15:44 Düýş | |
DÜYŞ
Goşgular
Gyş sowuk, gyşdanam sowuk ykbalym Ýollañ çarkandagna gaýra dur diýýän. Ýolum bar, sallama köpri mysaly Hallan atýar dag gerşinde iki ýan. Gözbaşynda sen, Men ortasynda Gerdenimde ýüküm, durun yegşerip. Saýlap bolmaz eken berlen ykbaly. Geçeniñi geljegiñi seljerip. Sensiz ömür ýok ýalydy meñ ùçin. Asyl sensiz ölüm ýok eken, asyl. Sen jeza ekeniñ, jepa ekeniñ Senden soñ ömrümde degişdi pasyl. Ýaz ekeni dünýä, Bag eken barlyk Aýylganç düýş kimin sowuldyñ gitdiñ. Allañyñ öñünde ähdini bozan Adam deý ykbaldan kowuldyñ gitdiñ. Jahany sökersiñ sen meni idàp. Ýok meni aldamaz, kimse aldamaz. Sen özi ekeniñ, enäni aldan Sypatyna girip gelen adamyñ. Zöhre ÖWEZOWA. | |
|
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Oýnam setirler / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Tebärek, Alla, eger dilber ise, anjak ola... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Goşhaltada galan goşgy / Goşgular - 21.08.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||