Şol ýyl Soltan Mahmyt goşunyny Kusdar tarapa sürdi. Sebäbi Kusdaryň emiriniň her ýyl birnäçe süri mal tölemek barada onuň bilen öňden ähdi bardy. Emma ol öz ýurdunyň mäkämligine we şol ýere barýan dag geçitleriniň, ýol-ýodalarynyň agyrdygyna bil baglap, şeýle hem özi bilen dil düwşen Ilek hanyň berjek kömegine daýanyp, ähdini bozýar we tölegini kesýär. Üstesineýede, kusdarlylar Gazna döwletine degişli käbir ýerlere hüjüm edip, talaňçylyk bilen meşgullanyp başlaýarlar. Mahmyt bu ýerde hem özüniň aldaw ýoly bilen duşmany gürpbasdy etmek babatdaky harby tilsimini ussatlyk bilen ulandy. Ol hüjüme çynlakaý taýýarlykdan soň, Hyrada ýetenden soň Kusdar tarapyndan aýlanýar. Ol kyn ýollary çaltlyk bilen geçip gelýär habaryndan öň Kusdara baryp, ony gysaja salýar. Soltanyň öz köşgüniň alkymyna nähili gelenini duýman galan Kusdaryň emiri ondan aman dilemäge mejbur bolupdyr. «Soltan oňa geçirimlilik etdi we ondan bäş million dirhem salgyt tölemekligi talap etdi. Ol salgydyň köp bölegini nagt tölemekligi boýnuna şert edip goýdy. Soltan ondan ýigrimi sany äpet pili aldy. Ol häkimi öz erkine tabyn edenden soňra Gazna bagtyýarlyk bilen gaýtdy» diýip, Utby görkezýär.
Şol wagtlarda Gaznaly döwletiniň üstüne demirgazyk-gündogar tarapdan çozuş howpy abanýar. Garahanylaryň hökümdary Ilek nasr Mahmyt Gaznalydan aryny almak üçin Horasana gaýtadan hüjüm etmäge ykjam taýýarlyk görýär. Ol geljekki söweşde özüne kömek etmekleri üçin Kadyr han bilen Tugan hana hat ýollapdyr. Olardan kanagatlanarly jogap alandan soňra, Balha tarap ugrap, Jeýhundan geçýär. Emma ýöriş ýolunda näsaglap, 403-nji hijri (1013-nji milady) ýylynda Ilek han dünýäden ötýär. Onuň ornuna dogany Tugan geçip, Mawerannahry dolandyryp başlaýar. Şeýle ýagdaýda Tugan öňki duşmany soltan Mahmyt bilen ýaraşyk ähtnamasyny baglaşmaly bolupdyr. Emma Ahmet bin Aly bir tarapdan Tugan hany, beýleki tarapdan bolsa Ýusup Kadyr hany Horasana garşy hereket etmäge öjükdirýärdi. Şol sebäpli 1014-nji ýylda soltan Garahanylara tabyn bolan Samarkandyň özüne berilmegini sorap, halypa Kadyr billähe ilçi iberýär. Kadyr billäh soltanyň bu teklibine razylyp bermändir. Ýöne, her zat-da bolsa, Tugan han bilen şertnama baglaşylmagy soltan üçin örän bähbitlidi, çünki ol yslamyň baýdagy astynda hindistanyň jümmüşine ýetmek üçin ýörişe taýýarlyk görýärdi. Munuň başga sebäbide bardy. Nardyn welaýatynyň häkimi Trilojampal Kaşmir tarapa ýöräp, ýolugra Soltana degişli bolan birnäçe galany eýeläpdir. Şonuň üçin soltan 404-nji hijri (1014-nji milady) ýylynda agyr goşun we ykjam esgerler bilen Nardyn tarapa ugrady. Bu onuň Hindistana dokuzynjy ýörişidi. Soltanyň bu gezekki ýörişine dogany emir bin Nasyreddin, Arslan Hajyp, arap esgerleriniň goşunbaşysy Abu Abdylla Muhammet bin Ybraýym Taý, ygtybarly gulamlaryň başlygy Hajyp Tontaş ýaly ençeme ýyllaryň söweşlerinde otdan-suwdan emgenmän geçen örän tejribeli serkerdeler gatnaşypdyrlar. Soltan şeýle goşun bilen arzuwly maksadyna golaýlaşýança üstüne çykmasy kyn daglardan aşyp, iki aýlap ýol ýöräpdir. Hindileriň görkezen güýçli gaýtawulyna garamazdan gaznalylar uly üstünlik gazanyp, Nardyny özlerine tabyn edýärler. Ýeňiş bilen Gazna dolanyp gelensoň, Mahmyt Kadyr Billä hat ýazyp, Horasanyň we tabynlygyndaky beýleki döwletleriň özüne elgaramadygy hakda perman hem-de äht ýazmagyny teklip edipdir. Kadyr Billäh şeýle permany çykarypdyr we soltan Mahmyt Gaznala Nyzameddin diýen täze lakam beripdir.
Soltan Mahmyt pilleriň gatnaşdyrylýan söweşlerine uly üns berýärdi. Hindistanyň Tanyşer (Tanşer) welaýatynda uruşda özüni görkezen pilleriň tohumyndan bolan pilleriň bardygyny, ol welaýatyň hökümdarynyň bolsa yslam dinini inkär edip, goňşulykdaky musulmanlara jebir-sütem bermekde ýakasyny tanadandygyny eşidýär. Şonuň üçin we yslamyň güýç-kuwwatyny öňküsinden-de artdyrmakdan ötri, ol, 405-nji hijri (1014-1015-nji milady) ýylynda söweşlerde taplanan esgerlerini we meýletinçileri alyp, şol tarapa ýörişe uçraýar. Bu onuň hindi ýerlerine onunjy saparky ýörişi bolýar. Gaznalylar iki sany çalt akýan derýadan kynlyk bilen geçip, hindilere güýçli zarba urýarlar we Tanyşeri eýeleýärler. Mahmyt bu şäherdäki ähli senemleri ýykmaklygy buýrupdyr. Ol ýerden arzuwlanan mahmyt söweş pillerini we başga köp baýlyklary olja alyp, Gazna getirýärler. Tanyşlar söweşinden bir ýyl geçenden soňra soltan Hindistana ýene bir ýöriş gurapdyr. Emma ýolbeletleriň azaşmagy zerarly gaznalylar uly suw joşgunyna sezewar bolup, ýöriş şowsuz tamamlanypdyr. 406-njy hijri (1016-njy milady) ýylynyň ažzakly gyşynda Mahmyt Gaznaly Hindistanyň Lohkot galasyna hüjüm edýär. Ýöne Horezmde ýaýbaňlanan pitneler sebäpli ol hindileriň garşysyna alyp barýan urşuny wagtlaýyn yza tesdirmäge mejbur bolupdyr.
X asyryň ikinji ýarymynda Kät, Gürgenç we Horezmiň beýleki şäherleri Günbatar Ýewropadan, Hytaýdan we Eýrandan gelýän Kerwen ýolunyň çatrygynda ýerleşendigi üçin ýokary ösüşe eýe boldy. Şonuň üçin Mahmyt Horezmşalary bilen medeni-ykdysady we harby hyzmatdaşlygy ösdürmäge ymtylýardy. Horezmşa Mamun dünýäden ötenden soň tagty Abylhasan Aly bin Mamun (997-999) miras alypdy. Aly bin Mamun birnäçe wagt Garahanlylara raýatlyk ýagdaýynda bolupdyr. Ilek hanyň we onuň ýaranlarynyň Mahmytdan ýeňilmegi onda hem soltan Mahmyt bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmaga meýil döredipdir. Şonuň üçin ol Mahmyt Gaznalynyň aýal doganyna öýlenipdir. Bu gaýyn-giýew gatnaşyklary bilen hakykatda Aly ibn Mamunyň soltana tabynlygy başlanypdy. Ali bin Mamunyň haýyşy boýunça onuň inisi Abylapbas Mamun bin Mamuna Mahmydyň beýleki bir aýal dogany, Söbükteginiň gyzy Haljanyň durmuşa çykarylmagy Horezmşanyň soltana tabynlygyny has-da güýçlendirýär. Aly bin Mamun aradan çykandan soň Horezmşasynyň tagtyna Mamun bin Mamun geçýär. Bu hökümdar özüniň akyl-parasatlylylgy, pähim-paýhaslylygy we medeniýeti bilen tapawutlanypdyr. Beýhaky ol barada Abureýhan Biruniniň «Horezmiň meşhur adamlary» diýen kitabyndan şeýle sözleri getiripdir: «Mamunyň ogly Horezmşa Abylapbas Mamun iň soňky hökümdar boldy, çünki ol ölenden soň onuň öýi ýykyldy we Mamun neberesiniň kuwwaty ahyryna geldi. Ol alym adamdy, edermendi, işeňňirdi we döwlet işlerinde tutanüýerlidi» . Ol Horezm ülkesini güýçli we garaşsyz döwlet etmäge synanyşypdyr. Soltan Mahmyt bilen Mamunyň arasyndaky maşgala-nika gatnaşyklarynyň netijesinde olaryň pugta dostlugy ýola goýlupdyr. Bu dostluk iki döwltiň umumy ylalaşyga gelip, özara berk baglanyşykda bolmagyny üpjün edipdir. Baýhakynyň ýazyşy ýaly «Abylapbas ähli işlerde emir Mahmydyň tarapyny çalypdyr we ol babatda salykatlylygyň kadalaryny juda sypaýylyk bilen saklapdyr…...… Ol hemişe emir Mahmydyň adyny mähir we hormat bilen agzapdyr». Mamun bilen mahmydyň dostlugy Horezmiň goşunbaşysy Alptegin Buharynyň ýolbaşçylygynda ýokary wezipeli köşk emeldarlarynda göripligi oýarypdyr. Haçan-da Kadyr Billäh Mamuna hormatly lybasy, ygtyýar beriji haty, baýdagy hem «döwletiň göreji we yslamyň bezegi» diýen derejäni ibereninde, Mamun bu sowgatlary gös-göni halypanyň özünden almaga, (munuň özi soltan Mahmydyň nägileligini döreder öýdüp) çekinipdir. Şonuň üçin halypanyň ilçisini paýtagtynda kabul etmegi makul bilmändir. Onuň ilçisi Abu Reýhan Biruny halypanyň ilçisi garşylamak üçin çölüň içine gidip, sowgat-serpaýlary şol ýerde kabul etmeli bolupdyr. Şonuň ýaly-da, Mahmyt Tugan han we Ileh bilen ýaraşyk ähtnamasyny baglaşanynda, Horezmşa bu meselä köşk emeldarlarynyň garaýyşlaryny göz öňünde tutmaly bolupdyr we özüniň güýçli ýaranynyň islegine garşy gidip, oňa goşulmakdan aýgytly ýüz dönderipdir; munuň özi iki döwletiň arasyna sowuklyk düşürýär. Wezir Abylkasym Ahmet bin Hasan Meýmendiniň maslahaty boýunça mahmyt Mamunyň wepalylygyny synap görmekçi bolupdyr; wezir Horezmşanyň ilçisi bilen gürrüňinde göýä öz adyndan diýýän hökmünde Horezmşanyň ýurdunyň münberlerinde soltanyň adyna hutba okalmagyna isleg bildiripdir we şunda ol özüniň soltandan bihabar hereket edýändigini aýdypdyr. Bu ýagdaý baryp 1014-nji ýylda bolup geçipdi. Horezmşa, elbetde, weziriň hökümdaryndan birugsat şeýle talaby öňe sürüp bilmejekdigine düşüripdir, ýöne her zat-da bolsa, Mahmydyň erkini berjaý etmegi gijikdiripdir. Ondan soň wezir bu talaby has aýgytly görnüşde gaýtalapdyr. Mamun harby başlyklaryny we iliniň iň abraýly wekillerini maslahata çagyryp, olara Mahmydyň talabyny aýdypdyr we ony berjaý etmekçi bolýandygyny, ýogsam bolmasa özüniň we ýurdunyň heläk boljakdygyny duýdurypdyr. Uly wezipeli emeldarlar beýle karary makullamakdan aýgytly ýüz dönderipdirler, urşujylar köşkden çykyp baýdaklaryny galdyryp, gylyçlaryny ýalawaçlap, Mamunyň we Mahmydyň aýgytlaryna ýaramaz sözleri aýdypdyrlar. Olary köşeşdirmek üçin, Mamun hiç hili talabyň bolmandygyny, özüniň diňe olaryň häkimiýete wepalydygyny synamakçy bolandygyny aýtmaga mejbur edilipdir. Şondan soň Biruni bulagaýlary puşman edýändiklerini aýtmaga we Mamunyň öňünde özleriniň baş goşan ters hereketleri üçin ötünç soramaklyga yrypdyr. Şol bir wagtda Horezmşa Biruniniň maslagaty boýunça, özaralarynda urşup ýören garahanlylara özüniň aralykçy bolmaklygyny teklip edipdir, olaryň ýaraşmagyny ýola goýupdyr we olar bilen ýaranlyk baglaşypdyr. Soltan muny bilip, Balhdan hana we Ilege ilçilerini ýollap, özüniň nägiledigini beýan edipdir. Olar bolsa: «Horezmşany özümiziň dostumyz Mahmydyň bolsa giýewsi hasaplaýarys we soltanyň özüniň öňki islegine laýyklykda, horezmşa bilen baglaşylan ähtnama öň soltan bilen bolan ähtnama goşant hökmünde garaýarys» diýip, jogap beripdirler. Eger soltan bilen horezmşanyň arasynda düşünişmezlik bar bolsa onda özleriniň töwellaçy bolmaklygyny teklip edipdirler. Bu teklibe hiç hili jogap gaýtarylmandyr. Garahanylar gizlinlikde Mahmydyň ilçi iberendigi barada horezmşa Mamuna habar beripdirler. Mamun dürli tarapdan Horasana halk göreşi üçin harby toparlar ýollamagy, ýöne şunda parahat ilaty ynjytman, ýörişe parahatçylygy dikeltmegiň serişdesi hökmünde garamagy teklip edýär. Garahanylar horezm hökümdaryna ýaragly kömek bermekden aýgytly ýüz öwrüp, araçylyk etmeklik baradaky tekliplerini ýene gaýtalapdyrlar. Mamun ony kabul edipdir. 1016-1017-nji ýyllaryň gyşynda Mahmyt Balhda Tugan hanyň we Ilegiň ilçilerini kabul edip, olary göýä horezmşa bilen özüniň arasynda hiç bir hili çynlakaý agzalalygyň ýokdugy, bolan zadyň bolsa garahanlylaryň arka durmagynda aradan aýrylyp gidendigi baradaky sypaýy jogap bilen gaýtarypdyr.
Şonuň yzysüre horezmşa Mamun soltandan birnäçe berk talap bildirilýän haty alypdyr. Ol hatda, hususan, iki döwletiň arasynda özara dostlukly baglanyşyk barada ylalaşygyň bardygy, şonuň esasynda horezmşanyň Mahmydyň öňünde köp zatlara borçludygy, onuň öz emeldarlarynyň öňünde peselendigi, munuň bolsa döwletiň güýçsüzdigini, hökümdarda erkiň ýokdugyny aňladýandygy görkezilýärdi. Şol hatdan soň, Horezmşa ilki Horasandaky özüniň garamagynda bolan Nusaýda we Farawada, soňra bolsa iki paýtagtyndan başga ähli şäherlerinde Mahmydyň adyna hutba okatmaklygy girizmeli bolupdyr. Ol Gürgençde we Kätde soltanyň adyna hutba okatmaklykdan howatyrlanypdyr. Çünki, Horezmiň halk köpçüliginiň Mamunyň bu talabyna garşy çykmagy we gozgalaň turuzmagy mümkindi. Mamun soltan Mahmydyň paýtagtyna şyhlardan, kazylardan we ýokary köşk emeldarlaryndan ybarat töwellaçylar toparyny ugradypdyr. Onuň ýany bilen 80 müň dinar we 3 müň sany at hem sowgat hökmünde iberilipdir.
Şol wagt Hazaraspda Alptegin Buharynyň ýolbaşçylygynda Horezmiň uly goşuny durýan eken. Mamunyň Mahmydyň adyna hutba okatmagy girizendigi sebäpli, ol goşun indi öz hökümdaryna garşy gönükdirilýär. Alpteginiň ýolbaşçylygynda pitne turzan bu goşun Käte tarap gaýdýar. Horezmşanyň goşunyň öňünde töwella etmek üçin çykan weziri we beýleki geňeşdarlary öldürilýär. Onuň özi köşgünde gizlenipdir. Pitneçiler paýtagty doly eýeleýärler. Olar 1017-nji ýylyň Nowruz aýynyň 20-sinde köşgi otlaýarlar. Ýangyn wagtynda otuz iki ýaşly horezmşa Mamun ýesir alnyp, öldürilipdir. Pitneçiler onuň agasynyň ogly on sekiz ýaşly Abylhars Muhammedi Horezmiň tagtyna çykarýarlar. Döwletiň işlerini Alpteginiň bellän weziri Ahmet Tuganyň kömegi bilen ýöredipdir. Pitneçiler dört aýlap döwleti elde saklap, halky talamak bilen meşgul bolupdyrlar.
Horezmde ýüze çykan syýasy ýagdaý sebäpli Mahmyt Gaznaly harby taýýarlyk işlerini görüpdir. Emma Gürgençde saklanylýan uýasynyň ykbalyndan howatyrlanyp, ýörişe başlamakdan saklanypdyr. Ol Horezme ilçi iberip, öz uýusyny Gazna goýbermegi we öz adyna hutba okatmagy talap edýär. Özara gepleşikleriň döwründe Mahmyt olaryň netijesiz gutarjakdygyny öňünden aňyp, Amulda zerur çäreleriň görülmegi üçin Huttalana, Kubadyýana we Termize ýaşyrynlykda wekil iberipdir. Amulda gämiler söweş taýýarlygyna getirilipdir we azyk-owkat toplanylypdyr. Urşuň gutulgysyzdygyna göz ýetiren Alptegine hem 50-60 müňe çenli atly ýygnamak başardypdyr.
Gaznaly hökümdary Horezme ýörişe ugramagynyň öň ýanynda Ilege we Türkmenistanyň hanyna hat ýollap, özüniň giýewsi Mamunyň öldürilendigi üçin ar almaga gidýändigini, galyberse bu welaýatyň özi üçin hem, olar üçin hem diňe ynjalyksyzlyk döredýändigi sebäpli ony tabyn etmegiň zerurdygyny duýdurypdyr.
Soltan 1017-nji ýylyň Oguz aýynda Amuldan çykyp Jeýhunyň çep kenary bilen ýörişe ugraýar. Ol Horezmiň serhedinde ýerleşen Japarbende ýetende, Abu Abdylla Muhammet bin Ybraýym Taýyň baştutanlygynda aňtawçy topary öňe iberipdir. Ol topar duýdansyzlykda çöl tarapdan çykan Humardaş Şerabynyň ýolbaşçylygyndaky horezmleriň hüjümine sezewar bolup, uly ýitgi çekýär. Soltan beýleki goşunlary bilen aýgytlaýjy pursatda ýetip gelip, gabawa düşen goşun bölümini halas edýär. Horezmliler ýeňlip, Humardaş ýesir alnypdyr. Ertesi gün Hazaraspda horezmlileriň esasy güýçleri bilen çaknyşyk bolup, olar hem derbi-dagyn edilipdir. Pitneçileriň beýleki iki ýolbaşçysy Alptegin Buhary bilen Saýýattegin Hany hem ýesir alypdyr. Alptegin halas bolmak üçin gämä münüp Amuldan aňry geçipdir. Emma, Ibn Esiriň ýazmagyna görä, ýeňlendiklerine ahmyr eden esgerleriň arasynda dawa-jenjel ýüze çykyp, oňa garşy baş göteripdirler we ony daňyp, gämini yzyna öwrüpdirlerde getirip, soltana tabşyrypdyrlar. «Buhary gaçyp derýadan aňry ötdi... Ol dogany üçin çukur gazdy, emma oňa özi düşdi» diýen aňlatmalar bilen Utby hem Alpteginiň täleýiniň ters gelendigini nygtapdyr. Şondan soňra Mahmydyň goşuny Horezmiň paýtagtyna Gürgenje gidip, 1017-nji ýylyň Gorkut aýynyň 3-ünde ony eýeläpdir. Pitneçileriň baştutanlarynyň üçüsi — Alptegin, Humartaş we Saýýattegin pilleriň aýaklarynyň astyna taşlanylýar. Beýlekileriň birnäçesine eden etmişleriniň derejesine görä jeza çäreleri bellenipdir. Ýaş Horezmşa we mamunlar neberesiniň beýleki agzalary Mahmydyň buýurmagy boýunça Gaznalylaryň ýurduna äkidilip, dürli galalarda tussaglykda saklanylýar. Galan-gaçan ýesirler hem topar-topar edilip Gazna ugradylýar. Ol ýere baranlaryndan soňra olar esger hökmünde azatlyga goýberilip, Mahmydyň goşunyna girizilýär we Hindistana edilen ýörişlerde ulanylýar.
Horezmiň tagtyna horezmşanyň wezipesi ýüklenilip, soltanyň beýik hajyby we onuň kömekçileriniň baştutany türkmen asylly Altyndaş çykarylýar. Onuň wezirligine bolsa Hasan meýmendiniň parahatlyk gutarnykly ornaşdyrylýança Altyndaşyň ýanyna soltanyň Arslan Jazybyň baştutanlygyndaky goşun topary saklanylmaly edilipdir.
Soltan Mahmyt Horezmden Gazna dolanyp geleninden soň, onuň ýoklugyndan peýdalanyp Abylapbasyň (ýagny, Mamun II) gaýyn atasy Abu Yshak duýdansyzlykda Horezmi basyp almak üçin töweregine köp adam toplapdyr. Güýçli söweş bolup geçýär. Abu Yshaga berk zarba urulýar we ol gaçyp başyny ölümden halas edýär. Onuň adamlarynyň aglaba köpüsi bu işe baş goşandyklaryna puşman edipdir. Ýurt köşeşenden soň Arslan Jazyp hem Gazna dolanyp gelipdir. Altyndaş Horezmde galyp, Soltan Mahmydyň sap ýürekli hyzmatkäri hökmünde pähim-paýhaslylyk bilen bu ýurdy edara edipdir.
Şeýlelikde, soltan Mahmyt Gaznaly özüniň ussat diplomatizasiýasyna we güýçli goşunyna daýanyp, bütin Horezmi öz raýatlygyna geçirdi we bu ülkede asudalygy ornaşdyrdy. U ýagdaý bolsa Horezmde söwdanyň, ykdysadyýetiň, ylmyň we medeniýetiň mundan beýläk ösmegi üçin zerur bolan şertleri döredýärdi. Beýleki tarapdan, Mahmydyň Horezmdäki syýasy we harby ýeňişleri Gaznaly türkmen döwletiniň kuwwatyny has-da artdyrdy, onuň musulman dünýäsindäki abraýyny arşa çykardy.
Soltan Mahmyt Gaznaly horezmli meseläni belli-külli çözenden soň Gazna dolanyp, 408-nji hijri (1018-nji milady) ýylynda ýene hindi ýurtlaryna ýörişe çykýar. Şol wagta çenli ol Kaşmir bilen öz ýurdunyň aralygyndaky hindi topraklarynyň ählisini Gaznaly döwletine birikdiripdi. Kaşmirde Guştasp şanyň ýolbaşçylygynda soltanyň garşysyna turan we köp ýerlere ýaýran uly gozgalaň ony howsala düşürýär. Şol sebäpli Mahmyt Mawerannahrdan we beýleki ýerlerden gelen ýigrimi müňe golaý meýletin söweşijilerden ybarat goşun bilen Seýhun we Jilun derýalaryny kesip geçip, Kaşmir ýoluna düşýär. Ol ýerleriň hökümdarlary söweş etmezden özleriniň soltana boýun egýändiklerini mälim edip, yslamy kabul edýärler. Şol ýylyň Rejep aýynyň 20-sine soltan Majuna (Maguna) barýar we onuň töwereklerindäki ýaýbaň welaýatlary hem-de mäkäm galalary özüne tabyn edýär. Onuň tabynlygyna girmedik hindi patyşalarynyň biri Hudep söweşe girmezden galasyny tabşyrandan soň soltan Kaşmiriň boýun egmek islemedik iň soňky galasyna — Güljente (Gülkente) tarap ýönelýär. Onuň patyşasy Güljent soltana garşylyk görkezmek üçin pugta taýýarlyk görüpdir. Şeýle-de bolsa, gazaply söweş wagtynda musulmanlaryň uran berk zarbalaryna tap getirip bilmän, olar agyr zarbalaryna tap getirip bilmän, patyşa öz-özüne kast edip ölüpdir.
Şol ýeňişden soňra, soltan Krişnanyň watany saýylýan Muttry şäheriniň meşhur buthanasyna barýar. Bu ýerde göwher bilen kemsiz bezelen, arassa gyzyl altyndan guýlan bäş sany but-senem bolup, şol senemdäki gyzylyň agramy 6903000 mysgala (3.230.604 grama) barabar eken. Mundan başga-da gymmatbaha daşlardan ýasalan ownukly-irili iki ýüze golaý but bar eken. Utbynyň ýazmagyna görä, soltanyň özi iň uly senem barada şeýle diýipdir: «Ýylda ýüz million dirhem sarp etseň hem, ony ökde ussalar salsa hem, ol iş iki ýüz ýyla çenli dowam ederdi. Ol senemleriň bäşisi bäş gulaç galyňlykda gyzyl reňkli altyndan guýlandy. Olaryň gözleriniň ýalpyýadysy günüň şöhlesi bilen bäsleşýän ýakutdan ýasalandy. Ol gözleriň her biriniň agramy dört ýüz elli mysgal, aýaklarynyň agramy bolsa dört müň dört ýüz mysgal çykardy. Bir senemiň özünde togsan sekiz müň üç ýüz mysgal altyn bar. Bulardan başga onuň üstünde dört ýüz bölek altyn bar». Soltan olaryň ählisini olja alyp, butlary ýykdyrypdyr.
Muttradan ugrap, Mahmyt Gaznaly Meret aýynyň sekizine Kanuja barýar. Şäheriň şasyna Rajybal diýilýärdi. Başga birnäçe hindi tajalary onuň erkine boýun bolýan ekenler. Rajybal öz üstüne soltanyň leşger çekip gelýändigi baradaky habary eşidýär we mermer daşyndan salnan köşgüni taşlap, bir ada gaçyp gidýär. Soltan Gang derýasynyň ýakasyndaky ýedi sany galany töwereklerindäki ähli ýerleri bilen eýeläp, olardaky müňlerçe buthanalaryň baýlyklaryny olja alypdyr. Soňra ol okgunly hüjüm bilen Brahma galasyny basyp alýar, Asy galasynyň häkimi Jendibalyň, Şerwet galasynyň häkimi Jenderaýyň köp sanly goşunlaryny ýer bilen ýegsan ediji zarbalar urup, şanly ýeňişler gazanýar. Ummasyz köp möçberdäki gymmat bahaly daşlar we beýleki baýlyklar, 350 sany pil we 57 müň ýesir bilen Gazna dolanypdyr. Ýesirleri ýerleşdirer ýaly şäherlerde jaýlaryň ýetmezlik edendigi zerarly, ýörite tamlar gurmaly bolupdyr. Mahmyt hindilerden alan oljalaryny ulanyp, Gaznanyň baýyrlyk meýdanynda öň görlüp-eşidilmedik Juma metjidini gurmagy ýüregine düwýär, çünki öň bu şäheriň ilatynyň sany hasaba alnyp salnan köne metjit kiçidi. Indi bolsa Gazna ulalyp, onuň ilaty köpelipdi. Juma metjidiniň gurluşygy üçin Hind we Sind derýalarynyň kenaryndaky tokaýlardan bu ýere pürsler daşalýar, Nyşapurdan mermer daşlary getirilýär. Ökde ussalar tarapyndan salnan bu metjidiň diwarlary gyzyl reňkli altyn bilen bezelip, ajaýyp bir bina bolýar. Onuň ýanynda medrese hem gurulýar. Öňki kiçi metjit hem giňeldilipdir.
Gaznanyň töweregindäki belent daglaryň arasynda entek musulmançylygy kabul etmedik owgan taýpalary mesgen tutunypdylar. Olar soltan Hindistana ýörişe gidende oňa kömek bermekden boýun towlapdyrlar we soltanyň ýoklugyndan peýdalanyp, daglardan sähralara düşüp bozgakçylyk bilen meşgullanypdyrlar, Gazna bilen öz ýurtlarynyň arasyndaky ýerlerde galtamançylyk edip ýollary talapdyrlar. Üstesine-de soltan Kannuç söweşinden ýeňişli gaýdyp gelýärkä olaryň hüjümine sezewar bolupdyr. Şol sebäpli Mahmyt 1019-njy ýylyň baharynda Gaznadan şol taýpalaryň üstüne ýörişe ugrady. Ol ilki özüni göýä başga ýurda hüjüme gidýän ýaly alyp bardy we barmasy kyn dag geçitlerinden aşyp, duýdansyzlykda goşunyny bularyň üstüne tarap aýlady. Dagly owganlar ol goşunyň nähili peýda bolandygyny hatda duýman galypdyrlar. Olaryň mäkäm galalary eýelenip, kän sanly mal-mülkleri olja alynýar, özleri bolsa yslama girizilip, Gazna hökümetine tabyn edilýär.
Gang derýasynyň jülgesinde ýerleşen Kelejar galasynyň rajasy Beýda soltanyň Kanuja ýörişi wagtynda (1018 ý.) gaçyp giden Rajybaly tutup öldüripdir we Penjabyň rajaly Trujenbal bilen dil birikdirip, Penjaby yzyna gaýdyp almaga synanyşypdyr. Olary ymykly dyza çökermek üçin soltan 1020-nji ýylda Hindistana on üçünji ýörişini guraýar. Derýanyň kenarynda bolan ilkinji söweşde Trujenbal ýeňilýär we ilçisini iberip, soltandan aman soraýar. Soltan onuň yslama girmegini teklip edipdir. Trujenbal bu şerte razy bolman, esgerleriniň galan-gaçanlary bilen Beýdanyň ýanyna howlugypdyr. Onuň hereketleri sebäpli hindileriň käbiriniň gahar-gazaby dolup, ony öldürýärler. Trujenbalyň ölüminden habarly beýleki birnäçe hindi rajalary bolsa başlaryny we ilatlaryny aman saklamak üçin Mahmyda meýletin tabyn bolýarlar. Bu üstünlikden soňra, Mahmyt şol töwereklerdäki galalaryň iň mäkämi we güýçlüsi bolan Bary şäherine tarap ugraýar. Ýeňilmez goşunyň gelýändigini eşidip, Barynyň ýaşaýjylarynyň aglaba köpüsi şäherden howlukmaç çykyp, beýleki galalara hatar gurap duran on sany galany eýeleýär. Goşunynyň sapyna meýletin giren kän sanly hindileriň hasabyna soltanyň güýji ep-esli artypdyr. Ol 56 müň atlydan, 184 müň pyýadadan we 146 sany pilden ybarat ýygyny bilen derýanyň beýleki tarapyna geçip, Beýdanyň yzyndan kowýar. Birnäçe wagtdan soň, deňeçerräk güýçler gatnaşan uly çaknyşykda soltan ondan hem üstün çykypdyr. Beýda hem soltanyň yslamy kabul etmek baradaky teklibine razy bolman, gaçyp gutulýar.
Mahmydyň Hindistana 1021-nji ýylda gurnan on dördünji gezekki ýörişi wagtynda Kaşmirdäki Lohkot galasy zabt edilip alynýar. Lohkot ugrundaky söweşde Söbükteginiň kiçi ogly, Horasanyň sypahsalary Abylmuzapbar Nasr wepat bolupdyr. Taryhçy we şahyr Utby onuň biwagt ölümine bagyşlap mersiýe düzüp, onda sowatly we uly hormat-sylagdan peýdalanan bu ýaş emiriň döwletiň kuwwatlanmagynyň hatyrasyna Mahmydyň durmuşa geçiren ençeme çärelerine gatnaşandygy, söweşlerde görkezen harby sungaty we beýleki artykmaç hyzmatlary ussatlyk bilen çeper suratlandyrylypdyr.
Soltan Käbiliň gündogaryndaky Kirat we Nur jülgelerinde ýaşaýan özge dinlileri hem öz erkine tabyn edenden soňra, 1022-nji ýylda on bäşinji hindi ýörişine gidýär. Bu gezek ol öň özünden gaçyp giden raja Beýdany yzarlap, ilki Gwalior, soňra bolsa Kelejar galalaryny zabt edip alýar. Beýda boýun egdirilip, onuň garamagyndaky ýerleriň ilaty yslama girizilýär. Gaznaly hökümdar bu saparky ýörişden hem köp peşgeş, şeýle hem 335 sany pil bilen ýurduna dolanypdyr.
Mahmyt Gaznalynyň Horezmi eýelemegi oňa Garahanylaryň üstünden harby artykmaçlyk gazanmagy üpjün edipdi. Mawerannahrda ýokary häkimiýet ugrunda hanlaryň özara göreşiniň başlanmagy bolsa olara birbada basybalyjylykly ýörişlere girişmäge mümkinçilik bermändi. Üstesine-de, 408-nji hijri (1018-nji milady) ýylynda Garahanlylaryň üstüne Hytaý tarapdan heniz musulmançylygy kabul etmedik örän köp goşunly türkmen taýpalary çozýarlar. Utbynyň ýazmagy boýunça Tugan han ol taýpalara garşy göreşmek üçin soltan Mahmytdan kömek sorapdyr. Soltan uly ogly emir Abu Sagyt Mesgudyň, şeýle hem Şibl bin Leýsiň, Webel bin Gaýsyň, Taýýar bin Bahryň, Sabah bin Fejriniň goşun toparlaryny Tugan hana kömek üçin ugradypdyr. Olaryň kömegi bilen Garahanlylar ýeňiş gazanypdyrlar. Şol ýeňişden köp wagt geçmänkä, Mahmydyň wepaly ýarany Tugan han aradan çykypdyr.
Tugan handan soň Garahanlylaryň tagtyna onuň inisi we oruntutary Abylmuzapbar Pralan han eýeleýär. «Ümsüm han» diýlip lakam berlen Arslan han aňrybaş takwalygy bilen tapawutlanypdyr. Mawerannahryň hökümdary Kaşgaryň we Balasagunyň ýokary hanlary bilen ýiti göreşi başdan geçirmeli bolupdyr. Öz aralarynda güýçli bäsleşýän garahanlylar ýygy-ýygydan Mahmyt Gaznalyny biri-birlerine garşy göreşde kömege çagyrýardylar. Olaryň özara göreşine, birwagtlar Mawerannahry basyp alan eýlik hanyň dogany Alptegin hem gatnaşýar.
Alptegin Mawerannahryň taryhy meýdanynda 1002-1003-nji ýyllarda peýda bolupdy. Emma ol wagt garahanly türkmenleriň hökümdar toparlarynyň arasynda onuň tutan belli orny ýokdy. XI asyryň ilkinji çärýeginiň ortalarynda Garahanly döwletiniň Günbatar böleginde bolýan uly wakalara Mawerannahrda seljuk türkmenleri hem Buharanyň emirleriniň syýasatyndan nägile bolýandyklary sebäpli çekilipdirler. 1020-nji ýylyň töwereginde Alptegin seljuk serdarlarynyň goldawyna daýanyp, gozgalaň turuzýar we Buharany basyp alýar. Emma soňra ýeňlişe sezewar bolup tussag edilipdir we Arslan hanyň zyndanynda saklanylypdyr. Birnäçe wagtdan soň ol ýesirlikden gaçyp, Buharanyň golaýynda ýerleşen Nur obasynyň degre-daşynda ýaşaýan seljuk taýpalarynyň baştutany Ysraýyl bilen Arslan hanyň garşysyna ýaranlyk baglaşypdyr we pitne turzup, seljuk goşunlarynyň kömegi bilen gaýtadan Buharany eýeläpdir. Arslan hanyň dogany, Uzkendiň hökümdary Eýlik olara garşy hüjüm guraýar, emma ýeňilýär. Alytegin bilen Ysraýyl Buharada galýarlar.
Şu ýerde, biz garahanlylaryň özaralaryndaky we seljuklar, şeýle hem gaznalylar bilen mundan buýanky gatnaşyklaryna düşünmek üçin gürrüňimizde birneme yza dolanyp, seljuklaryň ilki başdaky hereketlerine göz aýlamagy göwnejaý bilýäris.
Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy mukaddes Ruhnamasynda: «Oguz hanyň döwletiniň dargamagy bilen, dogrusy, hanlyklara bölünip, uly hanlyk derejesine çenli gelmegi, onuň giň ülkelerini birneme daraldýar. Oguzlar bir tarapdan Horasandan, beýleki tarapdan bolsa Çyn-Maçyn serhetlerinden, Atail derýasynyň kenarlaryndan çekilip, Seýhun bilen Jeýhunyň arasyna, Mawerannahra çenli gysylýarlar. Olaryň esasy şäherleri ýaňykent, Garajyk, Saýram, Jent bolup galýar.
X asyryň ortalarynda bu döwletiň içinde gapma-garşylyklar ýüze çykyp ugraýar. Bir tarapdan yslam dininiň çalt ýaýramagy musulmanlygy kabul edýän oguzlary Oguz-türkmen döwletinden daşlaşdyryp başlaýar. Şol bir wagtda Demir ýaýly lakamly Dukak serkerdäniň Oguz döwletiniň hökümdary bilen düşünişmezligi, soň ogly Seljugyň bu döwletden çekilip, musulmançylygy kabul etmegine getirýär» diýip görkezýär. Şonuň bilen birlikde Beýik Serdarymyz seljuk türkmenleriniň oguzlaryň kynyk taýpasyndandygyny, Aý hanyň nebereleridigini nygtap belleýär.
Orta asyr çeşmelerinde, gynansak-da, Dukagyň hut haýsy döwürde ýaşandygy barada anyk maglumatlar gabat gelinmeýär. Käbir taryhçylar «Mäliknama» atly ýazary näbelli eserde aýdylýan maglumatlary seljermek esasynda Dukak IX asyrda — X asyryň birinji çärýeginde ýaşap geçendir diýip güman edýärler. «Oguznamanyň» has doly nusgasynda we türkmenleriň hekaýatlarynda bu pikire biraz düzediş girizilip, Dukagyň Ýaňykendiň oguz hökümdarlarynyň tagtyna çykan Aly hanyň döwürdeşi bolandygy bellenilýär. Şol sebäpli türkmen taryhy boýunça belli alym S.G.Agajanow Dukagyň takmynan IX asyryň üçünji çärýeginde — X asyryň ortasynda ýaşapdyr diýen pikiri öňe sürýär. Ol «Mäliknamanyň» birnäçe nusgasynda Dukagyň hökümdarynyň beýgu diýlip atlandyrylýandygyna ünsi çekip, «Bu şahsy at bolman, özleriniň mertebesi boýunça Ýabgudan pesde hasaplanýan hökümdarlaryň göteren derejesidir. Şonuň üçin Dukagyň Ýaňykendiň hökümdarynyň däl-de, Oguz döwletiniň hökümdarynyň gullugynda bolandygyny çaklamak mümkin» diýip nygtaýar.
«Mäliknamada», gynanylsa-da, seljuk birleşmesiniň taýpalarynyň ilki başda ýaşan mesgeni barada hem anyk maglumatlar berilmeýär. Emma Zahyreddin Nyşapurynyň «Seljuknama» diýen eserinde seljuklaryň ilkinji watany hökmünde Türküstan görkezilýär. Bu kitapda olaryň soňra Türküstandan çykyp gidip, Buharanyň Nur diýen sähralyk ýerinde we Samarkant Sogdunda ýerleşendigi aýdylýar. Şuňa meňzeş maglumatlar başga taryhçylaryň eserlerinde hem getirilýär. Ýazyjy ogly Aly kitabynda: «Bular sansyz-sajaksyz leşgerdiler we çensiz-çaksyz taýpadylar. Bularyň içinde Oguzyň her boýundan, sag gol begleri: gaýy, baýat; sol gol begleri: baýyndyr, bijene (beçene), çawnydyr, şeýle-de bulara goşulşan beýleki boýlar bardy» diýip ýazýar.
Taryhy makalalar