22:48 Bu döwrebaplykmyka?! | |
BU DÖWREBAPLYKMYKA?!
Jemgyýetçilik tankydy
Edil söýgi diýilýän gudraty, onda-da beýik gudraty, göz bilen görüp, gulak bilen eşidip bolmaýşy ýaly, utanç-haýa diýilýän gudratam göz bilen görüp, gulak bilen eşidip bolmayan eken. Ony diñe kalbyň bilen duýmaly, kalbyňa-da siñdirmeli. Ol seniň kalbyňdan häsiýetiňe, daşky hereketlerine, geýim-eşigiňe (geýnişiňe) geçmeli. Türkmende "Gawun gawundan reňk alar" diýilýär. Elbetde, bu utanç-haýa, edep-terbiýe bilen baglanyşykly aýdylan jümle bolmaly. Biziň ene-atalarymyz dogup döräli bäri özüne-de, diline-de erk edip bilen halk. Üns berip göräýiň. Geçmişde-de, häli-häzirlerem garrylaryň ýanynda erbet gürrüň edilse, hapa söz agzalsa, halanýan däldir. Ene-mamalarymyz hapa ýa-da erbet bir zat eşitse: "Toba-toba. Geň göremok, daş etsin" diyip, derrew ýakasyny tutar. Eýsem, bu zatlar utanç-haýanyň alamaty dälmi näme? Gürrüñini edýän şu meselämiz bilen baglanyşykly pikirlerimi häzirki döwürdäki gyz- gelinlerimiziň edep-terbiýesine syrykdyrasym gelýär. Ýakasy ajaýyp nagyşly, uzyn köýnekli, gül tahýaly, gyrmyzy çabytly gyz- gelinlerimiz, nirede bolsa-da baýdak kimin pasyrdap türkmenligini aýdyp durandyr. Aslynda, türkmen zenanlary kimin öz milliligini gorap gelen halk az-azdyr. Her hili döwri, ýaşaýşy, durmuş nogsanlyklaryny başyndan geçirenem bolsa, türkmen zenanlary uzyn köýneginiň, nagyşly ýakalarynyň asyl nusgasyny saklap bilipdirler. Gelin-gyzlarymyzyň edep-ekram, geyim-gejim babatda asyl nusgalaryny saklap, her bir döwrüň özgerişlikleri esasynda dürli biçüwleri oýlap tapmaklary hem gadymdan gelýän türkmen lybasyna, olaryň beýik döredijiligine bäs gelip biljek zatlaryň ýoklugyndan habar berýär. Daşary ýurtly syýahatçylaryň biriniň geň galyp aýdan sözleri elmydama aňymda ýaňlanýar: «Men dünýä ýüzüni aýlandym, gördüm. Ýöne hiç yerde türkmen gelin-gyzlary ýaly egin- eşikleriniň milliligini saklan halka duşmadym». Gelin-gyzlarymyz edil gül mysalydyr. Eýsem, gyz-gelinlerimiziň edep-ekramy, döwre görä daşky gözelligi şu günki gün nähilikä? Olaryň köýnekleridir geýnişlerinde türkmene mahsus asyl nusgalarymyz nähili derejede saklanýarka? Häzirki wagtda esasan-da şäher ýerlerinde gyzlarymyza, kähalatlarda gelinlerimize-de köýnekleriniň yzyndan dyzyndanam ýokarda ýa-da iki gapdalyndan ýokarsyna çenli dilip geýmek ýoň bolup barýan zatlaryň biri. Käte bolsa uly iliň öňüne çykyp ýören ýaşuly zenanlarymyzda-da şonuň ýaly dilikli köýnegi görüp, özüň utanyp, aşak bakanyňy duýman galýarsyň... Eýsem, bu döwre görä geýinmekmikä? Türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan täze biçüwli köýneklermikä? Aslynda, köýneklerini kesip, injikleri görnüp duran şeýle geyimler türkmen gyz-gelinlerine gelişýärmikä beri? Bary bu-da däl. Köýnekleriň hem başyna "itiň oýny" salynýar. Aslynda topugy görünmeli däl zenanlarymyzyň köpüsi, aýratyn hem ýaş gyzlarymyz eginden, bolaýsa, ýekeje sere aşak düşýän, özi-de nagyşly, syrlaşyp duran ýeňleri ýoň edipdirler (aý, näme bagşy gyzlarymyzyň birdir ýarymy ýeňsiz köýnegem geýip, teleýaýlyma, köpçüligiň öňüne çykyp ýör, onsoň ýaşlarymyzam şolara meňzejek boluberýär)... ...Oglunyňka şähere gezmäge gelen ýaşy altmyşdan geçen ýaşuly öz aýalydyr gelni bilen agtyklarynyň okuwdan gelerine garaşyp otyrdy. Çaý-naharyň başynda oba durmuşy barada gyzykly gürrüň berip oturan garrylar agtyklary gireninden begenişip, oturan ýerlerinden gobsunyşdylar. Enesidir atasyna gözi düşen Jeren begenjine näderini bilmedi. Salam berip, ylgap gelip enesini gujaklady. Şol pursat agtygynyň aýaklary görnüp duran, iki gyrasy kesilen köýnegine gözi düşen atasynyň gaşlary çytylyp gitdi. Bu ýagdaýy añan ene derrew agtygyna ýumşaklyk bilen söz gatdy. - Wi, Jeren jan, men-ä seni tanamandyryn. Köýnegiň etegi darrak bolup yolda dagy gapdallary söküläýdimi?! - diýip, agtygynyň eşiginden gürrüň gozgady. - Ene, ýolda sökülenok, şu wagtky ýaşlaryň modasy şeýle. Jeren derrew beýleki otaga girip, eşiklerini çalşyrynyp çykdy. Gaýynatasynyň gaşynyň näme sebäpden çytylandygyny aňan gelin derrew söze goşuldy. - Wah, öz joralary geýensoň, olam şeýdip tikdirdi-dä. Hawa, bu hakykata gözli şaýat bolamsoň, garrylaryň şol wagtky başdan geçirýän duygulary hakynda oylanasym geldi. Ýaşulularyň öz agtyklarynyň egnine geýen köýnegine bolan garaýşy nähilikä? Eger olar şol biçüwdäki köynegi halan bolsalar, onda şol wagt hemmeler oňaýsyz ýagdaýa düşmezdi ahyry. Biz ýene-de bir zady belläsimiz gelýär. Häzir tomus paslynyň gelmegi bilen şäherde balagynyň uzynlygy dyzyny-da ýapmaýan oglanlaryň sany hem köpeldi. Eýsem, muña näme diýip, näme aýtjak. Her ki zadyň gelşigi ýagşy. Onsoňam türkmen "Dinden çyksaňyzam, ilden çykmaň!" diýýär ahyry. Onsoň, ata-enelerimiziñ, ýaşulularymyzyň şeýle ildençykgynç geýimlere bolan garaýyşlaryny "köne pikirler", «döwrebap däl düşünjeler» hasaplamak bolarmy?! Ýa-da ýaşlaryň şeýle egin-eşiklere bolan isleg-arzuwlaryna "döwrebaplyk" diýip aýdyp bilerismi?! Ine, biri-birine çapraz gelýän şeýle meseleler türkmeniň şumatky döwründe biziň hemmämizi oýlandyrsa gerek. Elbetde, biziñ her bir ädimimiz milli ruha ýugrulan hyjuw bilen ädilmelidir. Ogulnabat ÝAZMYRADOWA, Baýramdurdy GURBANOW. "Adalat" gazeti, 13.06.2003 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |