07:21 Bu şeýle bor... | |
BU ŞEÝLE BOR...
Goşgular
Sen bol-bolma, asla, ýok eken parhy. Günler tirkeşip dur aýlar aýlanyp. Señ boşan otagña gözüm düşmese Maña kär edenok soñsuz aýralyk. Baramok señ bilen barlan ýerlere. Dostlaryñy görsem görmedik bolýan. Ýaşamak borjum bar, çünki men ene Çagalarym üçin ýaşajak bolÿan. Zeýrenmek islämok, razy pelekden. Beslenýan, guwanýan, öñki deý gülýän. Gözlermiñ göreji süýjüje balam Süleýmanym üçin ýaşajak bolýan. Ýalñyzmyñ ýa gussalymyñ äwenok Hic zat parhyna däl bu goja dünÿäñ. A men seniñ üçin ýiten günlermiñ Bu gün deregini ýaşajak bolýan. Söýmedigi göz görmese unudyp Söýen üçin ýüregiñi goÿsa bor Ömür gysga geregi ÿok kinäniñ Nesip bolsa, Bu şeýle bor, Şeýle bor. Zöhre ÖWEZOWA. Stambul, 2022 ý. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |