16:51 "Saña meni baglaýan zat..." | |
"SAÑA MENI BAGLAÝAN ZAT..."
Goşgular
(Ýat ýere düşen gyzyñ monology) Saña meni baglaýan zat Yşkmyka?! Bilmedim. Ýöne seni görsem ganatyn ýaýyp Kalbym, Saña sary atygsaýa Gözlem ýone goýup bilmän gülmesin Ýaşarýa. Men çyndan aglaýan öýdýän Seni maña duşuran bu ykbala Siñip gidýan sary ýag dey hamala Saña bagly bar barlygy söýýän men Ýagşylyk edesim gelýä baryna Òwülesim gelýa: "Pylanyñ gelni şeýle akylly, asylly, owadan" diýlip Çünki ýaşamaga hakym bardyr-a Söýemsoñ söýülip. * * * Saña meni baglaýan zat nämekä?! Hiç akyl ýetirip bilemok, asyl Käteler oturyp oýlara çümýän Meni aýryp bilen eje mährinden Mejbur eden meni taşlap gitmage Obamy, öýümi, gezen düzlermi. Çagalygym siñip galan ýazlarmy Baryny, ömrümiñ tas ýaryny Taşladyp bilen Saña meni baglaýan zat nämekä?! Hiç düşünip bilemok, Akyl yetirip Barmy muña ömür düşünip bilen?! * * * Yşk, aklym goýaldy, Añym oýandy Sen ekeniñ meni baglap ýüpsüzje Gul eden, soñam süýräp ýerden alyp, ýerlere sokan Sen bolmasadyñ, Belki men ýat oba gelin gitmezdim Belki söýüljegem bolmazdym kime Girjek bolup islenmedik göwüne Gelin bolmazdym men gowy ýürekli Añlanmadyk arzuwlary, maksady Awlanmadyk ýesir duşen ýuregi. Aglanmadyk gussalary daş bolup Çöken göwsüne. "Ýat iller ýaman iller, bagrymy ýakan iller" diýip öwran-öwran özümi özüm Ukusyz gijeler hüwdülemezdim. Bir aýagym gorde, ýatyrkam ýalñyz Elimi uzadyp ýat ýerde ýada Suw, dilärdimmi hiç Ýalamazdym ýalñyz düşen ýaramy Yşk ... wah, sen bolmasañ men bu günlere Düşerdimmi hiç Zöhre ÖWEZOWA. Stambul, 2022 ý. | |
|
√ Sensiz ýola girir isem... / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Eý, aşyklar, eý, aşyklar mezheb-u din yşkdyr maňa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Iki jahan zyndan ise, gerek maňa bossan ola... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Tebärek, Alla, eger dilber ise, anjak ola... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||