13:13 Bolçulyk hakda | |
BOLÇULYK HAKDA
Goşgular
Görýän dumly-duşda bolçulyk baryn, Ýaş-ýeleñler işe barýar jinsili. Şonda öz ýaşlygmy ýada salýaryn, Işe barşym köne-küşül muñsuly. Her döwür bir döwür. Düşünýän oña, Göwnüñ küýsän zadyñ öñüñde taýyn. Çatynja ýaşlara sala salsañ-a, "Janym - öz çatmama" bolmaýar kaýyl. Ýagşy, bu mekanyñ jümmüşlerinde Ural zawodlaryn gurmadyk bolsak. Ýer şary näderdi jeñiñ jemine Reýhstagyñ boýnun burmadyk bolsak? Esgerleñ şo Ýeñşi bolmadyk bolsa, Alarmydyk bolçulygyñ salgyny? Meniñ neslim döwrün ýadyna salsa, Garybrakdyk, ýöne, baýdy kalbymyz. Ýowuz jeñler gurduk, sakladyk gorap Genji-hazynasyn Zeminystanyñ. Arzuwly helmeted hyjuwly darap, Goradyk matlabyn paýhasyñ-añyñ. Görkana ýaşlara söýünýär göwün, Ýöne, añy telper bir bikemaly Altyn-kümşüñ girdabynda gördügim, Ýaşyrmaýyn, göýä özüm günäli. Bolçulyga şyltak atyp bilmerin, Bolçulykda halkyñ mañlaý deri bar. Ýöne köne-küşüllije günlerim Göz öñüme ýöne ýere gelmeýär. Jeñler, weýrançylyk boldy paýymyz, Beýle paý ýaşlara bolmasyn ünji. Tämiz saklañ pähim bilen añyñyz, Şoldur Ýeriñ genji, Ýeriñ söýenji. Gilemdar RAMAZANOW, başgyrt şahyry. Rusçadan terjime eden: Annaly BERDIÝEW. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |