20:45 Börte hatyn | |
Çingiz hanyñ birinji aýaly:
Zenan şahsyýetler
• BÖRTE HATYN XIII asyryñ başynda Orta Aziýanyñ ähli çarwa taýpalaryny bir agza bakdyryp, bir bitewi ulusa öwren Çingiz hanyñ baýry aýaly Börte hatyn barada bilýäniñiz barmy? Börte Beýik Mongol imperiýasynyñ gurujysy we taryhyñ iñ ýowuz hökümdary Çingiz hanyñ deñli-derejeli we birinji aýalydyr. Ol Çingiz hana durmuşa çykansoñ, imperiýanyñ baş melikesi boldy. Börte hakynda bize gelip maglumatlar örän azam bolsa, onuñ kiçijik ýaşdaka Çingiz hana adaglanyp, on ýedi ýaşynda-da durmuşa çykandygy bellidir. 1161-nji ýylda goñrat taýpasynda Deý-Seçeniñ we Çotanyñ maşgalasynda dünýä inen Börte taýpasynyñ iñ owadan gyzy bolup, açyk teni, otlukly gözleri we akyl-paýhasy bilen hemmeleriñ ünsüni özüne çekip bilýärdi. Ol Çingiz hanyñ duşmanlary tarapyndan alnyp gaçylýar we jynsy zorluga uçraýar. Emma Çingiz han soñra ony halas etmegi başarýar. Börte Çingiz han tarapyndan halas edilende ol eýýäm göwreli eken. Han aýalyny eý görensoñ, onuñ dogran çagasyny öz çagasy ýaly ulaldýar we ony öz bilinden önen çagalaryndan aýry görmeýär. Çingiz hanyñ aýalyny garadangaýtmazlyk bilen halas etmegi taryhy taýdan möhüm wakalaryñ biri hasaplanýar. "Börte sekiz aýlap ýesirlikde boldy we halas edilenden soñ Juçyny dogurdy. Ol çaganyñ kakasynyñ kimdigi hakda şübheli pikirleri döretdi, çünki ýesiri ony "aýal" edip aldy we şonuñ üçin ony emdirip bilýärdi. Emma Çingiz Juçynyñ maşgalada galmagyna idin berdi we onuñ öz ogludygyny aýtdy. Çingiz han mirasdüşer bellemeli bolanda, Juçynyñ hakyky atasynyñ kimdigi anyk belli bolmansoñ, doganlary onuñ hökümdarlygyna boýun sunjak däldiler, şonuñ üçinem Çingiz başga ogluny mirasdüşer bellemeli boljakdy. Juçy soñra Altyn Ordanyñ başy boldy." Börte köp ýerde adamsynyñ berýän buýruklaryna täsir etmegi başarypdyr. Ol köplenç "ak ýüpek eşikli, saçy altyn pully, golunda ak guzyly we ak atyñ üstüne münen zenan" görnüşinde suratlandyrylýar. Ol agtyk-çowluklary bilen bile mongol imperiýasyny uç-gyraksyz territoriýalara uzadan ganybir dört ogly we bäş gyzy dünýä inderipdir. • Börtäniñ çagalary: Ogullary: Juçy, Çagataý, Ugedeý, Tuly. Gyzlary: Kua Ujin Bekhi, Tümelün, Alakhaý Bekhi, Alaltun, Çeçekhan. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||