şonça müň gektar ekilen gowaça şo ýyl samana öwrüldi. Suw gelse, şäheri basar pikiri bilen Garabentden Saragt köprüsine çenli iki metr inligine, bir metrem çuňlugyna ýap gazdyk. Gurakçylykdan ýaňa derýa-da gömüldi. Derýanyň Tejen tarapynda gaçy bardy. Suw gelende Tejeniň ileri ýüzünden öwrüm edip, demir ýol köprüsine geçip gitsin diýen maksadymyz bardy. Demir ýoluň köprüsinden gaçyň aýlawyna çenli her ýüz metrden çyra çekdik. Dwižogy bolsa Tejen suw howdanyndan getirdim. (dowamy bar) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |