10:23 Bu dogalar koronawirusdan goraýarmyş! | |
BU DOGALAR KORONAWIRUSDAN GORAÝARMYŞ!
Jemgyýetçilik tankydy
Alymlar koronawirusa garşy çäre gözläp ber-başagaý bolup ýörkä, bi tarykatlardyr dini jemagatlar hem pursatdan peýdalanyp doga-tumar ýaryşyna girdiler. Özüne we ýakynlaryna koronawirus ýokuşmazlygy üçin doga ýazdyrýanlar haýsy dogany näçe gezek okamalydygyny-da soraýarlar. Özgelerden nusgalap, muny-da hamana özi doga ýazyp berýän ýaly “gazanç” edýänlere garşy edilýän gargyş dogasy bolsa: “Alla saña koronawiruş ýokuşdyrsyn!” Uzyn gepiñ keltesi, koronawirusdan peýdalanmak isleýän, uly iliñ başyna inen belanyñ üstünden güýçlerini artdyrmak isleýän tarykatlaryñ özara bäsdeşligi bar. ■ DOGALY MASKA Bir gazetiñ internet saýtynda “Wirusa ýolukmazlyk üçin arap sabynyny iýen kişi hassahana düşdi” diýen habary okadym. Dessine Ýozgat şäher hassahanasyna jañ etdim, habarda ady görkezilen lukmanam, şol at bilen bejergi alýan näsagam ýokdy. Baş lukman bulen gürleşdim, ol: "Ýalan habar" diýip güldi. Munuñ bilen çäklenmän kärdeşlerim "İleri" gazetinden Seýfi Çelikkaýa, "Çamlık" gazetinden Taryk Ýylmaz dagylardan soradym. Olaram bu habaryñ ýalandygyna güwä geçdiler. Gabyr azabyndan, dowzahyñ odundan goranmak üçin “ýanmaýan kepen” öndürilen ýurdumyzda indiki nobat dogaly maskada. Aýtmaklaryna görä, şeýle maskany dakanlaryñ ýanyna wirus golaýlaşyp bilmeýärmiş. Dini jemagatlaryñ bu döwürde wirusa garşy näme edýändiklerini bilmek üçin Jüpbeli Ahmet hoja diýlip tanalýan Ahmet Mahmut Ünlüden “Koronawirusa garşy siz nähili goranýarsyñyz? Üýtgeşik tilsimiñiz ýa-da dogañyz barmy?” diýip soradym. Ynha, Jüpbeli hojanyñ beren jogaby: “Meñ adymdan doga ýazyp satýanlar bar. Men-ä olara wirus ýokuşsyn diýip gargaýaryn. Özümiñ okaýan we täze çeşmelerden peýdalanyp taýýarlan dogalar mejmuasyny sosial hasaplarymda paýlaşdym. Bu dogalary satýanlara hakym haram bolsun, wirus bulaşsyn.” ■ BU DOGALAR WİRUSA GARŞY Jüpbeli Ahmet hojanyñ ugradan dogalarynyñ başynda günde 132 gezek okalmaly “Ýokanç mikroplardan goranma” diýen doga bar. Ertir-agşam, nirde bolsañ bolsañ bol, tapawudy ýok, okaýan ýeriñde şol ýerden gidýänçäñ saña hiç bir zeleliñ ýanaşyp bilmejekdigi aýdylýan aýratyn bir doga-da bar. Ertir-agşam üç gezek okana hiç bir belanyñ ýolukmajakdygy barada hadysdan alynan doga hem bar. Gutulgysyz dertleriñ şypasy üçin, aýratynam ýokanç keselleriñ gitmegi üçin öwran-öwran salawat okamak ündelýär. “Dermany tapylmadyk erbet kesellerden goranma dogasy” bilen birlikde, ýokanç wiruslaryñ zyýanyny dep etmek üçin her namazdan soñ üç gezek okana hiç bir mikrop ýokuşmajakdygy baradaky düşündirişem bar. Okaýana ýa-da täretlikäñ ýanynda göteren kişini we onuñ maşgalasyny ýokanç mikroplardan goraýan doga hem Jüpbeli hojanyñ ündeýän dogalarynyñ arasynda öz ýerini alypdyr. "Menzil" tarykatynyñ internet sahypasynda çykandygy öñe sürülip, sosial medýada paýlaşylan bir henekden söz açylýar. Koronawirus dünýäni aldym-berdime salyp ýörkä, Gaws gaýypda wirus bilen duşuşýar. Wirus dillenip: “Eý Gaws, maña Kowid-19 diýýärler, wezipäm ýer ýüzüne ýaýrap, Adam ogluny jezalandyrmak. Rugsat berseñ, Türkiýäniñ başyna-da musallat bolaýsam diýýän” diýipdir. Gaws: “Rugsat beremok. Meniñ başym dik bolsa saña Türkiýede hezillik ýok” diýipdir we muny eşden wirus öz ýoluna gidiberipdir. ■ HYZMAT - PERIŞDELERDEN Megerem, siz häzir bular ýaly zadyñ boljagyna ynanýanam dälsiniz. Emma Saglygy goraýyş ministrligi bu tarykatyñ agzalary tarapyndan dolandyryldy. "Menzilde" meýletin işlänlere: “Siziñ edýän ähli işleriñizi aslynda perişdeler edýär. Biz sizi diñe sogap gazanyñ diýip işledýäris” diýilendigini hut otuz ýyl bäri bu tarykatyñ içinde bolan we birnäçe ýyllap TRT döwlet teleýaýlymynda agzaçar gepleşiklerini taýýarlan kişiniñ paýlaşymyndan okapdym. Oña jañ edip bularyñ dogrudygyny däldigini soranymda, "Hawa, ähli işleri perişdeler edýär. Sogap gazanmalary üçin adamlar meýletin işledilýär” diýipdi. Men muny "Doğan Kitap" neşirýatynda çapdan çykan “Menzil. Bir tarykatyñ iki ýüzi” kitabymda-da ýazypdym. Şonuñ üçin wirus paýlaşymynyñ dogrudygyny däldigini Seyda Saki Eroldan soradym. Emma muña jogap bolmady. Ýurdumyzda “Bize hiç zat bolmaz” diýýän biperwaý gatlagyñ bolşy ýaly, geçirilýän öñüni alyş çärelerinden howatyrlaryna was-was düşüp ýörenlerem az däl. Koronawirusa garşy doga-dilegde bolsañyz boluñ, emma janymyzy asyl ynanmalylar lukmanlardyr. Nazif Aý yslamçy toparlanmalaryñ arasynda tegelek kyrk iki ýyl gezdi. "Edil häzirki wagtyñ klassyk yslamçylary ýaly düşünýärdim” diýen Nazif Aý bu toparlanmalardan bölünip, radikal maksatly guramalaryñ ýüpüni bazara çykaranlary, olaryñ iç ýüzüni köpçülige mälim edenleri şeýtanyñ alyna gitmekde, ruhlaryny yslamyñ duşmanlaryna satmakda aýyplaýan biri bolandygyny boýun alýar. Dindarlyk derejesi bilen birlikde türk jemgyýetinde we dünýäde özgeren dine garaýşy "Tekin Yayınları" neşirýatynda çapdan çykan “Yslamyñ kosmiki otagy” kitabynda ýazan Nazif Aý: “Yslamçylaryñ içine göni girip söz sözlemäge ýürek eden ýeke-täk ylahyýetçi men boldum” diýýär. Yslam bilen yslamçylyk düşünjelerini bir-birine garyşdyrmaly däldigini kitabynyñ ilkinji sahypasynda ýazan Aý “dindarlygyñ gelip ýeten derejesini-de” açyp görkezýär. Saýgy ÖZTÜRK. 15.03.2020 ý, "Sözcü" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||