Görkezilen çeşmelerde Türküstan diýlip Gazagystanyň günorta welaýaty göz öňünde tutulan bolara çemeli. Taryhy çeşmeleriň birinde bu pikiriň tarapy tutulyp, seljuklaryň Garajykçyň we Sygnaçyň töwereklerinden gelip çykandyklary barada gürrüň berilýär. Onda Garajyk diýlip Seýhunyň golaýyndaky Garataw daglary atlandyrylýar. Hakykatdan-da, baryp XI asyrda Seýhundan demirgazyk-gündogardaky daglar, şeýle hem Farap welaýatynyň «oguz şäherlerine» Garajyk diýlipdir. Munuň özi seljuk birleşmesiniň taýpalarynyň ilki dörän ýeriniň Seýhunyň orta akymyndaky etraplardygyny tassyklaýar. Şeýle netijäni Samarkant we Buhara welaýatlarynyň türkmenleriniň halk rowaýatlary bilen hem berkitmek boljak. Oguzlaryň Seljuk toparyna giren bu türkmenler X asyrda — XI asyryň başynda Buharanyň Nurunda ýerleşipdirler. Rowaýatlar boýunça, olar bu ýere Seýhunyň orta akymyndaky etraplardan gelipdirler. Özleriniň ilkinji mesgeni hökmünde olar Türküstan şäheriniň töwereklerini görkezýärler. Samarkant we Buhara türkmenleri öz halkynyň Jeýhundan bäri geçen esasy köpçüliginden yza galandyklaryny gürrüň berýärler. Olaryň aýtgylary boýunça, türkmenleriň ata-babalary Türküstandan Buhara Nurynyň üsti bilen hereket edipdirler we Hazar ýakalaryndaky sähralyklara tarap gaýdypdyrlar.
Orta asyr çeşmeleriniň berýän maglumatlarynyň türkmen halk rowaýatlary bilen deňeşdirilmesi seljuk taýpalarynyň ilki başdaky watany Seýhunyň orta akymyndaky etrap bolupdyr diýip hasap etmäge esas berýär. Bu taýpalaryň esasy hojalyk işi maldarçylygy (atçylygy, düýedarçylygy, goýundarçylygy) ösdürmek bolupdyr. Bu toparyň ozal başdaky özeni Sygnak welaýatynda we Garataw dag eteklerinde ýaşan oguzlardan we türkmenlerden emele gelipdir. Soňky wagtlarda seljuk birleşmesiniň üsti esasynda Seýhunyň aýagujundaky ýerlerde ýaşan oguz taýpalary bilen ýetirilipdir. X asyryň ahyryndaky — XI asyryň başyndaky wakalary gürrüň berýän çeşmelerde seljuklar öňki dessur boýunça oguzlar diýlip atlandyrylýar. Emma has soňraky wagtlarda olar ýygy-ýygydan türkmenler diýlip atlandyrylýar. Has dogrusy, munuň özi XI asyryň birinji ýarymynda seljuk birleşmesiniň taýpalarynda umumy türkmen adynyň ýaýramagynyň netijesidir.
Seljuklaryň hereketiniň ilki başdaky döwrüniň beýany orta asyr çeşmelerinde dürli görnüşde berlipdir. «Mäliknamanyň» nusgalarynda olaryň hereketi köp sanly we güýçli toparlanyşyga ýolbaşçylyk eden Seljugyň ýaşan Mirhondyň «Päkizelik bossany» diýen kitabynda «Mäliknama» salgylanyp ýazmagyna görä, Seljuk kämillik ýaşyna ýeteninde kakasy Dukak ýogalýar. Ýabgu Seljugy öz köşgüne getirip, ony aýratyn alada, hormat hem-de üns bilen gurşap alypdyr we köşkdäkileriň oňa «Sübaşy» (goşunyň öňbaşçysy) derejesi bilen ýüzlenmeklerini talap edipdir. Seljugyň at-abraýy gün-günden barha ýokary göterilip, basym goşunyň esasy başlygy bolýar. Bu bolsa döwlet emeldarlaryna we köşk hyzmatkärlerine ýaramandyr. Bir gezek seljuk ýabgunyň öýüne girip, onuň aýallaryndan we çagalaryndan hem ýokary geçip, hökümdaryň golaýynda oturaýypdyr. Ol otagdan çykyp giden badyna Ýabgunyň hatyny hökümdara şeýle diýipdir: «Turuwbaşdan örän erjel bolan bu ýaş ýigit özüni çenden aşa garaşsyz alyp barýar. Eger şeýle hereketinden soň oňa birnäçe wagtlap temmi berilmese we onuň häzirki güýji we wezipesi has-da ulaldylsa, onda bu işiň soňunyň nirä baryp direjekdigi belli zat». Hatynyň bu teýeneli igenjiniň täsiri astynda Ýabgu Seljukdan dynmakçy bolupdyr. Muny wagtynda aňan Seljuk halas bolmaklygyň aladasyny edipdir we özi bilen 100 atlyny, 1500 düýäni hem-de 50.000 goýny alyp, Samarkanda tarap ýola düşüpdir. Ol Jend welaýatynyň çäklerine ýetip, onuň ýakymly düzlükleriniň birinde ýaşamak üçin saklanypdyr. Şol ýerde hem ol özüniň golastyndaky adamlary we tarapdarlary bilen birlikde yslam dinine giripdir.
Görşümiz ýaly, «Mäliknamada» seljuklaryň hereketiniň taryhy olaryň we Ýabgunyň arasynda bolan göreş hem-de bäsdeşlik bilen baglanyşdyrylýar. Has dogrusy, bu ýerde Ýabgu diýlip Beýik Oguz türkmen döwletiniň soňky hökümdarlarynyň biri (megerem Aly han) göz öňünde tutulan bolmaly. Oguz serdarlarynyň oturan köne merkeziniň seljuk birleşmesiniň taýpalarynyň ilki başda ýaşan mesgeni bilen gabat gelmegi şeýle çaklama üçin esas bolýar. Bu birleşmä giren oguzlar we türkmenler, ähtimal, Beýik Oguz türkmen döwletiniň hökümdarlaryna syýasy garaşlylykda bolupdyrlar. Emma soňra ol hökümdar bilen seljuk serdarlarynyň arasynda göreş başlanyp, onuň netijesinde oguzlaryň we türkmenleriň bir bölegi Seýhunyň orta akymyndaky mesgenini goýup, onuň aýagujuna tarap gaýdypdyr.
«Mäliknamada» seljuklaryň Mawerannahra we Jende gitmekligi olaryň Ýabgu bilen duşmançylygynyň netijesi hökmünde suratlandyrylsa-da, munuň seljuklaryň hereketiniň ýeke-täk sebäbi bolandygy şübhe döredýär. Şeýle netije çykarmaklyga Zahyreddin Nyşapurynyň «Seljuknama» eserinde gürrüň berilýän taryhy maglumatlar mümkinçilik berýär. Onda seljuklaryň Türküstany mallary üçin öri meýdanlarynyň ýiti ýetmezçilik edendigi sebäpli taşlap gaýdandygy aýdylýar. Bu tassyklama Ýazyjy ogly Alynyň öz eserinde seljuklaryň ilki başdaky hereketi barada berýän gürrüňi bilen utgaşykly gelýär. Onda ýazar: «Ol zamanda Türküstanda türk we mongol örän köp bolup, Türküstanyň sähralary, ýaýlag we gyşlaglary adam we mal-gara bilen doludy. Bular köpçüliginden we otlag ýerleriniň darlygyndan Türküstany goýup, Mawerannahra geldiler. Gyşyny Buharada we Surda (Nurda) gyşlardylar. Ýazyny bolsa saparda we Samarkantda ýazlardylar» diýip belleýär.
Yslam dinine girenlerinden soňra, seljuklar Jent welaýatyndaky okgunly we hyjuwly wakalara çekilýärler. «Mäliknamada» bellenilmegine görä, Seljuk we onuň nökerleri Ýaňykendiň hökümdary Aly han bilen göreşe başlaýarlar. Olaryň oňuşmazlygyna Ýabgunyň Jendiň ýaşaýjylaryndan ýylsaýyn ýer salgydyny (haraj) ýygnaýan emeldarlary bilen bolan çaknyşyk sebäp bolýar. Seljuk salgyt tölemekden ýüz dönderýär we bu welaýatyň musulman ilatyndan ýygnalýan salgydyň ýatyrylmagyny talap edýär. Seljuklaryň çykyşy Ýabgunyň syýsatyndan nägile bolan Jendiň ilaty tarapyndan goldanylypdyr. Jendiň häkimi we ýerli ilat Seljuga pul we goşun kömegini beripdir. Söweşleriň birinde seljuk atlylary duşman toparynyň kowup giden düýeler sürüsini yzyna gaýtaryp alypdyrlar. Mundan beýläkki çaknyşyklar hem seljuklaryň uly ýeňişleri bilen tamamlanypdyr we olaryň serdarlary Jendi eýeläpdirler.
Jendiň seljuklar tarapyndan eýelenmegi oguz ýabgusyna urlan uly zarba bolupdyr. Şondan soň seljuk serdarlary güýçlenýärler, olaryň goňşy musulman hökümdarlarynyň gözleriniň öňünde at-abraýy gün-günden artýar. «Mäliknamada» Seljuk barada aýdylýan hekaýatlarda seljuk serdarlarynyň «raýatlary», «hyzmatkärleri» we «tarapdarlary» hakynda köp ýatlanylýar. Bularyň taýpasynyň güýji we häkimiýeti pugtalanyp, oňa eýýäm ençeme halkyýetler, «garaşly» taýpalar, «ýarandaş» tireler tabyn bolupdyrlar. Şonuň netijesinde Seljuk iň uly we täsirli oguz baştutanlarynyň birine öwrülipdir. Onuň ygtyýarynda köp sanly harby toparlar bolupdyr we ol öý hyzmatkärleriniň, gullukçylaryň birgiden toplumy bilen gurşalyp alnypdyr. Seljuklylar neberesine mallaryň dürli görnüşleriniň uly sürüleri degişli bolupdyr. Ýazyjy ogly Aly bu nebere baradaky beýanatynda: «Olaryň köp mallary, sürüleri, nygmat we şöwketleri bardy» diýip ýazýar. «Mydama agzybir, dindar we akylly kişiler» bolan seljuk begleriniň Jentde gazanan ýeňşi baradaky habar tizlikde bütin Türküstana we Mawerannahra ýaýrapdyr. Seljuk begleri mundan beýläk täze ýerleri basyp almaga meýil edipdirler. Şonuň bilen birlikde, Türküstanyň birnäçe welaýatlarynyň hanlary we häkimleri olardan goldaw hem-de rehim-şepagatlylyk isläpdirler. Mysal üçin, «Mäliknamanyň» bir nusgasynda aýdylmagyna görä, Harun ibn Eýlik han samanlylaryň bir emriniň mülküniň çet gyralaryny basyp alanynda emir kömek sorap Seljuga ýüz tutupdyr. Ibn Esir bu barada: «Ol (Seljuk) oňa kömek bermek üçin öz ogly Arslany uly topar bilen iberdi. Olaryň kömegi arkaly samanly Harundan üstün çykdy we elden gideren ýerini yzyna gaýtaryp aldy. Şondan soňra Arslan kakasynyň ýanyna dolandy» diýip görkezýär. «Mäliknamanyň» parsça nusgasynda garahanly hökümdar Eýlik han tarapyndan goşuny çym pytrak edilen samanly emir Ybraýym (ýokarda agzalan Muntasyr) Seljugy kömege çagyrypdyr. Seljugyň oňa goldaw üçin iberen harby topary garahanly türkmenleri Mawerannahrdan dowla düşüp gaçyp çykmaga mejbur edipdir. Şondan soň Seljuklaryň tabynlygyndaky taýpalar Buhara welaýatynyň çäklerinde ornaşypdyrlar.
Garahanly türkmenler bilen samanlylaryň arasynda Mawerannahrda X asyryň ahyrynda we XI asyryň başynda bolup geçen ýiti göreş, şeýle hem şol göreşe seljuklaryň hem işeňňir çekilip, samanlylar neberesiniň iň soňky wekili Muntasyry ykjam goldandyklary barada biz ozal gürrüň beripdik. Şonuň üçin ony bu ýerde gaýtalamagyň zerurlygy ýok diýip düşünýäris.
Ibn Esir Seljugyň 107 ýaşynda Jentde ýogalyp, şol ýerde hem jaýlanandygyny, şeýle hem onuň yzynda Arslan, Mykaýyl we Musa atly üç oglunyň galandygyny ýazýar. Arap taryhçysy Rawendi bolsa «Köňülleriň rahatlygy» diýen eserinde Ýunus atly oglunyň hem bolandygyny belleýär. Mirhond hem seljugyň ýaş wagtynda dünýeden öten dördünji oglunyň bolandygyny görkezip, Arslanyň «Beýgu» lakamyny göterendigini nygtaýar. Soňra, ol, Seljugyň bir galany gaban wagtynda Mykaýylyň ol galany eýelemek üçin köp güýç sarp edendigini, emma söweş wagtynda ýaýyň ujy peýkamly oky degip wepat bolandygyny ýaňzydýar.
Taryhy maglumatlar seljuk taýpalarynyň Buharanyň Nur we Samarkandyň Sogd etraplaryna göçüp gelip ýerleşmegi her niçik-de bolsa uzaga çekendir diýip pikir ýöretmäge esas berýär. Seljuklar hereketiniň gidişinde, ähtimal, bu taýpalaryň bir bölegi Mawerannahrda takmynan X asyryň ortasynda ornaşan bolara çemeli. Emma Samarkant we Buhara welaýatlarynyň seljuk toparynyň taýpalarynyň köpüsi bu ýerde birneme gijiräk X asyryň ahyrynda — XI asyryň başynda ýerleşipdir. Mülekin munuň özi olaryň diňe bir samanlylaryň we garahanlylaryň arasyndaky göreşe gatnaşandyklary bilen däl-de, eýsem seljuk dünýeden gaýdandan soň, Seýhun Ýabgulary bilen bolan uruşda olaryň şowsuzlyga uçrandyklary bilen baglanyşykly bolandyr. Seljuk, aýdylşyna görä, ömrüniň ahyryna çenli Jentde ýaşapdyr. Şoňa görä, seljuk toparynyň taýpalary çen bilen 1010-njy ýyla çenli heniz Seýhunyň aýaguçlarynda göçüp-gonup ýaşapdyrlar. Emma Seljuk dünýeden gidenden siň Jent Aly hanyň ogly Şamäligiň eline geçipdir. Abylfazl Baýhaky 1032-135-nji ýyllaryň wakalary barada gürrüň berip, şol döwürde Jende eýelik edýän Şamäligiň ir eýýamdan bäri seljuk serdarlary bilen duşmançylykly gatnaşygy saklap gelendigini ýazýar. Seljuklar bilen Seýhun oguzlarynyň hökümdarlarynyň arasyndaky göreşiň ýokarda görkezilen senelerden örän öň başlanandygy düşnüklidir. Şu ýerden seljuk serdarlarynyň Jent welaýatynyň üstünden häkimligi 1010-njy ýyl bilen 1032-nji ýylyň aralygynda elden giderendir diýip netije çykarsa bolýar. Has dogrusy, olar seljuk ölenden soňra, XI asyryň birinji çärýeginiň ortalarynda bu ýerden gitmäge mejbur edilen bolmaly.
Ibn Esiriň aýtgysyna görä, seljuk birleşmesiniň taýpalary Buharanyň 20 parsaňlyk golaýynda ýerleşipdirler. Olaryň baştutanlary Çagry beg bilen Togry beg bolupdyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamada belleýşi ýaly: «Çagrynyň ady Dawut, Togrulyň ady Muhammetdir. Çagry, Togrul beýik serkerdeleriň tahalluslarydyr. Olaryň bürgüt diýen manyny berýän bu ady götermekleriniň göçme manysy bar. Biziň bäşinji eýýamymyzda türkmen ruhy bedew bolan bolsa, üçünji eýýamymyzda türkmen ruhy bürgütdi. Şonuň üçin hem bu eýýamda türkmen serkerdeleriniň bürgüt adyny götermekleri tebigy zatdyr.
Çagry beg bilen Togrul beg Mykaýylyň ogullary, nesilbaşy Seljuk ebg Dukagyň agtyklarydyr».
Garahanly türkmenleriniň Mawerannahry basyp almagy Buharanyň we Samarkandyň töwereklerinde ýaşaýan seljuk türkmenleri üçin netijesiz geçmedi. Garahanlylaryň çozuşy Kaşgardan we Ýediderýalykdan göçme taýpalaryň uly ordalarynyň süýşüp gelmegi bilen birlikde bolup geçdi. Olaryň arasynda esasy orun Seýhun bilen Jeýhunyň aralaryndaky iň gowy öri meýdanlaryna eýelik eden garlyklara, ýagmalara we jykylara degişli bolupdy. Garahanly türkmenleriň serdarlary diňe bir medeni oturymlaryň ilatyny däl-de, sähralyklaryň türkidilli taýpalaryny hem özlerine boýun egdiripdirler. XI asyryň başynda Zerewşanyň we Nurata daglarynyň jülgelerindäki seljuklar hem garahanlylara tabynlyga düşýärler. Orta asyr ýazarlary olaryň Mawerannahryň eýlik hanlarynyň häkimiýeti astyna geçendiginiň anyk senelerini görkezmändirler. Ähtimal, olar garahanly türkmen serdarlaryna dessine boýun sunmandyrlar. Her näme bolsa-da, seljuk türkmenleri Buharany Nasr ibn Alynyň goşuny basyp alanyndan soň birnäçe wagtlap garaşsyz bolupdyrlar. «Samanlylaryň agalygy tamamlanandan we Eýlik han Buharany eýeläninden soň Mawerannahrda Dawudyň we Togrulyň agasy Arslan ibn Seljugyň ähmiýeti örän uly boldy» diýip, Ibn Esir ýazýar. Şol mahalky seljuklar iki sany özbaşdak topardan ybarat bolupdyrlar. Olaryň biri Ysraýyl, beýlekisi Musa, Dawut we Muhammet tarapyndan ýolbaşçylyk edilipdir.
Ysraýylyň topary ol mahal Buharanyň Nur etrapynyň çäklerinde ornaşypdy, Dawut bilen Muhammediň baştutanlygyndaky seljuklar bolsa, Türküstandan dolanyp gelenlerinden soňra Jendiň töwereklerinde mesgen tutupdylar. Bu iki seljuk toparynyň serdarlarynyň arasyndaky gatnaşyklar käýarym duşmançylykly häsiýete eýe bolýardy. Seljuk serkerdeleri häkimiýet üstünde göreş alyp barýardylar, üstesine-de dürli syýasy nukdaý nazardan ugur alýardylar. Olaryň bir bölegi Mawerannahryň oturymly han-begleri bilen ýaranlyk ugrunda çykyş edýärdi, beýleki bölegi bolsa garahanly türkmenleriň göçme häsiýetdäki durmuşda ýaşaýan serdarlarynyň tarapyny çalýardylar. Ysraýyl samanlylaryň iň soňky wekilleri bilen dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ymtylýardy. Buhara emirleri bilen duşmançylyk gatnaşyklarynda bolan Dawut bilen Muhammet garahanlylar bilen ýakynlaşmaga şowsuz synanyşyk edýärdiler.
Şunlukda, Nur seljuklarynyň topary ýokarda agzalan Alptegini işeňňir goldapdyr. Ysraýyl bilen Alptegin Mawerannahryň hökümdary Eýlik handan «bölünip aýrylypdyrlar». Alpteginiň seljuklaryň bu serkerdesi bilen ýaranlygy nika gatnaşyklary bilen berkidilipdir. Ol Ysraýylyň gyzyna öýlenipdir. Ysraýyl tä Mahmyt Gaznaly tarapyndan ýesir edilip alynýança Alpteginiň wepaly ýarany bolýar. Onuň toparynyň goldawy Ysraýylyň beýleki garahanly hökümdarlar bilen üstünlikli bäsleşik etmegine mümkinçilik beripdir.
Ibn Esir Alpteginiň pitnesinden soňra, 1020-nji ýylda Mawerannahrda bolan wakany şeýleräk teswirläpdir: «Mundan öň Buharany eýelän Kadyr han Ýusup ibn Bugra han Harun ibn Süleýman oňa (Aralan hana —B.G.) garşy çykdy. Ol aslynda Dogan hanyň Samarkantdaky oruntutarydy. Ýemineddöwle (Soltan Mahmyt —B.G.) Arslan hanyň garşysyna kömek bermegi üçin oňa hat ýazdy. Kadyr han Jeýhun derýasynyň üstünde gämileri biri-birine zynjyr bilen baglap goýup, täsin bir köpri gurdy... Kadyr han şol köpriniň üsti bilen geçip, Arslan hanyň garşysyna Ýemineddöwlä kömek berdi». Biziň pikirimizçe, bu ýerde ýazar (ýa-da onuň kitabynyň arap dilinden türkmençä geçiren) şol waka degişli maglumatlary bulaşdyryp beýan edipdir. Birinjiden, Buharany ilkinji (992 ý.) basyp alan, ýokarda görkezilşi ýaly, Kadyr han Ýusup däl-de, onuň kakasy Bugra Harun Musady. Ikinjiden, Kadyr han ol wagt Samarkantda oruntutar bolman, Türküstanda Kaşgary we Hotany dolandyrýardy. Galyberse, göz öňünde tutulýan wagtda Arslan han bilen Soltanyň urşa getirer ýaly «oňuşmazlygynyň» sebäbi we onuň haçan ýüze çykandygy barada hiç ýerde hiç zat aýdylmaýar. Şonuň üçin Kadyr hanyň göýä Soltanyň Jeýhunyň aňyrsyndaky duşmanyna garşy «göreşinde» oňa derýanyň bärsine geçip kömek berdi diýilmegi örän geň görülýär. Has dogrusy, Soltan Kadyr handan däl-de, tersine, Kadyr han özüniň bäsdeşlerine (biz ýokarda Garahanlylaryň öz aralarynda ýokary häkimiýet ugrunda göreş başlanandygyny ýaňzydypdyk) garşy göreşmek üçin ondan kömek soran bolmaly. Soltan Mahmyt hakykatdan-da goşun sürüp Jeýhundan aňry geçipdir. Ýöne, bize belli bolmadyk sebäbe görä, hiç kim bilen söweşe girmän, parahat yzyna dolanypdyr. Şu ýerde Utbynyň ady agzalan kitabynyň terjimeçisi A.Saryýewiň: «Soňra soltan derýanyň üstünden uly köpri gurup, Jeýhundan aňry Mawerannahra tarap ötdi. Ol Ýusup Kadyr hanyň garahanlylary golastynda saklaýandygyna göz ýetirip, arkaýynlaşdy» diýip ýazan sözleri üns berilmegine mynasypdyr.
Soltanyň hiç kim bilen söweşe girmän yzyna dolanmagy Garahanlylarda oňa bolan müňkürligi ýüze çykaran bolara çemeli. Arslan han bilen kadyr han öz aralarynda ýaraşyk we ýarançylyk baglaşyp, Mahmydyň mülklerini eýelemek maksady bilen 410-njy hijri (1020-nji milady) ýylynda köp sanly goşun bilen Horasana çozupdyrlar. Emma olar Balhyň ýanynda bolup geçen uly söweşde elhenç ýeňlişe sezewar edilipdirler. Şol söweşiň yzýany Horezmşa Altyndaşyň ilçisi Gazna gelip, soltany bu ýeňiş bilen gyzgyn gutlaýandygyny beýan edipdir. Mahmyt: «Siz ony nireden bildiňiz?» diýip, geň galyjylyk bilen soranynda, ol: «Suw bilen akyp gelen tuwulgalaryň sanynyň köplüginden bildik» diýip, jogap beripdir.
Balhdaky ýeňlişden soň, Garahanlylaryň arasyndaky göreş has ýitileşipdir. Bu göreş iki doganyň seljuklaryň kömegine daýanyp bütin merkezi Mawerannahry basyp alan Alytegin bilen Kaşgaryň häkimi Ýusup Kadyr hanyň arasynda has-da güýçli bolýar. Bu göreşe Kadyr hanyň beýleki bir dogany Ahmet bin Hasan hem goşulyp Eýlik hanyň paýtagty Uzkendi we Ahsyketi (Ahsyny) eýeleýär. Kadyr han özüniň beýik kagan diýlip yglan edilmegini isleýär. Alptegin bilen Ahmet bin Hasan ony ykrar etmän, 1024-nji ýylda onuň garşysyna birleşipdirler. Olar Ahmet bin Hasany beýik kagan diýip ykrar edip, Balasuguny, Hojendi, Ferganany, Uzkendi oňa tabyn ýerler diýip hasaplapdyrlar. Şondan soň Kadyr han Alyteginiň has-da güýçlenmeginden howatyrlanypdyr. Ondan gaznaly hökümdary Mahmyt hem heder etmän durmandyr, çünki ol, Gaznaly döwletiniň Jeýhunyň kenaryndaky eýelik edýän ýerlerine Alpteginiň göz dikýändigini bilýärdi. Şeýle ýagdaýda soltana Kadyr hanyň harby kömek sorap ýazan haty gelip gowuşýar. Ol hatda şeýle diýilýärdi: «Bu uruşda eger Eýlik han (Alytegin — B.G.) menden üstün çyksa, onda onuň Turan döwletlerini eýeländen soň Eýran tarapa gitmegi mümkin. Häzirki pursatda eger soltan biziň bilen ylalaşyp, Samarkanda urşa gitse, biz hem Eýlik han bilen uruşmaga gideris. Eýlik biziň ýaranlygymyz baradaky habary eşidip, her zat etse-de, öz paýtagtyny goýup gitmäge mejbur bolar...»
Şeýlelikde Kadyr han bilen Mahmyt Mawerannahra ýöriş guramagy karar edýärler. Urşa başlamak üçin bahana gyt däldi: Mawerannahryň ýaşaýjylary ýygy-ýygydan Balha gelip, Alyteginiň birehim hereketlerinden şikaýat edýärdiler. Onuň Gaznaly döwletiniň serhet ýakalaryndaky welaýatlaryna hüjümleri ýygjamlaşýardy. Bularyň hem üstesine, Alytegin Mahmydyň Gündogar Türküstanyň hökümdarlarynyň ýanyna ugradýan ilçileriniň ýollaryny kesýärdi. Soltanyň buýrugy boýunça gysga wagtyň içinde Gaznanyň eteginde köp sanly goşun toplanylýar. 1025-nji ýylda Mahmyt Gaznaly biri-birine zynjyr bilen gaýym baglanan gämilerden ýasalan köpriniň üsti bilen Jeýhundan geçýär. Ilkinji bolup oňa Mawerannahryň häkimlerinden Saganyýanyň emiri, soňra bolsa Horezmşa Altyndaş goşulýarlar. Kaşgar tarapdan gaýdan Kadyr han Ýusup hem şol bir wagtda Mawerannahra girip, Samarkanda çenli barýar. Bu şäheriň derwezeleriniň alkymynda iki ýurduň meşhur hökümdarlarynyň duşuşygy bolup geçýär. Duşuşykda ýaraşyk we dostluk ähtnamasy baglaşylypdyr. Oňa laýyklykda, umumy tagallalar bilen Mawerannahry Alyteginiň eýeçiliginden alyp, Kadyr hanyň ikinji ogly, Talasyň we Ispijabyň häkimi Mahmyt (käbir çeşmelerde Muhammet) Ýynaltegine bermeli edilýär. Munuň özi duşuşygyň syýasy jähtden netijesidir we onuň Kadyr hanyň peýdasynadygy görnüp durdy. Iki tarapyň garyndaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaklyk göz öňünde tutulyp, Ýynaltegin Mahmydyň gyzy gözel Zeýnebe öýlenmeli edilipdir. Kadyr han bolsa gyzlarynyň birini Soltanyň ikinji ogly emir Muhammede bermäge borçlanypdyr, çünki uly ogly Mesgudyň özüni alyp barşyndan närazy bolýan Mahmyt Muhammediň hemmeler tarapyndan goldanylmagyny isläpdir. Ýöne, bu kararlaryň hiç biri-de durmuşa geçirilmändir. Şondan soňra köp sanly gaznaly goşuny Buhara süýşüp ugraýar.
Gardyzynyň ýazmagyna görä, Alytegin Mahmydyň Jeýhundan geçenini eşidip, haýal-ýagallyk etmän Samarkandy we Buharany taşlap çölüň jümmüşine gaçypdyr. Soltan Bilgetegin hajybyň ýolbaşçylygynda goşunynyň aňtawçy toparyny onuň yzyndan kowgy iberipdir. Ol topar Alyteginiň araba kerweniniň yzyndan ýetip, ony olja alýar. Şunda Alyteginiň aýaly we gyzlary hem ýesir alnypdyr. Bu üstünliklere garamazdan, soltan öz ýaranlarynyň bähbitlerini üpjün etmek üçin hiç hili çäre görmän, Balha we ol ýerden Gazna dolanyp gelipdir. Munuň sebäbi, ähtimal, Garahanlylar neberesiniň iki esasy şahasynyň birini (Alytegini we Ýynaltegini) ýok etmek soltanyň niýetine girmändir, çünki şeýle diläýen ýagdaýynda Kadyr han gaty güýçlenip, bütin Türküstanyň özygtyýarly hökümdaryna, Mahmydyň bolsa howply bäsdeşine öwrülip biljekdi. Soltan (ähtimal, öň hem gaznalylara garaşly bolan) Termiz, Çaganyýan, Huttal, Kubadyýan welaýatlaryny we Balha bitişip duran beýleki ýerleri öz gözegçiligi astyna alypdyr. Şazada Ýynaltegin soňlugyndan Gazna gitmekçi bolup Balha gelýär. Onuň niýeti soltanyň gyzyna öýlenip, gaýyn atasynyň kömegi bilen Buharany we Samarkandy eýelemekdi. Mahmyt oňa yzyna dolanmagy maslahat beripdir, ondan hem başga özüniň indi Sümnat şäherine (Hindistanda) gidýändigini aýdyp, şu wagtyň içinde olara, ähtimal, özleriniň Türküstanly bäsdeşlerini ýeňmegi başarjakdyklaryny we şonda umumy güýçler bilen Mawerannahry basyp almagyň mümkin boljakdygyny ýaňzydypdyr. Ýynaltegin elbetde, beýle sözleriň hakyky manysyna düşünipdir we gynançly duýgy bilen Balhdan yzyna gaýdypdyr.
Kadyr hana we ogullaryna, her niçik-de bolsa, Alyteginiň dogany Tugan hanyň üstünden ýeňiş gazanyp, onuň elinden Balasaguny almak başardýar. Ondan gysylyp çykarylan Tugan han bolsa birnäçe wagtlap Ahsyketi eýeläpdir. Mawerannahrda bolan kem-käs beýleki hereketler ýaraşyk bagşaylmagy bilen tamamlanýar. Alytegin çölden gaýdyp gelip, ýene uzak wagtlap Buharanyň we Samarkandyň hökümdary bolmaklygynda galýar. Ol «Tapgaç Bugra han» diýlen pöwhe derejäni kabul edip, garyndaşlaryndan bütinleý garaşsyz bolýar.
1026-njy ýylda Mahmyt Kadyr halypanyň ilçilerini kabul edipdir. Ilçiler oňa onuň basyp alan welaýatlaryna ygtyýar beriji resminamalaryny hem onuň özi, ogullary we dogany Ýusup üçin täze derejeleri gowşurypdyrlar. Halypa bilen gatnaşyklarynda soltan özüni Samanylaryň hakyky mirasdary, halypalygyň tutuş gündogarynyň ýokary hökümdary hökmünde görkezipdir. Soltan bilen halypanyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda Mahmyt aralykçy bolmazdan halypa Garahanylar bilen hiç hili gatnaşyk ätmezlige, olara sowgat ibermezlige borçly bolupdyr. Mahmyt halypa bilen gatnaşyklarynda Garahanylary özüniň raýatlary diýip atlandyrypdyr, emma iş ýüzünde bu nesilşalygyň baştutany bilen bütinleý deňhukukly hökmünde aragatnaşyk saklanypdyr.
Mahmyt Gaznalynyň seljuklara garaýşy babatda aýdylanda bolsa, orta asyr ýazarlary bu barada dürli maglumatlary habar berýärler. Gardyzynyň ýazmagyna görä, soltan Mawerannahrda bolan wagtynda onuň goragçy bölümleri Gyzylgum sährasynda gizlenen Ysraýylyň goşunynyň yzyna tapýarlar. Mahmyt howul-hara ol ýere harby topar iberip, Ysraýyly ýesir alýar. Ibn Esir muny başgaçarak gürrüň berýär. Onuň maglumaty boýunça, Arslan ibn Seljuk öz taýpasy bilen çöle tarap çekilip, gaznaly goşunyndan goranmaga başlaýar. Seljuklaryň güýç-kuwwatyny we köp sanlydygyny bilen soltan olaryň serdaryna hat ýazyp, özüniň leşgergähine çagyrýar, ol gelensoň bolsa ony tussag etmegi we zyndana salmagy buýurýar.
Rus ýazarlary W.W.Bartold bilen A.Ýu.Ýakubowskiý Ibn Esiriň hekaýatyna garanyňda Gardyzynyň maglumatynyň hakykata has golaýdygyny görkezýärlär. A.Ýu.Ýakubowskiý şonuň bilen birlikde Ysraýylyň gaznalylaryň harby kerwenine hüjüm etmekçi bolandygyny şol sebäpli aldaw ýoly bilen tussag edilip, hindistana ugradylandygyny tassyklaýar. Gardyzynyň ýazmagyna görä, Ysraýyl hiç hili garşylyk görkezmezden ýesir düşüpdir. Jüzjanyň «Nasyreddin şerigat alymlarynyň gatlaklary barada» diýen işinde bellemegine görä bolsa, seljuklaryň bu kuwwatly emiriniň şol wagtlar uly we güýçli goşuny bar eken. Kim onuň bilen göreşe baş goşsa, ol ýeňiş gazanýan eken. Şonuň üçin Ysraýylyň Mahmyt Gaznalynyň esgerleriniň uly bolmadyk toparyna ýeňillik bilen ýesir düşendigine ynanmak kyn. Has dogrusy, Gardyzy soltanyň at-abraýyny garalamazlyk üçin birnäçe wakalar barada gowusy dymanyny kem görmän bolara çemeli. Bu barada Rawendiniň, Zahyreddin Nyşapurynyň we beýleki taryhçylaryň eserlerinde has dolurak maglumat berilýär.
Rawendiniň berýän maglumaty boýunça Türküstanyň hökümdary Kadyr han seljuklaryň kuwwatynyň gitdigiçe artýanlygyndan howatyrlanyp, Mahmydaşeýle diýipdir: «Ynha indi birnäçe ýyldan bäri Türküstandan bir taýpa meniň ýurduma gelip, Buhara Nurunyň we Samarkant Sogdusynyň öri meýdanlaryny hem-de sähralyklaryny basyp aldy. Olaryň baştutanlaryna Seljuk ibn Lukman diýerdiler. Onuň dört ogly bar. Taýpalarynyň içinde olar ýolbaşçy we hormatlanýan adamlar, harby enjamlar we ýarag edinip, patyşalyk häkimiýeti üçin zerur serişdeleri taýýarladylar. Bu taýpa kuwwatly we köp sanlydyr. Eger sen haçan-da bolsa bir wagt Hindistana ýörişe gitmekçi bolsaň, bulardan ýamanlyk ýetmez diýip ynanmak bolmaz, çünki olar welaýaty basyp almaga we ýurdy eýelemäge çalyşýarlar, döwlet gurmak isleýärler. Olardan haýsyda bolsa bir kepillik zerurdyr. Olar tarapyndan bellenen girew talap etmek gerek». Şeýleräk mazmunly maglumaty Ýazyjy ogly Aly hem habar berýär. Galyberse, Mahmyda Ysraýylyň: «Mahmyt soltanyň pilleri bar bolsa, bizde-de ok ýeterlik. Eger biziň aramyzda uruş turaýsa, biz onuň pilli goşunyny ok bilen urup, elek ýaly ederis» diýen sözlerini ýetiripdirler. Beýle haýbatly sözleriň aňyrsynyň boş däldigine Mahmyt Gaznaly aňryýany bilen düşünýär we Ysraýyly mekirlik bilen öz tarapyna çekmäge dyrjaşýar. Ol bir söze çeper suhangöý kişini ýörite sargyt bilen seljuk türkmenlerine iberip, şeýle diýipdir: «Siziň baý tejribäňiziň bardygyna we pähim-paýhaslydygyňyza garamazdan, goňşuçylyk hatyrasyna şu wagta çenli menden hiç bir zat dileg we haýyş etmeýändigiňize men (hemişe) haýran galýardym. Biziň hut siziň bilen dostluk etmäge meýlimiz, şeýle hem, siz tarapdan kömege mätäçligimiz bar. Eger siziň hemme gardaşlaryňyzyň gelmäge mükinçiligi bolmasa, biriňizi saýlaň, ol biziň ýanymyza gelsin. Bir aramyz golaý bolar ýaly Jeýhunyň kenarynda durjakdyrys. Şol ýerde onuň bilen duşuşarys we ähdi-peýman baglaşarys».
Bu habardan soň seljuk türkmenleri Ysraýyly 10 müň atla baş edip, soltanyň huzuryna ýollaýarlar. Mahmyt Gaznaly söweşlerde taplanan uly goşunyň süýşüp gelýänliginden howpurgap, ýene bir ilçisini Ysraýylyň öňünden çykmaga ugradýar. Ilçi oňa soltanyň: «Häzirki pursatda uly goşunyň gelmegine mätäçlik ýok. Biziň maksadymyz görüşmek we razylaşmakdyr. Goşunyňy häzirki durýan ýeriňde goýup, özüň ýaranlaryň we emeldarlaryň bilen gelgin» diýen sargydyny ýetiripdir.
Ysraýyl 300 atly bilen soltan Mahmydyň ýanyna barypdyr. Mahmyt ony hoşnutlyk bilen garşylap, uly hormat-hezzet edipdir we öz ýanynda — tagtda oturdypdyr. Eýsem-de bolsa, ol ikisiniň arasynda şeýle gürrüň bolýar. Soltan: «Her sapar biz Hindistana ýöriş edenimizde gaty kän goşun gerek bolýar, Horasanyň şäherleri bolsa goragsyz galýar. Men ähtibarly kömege bil baglar ýaly şertnama baglaşmak isleýärin. Güýçli duşmanlara garşy birek-birege kömek bermekde dilleşmeli bolsa, biz siziň taýpaňyza ýüz tutup bileris diýip umyt edýärin» diýip, jogap beripdir. Mahmyt: «Eger zerur bolsa bize haýsy şertli alamat bilen we nähili kömek geler?» diýýär. Ysraýyl egnindäki sary ýaýyndan bir oky çykaryp Mahmyda berýär we: «Zerur bolsa şuny biziň kowumlarymyza iberseň 100.000 atly geler» diýýär. Mahmyt: «Eger bu ýeterlik bolmasa» diýip sorapdyr. Ysraýyl onuň öňünde başga bir oky goýup: «Muny Balkan dagyna ugratsaň saňa 50.000 atly kömege geler» diýýär. Mahmyt: «Eger ol hem ýeterlik bolmasa?» diýip sorapdyr. Ysraýyl oňa üçünji oky berip: «Şertli alamat hökmünde muny Türküstana ýolla; eger isleseň — 200.000 atly gelip ýeter» diýip, jogap beripdir.
Ysraýylyň jogap sözleri Mahmyt Gaznala Seljuklar neberesiniň eýýäm soltanlyklary dolandyrar ýaly derejä ýetendiklerini, olaryň doly güýjünde taryhy döwrüň jylawyny ele almaga taýýar ýagdaýdadygyny subut edýär eken. «Seljuklar bir göçüp-gonup ýören çarwa taýpa bolupdyr. Olaryň birden uly şadöwlet gurup bilşi täsinlik» diýip ýazan sowet alymlarynyň pikiriniň hakykatyň ýele ýanyndan geçmeýändigini orta asyr taryhçylarynyň ýazgylary şeýle deliller bilen subut edýär. Soltany howatyr etdiren seljuk türkmenleriniň sebitde bijaý uly täsiriniň bolandygynyň özi olaryň çarwa taýpa däl-de, eýsem has irki zamanlarda ajaýyp nusgalyk oguz-türkmen döwletleriniň ençemesini gurup, olary ussatlyk bilen dolandyryp gelen asylzada nesillerdigine hem güwä geçýär.
Orta asyr taryhçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, Ysraýylyň jogapy soltan Mahmydy çuňňur oýa batyrýar. Onuň howsalasy artyp, mekirlige baş urýar. Ol toý-tomaşa gurap, seljuk serkerdelerine halat-serpaý ýapdyrýar, güýçli şeraplar berdirip, olary serhoş ýagdaýyna getirdýär. Soňra Ysraýyly we onuň egindeşlerini tussag edip, gandal urýarlar. Ysraýyly şol gijäniň özünde Hindistanyň Kelejar galasyna ugradýarlar. Ysraýyl şol galada ýedi ýyl ýaşaýar. Iki sany gaýduwsyz türkmen ýigidi öz serkerdelerini halas etmek üçin Hindistana gidip, Kelejar galasyna suw daşaýançy hökmünde hyzmata durupdyrlar. Emma olaryň synanyşygy başa barmaýar. Ysraýyl özünden umyt üzüp, olara şeýle diýipdir: «Meni munda galdyryň. Gardaşlaryma salamymy we sargydymy ýetiriň! Olar her edip, hesip edip şalyga eýe bolmalydyrlar. Hatda sizi on gezek dagy ýeňseler-de, ruhdan düşmäň we yza öwrülmän, çünki, bu patyşa (Mahmyt) ähdiýalandyr we hilegärdir... Şalyk onuň neberesinde durmaz hem siziň eliňize geçer».
Ysraýylyň inilerine gizlin habar iberip, gaznalylara garşy göreşe dowam etdirmäge çagyrandygyny türk taryhçysy Faruk Sümer hem belläpdir.
Orta asyr ermeni taryhçysy Mhitan Aýriwanly hem seljuklar baradaky hekaýatynda Ysraýylyň ýesir düşendigini habar berýär. Ol: «Masut soltanyň kakasy Kadyr hany goldamak üçin Mawerannahra goşun sürüp gideninde öz ýolunyň ugrunda kän sanly çadyrly türkmenlere gabat gelýär. Haçanda ol beýik ýeňiş bilen yzyna dolanyp gelýärkä öz ýany bilen türkmenleriň emiri Apahuny (Beýguny) alyp gaýdýar, ony Horasana getirip, soňra bolsa aýagyna gandal urýar. Şol wagtda onuň halky gelip, ilki kakasyna, soňra onuň ogullaryna Apahuny gaýtaryp bermeklerini haýyş edip ýüz tutdy, emma ony gaýtaryp bermediler» diýip ýazypdyr. Ýöne Aýriwanly Ysraýylyň Hindistana ýesirlige iberilendigini görkezmändir.
Ysraýyl bendilikde aradan çykypdyr. Şu ýerde, hakykatyň hatyrasyna bir ýagdaýy bellemegimiz gerek. Sowet döwrüniň taryhy edebiýatynda Ysraýylyň ýesir alynmagyna göýä öz öňbaşçysyndan görgi gören we gysylan seljuk taýpalarynyň ondan nägileligi ýardam edipdir diýlen pikir öňe sürüldi. Emma muňa gol ýapmak bolmaz. Biziň aňlaýşymyza görä, şeýle tassyklama Gardyzynyň soltan tarapyndan 4.000 sany türkmen maşgalasynyň Mawerannahrdan Horasana göçüriliş (bu barada soňra durup geçeris) hakdaky ýazgysynyň manysyna nädogry baha berlendigine esaslanypdyr. Onuň türkmenleriň öz emirleri tarapyndan ýanalandygy barada ýazan hekaýaty Ysraýylyň ýesir düşmeginden soňky döwre degişlidir. Seljuklaryň bu pähim-paýhasly serdarlarynyň bendi edilmeginiň hakyky sebäbini anyklap, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň «Ruhnamasynda» şeýle görkezýär: «Ol (Mahmyt Gaznaly —B.G.) seljuk türkmenleriniň serkerdesi Arslan hany görme-görşe çagyryp, bendi edýär. Hindistanda Kelejar galasyna taşlanan Arslan han parahat zamanda ak öýli hökmünde saklanýar. Soltanyň pikiriçe, Arslan han onuň gol astyndaka seljuklar soltana garşy baş göterip, ýer-ýurt dawasyny edip bilmeli däl».
Ysraýylyň ýesir alynmagy onuň toparyna agyr zarba bolup degýär. Mahmyt onuň kowum-garyndaşlaryny we ençeme raýatlaryny hem Jeýhundan geçirip, Nişapura, Abywerde we Horasanyň beýleki etraplaryna ugradypdyr. Orta asyr ermeni taryhçylarynyň ýene biri Wardan: «Mahmyt Jahanyň (Jeýhunyň —B.G.) üsti bilen tetallaryň ýurduna geçdi, aýratyn ýerleşdirdi» diýip, bu ýagdaý barada gürrüň berýär.
Ysraýylyň Jeýhundan aňyrda galan on müňe golaý uly topary böleklere bölünip, Mawerannahrda dumly-duşa pytrapdyr. Olaryň 4.000 maşgaladan ybarat bölegine Ýagmyr, Buga, Gyzyl we Gökdaş atly serdarlary ýolbaşçylyk edipdir. Şu ýerde, seljuklaryň bu öňbaşçylarynyň hormatly derejeleri götermändigi ünsi çekýär. Şeýle hem 4.000 öýlä ýa-da maşgala dört öňbaşçynyň düşmegi häsiýetlidir. Ähtimal, şol döwrüň seljuklarynda jemgyýetiň müňlüklere bölünmek babatdaky harby taýpa ulgamy hereket eden bolarly. Ysraýylyň bendilige ugradylmagy olary ýer we köp sanly mal sürüleri üçin öri meýdanlaryny edinmek ugrundaky dyngysyz göreşden el çekdirtmändir. Üstesine-de, bu toparyň baştutanlary bilen Mykaýylyň ogullarynyň özara oňuşmazlygy köp ýyllara çekýär. Dawut Çagry beg bilen Muhammet Togrul beg Ysraýyl aradan aýrylandan soň hem agzybirlik aň-düşünjesinden ugur alyp, duşmanlara garşy umumy güýç bilengöreşmek üçin seljuk toparlaryny birleşdirmäge jan edipdirler, emma bu ýagşy niýetleri başa barmandan soň, olar beýleki toparlary özleriniň häkimiýetine boýun sundurmakçy bolupdyrlar. Olar tarapyndan ýanalmagy we gysylmagy Ýagmyryň, Gökdaşyň, Buganyň we Gyzylyň baştutanlygyndaky 4.000 türkmen maşgalasynyň Mahmyt Gaznala Horasanda ýaşamak we örüler üçin ýer bermegini sorap ýüz tutmagyna getiripdir. Gardyzynyň «Zeýn al-Ahbarynda» we Zahyreddin Nyşapurynyň «Seljuknamasynda» gşrkezmekleri boýunça, olar soltana ilçilerini iberip, özleriniň salgyt tölemäge razylyklaryny, ýanlary bilen kän sanly goýun sürülerini getirjekdiklerini, şeýle hem Gaznaly goşuny üçin nöker bermäge taýýarlyklaryny aýdypdyrlar. Şunda, türkmenleriň özleriiň Sarahs, Abywerd we Farawa etraplaryndan ýer berilmegini soramagy aýratyn bellärliklidir. Çünki bu mes toprakly, hasylly etraplar hojalygyň iki görnüşini, ýagny, maldarçylygy hem ekerançylygy biri-biri bilen utgaşdyryp alyp barmak üçin örän oňaýly ýerlerdi.
Biziň pikirimizçe seljuk türkmenleriniň goýun sürülerini getirmegi we nökerleri wada bermegi soltany gaty bir gyzyklandyryp hem durman bolsa gerek. Çünki, Gaznaly döwletiniň türkmenler bilen ýanaşyk şäherleriniň bazarlarynda goýun eti we maldarçylyk hojalygynyň beýleki önümleri hemişe bolelindi. Seljuklardan nöker almak mümkinçiligi barada aýdylanda bolsa, bu hem Mahmydy höweslendiren bolmaly däl, çünki, onuň goşunlary sany hem hili boýunça şol döwürde bütin Gündogarda iň gowusy hasaplanýardy. Eýse soltan olary näme üçin öz ýurduna getirdikä? Bu soragyň aýdyň jogabyny Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Ruhnamasyndan» okaýarys. Onda şeýle diýilýär: «Köp taryhçylar Mahmyt soltan öz türkmenlerine ýagşylyk edip, çagyrandyr öýdüp ýalňyşýarlar. Mahmyt soltanyň asly hem türkmen, onuň goşunynyň aglabasy hem türkmenler... Onuň gaznalary altyn-kümüşden doly. Onuň öňünde durup biljek güýç ýok, onuň döwletine howp salyp biljek güýçler weli bar. Olar öz türkmenleri. Mahmyt soltanyň seljuk türkmenlerini Jeýhun derýasyndan geçirip, göçürip getirmeginiň aňyrsynda örän ullakan syýasy pirim ýatyr. Ol müňlerçe ýyllap «Agzyny alart-da, höküm sür» pelsepesiniň oýun çöpi. Seljuk türkmenleri göçüp gelýär, emma ozaldan oturan türkmenlerden kim oňa ýer-ýurt berjek, öri berjek? Seljuk türkmenleri ýaşamak üçin göreşmeli! Kim bilen göreşmeli? Elbetde, parahat oturan merwli ýa sarahsly, abywerdli ýa nusaýly türkmenler bilen ýer-ýurt üçin göreşmeli. Seljuklary hut soltanyň özi ilerläp çagyrdy, diýmek, olar ozalky türkmenlerden arzyly. Ýeri-ýurdy bolsa olaryň özleri tapjak! Diýmek, uruş boljak! Türkmenleriň öz aralarynda! Diýmek, Mahmyt soltan Hindistana arkaýyn ýöriş edip biljek, çünki ol türkmenleriň arasyna urşuň közüni oklady».
Jüzjanynyň ýazmagyna görä, seljuk türkmenleri gämä mündüriljek pursatynda soltanyň baş hajyby, Tusuň emiri Arslan Jazyp oňa bu işiň ýalňyşlykdygyny duýduryp, olary ýa-ha derýada gark etmelidigini ýa-da öwrülip ok atyp bilmezlikleri üçin hemmesiniň başam barmaklaryny kesmegi maslahat berýär. Şonda soltan oňa: «Arslan, sen zalym adam. Ähdi-peýmany bozmak we betbagtlary heläk etmek ar-namysly hökümdarlaryň we mert kişileriň işi däldir. Täleýiň öňüni alyp bolmaz» diýip aýdypdyr. Şeýleräk mazmunly maglumatlary başga-da birnäçe taryhçylar habar berýärler.
Seljuklar Jeýhundan ätiýaçlyk çäreleri görlüp, soltan goşunlarynyň gorag gullugynyň berk gözegçiligi astynda geçirilýär. Mahmyt harby başlyklaryna olary doly ýaragsyzlandyrmagy buýrupdyr. Taryhy çeşmelerde görkezilmegi boýunça, göçürilen seljuklar Sarahsyň, Farawanyň we Bawerdiň sähralarynda saklanyp, çadyrlaryny dikipdirler we şol ýerlerde hem galypdyrlar. Bu maglumatlardan mälim bolşuna görä, türkmenler görkezilen ýerlere Garagum tarapdan däl-de, Mawerannahrdan gelipdirler. Munuň özi bu türkmenleriň IX asyryň ahyrynda Buhara Nurunyň töwereklerinde ýerleşip, Seljugyň kowmuna tabyn bolan, ýöne soňra ondan bölünip aýrylan toparydygyna şek-şübhe goýmaýar. Togrul beg, Çagry beg we olaryň agasy Musa Ýabgu bolsa Mahmyt bilen gepleşiklere gatnaşmandyrlar. 1025-nji ýylyň wakalary döwründe olar heniz Mawerannahrda ýaşaýardylar. Diňe şondan on ýyl geçensoň olar Ilerki Aziýanyň ykbalynda örän uly orun tutupdylar.
Mwerannahrdan Gazna gaýdyp gelenden soň, soltan Hindistana on altynjy ýörişine taýýarlyk görýär. Bu ýurduň Sumnat şäherinde olaryň on müňden-de artyk Ýakut daşy bilen bezelen meşhur senemi bardy we ol hindileriň dini düşünjesine görä, ähli ýerlerdäki senemleriniň hökümdarydy. Mahmyt bu ynanjyň köküne palta urmak üçin 416-njy hijri (1026-njy milady) ýylynyň Meret aýynyň 10-ynda meýletinçilerden başga otuz müň sany atly esgeri bilen ýörişe çykýar. Ol Multanyň üsti bilen bir aý çemesi ýol ýöräp, boş aýynyň ortasynda Sumnata baryp ýetýär. Beýik ýeňijiniň ýeňilmezek goşunly gelýändigini eşidip, bu mäkäm galanyň häkimi maşgalasyny alyp, bir adada gizlenipdir. Agyr söweşde Mahmyt uly ýeňiş gazanýar we meşhur senem bilen birlikde bahasy ýigrimi million dinardan hem artyk bolan altyn-kümüşleri olja alýar. Ol şol ýylyň Gurbansoltan aýynyň başlarynda Gazna dolanyp gelipdir. Meşhur senemi döwüp, dört bölege bölüpdirler. Onuň bir bölegi Gaznadaky uly metjidiň öňünde, ikinji bölegi Soltanyň köşgüniň öňünde goýlupdyr, üçünji Mekgä, dördünji bölegi bolsa Medinä iberilipdir.
Gaznaly hökümdary Hindistana on ýedinji ýörişini 1027-nji ýylyň Nowruz aýynda guraýar. Ol bu gezek Multanyň häkimi Çatlar bilen güýçli söweş gurup, ony hem ýeňmegiň hötdesinden gelýär we köp olja alyp Gazna dolanýar.
Ýazgylarymyzdan görnüşi ýaly, Mahmyt Hindistanyň jümmüşine aralaşmandyr. Onuň ýörişleri aglaba ýurduň demirgazygyndaky welaýatlary — Penjaby we Kaşmiri eýelemek we olaryň ilatyny Yslama girizmek hem-de kän olja alyp gaýtmak bilen çäklenipdir.
Seljuk türkmenleriniň Horasana göçürilip ýerleşdirilmegini Gaznaly döwletiniň hökümdar toparlary hoşniýetsiz garşylapdyrlar. Şeýle ýagdaýda seljuklaryň serdarlary Horasanyň emirlerinden hemaýat isläp, olara ýüz tutmaga mejbur bolupdyrlar. Sarahsyň, Farawanyň we Abywerdiň töwereklerinde berlen ýerler seljuklaryň örüleri üçin, ähtimal, ýeterlik bolmandyr. Olaryň öňbaşçylary Horasanyň täsirli emiri Abu Sahl Hamdewä baý sowgatlar gowşuryp, onuň kömegi bilen Daňdanakanyň töwereginde täze öri meýdanlaryny alypdyrlar.
Horasandaky seljuklar döwletiň peýdasyna salgyt tölemeli bolupdyrlar. Olar mallary üçin, ähtimal, adatdakydan iki esse köp ýygymlar töläpdirler. Salgydy we artykmaç ýygymlary özleri üçin ýeňil gazanjyň çeşmesi hasaplan ýörite emeldarlar toplapdyrlar. Ibn Esiriň ýazyşy ýaly «salgyt ýygnaýjylar olaryň emläklerine we hatda çagalaryna hem el gatyp başlapdyrlar». Ýazar bu ýerde ähtimal, emeldarlaryň özleriniň ygtyýarlyklaryny artdyryp, seljuk oglanlaryny zor bilen gulamlyga öwren halatlarynyň bolandygyny göz öňünde tutan bolsa gerek. Emeldarlaryň eden-etdiligi seljuk türkmenleriniň närazylygyny döredipdir. Gardyzy Horasanyň birnäçe ýerlerinde 1027-nji ýylda seljuklar bilen gaznaly emirleriň arasynda bolan çaknyşyklar barada ýazýar. 1028-nji ýylda Farawanyň ýanynda Arslan Jazybyň jeza beriji topary bilen bolan aýgytly söweşde jeljuklar ýeňlişe sezewar bolýarlar. Ol ýeňlişden soň olaryň 2000 öýlüden ybarat topary Kirmana we Yspyhana tarap ugraýar. Soltanyň buýrugy boýunça häkim Alaeddöwle olary yzyna gaýtarmakçy bolupdyr. Emma muňa razy bolman, seljuklar ýene söweşe giripdirler we kän ýitgi çekipdirler. Bularyň Buga, Gökdaş, Mansur we Dananyň baştutanlygyndaky bölekleri 1029-njy ýylda Häzirbeýjana aşyp, Genjäniň häkimi Wehsuzanyň raýatlygyna geçýärler. Akademik W.W.Bartold «Eýran» atly eserinde: «XI asyrdan başlap, Häzirbeýjanda Orta Aziýadan seljuklar neberesi bilen gelen türkmenler ýerleşip başlapdyrlar we bu welaýat kem-kemden bütinleý türküleşipdir» diýip ýazýar.
1037-1038-nji ýyllaryň sepgidinde türkmenler Meragany basyp alýarlar. Soňra Häzirbeýjandan gysylyp çykarylyp, olaryň bir bölegi Mansuryň we Gökdaşyň ýolbaşçylygynda Hemedana, beýleki bölegi Buganyň baştutanlygynda Reýe tarap ýönelýärler. 1040-njy ýylyň ortalaryna çenli olaryň birnäçelerine Mesopotamiýanyň, Kürdüstanyň we Ermenistanyň şäherlerine çenli baryp ýetmek başardypdyr.
Farawadaky ýeňlişden soň, seljuklaryň Ýagmyryň baştutanlygyndaky başga bir topary Balkanyň eteklerine we Dehistan tarapa gidipdir (olaryň birnäçeleri şäherlere eňipdirler). Mahmyt Arslan Jazyby uly goşun bilen olaryň yzyndan kowgy iberýär. Arslan han iki ýylyň dowamynda Balkan eteklerindäki seljuklary yzarlamak bilen meşgullanýar. Ýöne yzarlamalar şowsuz tamamlanýar. Soltanyň özi hem olary yzarlap Nyşapura, soňra bolsa Dehistana gitmäge mejbur bolýar. Seljuklar Jürjana tarap ýönelipdirler. Soltan şonda olaryň serdarlary bilen ýakynlaşmagy dogry hasaplapdyr. «Soňra Mahmyt öz ogly Mesudy Reýde galdyryp, ol ýerden yzyna dolandy. Ol Ýagmyry we onuň adamlaryndan birnäçesini öz ýanyna gulluga çekdi» diýip, Ibn Esir belleýär. Mahmyt dünýäden ötenden soň Mesuda tabyn edilen seljuk topary oňa öz dogany Muhammede garşy göreş wagtynda Gaznany eýelemekde kömek beripdir. Şol ýazaryň bellemegine görä, Mesut Gaznany eýeläninde seljuklar oňa Balkan dagynda galan kowumlary babatda haýyş bilen ýüz tutupdyrlar. Mesut höküme tabyn bolup, wepaly hyzmat etmek şerti bilen olara yza gaýtmaga rugsat beripdir. Gaznanyň täze hökümdary Tusdan öz emirleriniň birini Horasandaky seljuklara ýörite dolandyryjy (şihne) edip iberýär.
Gaznalylaryň seljuk türkmenleri bilen gatnaşyklary baradaky gürrüňimizi soňra, ýeri gelende dowam etdireris.
Baýramdurdy GURBANOW.
Taryhy makalalar