16:10 Bir ýyl / poema | |
BIR ÝYL
Çagalar edebiýaty
◇ Ýanwar Ýanwar geldi, başlandy Ýene-de bir täze ýyl. Daşarda howa sowuk, Içerde howa maýyl. Ak garyñ aşagynda Gök ýolkany şaýladyk. Ak don Aýaz babany Oñ daşynda aýladyk. Hem bile el tutuşyp, Halka gurap, tans etdik. Täze aýdym aýdyşyp, Babamyzy añk etdik. Aýazbaba horjuna Oýunjak salyp geldi. Hem onuñ ýany bilen Täze ýyl alyp geldi. ◇ Fewral Aýt, gyş haçan gutarýar? Gyş fewralda gutarýar. Fewral örän gysgajyk, Gyzgalygna utanýar. Fewral asla utanma, Sen bahara howlugyp, Üç güni kem alypsyñ, Ol hem seniñ gowlugyñ. Tamamlaýañ gyşy sen, Eredip doñ howany. Ýaşyl ýazyñ başy sen, Garly gyşyñ dowamy. ◇ Mart Bahar martdan başlanýar, Ozaldan şeýle hasap. Asmanda älemgoşar Uly sekizlik ýasap. Eneleriñ baýramyn Gutlap gökde gülüp dur. Lemmer-lemmer bulutlar Dürli surat bolup dur. Mart surata ökde eken, Görkezýär öz sungatyn. Açdym welin depderme Petir nanyñ suratyn. Ýagyş bilen çekdi ol, Depder derrew gurady. Şemal ogurlap gitdi Çekilen şol suraty. Ýene bahar asmana Ak ýagyş sepip gitdi. Ýüzüne boz meýdanlañ Öz keşbin çekip gitdi. ◇ Aprel Hoş howaly güneşli Aprel ýazyñ ortasy. Başynda ýaşyl jyga, Egninde gök kürtesi. Daýhan ýerin taýynlap, Tohum atar pellere. Hyýar, käşir, pomidor Eker ýene mellege. Ekilen gowaçalar Gögerer hatar-hatar. Kelemler kellä durup, Irki hyýar gol atar. Gülün döken agaçlañ Miwä durýan aýy ol. Özi gidip, deregne Getirýändir maýy ol. ◇ Maý Maýymyz-a maýymyz, Durşy baýram aýymyz. Bu aýlarda tapmadyk Maýymyza taýy biz! ◇ Iýun Maý geçdi, iýun geldi, Howry artdy howanyñ. Ýetişdi arpa-bugdaý, Gol ýaýdy garpyz-gawun. Saralan zamçalaryñ Bir enaýy ysy bar. Bu yssyda adamlar Kölegäni küýseýär. Salkyn ýerde gojalar Içip otyr çaýyny. Ýigitler çekýär başa Düýäñ sowuk çalyny. ◇ Iýul Iýul gelip ýetişdi Bagda miweler bişdi. Tylla Günüñ şöhlesi Göni depeden düşdi. Pöwrizäniñ daglary Goýny sergin baglary. Barsañ, gülüp garşylar Salkyn çeşme-çaýlary. ◇ Awgust Awgust geler, gijeler Howa az-kem sowasa, Gök gozalañ ýumrugyn Kem-kem açar gowaça. Nirä baksañ çar ýanyñ ''Ak altynly'' meýdanlar. Ýetişdiren hasylnyñ Gadryn bilýär daýhanlar. ◇ Sentýabr Mekdepde jañ kakylyp, Okuwlarmyz başlanar. Çykar pagtaly pele Çagalardan başgalar. Pagtany maşyn bilen, Hem el bilen ýygarlar. Gije çigrek bolsa-da, Ýagmaz entek ygallar. Baglañ başy gyzaryp, Ýaprak az-kem saralar Suw enteg-ä sowanok, Suwa düşýär çagalar. Mekdebe täze baran Keýpi kök oglan-gyzyñ. Sentýabr ㅡ başlangyjy Hasylly altyn güýzüñ! ◇ Oktýabr Oktýabrdan başlanýar Şatlygymyz, bagtymyz. Watanmyz göge galýar Hem bagtyýar halkymyz. Ak pagtaly peller-de Bagtymyza şaýatdyr. Ýaşyl baýdak ellerde Döwletimiz abatdyr. Ýurduñ garaşsyzlygy Oktýabrdan bat aldy. Şol bagtyñ gözbaşyna Ýüreklermiz badagly. Sergin güýz şemalyna Serler hasam durlanar. Toýnuk gurap, asmanda Geçip barýar durnalar. Uzadyp ak durnany, Geçip barýar aý-günler, Peselýär güýz asmany, Göge galýar göwünler. ◇ Noýabr Geldi, noýabr geldi, Howa sowaýar kem-kem, Egnime palto geýip, Gidýän okuwa men hem. Bulutlar üýşüp-üýşüp Süýşüp gelýär aşaga. Gar basdyryp sakgalyn, Ýetip geldi gyş aga. ◇ Dekabr Dekabr, Dekabr, Hasabyna hasapçy deý Örän-örän ekabyr. Ýetip geldi ýene-de, Geldi ýylyñ tamamy. Ýöne täze ýyllardan Üzmäweri tamañy. Howa sowap topraga Petde-petde düşdi gar. Ýöne ýagan bu garda Ak bagtymyñ reñki bar. Ýene geler täze ýyl, Köne ýylym hoşlaşar. Şol pursat geçmiş bilen Geljegmiz gujaklaşar. Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |