13:36 Söbüktegin nesilşalygynyñ döremegi | |
GAZNALY TÜRKMEN DÖWLETINIÑ DÖREÝŞI WE ÖSÜŞI
Taryhy makalalar
• SÖBÜKTEGIN NESILŞALYGYNYŇ DÖREMEGI Eýsem, türkmen bäş müň ýyllyk taryhynda ýetmişden gowrak döwleti nähili gurupdyr? Olary nähili saklapdyr? Sekiz asyrlyk döwletsizlik döwründe ýurduny nähili gorapdyr? Elbetde, munuň aslynda türkmeniň gahrymançylykly ruhy — halkymyzyň edermenlik, mertebelik ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleriniň jemi ýatandyr. Türkmenler özüniň söweşjeňlik sypatlarynyň aýdyň mysallary bilen taryha giren halk. Döwletiň wezipesini türkmençilik hem adat tutupdyr we halky agzybirlikde dolandyrypdyr. Saparmyrat Türkmenbaşy. * * * Meşhur Samanylar şalygy ýykylandan soň, onuň ähli welaýatlarynyň heniz garahanly we gaznaly türkmenleriniň eline geçmändigini bellemek gerek. Seljuk türkmenleri gelýänçä, ýagny, 1040-njy ýylda Daňdanakanyň ýanyndaky beýik söweşe çenli merkezi Gaznada bolan Merkezi we Ilerki Aziýanyň örän uly giňişliklerinde birnäçe täze başlangyçlarda köne halypaçylyk düzgünleri saklap galdyrmaga synanyşyk edilipdir. Gaznaly türkmen döwleti diňe samanlylaryň häkimiýetiniň synan şertlerinde we diňe özboluşly hem şonuň bilen birlikde möhüm güýje — türkmen gulamlarynyň köşk gwardiýasyna bil baglamak netijesinde döredilip bilinmejekdi. Samanlylar halk köpçüligine garşy göreşde dehkanlary goldanyp bilipdiler. Muňa X we XI asyrlarda bolup geçen wakalar şaýatlyk edýär. Emma dehkanlaryň aýratyn hukukly uly bölegine garşy göreşde diňe özleriniň türkmen gwardiýasyna daýanyp bildiler. Bu bolsa türkmen gulamlarynyň birnäçesiniň ajaýyp mertebeler gazanmagyna getirdi. Erkinlige goýberilenleriň ýagdaýyna geçirilenden soň ýokary çekilmegi netijesinde, hatda käwagt ondan hem öň mülk eýeleriniň täze kysymy-gulamlaryň aýratyn hukukly ýokary gatlagy ýüze çykypdyr. Gulamlardan gelip çykan bu täze mülkdarlar özleriniň ýokary çekilendigi üçin samany nesilşalygyna bütinleý wepaly bolmalydylar. Entek samanlylaryň işleri gowy barýarka, gulamlaryň aýry-aýry wekilleri täze ýerleri eýeleýärkä, halk hereketleri basylyp ýatyrylýarka ýa-da merkeze boýun egmezek dehkanlar tabyn edilýärkä, olar häkimiýetiň ynamdar hyzmatkärleri boldular. Emma dartgynlygyň güýçlenmegi bilen merkezi hökümetiň ýagdaýy ýaraň atyp, döwletiň doly dargamagynyň mümkindigi aç-açan äşgär bolanda gulamlardan gelip çykan mülkdarlar indi özbaşdak syýasat ýöretmäge, özaralaryndan ykyply serkerdäniň baştutanlygynda aýratyn döwlet döretmäge tarap ugur alypdyrlar. Gündogaryň taryhynda meşhurlyk gazanan Alptegin şeýle ukyply serkerdeleriň biri bolupdyr. Türki gul bolan Alptegini ýaş wagty Ysmaýylyň ogly Ahmet öz ömrüniň ahyrynda satyn alypdyr. Soňra Alptegin köp ýyllap Ahmediň ogly Nasra gulluk edipdir. Nuhuň hökümdarlygy wagtynda bolsa oňa Horasanyň sypahsalarlygyny beripdirler. Gaznalylara uly höwes bilen hormat goýan Nyzamylmülk ol barada şeýle ýazýar: «Mertebesi, bitiren hyzmatlary uly ile dolsa-da, uly-uly işleri berjaý edip, il-gününe mylaýym bolsa-da, möwlamyny jan-dil bilen söýse-de, barybir otuz ýedi ýaşyny doldurýança oňa emirlik wezipesini bermändirler we mülk eýesi etmändirler. Samanylaryň guly hem terbiýeläni Alptegin otuz bäş ýaşynda Horasanda sypahsalar wezipesini alypdyr. Ol juda yhlasly, wepaly, merdana, akyl-paýhasly, birdiýenli, nökerlerini söýýän, geçirimli, myhmansöer, imanly bolupdyr. Samanylarda bolan ähli gowy gylyklar onda bar eken. Ol köp ýyllap Horasanyň dikmesi bolupdyr, elinde iki müň ýedi ýüz gulamy, guly we türki bar eken». Munuň özi Samanylaryň döwründe belent harby we raýatlyk wezipelerine diňe bir köne dehkan öýlerinden çykan ýokary gatlagyň wekilleri, ýa-da berk ornaşan arap nesilleri eýe bolman, eýsem türkmen gulamlaryndan çykan mülkdarlaryň hem ýokary derejelere göterilendigini görkezýär. Ähtimal, gulluk basgançaklary boýunça ýokary çekmek ýere eýeçilik etmegi hem gozgap bolýan we bolmaýan her dürli emlägi sylag bermek bilen birlikde geçirilipdir. Nyzamylmülk Alpteginiň maddy hal-ýagdaýyny, ynha, şeýle häsiýetlendiripdir: «Her niçik-de bolsa, onuň Alpteginiň —B.G.) Horasany taşlap, Hindistana gitmegine hiç kim ynanmandyr. Çünki onuň Horasanda-da, Mawerennahrda-da bäş ýüz obaly mülki bolupdyr, asla onuň köşgi, bagy, kerwensaraýy, hammamy bolmadyk ýekeje şäher-de bolmandyr, onuň köp sanly däne salynýan ammary hem bar eken. Samanylar şalygynda müňläp goýny, ýüz müň gylýaly, düesi we gatyry bolupdyr». X asyryň ortasynda Samany nesilşalygy özüniň dartgynlygynyň bir döwrüni başdan geçirýär. Eýýäm Nuh bin Nasryň (943-954) şalyk süren wagtynda nesilşalygyň pese düşmeginiň alamatlary äşgär görünýär. Akademik W.W.Bartold hut şol wagtda hem türkmen gwardiýasynyň ýokary böleginden ybarat harby toparyň döwlet işleriniň ählisini diýen ýaly öz eline alandygyny görkezýär. Şunda ilkinji orun Alptegine degişli bolupdyr. Ol ýaşlykdan Samanylaryň harby mertebiniň terbiýesini alan, gulamlykdan goşun başlyklygyna ýeten belent mertebeli harby serkerdeleriň biridi. Nuh ölenden soňra onuň Abdylmälik, Mansur, Nasr, Ahmet we Abdyleziz atly bäş ogly galýar. Bularyň üç ulusynyň her birine türkmen gwardiýasynyň bir wekili berkidilýär. Samany tagtyna Abdylmälik (954-961) çykypdyr. Ol Horasan esgerleriniň serkerdesi Abu Aly Saganyýalyny wezipesinden boşadyp, onuň ornuna Bekr bin Mäligi belläpdir. Wezirlige Abu Mansur Uzeýr bellenilipdir. Täze hökümet häkimiýeti az wagt öz elinde saklapdyr; Bekr bin Mälik Horasan gwardiýasyna hoşnutlyk bilen ýüzlenmändir, onuň isleg-arzuwlaryna biparh garapdyr we özüne ýigrenç döredipdir. 956-njy ýylyň Bitaraplyk ýylynda Bekr ibn Mälik emiriň köşgüniň derwezeleriniň agzynda (ähtimal, onuň razylygy bilen) Alptegin tarapyndan öldürilipdir. Şundan soň wezir hem wezipesinden boşadylyp, onuň ýerine Abu Japar Utby geçipdir. Bekriň Horasandaky oruntutary edilip, öň onuň tabynlygynda bolan Abu Hasan Simjur bellenilýär. Utby we Simjur özleriniň dolandyryşy bilen umumy nägilelik döredip, häkimiýetden çetleşdirilýärler. 959-njy ýylda wezir edilip Abu Mansur Ishak belenilipdir. Ähtimal, Alptegin hem wezipesinden birnäçe wagt düşürilipdir; Abdylmälik özi üçin «ýakymsyz» bolan Alpteginden dynmak üçin, ony Horasana emir edip bellemeli bolupdyr. Alptegin Horasana dikme edilip bellenen hem bolsa, merkezi döwletiň goşunynda özüniň güýçli täsirini saklapdyr, köşk emeldarlarynyň içinde uly abraýa eýe bolupdyr. Ol Nyşapura 961-nji ýylyň Baýdak aýynda barypdyr. Hajyp edilip Alpteginiň giýewsi Söbüktegin bellenýär. Ondan ozal Alptegin weziriň wezipesinden düşürilip, onuň ýerine Abu Aly Balgamynyň bellenilmegini gazanypdy. Balgamy onuň diýen ediji adamydy. 961-nji ýylyň Sanjar aýynda Abdylmälik ýogalýar. Şondan soň ýurtda täze tertipsizlikler başlanýar; hat-da şanyň köşgi hem pitneçiler tarapyndan talanýar we ýakylýar. Samanylar nesilşalygynyň agzalary we gwardiýanyň wekilleri hajyp Fatygyň kömegi bilen Abu Salyk Mansur Nuhuň (961-976) tagta çykmagyny gazanýarlar. Samanylaryň köşgünde ähli meselelere güýçli goşulýan Horasanyň hökümli emiri Alpteginiň günsaýyn artýan abraýy bilen Buharada esasy orny eýelejekdiginden howatyrlanyp, ony ö;dürmegiň kasdyna çykan topar döreýär. Alpteginiň öňki ýapjalary — wezir Balgamy we Tusuň häkimi Abu Mansur Razzak hem (olaryň ikisini-de Alptegin ýokary wezipelere göteripdi —B.G.) ol topara goşulýarlar. Hemmeler tarapyndan diýen ýaly terk edilen Alptegin dildüwşijilere pitne turuzmak bilen jogap berýär. Muňa Yzzeddin Ibn Esiriň aşakdaky maglumaty yşarat edýär: «351-nji ýylyň dört tirkeşikleriniň birinji aýynda Horasanyň we Mawerannahryň häkimi emir Mansur ibn Nuh özüniň käbir serkerdeleriniň ýanyna çapar iberip, ýanyna gelmegini talap etdi. Emma Alptegin atly serkerde ondan boýun towlady. Emir onuň üstüne goşun gönderdi. Olar bilen söweşe giren Alptegin olary derbi-dagyn etdi, has tanymal we wezipeli serkerdelerini ýesir aldy. Olaryň arasynda emir Mansuryň öz daýysy hem bardy». Şondan soňra Alptegin Horasandaky mülküni taşlap, özüniň wepaly türkmen gulamlary bilen ýörişe ugrady. Ýöne ol Buhara tarapa däl-de, Owganystana gidýär. Balha ýetenlerinde Alptegin Mawerennahrdan, Huttalandan we Balhyň töwereklerinden gazawata gitmäge meýil bildirýänleriň hemmesi ýygnanyp ýetişer ýaly ol ýerde bir-iki aý durup geçmekçi bolupdyr. Şol ýerde ol, özüniň ornuna Horasana emir bellenen Abu Mansur bilen söweş gurmaly bolýar we ondan doly ýeňiş bilen üstün çykýar. Nyzamylmülküň «Syýasatnamasynda» şol söweşiň netijesiniň täsin beýany bar. Onda, hususan şeýle diýilýär: «Soň Alpteginiň gulamlary dag gädiginden çykyp, leşgergähiň üstüne çozupdyrlar, bar bolan zatlaryň baryny: atlary, gylýallary, inerleri, altyndyr kümüş şaýlary, dinarlary olja alypdyrlar, gulamlara, çadyrlara, halylara we şoňa meňzeşlere degmän, yzlaryna gaýdypdyrlar. Balhyň ilaty leşgergähiň zatlaryny bir aýlap öýlerine daşapdyrlar. Wepat bolanlary sanap görseler, olar ýaralanan elli adam bolup çykypdyr». Balhdan Alptegin Bamyýana tarap süýşýär. Onuň häkimi Şir Baryk söweş gurup ýeňlipdir. Bamyýandan ugran Alptegin geçmesi örän kyn bolan Hindiguş daglaryndan aşyp, Käbiliň eteklerine eňýär. Bu ýerler Hindistanyň demirgazyk-günbatar serherlerine golaý çäklerdi. Munuň özi Alpteginiň geljekde geçirjek harby ýörişleriniň esasy ugrunyň eýýäm kesgitlenilendiginden habar berýärdi. Onuň Käbiliň eteklerine gelmeginiň başga sebäbide bardy. Bu ýerde eýýähaçan V-VI asyrlarda Merkezi Aziýa, häzirki Owganystan, Hindistan we Eýran sebitlerinde güýçli hereket eden abdal türkmenleri ýaşapdylar. VI asyryň ikinji ýarymynda olary Merkezi Aziýanyň we häzirki Owganystanyň çäklerinden göktürkmenler gysyp çykarypdyrlar. Abdallaryň Merkezi Aziýada we Owganystanyň ýerinde ýaşaýan bölegi göktürkmenleriň golastyna geçipdir. Netijede, Balhda, Hyratda, Seýistanda, Gündogarda we Gaznada öňden oturan oguz taýpalarynyň üstüne göktürkmenler hem köpçülikleýin göçüp gelipdirler. Hindistandaky abdallar barada aýdylanda bolsa, olar agalyk eden etraplaryndaky ilat bilen garyşyp, soňra rajput halkynyň kemala gelmegine sebäp bolupdyr. Taryhy edebiýatda Gurda we onuň bilen goňşy welaýatlarda başga bir türkmen taýpasy bolan welaýatlarda başga bir türkmen taýpasy bolan halaçlaryň hem ornaşandyklary barada aýdylýar. Olar gaýala we beýleki türkmen taýpalary ýaly X-XIII asyrlarda Jeýhunyň ýakalaryndan Owganystanyň üsti bilen Horasana, Eýrana we demirgazyk Hindistana göçüp barypdylar. Halaçlar hatda Deli soltanlygyny döretmäge hem işeňňir gatnaşypdyrlar. X asyryň taryhçysy Istahry halaçlaryň we garlyklaryň ir wagtlardan bäri Seýistan bilen Hindistanyň aralygyndaky ülkelerde ýaşaýandyklaryny belläpdir. Halaçlar şol ülkelerde ýaşan taýpalary özlerine tabyn edip, ýerlerini basyp alypdyrlar. Zehinli türkmen alymy J.Annaorazowyň ýazyşy ýaly: «Beýleki türkmen taýpalary ýaly halaçlar hem Owganystanyň taryhynda uly yz galdyryp, gurly türkmenleriň, şeýle hem owgan (puştun) milletiniň kemala gelmegine mynasyp goşant goşupdyrlar». Ýeri gelende belli gündogarşynas taryhçylaryň biri M.R.Arunowanyň: «XI-XIII asyrlarda owganlar Gazna welaýatynda ýaşaýan käbir türk(men) taýpalary bilen garyşypdyrlar. Olardan iň ulusy taýpa bileleşigi ýa-da taýpa bilen halaçlardyr. Halaçlardan puştun (owgan taýpalarynyň) iň ulularynyň biri bolan gilzaýlar gözbaş alyp gaýdýarlar» diýip bellemegi üns berilmegine mynasypdyr. Ine, Alptegin ýokarda agzalan türkmen taýpalarynyň goldawyndan peýdalanyp hem samanylara garşy berk göreşmegi ýüregine düwüpdir. Alptegin Käbiliň eteklerinde samanylara garşy göreşmek üçin mümkinçilik tapyp bilmeýär, çünki bu ülkede han-begleriň özara uruşlary dowam edýärdi. Eýsem-de bolsa, ol, tire-taýpalaryň gapma-garşylyklaryndan ussatlyk bilen peýdalanyp, Käbili eýeleýär we 962-nji ýylyň Ruhnama aýynda Gazna tarap gaýdýar. Gaznanyň Lawik diýen öz hökümdary bardy. Ol Samany döwletiniň düzümine diňe ýüzleý girýärdi. Lawik dört aýlap güýçli garşylyk görkezenden soň, daşy pugta gabalan galasyny Alptegine tabşyrmaga mejbur bolupdyr. Alptegin Gaznada hemişelik ornaşýar we ony täze döreýän döwletiniň paýtagtyna öwürýär. Gaznanyň merkez edilip saýlanmagynyň sebäbi çar tarapdan daglar bilen gurşalan bu şäheriň tebigy taýdan dörän güçýli berkitmäniň ortasynda ýerleşenligidi. Şunlukda, Alptegin garaşsyz döwletini döredip ýetişýär. Şondan soň köp wagt geçmänkä, ol, özüniň esasy garşydaşynyň — Horasanyň emiriniň Samany şasy Nuhuň dogany Abu Japaryň baştutanlygynda Gazna garşy iberen ýigrimi müňlük atly goşunyny ýeňýär. Abu Japar geýimini üýtgedip, Balha gaçyp gutulýar. Horasanyň emiriniň gaýdyp Alpteginiň üstüne ýöriş etmäge bagny ysmandyr. Gaznadan Hindistana çenli on iki günlük ýoldy. Alptegin Hindistanyň dag geçidini eýeläp, birnäçe etraplaryndan altyn-kümüş, mal we gullar, baý olja getiripdir. Bu habar tizara Horasana, Mawerannahra, Nimruza ýaýraýar we ol ýerlerden köp adamlar Alptegine nöker durmaga toplanyşyp gelipdirler. Ol ýanyna ýygnanan alty müň atly bilen Bijapura çenli welaýatlary öz döwletine tabyn edip gaýdypdyr. Hindi şasy Alptegini ýurdunyň çäklerinden kowup çykarmak üçin elli müň adam bilen bäş ýüz pilden ybarat güýç toplap dyr. Alptegin hem Hindistana täze ýörişe taýýarlyk görýär. Nyzamylmülküň ýazmagyna görä: «Ol Horasana we bütin töwerege nama gönderip, kömek sorapdyr. Olja hantamaçylygy bilen şeýle bir kömek gelipdir welin, olar sanap çykardan köp bolupdyr. Ol goşuny gözden geçireninde, nökerleriň sany on bäş müň atly bilen bäş müň pyýada çykypdyr. Özleriniňem hemmesi ýaş, ok-ýarag esbaplary-da düzüw eken». Alptegin şeýle güýç bilen Hindi goşunynyň garşysyndan çykýar, onuň öňdäki toparlaryna güýçli zarba urup, köp urşujylaryny hatardan çykarýar. Emma, bize mälim bolmadyk sebäplere görä, alan kän sanly oljasyny hem galdyryp, yzyna dolanmaly bolupdyr. Şol söweşlerde Alpteginiň ozal birnäçe şöhratly işleri bitiren edermen kömekçisi Söbüktegin aýratyn tapawutlanypdyr. Alptegin Hindistany tutuşlygyna öz döwletine tabyn etmegi ýüregine düwüpdir. Emma bu maksadyna ýetmek oňa miýesser bolmandyr. Ol Hindistana guran gysga wagtlyk çozuşlaryndan soň, 963-nji ýylyň Ruhnama aýynda Gaznada aradan çykýar. Ol Gaznada öz hökümdarlygyny dikelden hem bolsa, garaşsyz döwletiniň serhedini giňeldip bilmändir. Ýeri gelende, Samanylar döwletiniň iň dogumly we parasatly goşun serkerdesi Alptegini ýokary emeldarlaryň öz bähbidini arap döwlet işlerinden çetleşdirmegi, oalryň özleriniň zyýanyna bolandygyny, nesilşalygyň at-abraýynyň juda gowşamagyna getirendigini bellemelidiris. Şondan soň Türküstanyň hanlary samanylaryň üstüne çapawulçylyk edip, olaryň köp-köp mülklerini basyp alypdyrlar. Nyzamülk Alpteginiň Samany hökümdarlaryna eden hyzmatyna örän ýokary baha berip: «Nesilşalyklary, şalyklary we şäherleri gulçulygy başlaryndan geçiren Alptegin kimin gerçekler saklaýandyrlar, Samanylar şalygynyň hökmürowan bolanlygy hem Alptegin arkalydyr. Wagtynda onuň gadyryny bilmediler, onuň garşysyna öýriş gurdular. Ol Horasandan çykyp gaýtdam welin, Samanylar nesilşalygyndan bagt arany açdy» diýip nygtaýar. Abu Mansur babatda aýdylanda bolsa, ol özüni hem amatly pursatda wezipesinden boşatjakdyklaryny bilipdir we pitne turzup, bundiler bilen agyz birikdiripdir. 962-nji ýylda Horasana täze emir edilip bellenilen Abdylhasan Muhammet Simjur olara garşy iberilýär. Söweş wagtynda Abu Mansur öldürilýär. Abylhasan Simjur bundilere we zýarylara garşy üstünlikli göreşipdir we Mansur I hökümdarlygynyň ahyryna çenli Horasanyň emiri bolupdyr. Gaznada we Alpteginiň basyp alan beýleki ýerlerinde Samanylaryň häkimiýeti, ýüzleý-de bolsa, dikeldilipdir. Gazna şäheriniň tagtyna Alpteginiň ogly we oruntutary Abu Yshak Ybraýym (963-966) geçýär. Ol Gaznanyň öňki hökümdary Lawik bilen göreşde ýeňlip, Buhara gaçyp gidýär we Samanylardan kömek soramaga mejbur bolýar. Soňra, 965-nji ýylda Mansur I kömegi bilen öz garşydaşlarynyň üstünden ýeňiş gazanmagy başarýar we Gaznany gaýtaryp alýar. Emma Yshagyň özi we ýurt Samanylaryň garaşly raýatyna öwrülýär. Yshak aradan çykandan soň, onuň ogly bolmanlygy sebäpli, Gaznanyň tagtyna türkmen asylly Bilgetegin (966-972) çykýar. Ol 972-nji ýylda Hindistana eden ýörişinde Gerriz galasynyň golaýyndaky çaknyşykda wepat bolýar. Bilge hökümdardan soň Gazna tagtyna asly türkmenlerden bolan Piritegin (972-977) geçýär. Ol hökümdarlar hem Smany döwletine elgarama ýagdaýdan azat bolup bilmändirler. 977-nji ýylda Gaznada ýerli han-begleriň arasynda häkimiýeti ele almak ugrunda ýiti syýasy göreş ýüze çykýar. Şol göreşiň gidişinde Alpteginiň harby terbiýesini alan, Gaznanyň uly hajyby derejesine ýeten Söbüktegin esasy orny eýeläpdir. Ýeri gelende, Alpteginiň täze döwlet döretmegiň diňe maksatnamasyny miras galdyrandygyny, emma Gaznaly türkmen döwletiniň berk binýadyny goýmagyň we Hindistana ýörişler guramagyň kämil nusgasyny görkezmegiň, aslynda hut Söbüktegine degişli bolandygyny bellemelidiris. Gündogar ýurtlarynyň taryhyny öwrenen bellei alymlaryň ençemesi Gaznaly nesilşalygynyň öz gözbaşyny hut Söbükteginden alyp gaýdýandygyny tassyklaýarlar. Mysal üçin, täjik alymy akademik B.G.Gafurow özüniň «Täjikler» diýen işinde: «Taryhy çeşmelerde X asyrda Gaznalylar döwletini hakyky esaslandyryjy diýlip onuň özbaşdaklygyny üpjün eden Söbüktegin ykrar edilýär» diýip ýazýar. Akademikler A.E.Bertels, W.W.Bartold, K.E.Boswort we beýlekiler hem şeýle pikiri tekrarlaýarlar. B.G.Gafurow ýokarda agzalan işinde Söbükteginiň gelip çykyşy we irki terjimehaly barada XIV asyryň taryhçysy Muhammet Şabangaraýynyň «Majma al-ansab» («Şejereler ýygyndysy») atly eserinde aýdan şeýle maglumatlaryny getiripdir: «Söbüktegin Türküstanda mesgen tutan barshan diýen türkmen taýpasyndan bolupdyr. Ýaşlygynda Söbüktegin ýesir alnypdyr we dört ýyllap türkmenleriň tugsy taýpasynyň mallaryny bakypdyr, soňra bolsa ony Mawerannahrdan bolan täjire satypdyr». Barshan taýpasy gaýalaryň bir urugy bolupdyr. Bu urugyň adamlary yslyk kölüniň günortasynda ýerleşýän Barshan diýen şäherde we onuň töwereklerinde ýaşapdyrlar. Olar ýaşaýan ýerini özleriniň etniki ady hökmünde kabul edipdirler. Tugsy taýpasy babatynda aýdylanda bolsa, bu taýpa Ýediderýalygyň günorta-gündogarynda ýaşapdyr. Tugsular ýagma, gyryk taýpalary bilen birleşip, Çigil şäheriniň merkezini esaslandyrypdyrlar. Taryhy nukdaý nazardan garanyňda bu waka oguz iliniň dargaýan döwri bilen gabat gelýär. Söbükteginiň satylyşy hem hut şol döwürde — X asyryň ortalarynda bolup geçipdir. Onuň gaýa kowmuna degişlidigini tassyklap, Abylgazy: «Soltan Mahmyt Gaznalynyň atasy Söbüktegin Kaýy halkyndandyr, ony türkmenler ýesir edip, söwdagäre satdylar» diýip nygtaýar. Gaznaly döwletiniň taryhyny beýan eden Abylfazl Beýhakynyň «Mesgudyň taryhy» diýen meşhur kitabynda ýazmagyna görä, Söbükteginiň atasynyň ady Juk bolupdyr, ýöne ony Gara Bajkam diýip tutýan ekenler, çünki şol döwürde Merkezi Aziýadaky uly kelleli, ýogyn şahly gäwmişiň öküzine türküçe bažkam diýipdirler. Diýmek, gara bajkam gara gäwmiş diýen manyny beripdir. Ýeňiji we söweşjeň ruhly Gara Bajkamyň adyny bütin Türküstanda uly hormat bilen tutupdyrlar. Beýhaky Söbüktegini tuhsulardan Abdylmälik Nuh Samanynyň döwründe Nasr Çaşy atly söwdagäriň satyn alyp, Buhara getirendigini belleýär. Soňra Nasr Çaşy ony Nyşapura getiripdir. Nyzamylmülk şol şäherde Söbüktegini Samanylaryň sypahsalary Alpteginiň otuz gul bilen birlikde satyn alandygyny görkezýär. Beýhaky bolsa onuň otuz däl-de, üç gul bilen birlikde satyn alnyşy barada onuň özüniň başga bir kiäş aýdyp beren gürrüňini getiripdir. Onda, hususan, şeýle diýilýär: «Alpteginiň saraýyna gelip düşýänçäm, hojaýynym meni on üç guluň arasynda Jeýhundan bäri geçirdi we Şybyrgana, ol ýerden bolsa Guzganana alyp geldi. Häzirki emiriň atasy şol wagtlar Guzgananyň hökümdarydy. Biziň şonuň ýanyna getirdiler. Ol menden ýedi sany ýoldaşymy satyn aldy, meni we ýene bäşimizi saýlap almady. Hojaýynymyz Guzganandan Nyşapura süýrenip gitdi. Merwerrutda we Sarahsda ol ýene dört gulamy satdy. Men iki ýoldaşym bilen galdym. Maňa Söbüjtegin uzyn diýýärdiler. Tötänlikde hojaýynymy üç atynyň dyzlary sypjyryldy. Ondan öň Häkistara gelenimizde meniň münüp gelýän atymyň aýagy hem sypjyrylypdy. Hojaýyn meni gamçysy bilen mäkäm saýgylady, arkama bolsa eýer ýükledi. Men özümi satyn almaýandyklary üçin täleýimiň ters gelendiginden we betbagtlydygymdan ýanjanýardym. Hojaýymym bolsa meni Nyşapura çenli paýu-pyýada kowup äkitjekdigine ant içdi. Ol şeýdip hem getirdi. Men şol gije uly gaýgy-hasrata batyp ýatdym………...… ukudakam bagtymyň turjakdygy barada geň-enaýy düýş görüpdirin... Gijäniň ýarynda oýananymda turup, hudaýa şükür etdim-de, begnjimden ýaňa elli rekat dagy yzly-yzly namaz okadym. Jahan ýagtylananda hojaýynym oýanyp turdy-da ýene gamçylap başlady we «seni haýsy nyrhdan sorasalar, şoňa-da sataryn» diýip, ýene ant içdi. Men Nyşapura çenli iki menzil ýoly pyýada ýöräp geçdim. Alptegin Samanylaryň sypahsalary hökmünde köp sanly nökerleri bilen Nyşapurda bolýardy. Meni iki sany ýoldaşym bilen birlikde hojaýynymyz oňa satdy. Şondan soň hem, ine häzirki görüp durşuňyz ýaly derejäme ýetýänçäm, meniň başymdan örän köp gowgalar geçdi...». Ýaş gulamyň paýhasly we dogumly hereketleri turuwbaşdan Alpteginiň ünsüni biygtyýar özüne çekipdir. Şol sebäpli, onuň goşunda gulluk basgançaklary boýunça ýokary götermegi ötän çalt geçipdir. Nyzamylmülk «Syýasatnamasynda» Söbükteginiň terjimehalyna we onuň bilen baglanyşykly her dürli gürrüňlere hem-de hadysalara ençeme sahypa bagyşlapdyr. Olardan bir sanysynyň beýanyny işimizde getirmegi göwnejaý bildik: «Ol satyn alnandan üç gün geçip-geçmänkä gulamlar bilen birlikde Alpteginiň alnynda peýda bolupdyr. Onýança hajyp gelip, Alptegine: «Öňki wisakbaşy, pylan gulam amanadyny tabşyrdy. Indi sen şol çadyra, emläklere, topara we onuň mirasyna kimi eýe edip bellemekçi?» diýip sorapdyr. Alpteginiň nazary Söbüktegine düşüp, ol: — Men olary şu gulama ynanýaryn — diýipdir. Hajyp: — Eý möwlam, seniň bu gulamjygy satyn alanyňa üç günem-ä bolanok. Ol entek bir ýyllyk gullugynam geçenok, ýogsam beýle emeli eýelemek üçin ol ýedi ýyl gulluk etmeli ahyryn. Onsoň sen ony nädip oňa berjek? — diýip, geň galypdyr. Alptegin: — Men agzymdan sypdyrdym, gulamjygam eşidip tagzym etdi. Men peşgeş beren zadymy yzyna gaýdyp alamok — diýip, jogap beripdir. Şeýlelikde, oňa şol ölen wisakbaşynyň emlägini eçilipdirler. Soň Alptegin böwrüne diň salyp: «Ýedi ýyl gulluk edilip ýetilmeli emeli men nädip ýap-ýaňy satyn alnan gulama beräýdimkäm? Ähtimal, ol Türküstandaky ata-babalary boýunça asylly maşgaladan gelip çykan bolmagy mümkin ýa-da onuň bagty çüwüp, işi oňuna boljakdyr» diýip, öz ýanyndan oýlanypdyr. Ine, şonuň üçinem ol gulamy synap başlapdyr... Alptegin her gün synadygyça oňa syny oturypdyr, şonuň üçinem ol oňa miraplyk kärini beripdir, öz ýanynda gulluk etmegi emr edipdir, onuň toparyna on gulam berip, özüni hem gün geldikçe ulaldypdyr. Söbüktegin on sekizini dolduranynda eýýäm onuň toparynda men diýen iki ýüz gulam hyzmat edipdir. Ol Alpteginiň ähli gylyk-häsiýetlrini öwrilipdir». Şondan köp wagt geçmänkä, Alptegin Söbüktegini ýene ýokary çekipdir we oňa üç ýüz adamlyk topara baştutanlyk edilýän emeli beripdir. Üstesine-de, ol bu pähimli hem wepaly gulamyna öz gyzyny durmuşa çykarypdyr. Ýylba-ýyldan mertebesi belende göterilen Söbüktein Samanylaryň tagtyna Mansur ibn Nuh çykandan soň oňa we onuň mirasdarlaryna hem uly hyzmatlar görkezipdir. 976-njy ýylda ol hojaýyny Abu Yshak bilen Buharadan Gazna gelýär. Gaznanyň emiri piritegin öz ornuny Söbüktegine bermäge mejbur bolupdyr. Ibn Esir bu ukyply serkerdäniň gadyr-hormatynyň derejesini şeýle belleýär: «Bu ýyl (976 —B.G.) Söbüktegin Gaznany we oňa tabyn ýerleri basyp aldy. Ol aslynda samanlylaryň Gaznadaky goşunynyň serkerdesi Abu Yshak ibn Alpteginiň ýigitlerinden bolup, köp halatda işlerini hem şol dolandyrýardy. Emir Mansur ibn Nuh döwründe ol Abu Yshak bilen Buhara bardy. Emirler ony akylly, namysjaň, gaýratly we dürs garaýyşly adam hökmünde tanaýardylar. Söbüktegin Gazna dolanyp geldi. Emma Abu Yshak uzak wagt geçmänkä aradan çykdy. Abu Yshak aradan çykmanka, ýolbaşçylyk wezipesine öz öýünden, ne-de garyndaşlaryndan birini saýlady. Onuň esgerleri bir ýere jemlenip, Abu Yshagyň işini alyp gitjek we agyzlaryny bir etjek adam hakda pikirlendiler. Dürli pikirlerden soňra olaryň nazary Söbükteginde jemlendi. Söbükteginiň akylyny, dindarlygyny, gaýratlylygyny, haýyr işdäki kämilligini görenlerinde, ony özlerine öňbaşçy saýladylar, işleri şoňa tabşyrdylar we oňa wepalylyk kasamyny etdiler, Söbüktegine gulak asdylar. Şeýdip, Söbüktegin olaryň hökümdary boldy we olaryň işini kemsiz alyp bardy. Döwlet işlerini iň ýagşy syýasat bilen dolandyrdy. Halu-malda özüni edil olaryň biri ýaly alyp bardy. Her hepdede iki gezek özüne degişli mülk ýerden olar üçin azyk-owkatlyk getirerdi». Şuňa meňzeş maglumatlary biz Utbynyň kitabyndan hem okaýarys. Özara garşylyklaryň netijesinde samanylaryň häkimiýetiniň güýçden gaçmagy Söbükteginiň özbaşdak döwlet döretmegi üçin şert döredipdir. 977-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 20-sinde ol özüni Gaznanyň hökümdary diýip jar etdirýär we Gaznalylar neberesiniň düýbüni tutýar. Professor A.Ýu.Ýakubowskiý Gaznalylaryň gelip çykyşy baradaky möhüm ähmiýetli ýazgylarynda: «Gaznaly döwletiniň ähli zerur esaslaryny Söbüktegin goýupdyr» diýip, adalatly belleýär. Emma Söbüktegin hem Gaznanyň öňki hökümdarlary ýaly Samanylaryň raýaty bolýar. Ol zikgeledip çykardýan pullarynda Samany hökümdary Nuh bin Mansur II (976-997) ady bilen öz adyny bile ýazdyrypdyr, metjitlerde onuň adyna hutba okadypdyr. Söbüktegin Gaznany eýeländen soňra, töweregindäki yslamy kabul etmedik welaýatlara aýgytly daramaklygy niýetine düwýär. Ýöne, ol, ilkinji ýörişini Bust tarapa gitmekden başlapdyr. Çünki, uly emirleriň biri... Ýöne, ol ilkinji ýörişini Bust tarapa gitmekden başlapdyr. Çünki uly emirleriň biri, Bustuň häkimi Tugan ondan ýardam-kömek isläp gelipdir. Samanlylaryň hajyby Begtozanyň güýçli çaknyşykdan soňra Bust şäherini eýeläp, Tugany olardan çykarmagy muňa sebäp bolupdy. Söbüktegin eden kömegi üçin belli bir möçberdäki baýlygy we özüne boýun bolmagy Tugandan talap edipdir. Ol agyr söweşe girip, Begtozany ýeňlişe sezewar edýär. Begtozan Söbükteginiň ýanyna aman diläp geleninde, ol oňa harby ýitgileriň deregine mal tölemekligi oglanlaryny girew goýmaklygy, onuň erkine boýun bolmaklygy, özüniň oňa hyzmat etjekdigi we zerur bolan wagtynda mal kömegini berjekdigi barada kasam etdirtdi. Tugan öz ýurduny gaýdyp alyp, karar tapýar, emma ýagdaýlar durgunlaşandan soň, onuň ýüreginde wadasyny berjaý etmezlik meýli döreýär. Söbüktegin Tugany dyza çökerip, Busty doly öz ygtyýaryna geçirýär. Begtozan bilen Tugan Kerman we Seýistan welaýatlaryna gaçyp gidýärler. Mundan soňra Söbüktegin Kusdara ýöriş edýär. Çünki, bu welaýatyň merkezden uzaklygyna, oňa baryp gelmegiň, ýollarynyň agyrdygyna bil baglap, bu ýeriň häkimi Söbüktegine boýun bolmakdan ýüz dönderipdir. Söbüktegin goşun çekip Kusdary hem eýeleýär. Onuň adyna münberlerden hutba okalyp başlanýar. Söbüktegin şol wakalardan soň Hindistanyň çäklerini eýelemegi niýetine düwüpdir. Utbynyň sözleri bilen aýdanymyzda «Ol Hindistana beýik Taňrynyň sogabyny gazanmak ugrunda ýörişler etmeklige ähli güýç-kuwwaty bilen beripdi. Bu emir Hindistany yslam ýoluna girizmekden Allatagala ýakynlyk tapmak maksadyny yzarlaýardy we ol egri ýoldaky adamlary Taňrynyň dürs ýoluna dogrulamak bilen ondan sogap hantamady. Ol bu ýurtda özüniň hökümdarlygyny ýöretdi we bu ýurtda öz pikirine raýdaşlyk bildirenleri sütemden, azapdan azat etdi». Ol galalary zabt edip eýeleýärdi. Ylaýta-da hindileriň mäkäm galalarynyň biri bolan Mugan ugrundaky söweş gazaply boldy. Hindiler patyşasy Jibal Söbükteginiň öz ýurdunyň çar tarapyny basyp alandygyny göreninden soň, onuň bilen hasaplaşmak üçin ýüz müň sany esger we köp sanly söweşiji pil bilen urşa ugrapdyr. Ol yslam welaýatlaryna golaý baranynda Söbüktegin uly goşun bilen onuň garşysyndan çykypdyr we söweşe giripdir. Bu uly söweşde taraplaryň ikisi hem mertlik bilen birnäçe gün urşupdyrlar. Ençeme türkmen merdanalary, aýratyn-da hökümdaryň ogly Abylkasym Mahmyt edermenligiň, gujur-gaýratlylygyň, ugurtapyjylygyň ajaýyp nusgalaryny görkezipdirler. «Döwletiň sag goly, milletiň ynamy bolan Mahmyt Gaznaly Gaznadan goşuny bilen gazawata çykdy. Ol ýolbars, ýyrtyjy bürgüt, jan alyjy Ezraýyl ýalydy, kynçylyklardan gorkmaýardy, özüniň kemsidilmegine ýol bermeýärdi, özüni aklaýan ýaraşykdan başga ýaraşyk islemeýärdi we diňe şerigatda rugsat berlen göreşi alyp barýardy» diýip, Utby onuň tarypyny ýetirýär. Uzak wagtlap bolan dynuwsyz garpyşykdan soň, hindiler ysgyndan gaçyp, ahyry ýan beripdirler. Gaty köp baýlyk we adamlar ýesir alnypdyr. Hindiler Mugan söweşinden soň örän pese düşüpdirler. Söbüktegin şondan soňra Hindistana içgin aralaşmandyr. Onuň döwletiniň güýç-kuwwaty artyp, owganlylar we halaçlylar hem onuň düzümine girizilipdir. Gurly türkmenleriň oturan ýerleriniň daglyk bolandygy üçin, araplar Guruň jümmüşine aralaşyp bilmändirler. Samany serkerdeleri hem diňe Haýsar we Tulak galalaryna çenli ýerleri eýeläpdirler. Emma Söbüktegin Guruň ähli galalaryny eýeläpdir. 987-nji ýylda ýurduň dürli ýerlerinde Samanogullarynyň hökümdarlygyna garşy gozgalaňlar turýar. Samanylaryň hökümdary Nuh bin Mansur kyn ýagdaýa düşýär. Horasanyň häkimi Abu Aly Muhammet Simjür Buhara hökümetiniň Hyradyň häkimi Abylkasym Faýyk Hassa artykmaç hormat goýýanlygyndan nägile bolýardy. Olaryň ikisi-de ýokary häkimiýetden hantama bolup, pitne turuzýarlar we özara çaknyşýarlar. Buşenç diýen ýerde bolan çaknyşyk netijesinde Faýyk ýeňlip, Merwerruda gaçýar. Abu Aly Buhara gidip, özüniň hereketlerini düşündirip, bagyşlanmagyny sorapdyr we oňa doly boýun egýändigini aýdypdyr. Buhara hökümeti we ýeňijiniň ötünjini kabul etmäge mejbur bolupdyr we ony Nyşapur, Hyrat we Kuhystan welaýatlarynyň emiri diýip tassyklapdyr. Oňa «Umeddöwle» («Döwletiň sütüni») diýlen dereje hem berlipdir. Abu Aly agzalan welaýatlaryň doly hökümdaryna öwrülipdir we öz goşunlarynyň talaplaryny bahanalap, ähli girdejileri, hatda döwlet mülklerinden girýän girdejileri hem öz haýryna geçiripdir. Faýygyň bolsa Buşenç çaknyşygyndan soňky düşen ýagdaýyny Utby şeýle görkezýär: «Faýyk ütülen towuk ýaly haldady, goşuny bolsa dagamagyň öň ýanyndady. Ol Merwerrutda mesgen tutdy. Esgerleriniň arasynda onuň uruşda basylandygy baradaky gürrüňler ýaýrapdy. Söweşde onuň goşuny bölünipdi we esgerleriniň bir bölegi ýesir düşüpdi. Faýyk goşunynyň galan bölegini jemledi we jan çekip söweşdi. Ol maslahatlaşmazdan we töwerege gözegçilik etmezden Buhara tarap ýöremek isledi. Ol Buhara ýakyn gelende, sähra giňişliginde uly serkerdeler Anj Hajyp, Begtozan Hajyp we atasynyň orunbasarlary onuň üstüne çozdular. Bu çaknyşma güýç taýdan deň bolmadyk söweşe aýlandy. Olar dişlerini gyjap ýapyşdylar. Ol gorkudan ýaňa çar tarapa at saldy. Olar onuň goşunyny derbi-dagyn etdiler, esgerlerini ýesir aldylar we olara zulum görkezdiler. Fatyk goşunynyň heläk bolandygyny bilip, özüni halas etmek üçin Balha tarap gaçdy. Ol bu ýerde birnäçe gün boldy, soňra Termize gitdi». Nuh bin Mansuryň buýarmagy bilen Guzgananyň emiri, Mahmydyň gaýyn atasy Abylhars Ahmet ibn Muhammet Perigun türkilerden we araplardan goşun jemläp, Faýygyň yzyndan kowup gidýär. Emma garpyşykda ýeňlip, onuň bilen Balhda hökümdarlyk edýän saganyýanlaryň şasy Tahyr bin Fazla garşy ýaranlyk baglaşýar. Balh goralýan wagtynda Tahyr öldürilenden soň onuň goşunlary gaçmaga ýüz urýarlar. Mawerannahrda bolup geçen ganly wakalaryň netijesinde Samany döwletiniň kuwwaty juda pese gaçdy, kanunlary bozuldy. Döwlet doly dagap, şol wagt demirgazyk serhetlerine ýakyn gelen garahanly türkmenleriň ýeňil oljasyna öwrülmekligiň öň ýanynda durdy. Bugra han hiç hili garşylyk görmezden diýen ýaly Mawerannahryň serhetlerine geleninde, Abu Aly onuň bilen Samanylaryň ýerlerini bölüşmek barada gizlin ýaraşyk baglaşdy. Ýaraşyk boýunça Bugra han Mawerannahry eýelemelidi, Jeýhundan günortadaky welaýatlar bolsa Abu Alynyň häkimligi astynda galdyrylmalydy. Bugra han tiz hereket edýärdi. Nuh onuň garşysyna Anjyň baştutanlygynda agyr ýygyn iberdi. Ýöne ol goşun ýeňlip Anj we onuň birnäçe serkerdesi ýesir düşýär. Şeýle ýagdaýda Buhara hökümeti döwleti diňe Faýyk halas edip biler diýen pikir bilen onuň günäsini geçip, paýtagta çagyrypdyr. Buharada dabaraly garşylanan Faýyk duşmanyň hüjümini serpikdirmek üçin Samarkanda iberilipdir. Harçeňiň ýanyndaky söweşde onuň goşunlary çym-pytrak edilýär. Nuh ýaranlary bilen paýtagty taşlamaly bolupdyr we derýanyň günorta kenaryna geçip, Amula özüni atypdyr. 993-nji ýylyň Magtymguly aýynda «Bugra han Şyhabeddöwle» Harun ibn Süleýman Ilek Buhara şäherini eýeledi». Faýyk bolsa Samanylar neberesiniň mülküne eýe bolmak üçin Bugra han bilen gizlinlikde baglaşyp, ähtnama oňa tabyn bolupdyr we Termiziň hem Balhyň emiri edilip bellenilipdir. Şol wagtda bolsa Nuh Amulda goşun toplap, Horezmden Abdylla bin Muhammet bin Uzaýry çagyrypdyr we ony özüniň weziri edip belläpdir. Nuh Abu Ala çapar ýollap, onuň özüni goldamagyny we buýrugyna boýun bolmagyny tabşyrýar. Emma Abu Aly öňküsi ýaly hökümdaryna kömege gelmekden ýüz dönderipdir. Ýöne, şol bir wagtda Abu Aly bilen Bugra hanyň arasyna sowuklyk düşýär, sebäbi Bugra han Buharada berkleşip, Samanylaryň ýerlerini paýlaşmak baradaky şertnamany bozupdyr. Şuňa görä, Abu Aly ahyr soňy öz goşuny bilen Nuha birleşmäge göwnäpdir. Ýöne Nuh özüniň boýun egmezek emirinden kömeksiz. 993-nji ýylyň Sanjar aýynyň 17-sinde Buhara dolanyp gelmegi başarypdyr. Bugra han Buharada agyr kesele ýolugyp Türküstana gaýdanda, ýolda ýogalypdyr. Şeýlelikde, samanylaryň häkimiýeti ýene (hiç bolmanda Zerawşan jülgesinde) dikeldilipdir. Faýyk ýaranyndan mahrum bolanyndan soň, her niçik-de bolsa Buharany eýelemek üçin ýöriş gurapdyr. Ýöne Nuhuň goşunlary bilen bolan dartgynly söweşde basylyp, Merwe tarap gidipdir. Merwden ol öňki duşmany Abu Ala özüniň kömegini teklip edip, ikisi ýaranlyk baglaşypdyr. Buhara hökümeti ozal özüniň tabynlygynda bolan güýçli emirleriň bu ýaranlygyna garşy göreşmek üçin henize çenli bu wakalara gatnaşmadyk üçünji bir emire ýüz tutmakdann başga serişde görmändir. Şonuň üçin 384-nji hijri (994-nji milady) ýylynda Nuh Owganystandaky we Hindistandaky ýeňişleri bilen şöhratlanan Söbüktegini Mawerannahra çagyrýar. Söbüktegin bolsa öz häkimiýetini pugtalandyrmak üçin galagoply, bulaşyk wagtdan peýdalanypdyr. Olar Amulyň golaýyndaky Keşde duşuşypdyrlar. Bu duşuşygy we onuň netijelerini Utby çeperlik bilen şeýle şöhlelendiripdir: «Razy bolsa Keş obasyna gelip düşledi. Emir Söbüktegin hem bu ýere gelip ýetişdi. Olar bu ýerde söweş ýaraglaryny, atlaryny we esgerlerini ykjam taýýarlap duşuşdylar. Tazy ýaşlygy sebäpli emir Söbüktegine uly hormat goýýardy we düzgün boýunça oňa tagzym edýärdi. Onuň ýardam we üns bermekliginiň päk ýürekden bolandygy sebäpli, ondan emiriň göwni suw içipdi we oňa geçirimlilik edipdi... Razy mülküniň ykbaly barada howsala düşýärdi. Razy onuň bilen hormat-tagzym edip görüşdi. Heniz owazy eşidilmedik ajaýyp bir dabara bolup geçdi. Emir Razy onuň bu ýere gelmegi mynasybetli kabul edişligi ýokary derejede gurnamaklygy we bu dabara wezir-wekilleriniň hem gtnaşmagyny buýurdy. Ol oňa özüne Faýygyň we Abu Alynyň kast edýändiginden şikaýat etdi. Olaryň bu hyýanatçylygyna garşy uruş etmekligiň maksada laýykdygyny aýtdy. Çünki, Buharada adamlar tolgunýardylar». Duşuşyk wagtynda Söbüktegin Nuha özüniň wepalydygyna kasam edýär we onuň duşmanlaryna garşy göreşinde ýardam-kömek etmeklige borçlanýar. Olaryň işlerini tertip-düzgüne salmaklyk emir Abu Mansur Söbükteginiň jogapkärçiligine ýüklenildi. Nuh Horasany dolandyrmagy hem Söbüktegine tabşyrdy. Ýeri gelende bir hakykaty bellemelidiris, ýagny, Söbüktegin samanylaryň hyzmatkäri derejesinde bolanynda-da özüni erkin duýup bilýärdi, çünki samanlylar öz döwletiniň halys ysgyndan gaçandygyny görüp-bilip durka özleriniň «wepadar harby başlygy» hasaplanýan bu türkmen serkerdesiniň hemmeleriň gözüniň öňünde aç-açan garaşsyz döwlet gurýandygyna gözlerini ýummaly boldular. Söbükteginiň eýýäm şol işlerinde onuň yktybarly daýanjy ýaşlygyna garamazdan dogumly ogly Abylkasym Mahmyt bolupdy. Söbüktegin ony özüniň syýasatynyň ähli ugurlary boýunça güýçli we zehinli orunbasary edip taýýarlapdy. Nuh bin Mansur Amulda bolan wagtynda Horezmşa bilen Gürgenjiň emiri oňa ýardam edipdirler. Ol olaryň birinjisine sylag hökmünde Abywerdi, ikinjisine — Nusaýy mülk edip beripdir. Aslynda Horasanyň bu iki şäheri Abu Alynyň häkimligi astyndady. Nuh bu usul bilen Abu Ala täze garşydaşlar döretjek bolan bolara çemesi. Abu Aly Nusaýy meýletin beripdir, emma Horezmşanyň wekilini Abywerde goýbermekden aýgytly ýüz dönderipdir. Şunluk bilen ol Horezm döwletleriniň ikisiniň arasynda şonsuz hem bar bolan dawa-jenjeli güýçlendiripdir we bular tarapyndan özüne abandyrylýan her dürli howpy aradan aýrypdyr. Nuh bilen Söbükteginiň bilelikde hereket etjekdigi baradaky habarlar Abu Aly bilen Faýyga baryp ýetende, olar Deýlemiň goşunbaşysy, Pars we Huzystan welaýatlarynyň hökümdary Fahreddöwle Aly bin Buweýhden kömek sorapdyr. Ol bularyň ýardamyna uly goşun iberipdir. Harby hereketler Horasanda bolup geçipdir. Hyrat töwereklerinde Nuhuň we Söbükteginiň goşunlaryna Guzganyň we Garjystanyň emirleriniň leşgerleri hem goşulypdyrlar. Abu Alynyň ýarany bolan Gürgeniň emiri Dara bin Kabus ibn Nuhuň tarapyna edil söweş wagtynda geçipdir. Şondan soňra bu söweş samanly goşunlarynyň doly ýeňşi bilen tamamlanypdyr. Beýhakynyň ýazmagyna görä, Nuh Nyşapury eýeländen soň, oňa we Horasan esgerlerine Mahmyt ibn Söbüktegini sypahsalar belläpdir. Söweşde gazanylan ajaýyp ýeňşi üçin Mahmyda Seýfeddöwle (döwlet gylyjy) derejesi, Söbüktegine bolsa Nasyreddöwle (döwlet ýardamçysy) derejesi berlipdir. Abu Alynyň ornuny eýelän Mahmyt Horasanda rahatlygy we howpsuzlygy dikeltmek üçin zerur bolan çäreleri durmuşa geçiripdir. Abu Aly Simjury doganlary we Faýyk bilen uly goşun toplap Hyratda jemlenipdiler. 994-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 23-ünde Hyradyň eteginde Buharanyň goşunlary bilen bolan söweşde Abu Aly ýeňlip, Nyşapura baryp yza çekilýär. Abylhars Farigun we Söbüktegin şol ýylyň Bitaraplyk aýynyň 6-synda Nyşapura ugraýarlar. Abu Aly Simjury bilen Faýyk bolsa olardan gaçyp Gürgene tarap süýşüpdirler we şol ýerde ýerleşipdirler. Olar buweýhlileriň eýeleýän ýerlerinde gaçybatalga tapypdyrlar. Olar buweýhlileriň eýeleýän ýerlerinde gaçybatalga tapypdyrlar; olara Gürgen welaýatynyň girdejileriniň bir bölegi berlipdir, ýöne mundan beýläk goldamakdan aýgytly ýüz dönderlipdir. 385-nji hijri (995-nji milady) ýylynyň Baýdak aýynda Faýyk bilen Abu Aly ýene Horasana hüjüm etmegi karar edýärler. Olara we başga-da goşunlaryny ýeňip, Nyşapury, Tusy we başga-da birnäçe şäherleri eýelemek başardýar. Ýöne pitneçileriň hiç biri hem gutarnykly üstünlige bil baglap bilmändirler. Olaryň her biri aýratynlykda Buhara hökümeti bilen gatnaşyga girmäge we hut özüniň günäsiniň ötülmegini gazanmaga jan edipdir. Tusuň töwereklerinde bolan aýgytly söweşde Söbüktegin, Mahmyt we olaryň ýaranlary doly ýeňiş gazanýarlar. Bu barada: «Söbüktegin esgerlerini jemledi. Abu Alynyň üstüne gitdiler. Dört tirkeşigiň dördünji aýynda Tusda duşuşdylar we şol günüň özünde söweşe girdiler. Mahmyt ibn Söbükteginiň örän agyr goşun bilen arkadan urmagy Abu Aly bilen Faýygyň ýeňlip gaçmagyna, örän köp ýoldaşlarynyň, adamlarynyň bolsa öldürilmegine sebäp boldy» diýip, Ibn Esir ýazýar. Esasy pitneçileriň ikisi hem ilki Abywerde, soňra Sarahsa gaçýarlar, ol ýerden bolsa Söbüktegin bilen Mahmydyň özleriniň köp sanly leşgerleri bilen çölüň üstünden çalt geçip bilmejekdiklerinden peýdalanyp, Amula gidýärler. Amuldan olar Nuhuň rehimlidigine bil baglap, Buhara ilçilerini ýollaýarlar; Buhara hökümeti Faýygyň haýyşyna aýgytly boýun gaçysma bilen jogap berýär. Abu Ala günäsiniň ötüljekdigi barada söz berlipdir. Oňa Gürgenje gidip, ol ýerde emir Abylapbas Mamun bin Muhammediň ygtyýaryna galmagy höküm edilipdir. Şunlukda hökümetiň pitneçileriň güýçlerini bir-birinden aýyrmak babatdaky maksady hasyl bolupdyr. Abu Aly günäsi ötülenden soňra, Jeýhunyň kenary bilen Horezme gidipdir. Ýaransyz, ýeke galdyrylan Faýyk Nuhuň razylygyny almazdan Mawerannahra gitmegi karar edipdir. Begtozan hajybyň başlyklygynda oňa garşy iberilen topar ony Nesefiň golaýynda garşylapdyr, çaknyşykda iki tarap hem güýçden gaçypdyr. Şondan soňra Faýyk sag-aman Mawerannahra aşyp, garahanlylar tarapyndan hormat-sylag bilen garşy alynýar. Abu Alynyň harby topary bolsa 386-njy hijri (996-njy milady) ýylynyň Ruhnama aýynyň 19-ynda Horezmiň günbatarynda ýerleşýän Hazarasp diýen obada Abu Abdylla Horezmşanyň iberen esgerleriniň hüjümine sezewar bolýar. Abu alyny we onuň görnükli adamlaryny ýesir alýarlar. Bu wakany XI asyryň pars taryhçysy Gardyzy «Ýagşy habarlar» diýen kitabynda şeýle beýan edipdir: «Abu Aly Simjury Horezme tarap ugrady. Ol Hazaraspa ýeteninde bir baglykda düşledi. Abu Abdylla Horezmşanyň ynanylan adamlary onuň ýanyna gije ýatalgalyga ýer gurnamak bahanasy bilen gelip, «Ertir Horezmşanyň özi hem geler» diýip aýtdylar. Adamlar uka gidenlerinde Horezmliler olaryň ýatalgalaryna girip, Abu Alyny tutup, ellerini bagladylar-da Horezme äkitdiler we şol ýerde sakladylar. Gürgenç bilen Horezmiň (Kätiň) ýaşaýjylarynyň arasynda ir eýýamdan bäri duşmançylyk bardy we Gürgenjiň emiri Mamun Horezme goşun iberdi. Olar söweşdiler, Abu Abdylla horezmşany ýesir aldylar, Abu Aly Simjuryny zyndandan çykardylar we hemmesini Gürgenje äkitdiler, horezmşanyň adyny bolsa Abu Aly Mamun ibn Muhammede dakdylar. Mamun Abu Ala salykatly çemeleşdi, oňa köp pul berdi we Abu Alynyň ýagdaýy gowulaşdy. Mamun Abu Abdylla Horezmşany Abu Alynyň gözüniň öňünde öldüripdir. Bu wakalardan soňra, Mamunyň töwella-tagsyry bilen Buhara hökümetiniň Abu Aly Simjury bilen ýaraşygy gazanylýar. Abu Aly Buhara gelip, wezir Abdylla bin Uzeýr, Begtozan hajyp we samanylaryň birnäçe beýleki ýokary wezipeli emeldarlary tarapyndan dabaraly garşy alynýar. Ony Nuhuň özi hem Registandaky köşgünde kabul edipdir. Emma soňra näbelli sebäplere görä, ony we onuň doganlaryndan hem-de harby serkerdelerinden 18 adamy Nuhuň buýurmasy boýunça Buhara zyndanyn taşlaýarlar. Şol ýylyň garahanly türkmenleriň täze çozuşy bolup geçýär. Mawerannahryň diňe bir bölegine eýelik edýän Nuh garahanlylaryň garşysyna köp sanly goşun iberip biljek däldi we şonuň üçin ol Abu Mansur Söbükteginiň kömegine daýanmaly boldy. Nuh şeýle hem edipdir. Nuh şol wagtda Merwden Balha baran Söbüktegine Nuhuň haty gelip gowuşýar. Onda Eýlik hany beýik wezipeden düşürmekligiň möhümligi aýdylýardy. Ondan bu işiň jogapkärçiligini öz üstüne almaklygy soralýardy. Eýligiň eden ýaramaz işleriniň köpdügi aýdylýardy. Döwleti janlandyrmak, onuň mülküni abat saklamak we oňa eýeçilik gözi bilen garamak ýaly meseleler öňe sürülýärdi. Söbüktegin Nuhuň çakylygyny alandan soň, köp sanly goşun bilen Mawerannahra gidýär. Keş bilen Nesefiň arasynda ötenden soň, olara golaý Zary diýlip at berilýän ýerde oňa Jüzjanyň, Saganyýanyň, Huttalyň hem Horasanyň beýleki ýerlerinden häkimler leşgerleri bilen gelip goşulypdyrlar. Emir Mahmyt hem Nyşapurdan gelip ýetişipdir. Söbüktegin Nuhuň hem öz goşunlary bilen gelip, oňa goşulmagyny talap edipdir. Emma wezir Abdylla bin Uzaýr Nuhy samanylaryň baştutanyň özüniň ygtyýaryndaky ejiz harby topary bilen Söbükteginiň köpsanly goşunlaryna goşulmagynyň tagt üçin kemsidilme boljakdygyna ynandyrypdyr. Munuň netijesinde Nuh Söbükteginiň talabyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrypdyr. Söbüktegin Buhara öz ogly Mahmydyň we doganynyň ogly Bugrajygyň baştutanlygynda 20 müňe golaý adamlyk harby topar iberýär. Munuň özi samanlylaryň hökümetini ähli eglişiklere gitmäge mejbur etmek üçin aňry ýany bilen ýeterlikdi. Garahanlylar duran ýerlerinden yza süýşürilenden soň, Abdylla bin Uzaýr wezipesinden düşürilip, Söbükteginiň ygtyýaryna berilýär. Onuň bilen birlikde Abu Aly, onuň hajyby Ilmeň we beýleki görnükli adamlarynyň birnäçesi tutulyp, Gardyz galasyndaky zyndana salynýar. Wezir edilip Söbükteginiň tarapdary Abu Nasr Ahmet bin Muhammet bin Abu Zeýt bellenilipdir. Söbükteginiň we Mahmydyň gatnaşmagynda Buharanyň alkymynda Eýlik han bilen ýaraşyk baglaşylypdyr. Onuň şerti boýunça Katwan çöli samanlylar bilen garahanlylaryň eýeleýän ýerleriniň araçägi diýlip ykrar edilipdir. Şunlukda, Seýhunyň bütin jülgesi garahanlylaryň häkimligi astynda galypdyr. Eýlik hanyň islegi boýunça Faýyk Samarkandyň emiri edilip bellenilipdir. Şol wakalardan soňra Söbüktegin Balha, Mahmyt bolsa Horasanyň paýtagty Nyşapura gaýdypdyrlar. Söbüktegin, elbetde, Jeýhundan günortadaky ähli welaýatlaryň doly ygtyýarly hojaýyny bolup galypdyr we Nuh indi Horasanda bolup geçýän wakalara gatyşmandyr. Mawerannahrda wezir Abu Nasr tertip-nyzamy dikeltmek üçin yhlas edipdir we «Gany gan bilen ýuwupdyr». Ýöne ol wezirligine bäş aý dolanda özüniň gozgalaň turzan gulamlary tarapyndan öldürilipdir. Wezirlige Söbükteginiň razylygy bilen Abylmuzapbar bin Muhammet bin Ybraýym al Bargaşy bellenilýär. Nuh 387-nji hijri (997-nji milady) ýylynyň Gorkut aýynyň 23-nde aradan çykýar. Onuň ýerine tagta çykan Abylhars Mansur bin Nuh belent mertebeliligi, akyllylygy, işeňňirligi bilen tapawutlanypdyr we birnäçe wagtda talap edijilik bilen öz eýeleýän ýerlerinde berk tertip-düzgüni dikeldipdir, emma indi nesilşalygy dargamakdan halas etmek asla mümkin däldi. Häkimiýet Faýyk bilen wezir Bargaşynyň ellerinde jemlenipdi. Abu Aly, Ilmeňli hajyp we olaryň tarapdarlary Söbükteginiň zamanynda wepat bolupdylar. Söbüktegin 387-nji hijri (997-nji milady) ýylynyň Alp Arslan aýynda Hindistana etjek ýörişiniň öň ýanynda Balhda dünýäden ötüpdir. Onuň jaýlanan ýeri barada Ibn Esir öz kitabynda iki hili maglumat berýär. Birinjisinde: «Ol Balhda ýaşaýardy we bu ýerde köşk, howply hem-de ençeme jaýlar gurupdy. Ol bu ýerde syrkawlady. Söbükteginiň bu derdi uzaga çekdi. Gaznanyň howasyna teşne bolup, Balhdan ol ýere ugrady. Barmaly ýerine ýetmänkä, ýolda dünýäden ötdi. Onuň jesedi Gazna getirildi we şol ýerde hem jaýlanyldy. Onuň patyşalyk mütdeti ýigrimi ýyldyr» diýip ýazsa, ikinji habarynda: «Mahmyt Horasan goşunlaryna serkerdelik etmegi (998 —B.G.) dogany Nasra tabşyryp, ony samanlylar döwründe Simjur neberesiniň eden işini bitirmek üçin Nyşapurda galdyrdy. Özi bolsa atasynyň jaýlanan ýeri Balha gitdi we ol ýeri paýtagt diýip yglan etdi. Horasandaky Farigun neberesi, Gürgen häkimleri ýaly birnäçe toparlar onuň hökümine tabyndyklaryny bildirdiler» diýip görkezýär. Elbetde, bir adamyň jesediniň iki ýerde jaýlanmagy geň zat. Biziň pikirimizçe, Söbükteginiň jesedi ilki, ýazaryň aýdyşy ýaly, Gaznada (onuň golaýynda ýogalandygy üçin), soňra bolsa düýpli bir sebäbe görä Balha äkidilip, şol ýerde depin edilen bolarly. Söbüktegin ugurtapyjylygy we başarjaňlygy bilen Gaznaly döwletiniň günbatar serhedini Sistana çenli, gündogaryny owganlaryň Gur welaýatyna çenli giňeldipdi. Ol 994-nji ýylda Horasanyň hökümdary bolandan soň, musulman dünýäsinde döräp garaşsyz türkmen döwletiniň hökümdary diýlip yglan edilipdir. Döwrüniň ýazarlary Söbüktegine beýik türkmen serkerdesi, kämil döwlet baştutany we ynsanperwer adam hökmünde ýokary baha beripdirler. Mysal üçin, Utby: «Ol gözsüz batyrlygy, baýlygy we söweşjeň ruhy bilen döwletiň sütünidi, düşbidi we onda uly güýç-gaýrat bardy» diýip ýazsa, Ibn Esir: «Söbüktegin örän adalatly, haýry-yhsany köp, aşa köp jihat ediji, ýagşy yktykatly, kämil gaýratly, beren sözüne wepaly, munuň üstesine hem, öýüne Taňrynyň hereketi eçilen ynsandy» diýip, onuň tarypynyň üstüni ýetirýär. Söbüktegin özünden soň patyşalygyň ozal mirasdüşer bellän kiçi ogly Ysmaýyla berilmegini wesúet edipdir. Esgerler Ysmaýylyň (997-998) patyşadygyny ykrar edipdirler we oňa wepaly bolmaga kasam edipdirler. Ysmaýyl bolsa atasynyň ýasyny tutandan soňra, Gaznaly döwletiniň tagtyna çykyp, möhür basylan hazynalaryň agzyny açmaklygy buýrupdyr. Esgerler onuň döelet işlerine ejizdiginden peýdalanyp, tä iň soňky derejä ýetýänçä, oňa atasyndan miras galan hazynalaryny ýele sowrupdyrlar. Söbükteginiň başlan birnäçe işleri Ysmaýylyň döwründe rowaç almandyr. Hatda atasynyň bina edip başlan ymaratlarynyň, şol sanda «Sählabat» köşgüniň gurluşygy hem togtadylypdyr. Bu barada Utby şeýle diýip görkezýär; «Ol (Söbüktegin —B.G.) ömrüniň ahyrynda «Sählabat» atly köşgi salmaklyga köp yhlas etdi, onuň gurluşygyna köp harajat çykardy. Ony tamamlamak we onda kazasy doldy. Onuň bu işini ogly dowam etdirdi. Soňra ony ünsden düşürdiler. Ol köşk harabalyga döndi». Gaznaly türkmen döwletini gurmagyň ilkinji kerpijini goýan hökümdar hökmünde Söbükteginiň türkmen halkynyň taryhynda tutýan orny uludyr. Onuň başlan möhüm ähmiýetli uly ogly Abylkasym Mahmyt mynasyp dowam etdirdi we başarjaňlyk bilen öldürdi. Baýramdurdy GURBANOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |