21:39 "Bitiñe gahar edip, ýorganyñy otlamak..." | |
"BITIÑE GAHAR EDIP, ÝORGANYÑY OTLAMAK..."
Publisistika
Ukrainada rus dilinde çap bolan 11 million kitap ýok edildi Ukrainada jemgyýetçilik kitaphanalaryndan rus dilinde çapdan çykan 11 milliona ýakyn kitap bilen birlikde 19 milliona golaý kitap ýok edildi. Ukrainanyñ Werhowna Radasynyñ (Mejlisiniñ ynsanperwer we maglumat syýasaty komitetiniñ başlygynyñ orunbasary Ýewgeniýa Krawçuk Ukrainada "kitaphanalary rus dilinden arassalamak" kampaniýasynyñ çäginde 11 rus dilinde çapdan çykan million kitabyñ ýok edilendigini aýdýar. "RIA Nowosti" habarlar gullugynyñ berýän habaryna görä, Werhowna Radanyñ "Telegram" kanalyna interwýu beren Krawçuk "Geçen ýyl noýabr aýyndan bäri jemgyýetçilik kitaphanalarynda rus dilinde çapdan çykan 11 milliona ýakyn kitap bilen bir hatarda 19 million kitap ýok edildi" diýdi. Ýewgeniýa Krawçuk sowet döwründen galan käbir ukrain dilindäki kitaplar bilen birlikde Russiýanyñ alyp barýan ýörite harby operasiýasyny goldaýan ýazyjylaryñ eserleriniñem ýok edilendigini sözüniñ üstüne goşdy. Krawçuk kitaphanalardaky rus we ukrain dillerinde çykan kitaplaryñ "çakdanaşa kändigini", eserleriñ 44%-niñ rus, galanlarynyñ ukrain ýa-da ýewropa dillerinde ýazylan kitaplardygyny nygtap: "Halk deputatlary Kitap institutynyñ maliýe goruny artdyrmak üçin 2023-nji ýylyñ býužetini üýtgetmegi başardylar. Bu biziñ isleýşimizden has az, ýöne munuñ bilen Medeniýet ministrliginiñ býužetiniñ hasabyna çykarylan neşirleriñ puly tölener" diýdi. Geçen ýylyñ iýul aýynda Kiýew şäher Geñeşiniñ metbugat bölümi ukrain paýtagtynda kitaplar, kitap tanyşdyryş çäreleri, medeni çäreler bilen birlikde rus dilinde gürlenýän haýsydyr bir medeni çäräniñ köpçülige açyk geçirilmegini meýilleşdirýän kararyñ üstünde işlenýändigini mälim etdi. Ukrainada 2014-nji ýylda Maýdan wakalary netijesinde döwlet agdarlyşygyny gurnap häkimiýet başyna gelen ekstremistik sagçy hökümet 2014-nji ýyldan bäri "Ukrainany russyzlaşdyrma" syýasatyny ýöredip geldi. Rus dilini we eserlerini gadagan etdi. Rus dilinde berilýän ähli metbugat organlaryny ýapdy. Zelenskiniñ döwründe-de halkyñ rus dilinde gürlemegi gadagan edildi, ähli döwlet edaralarynda rus dilinde üpjünçilik we bilim gadagan edildi. Şäherlerdäki, obalardaky, posýoloklardaky rus atlaryny göterýän köçeleriñ atlary çalşyryldy. 2022-nji ýylyñ 24-nji fewralyndan bäri "Ukrainany russyzlaşdyrmak" syýasaty hasam berkäp, munuñ çäginde rus dilinde gürläne we rus dilini ulanana temmi çäresi berildi. Ýurtdaky Patyşa Russiýasyndan we Sowet Soýuzy döwründen galan taryhy eserler, heýkeller, ýadygärlikler ýykylyp aýryldy, taryhy gymmaty bolan negözel eserleriñ ýoguna ýanyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |