13:36 "Biri ýanýan diýse añlamandyryn..." | |
"BIRI ÝANÝAN DIÝSE AÑLAMANDYRYN..."
Goşgular
Biri ýanýan diýse añlamandyryn Ýanmak - ody däl ekeni ojaryñ. Ýanmak - keç ykbala sözüñ geçmänsoñ, Içde ýanan islegimiş ajalyñ. Howaýy geçirlen ömürmiş ýanmak. Göwnüñ kimin gòvne duş bolup bilmän. Basalanan duýgularyñ zarymyş, Ýarym galan toprak daş bolup bilmän. Zarymyş ol ýaşalmadyk ýaşlygyñ Ahmyrymyş bir nadana duş bolan. Bir gezek berilýän ömrüñ sedasy Hyýal bolan, görülmedik düýş bolan Ýanmak däl ekeni ody ojaryñ Ojaryñ odundan güýçlimiş ýanmak... Zöhre ÖWEZOWA. Stambul, 2022 ý. | |
|
√ Hyzmatkär bolar / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Aşgabat / Goşgular - 29.05.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |