GAZNALY TÜRKMEN DÖWLETINIÑ DÖREÝŞI WE ÖSÜŞI
▶ GAZNALY TÜRKMEN DÖWLETINIŇ DÖREÝIŞ ŞERTLERI
Taryhyň haýsy eýýamyndan galan taryhy çeşmeleri okasaň, wakalaryň jümmüşinde dal bedewini arladyp, Tuguny pasyrdadyp türkmen halky bardyr! Türkmen halky Allatagalanyň keremi bilen mydama beýik döwletler gurup, döwran sürüpdir, pelegiň gerdişi bilen döwleti synyp, agyr külpetler başyna düşeninde hem serini belent tutup, ýene döwrüň belentligine galmagy başarypdyr. Türkmen halkynyň Allanyň ýalkan halkydygyna ynamym mizemezdir!
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy.
◆ ◆ ◆
Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamasynda: «Türkmen ruhunyň üçünji eýýamy X-XVI asyrlary öz içine aldy. Bu döwür diňe bir türkmen gylyjynyň däl, eýsem türkmen ruhunyň hem dünýä çykan eýýamydy. Bu döwrüň beýik türkmen döwletleriniň dünýä ýaň salan eýýamydygyny dünýä taryhy tassyklaýar» diýip görkezdi. Irki orta asyrlarda dünýä ýaň salan şeýle türkmen döwletleriniň ilkinjileriniň hatarynda Gaznalylar kabylasynyň döreden imperiýasy (962-1186) durýar. Beýik Serdarymyzyň ýazyşy ýaly: «Bu döwleti esaslandyranlar Oguz hanyň iň uly agtygy gaýadan gaýdan nesillerden bolup..., Gazna döwletini esaslandyran, döwleti döwlet eden soltan Mahmyt Gaznalydyr» .
Gaznaly türkmen döwletiniň döreýşi, taryhy nukdaý nazardan alanymyzda oguz iliniň böleklere bölünen döwri bilen gabat gelýär. Hywa hany Abylgazy Bahadur hanyň (1603-1664) «Türkmenleriň nesil daragty» (Şejere-ýe terakeme) diýen meşhur eserinde ýazmagyna görä, şu döwürde oguz illeri bir-biri bilen ýagy bolup, çapyşardylar, ýesir alardylar. Özlerinden artan ýesirleri Mawerannahryň söwdagärlerine satdylar» . Şunuň ýaly özara uruşlar netijesinde gaýalaryň (kaýylaryň) esasy bölegi Horasana göçüpdir.
Eýsem Gaznaly türkmen döwleti nähili şertlerde esaslandyrylypdyr, onuň sebäpleri nämeden ybarat bolupdyr. Bu meseleleri aýdyňlaşdyrmak üçin ozaly bilen Bagdat halypalygynyň (750-1258) we aýratyn-da, onuň hakyky perzendi bolan Samanylar döwletiniň (819-1005) ýaşan döwrüne göz aýlamak maksadalaýyk gelýär, çünki Gaznaly döwleti hut samany nesilşalygynyň eýelik eden çäklerinde ýüze çykýar.
Musulman dünýäsiniň taryhynyň 700 ýylyny öz içine alýan IX-XII, şeýle hem XIV-XVI asyrlary yslam taryhynda şöhratly döwür hasap edilýär. Çünki, bu döwürde musulman ymmaty, türkmen halkynyň hyzmaty bilen ylym-bilimiň, medeniýetiň, sungatyň hem-de öndüriji güýçleriň ösüş derejesi boýunça Ýer togalagynyň beýleki sebitlerinden öňe geçdi we şol döwürde dünýäniň ähli ugurlary boýunça ösüşini kesgitledi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasyndan mälim bolşy ýaly, yslam taryhynyň ýokarda görkezilen döwürleri türkmen taryhynyň hem şöhratly asyrlary bolup durýar. Sebäbi başky döwürlerde yslam dünýäsiniň ykbaly oguzlaryň-türkmenleriň, soňra bolsa halkymyzyň şöhratly hanedanlary bolan gaznaly, seljukly hem-de osmanly soltanlarynyň gerdenine düşdi.
Öňden hem Oguz hanyň ýeke-täk Taňra, Beýik Biribara uýmak ýörelgelerine eýeren türkmenler yslam dininiň barha rowaçlanmagynda, onuň dünýäniň iň täsirli hem-de kuwwatly din hökmünde orta çykmagynda uly hyzmatlary görkezipdirler. Türkmenler yslam dinini IX asyrdan güýçlenip ugran içki oňşuksyzlyklardan, mezhepler arasyndaky dawalardan, musulman dünýäsiniň içinden dörän dine garşy hereketlerden, döwlete garşy guralan köp sanly topalaňlardan halas etdiler, harparazlaryň Gündogara garşy amala aşyran ençeme hüjümleriniň öňüni aldylar, şeýdibem, yslam dünýäsini jahanyň durmuş-ykdysady we syýasy taýdan iň kuwwatly güýjüne öwürdiler.
Musulman dünýäsinde türkmenleriň at-abraýy aýratyn hem IX asyrdan başlap artyp ugrapdy. Sebäbi yslam dünýäsini edara edýän apbasy halypalarynyň gowuşgynsyzlygy zerarly, ägirt uly musulman döwleti gowşap ugraýar, onuň aýry-aýry ýerleri bölünip, garaşsyz döwletler ýüze çykyp başlaýar.
Araplar tarapyndan esaslandyrylan musulman döwletiniň taryhynda birnäçe döwürler boldy. Şolaryň biri-de, Muhammet pygamberiň agasy Abylapbasyň nesilleri tarapyndan dolandyrylan we 500 ýyllap dowam eden apbasy halypalarynyň höküm süren asyrlarydyr. Apbasylar VIII asyryň ortalarynda Türkmenistanyň ýerinde bolup geçen uly jemgyýetçilik-syýasy wekalaryň netijesinde häkimiýet başyna gelipdiler. 747-nji ýyla Merwde araplaryň emewi neslinden (661-750 ý.ý) bolan halypalaryna garşy başlanan hereketiň netijesinde, 750-nji ýylda täze nesilşalyk — apbasylar häkimiýet başyna geldi. Şonuň üçin hem, «Apbasy halypalarynyň göbegi Merwde kesilendir» diýlip, arap ýurtlarynda ir döwürlerden bäri aýdylyp gelinýän gürrüňler taryhy hakykatdyr. Paýtagty Bagdat şäheri bolan bu täze döwlet Bagdat halypalygy ady bilen taryha girdi.
Bagdat halypalygy VIII-IX asyrlarda özösüşiniň iň ýokary derejesine ýetipdi. Halypalygyň «altyn asyry» al-Mutaditiň döwründe (892-902) tamamlanylypdyr. IX asyryň ahyrynda — X asyryň başlarynda halypalykda ýagdaý çylşyrymlaşýar. Araplaryň basyp alan ýurtlaryndaky ýer eýeleri salgyt süteminiň güýçlenmeginden närazy bolýan ilatyň goldawyna daýanyp, halypalaryň häkimiýetine garşy çykyşlaryny artdyrýarlar. Apbasy halypalygynyň syýasy güýjüniň kem-kemden pese düşmegi hadysasy ozaly bilen ýere bolan eýeçilik gatnaşyklarynyň ösüşi, basylyp alnan ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüş derejesiniň dürli-dürlüligi bilen baglanyşykly ençeme ýagdaýlaryň täsiri astynda bolup geçipdir. Halypalyga birleşdirilen aýry-aýry ýurtlaryň öz aralarynda pugta ykdysady we etnik gatnaşyklary, käbir ýagdaýlarda bolsa dil we medeni umumylygy ýokdy. Halypalygyň bütinlikde we onuň ýerlerdäki häkimiýetinň gowşamagynda togtamaýan halk gozgalaňlarynyň möhüm orny bolupdyr. Şol gozgalaňlar ýer eýeleri tarapyndan syýasy özbaşdaklygy gazanmak üçin peýdalanylypdyr.
Salgytlar tölemekden boşadylan baý adamlaryň iri ýer eýeçiliginiň ösmegi netijesinde döwletiň gaznasynyň girdejileriniň azalmagy, käbir ýerli hökümdarlaryň halypa ýyllyk salgydy we sowgat-serpaýlary ibermekden, şeýle hem hemişelik goşuna kömek üçin öz harby toparlaryny goýbermekden özbaşdak boýun gaçyrmagy, halk gozgalaňlaryny we ýer eýeleriniň pitnelerini basyp ýatyrmaklyga sarp edilen çykdajylar halypalaryň ykdysady we harby kuwwatyny gowşadypdyr. Aslyýetinde, olaryň halypalykdan bölünip aýrylmaga çalyşýan agalyk sürüji ýokary gatlagyň wekilleriniň hereketlerine, emirleriň öz edara edýän welaýatlarynda häkimiýetini miras almak we özbaşdaklyk gazanamak ugrundaky ymtylyşlaryna garşy durmaga mümkinçilikleri bolmandyr. Onuň üstesine-de, ýokary gatlagyň wekilleri, aýry-aýry welaýatlaryň häkimleri we emirleri bilen bir hatarda, basylyp alnan ýerlerdäki ownuk ýer eýeleri özleriniň harby güýjüniň (harby toparlarynyň we gazylar toparlarynyň) kömegi bilen ýerleri eýeläp, olary nesillerine miras galdyryp, özbaşdak bolmaga synanyşypdyrlar.
Döwletiň dargamagynyň öňüni almakdan ötri, halypalar öz häkimiýetini pugtalandyrmak boýunça çäreleri görýärler. Şu maksatdan olar tarapyndan türki gulardan ybarat bolan gulamlaryň gwardiýasy döredilipdir (bu barada soňra gürrüň bereris). Döwlet häkimiýetli öz ellerinde hiç bolmanda ýüzleý saklamaga synanyşyp, halypalar iri ýer eýelerine emirlik ýaly ýokary wezipeleri beripdirler. Olar bolsa iş ýüzünde özbaşdak emirlikleri esaslandyryp, ýygy-ýygydan hukuklary nesilden-nesle geçýän hökümdarlara öwrülipdirler. Özbaşdak emirlikler Magryp ýurtlarynda, Zakawkazýede, Siriýada, Yrakda, Eýranyň we Merkezi Aziýanyň birnäçe welaýatlarynda döredilipdir. Olaryň hökümdarlary öz üstlerinden Bagdat halypasynyň häkimiýetini ýa-ha ýüzleý ykrar edipdirler, ýa-dabütinleý ykrar etmändirler. Owganystanyň çäginde we Merkezi Aziýanyň oňa ýanaşyk ýerlerinde Hyrat welaýatyndaky Buşençden bolan öňki iri mülk eýesi Tahyr ibn Hüseýin şeýle döwlet döreden hökümdarlaryň biri bolupdyr. Mawerannahr, Horasan şeýle hem Balh, Käbil, Seýistan welaýatlary onuň tabynlygyna geçýär. Taryhy edebiýatda Tahyrylar ady (821-873) bilen belli bolan Tahyr we onuň oruntutarlary özleriniň dolandyran örän uly çäkleriň doly ygtyýarly hojaýynlary bolup, halypa her sebitden diňe ujypsyz möçberde salgyt iberipdirler. Tahyrylar öz häkimiýetini berkitmäge ymtylypdyrlar we şu maksatdan ilaty otparazlyk dinine uýýan welaýatlarda güýçli suratda yslamy girizipdirler. Şol bir wagtda olar salgytlary düzgüne salmak, oba hojalygyny we suwaryş ulgamyny ösdürmek üçin çäreleri amala aşyrypdyrlar. Olaryň döwründe Horasanda we Seýistanda öň başlanan haryjylaryň hereketleri dowam eden-de bolsa, güýçleri birneme gowşap başlaýar.
Tahyrylara has uly howp Saffary doganlary — Ýakup hem Emir Leýsler tarapyndan abandyrylypdyr. «Saffarylar» diýlen lakam olara şol nesilşalygy esaslandyran Ýakup ibn Leýsiň we onuň kakasynyň hünäri boýunça misgär (saffar) bolandygy sebäpli dakylypdyr. Ýakup hem Emir Leýsleriň wagtynda olaryň watany bolan Seýistan bütin Eýrany (onuň demirgazyk-günbatar böleginden başgasyny) diýen ýaly öz içine alan uly, ýöne uzak wagt ýaşamadyk şadöwletiň merkezi bolupdyr. Ýakubyň özi hem ilkibaşda haryjylaryň hereketine goşulan bolara çemeli. Soňra näbelli sebäplere görä olardan çetleşip, özi aýratyn goşun döredipdir. Ol goşunyň özenini Seýistanda yslamyň sünni mezhebiniň ýörelgelerini goramak üçin ýerli meýletinçilerden toplanan ýaragly gazylar toparlary düzüpdir. Soňabaka ol toparlar oňa öýsüz-öwzarsyz garyp-gasarlaryň köpçülikleýin goşulmagynyň hasabyna has ulalypdyrlar. Ýakup ibn Leýs şolaryň güýçlerine daýanyp, haryjylaryň hereketlerini basyp ýatyrýar we 861-nji ýylda bütin Seýistanda häkimiýeti basyp alýar. Emma ony tersalar azdyrypdyrlar, ol ysmaýylylaryň mezhebini kabul edipdir. Soňra bolsa saffarylar demirgazyga tarap süýşüp, Hyrat, Balh, Gazna welaýatlaryny eýeleýärler, Kabili boýun egdirýärler we 873-nji ýylda Tahyrylaryň nesilşalygyny agdaryp, bütin Horasana eýe çykýarlar. Ýakup ibn Leýsiň 876-njy ýylda Bagdada eden ýörişi şowsuz tamamlanýar. Doganlaryň ikinjisi Emir ibn Leýs hem Bagdada ýöriş guraýar, emma ony eýeläp bilmän halypa ol Mutamit bilen barlyşyga gelýär we özüniň oňa garaşlylygyny ykrar edýär. Ýöne, bu garaşlylyk ýüzleý bolup, diňe Juma namazy okalýan wagtynda halypanyň adynyň ýatlanylmagy we pullarda onuň adynyň ilkinji zikgelenmegi bilen çäklenipdir.
Basyp alan welaýatlarynda häkimiýetini berkidip, Saffarylar demirgazyga — Samanylara garşy hereket edýärler. 287-nji hijri (900-nji milady) ýylynyň baharynda Balhyň derwezeleriniň alkymynda bolan söweşde Abu Ybraýym Ysmaýyl bin Ahmet Samany iki atlysy bilen Emir ibn Leýsiň 70 müňlük goşunyny çym-pytrak edýär, onuň özüni bolsa ýesir alyp, Bagdada iberýärler. Emit ibn Leýs şol ýerde jezalandyrylýar. Diňe basybalyjylaryň harby üstünliklerinde saklanyp oturan saffarylar şadöwleti pese düşýär we X asyryň başynda Seýistan samanylaryň golastyna geçýär.
Ysmaýyl Samany soňra Horasany eýeläp, ol welaýatda sekiz ýyl hökümdar bolup oturypdyr. Ol 295-nji hijri (908-nji milady) ýylynyň Ruhnama aýynda Buhara gelip, häkimiýeti ele alypdyr we ony Bagdat halypasyna tabyn bolmak bilen adalatly ýöredipdir.
Samanylaryň nesilbaşysy termizli dehkanyň maşgalasyndan gelip çykan Saman Hudat diýlen adam bolupdyr. XII-XIII asyrlaryň meşhur taryhçysy, edebiýatçysy we syýasatçy alymy Muhammet Awfynyň ýazmagyna görä, umuman «Saman neberesi dokuz patyşadan ybaratdyrlar... Dokuzsynyň adyny hem ýatlamak aňsat bolar ýaly bir rubagyda getiripdirler.
BEÝT:
Dokuz kişidi Saman nesli, meşhur,
Horasan emiri diýip, boldy meşhur.
Ybraýym-u Ahmet hem-de ol Nasr,
Iki Nuh, iki Abdylmälik, iki Mansur».
Ýeri gelende aýtsak, W.W.Bartold, K.E.Boswort, B.G.Gafurow, M.S.Iwanow, N.Negmatowa ýaly Gündogaryň taryhyny öwreniji birnäçe alymlar taryhy işlerinde, ýazgylarynda Samanylaryň gelip çykyşyny eýran asylly diýip düşündirýärler. Mysal üçin, professor K.E.Boswort «Musulman nesilşalyklary» diýen eserinde: «Samanylar neslini esaslandyryjy Owganystanyň Balh welaýatyndan ýer eýesi (dehkan) Saman Hudat bolupdyr; muňa garamazdan, bu nesilşalygyň wekilleri soňra özlerini Eýranyň gadymy şalaryndan gelip çykandyrys öýdýärler» diýip ýazsa, professor M.S.Iwanow «Eýranyň taryhynyň oçerk» atly işinde: «Öz döwründe Orta we Ýakyn gündogaryň öňdebaryjy ýurdy bolan Samanylar döwletiniň esasy etniki özenini täjikler düzüpdirler» diýip görkezýär. Şu we şunuň ýaly aýtgylar, biziň pikirimizçe, Samanylaryň gelip çykyşy baradaky meseläniň ylmy nukdaý nazardan gutarnykly çözgüdiniň entek tapylmandygyna, umuman, bu döwletiň taryhynyň doly derejede öwrenilmändigine we onuň böwşeň ýerlerini doldurmagyň zerurdygyna yşarat edýär. Bu babatda zehinli türkmen galamgäri, gündogarşynas Juma Ataýewiň «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2004-nji ýylyň Gorkut aýynyň 16-syndaky sanynda çap etdiren «Unudylan şalyk» atly saldamly hem örän ähmiýetli ýazgylary ünsi özüne çekýär. Ol şeýle ýazýar:
«Häzirlikçe ylmy dilde Samany şalygy diýip atlandyrylýan şalyk barada SSSR döwründäki orta mekdepler üçin Moskwadaky alymlar tarapyndan taýýatlanan, ýene-de şolar tarapyndan tassyklanan, ýene-de şolar tarapyndan tassyklanan, taryh okuw kitaplarynda agyz dolduryp aýdar ýaly zat ýok.
Milady hasabynda 864-nji ýyldan Merkezi ziýada şalyk süren Samany nesli barada ol ýa-da beýleki kitaplarda bolan ujypsyzja maglumatlar bolsa, ol şalygyň taryhyny öwrenmäge mümkinçilik bermeýärdi. Käbir çeşmeler olary gelip çykyşlary boýunça eýran kowmundan diýip ýazansoňlar, köpümiz SSSR sýwrüniň şol alymlarynyň ýazýan zatlaryna ynanýardyk.
Adamzat taryhynda bir hakykat bar: göze ýaramly zada hakyky eýesi eýe çykmasa, oňa eýe çykjak tapylýar. Samany şalygy hem şol eýesiz zat ýaly ýatansoň, oňa hem sowet döwründe eýe çykanlar tapyldy. Mysal üçin, Samany şa nesli eýran çeşmelerinde eýranly kowum hasaplanylýar». Soňra galamgär 1319-njy ýylda aradan çykan meşhur taryhçy Fazlülla Reşideddiniň pars dilinde ýazan «Jami at-tawarih» («Taryhlaryň jemi») atly kitabynyň Stambulyň Topgapy kitaphanasyndaky Bagdat köşgi hazynasynda 282-nji belgi bilen saklanýan golýazmasynyň «Oguznäme» bölümine degişli 601 «a» sahypasyndaky we 1985-nji ýylda Tunikde arap dilinde neşir edilen Alp as-Sabiniň «Al-edab al faras, di-l-asr al-Gaznewi» atly kitabynyň 129-njy sahypasyndaky Samany şalarynyň Oguz han Türkmeniň neslindendigini yşarat edýän, şeýle hem türk alymy Ýylmaz Öztunanyň 1996-njy ýylda Ankara şäherinde neşir edilen «Islam döwletleri» atly kitabynyň 711-nji sahypasynda «Samanogullary şalygyny döredenler türk(men) asylly, ýöne dilleri parslaşan türk(men)lerdir» diýlip nygtalýan näsin maglumatlara esaslanyp: «Şeýlelikde, Samany şalygyny esaslandyran Saman şa Oguz han Türkmeniň nesillerinden bolup, ondan soňra tagta çykyp, beýik şa bolup dünýä taryhyna giren türkmenleriň arasynda 26-njy türkmen patyşasy eken» diýip nygtaýar.
Galyberse, gündogarşynas J.Ataýew 2003-nji ýylda Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde belli zikgeşynas Wladimir Týunibenýanyň rus dilinde neşir edilen «Drewniýe i srednewekowyýe monety Türkmenistana» atly, gadymy we orta asyrlarda türkmenlerde ýörgünli bolan altyn-kümüşden zikgelenen pullaryň suratlaryny özünde jemleýän ajaýyp kitabynyň 70-71-nji sahypalarynda Samany döwletiniň zikgelän altyn, kümüş teňňeleriniň suratlarynyň ýerleşdirilendigini salgy berip, munuň özüniň onuň Saman ogullary şalygynyň türkmen döwleti diýip hasap edýändigine goşmaça delildigini we şonuň üçin hem onuň ykrar edilmeginiň zerurdygyny tekrarlaýar.
Görnükli rus alymy, türki halklaryň taryhy boýunça ençeme küt-küt kitaplaryň ýazary akademik L.N.Gumilýow «Gadymy türkler» atly eserinde: «Ktezifona türkileriň çozuşyny yzyna serpikdirmäge Ermenistanyň we Häzirbeýjanyň marzbany, parfiýalylaryň meşhur Mihranlar tiresinden bolan Bährem Çubini ibermek karar edilýär» diýip görkezýär. Galyberse, türkmen alymy A.Saryýew M.Utbynyň kitabynyň terjimesiniň soňunda getiren düşündirişinde: «Bährem Çubin — gelip çykyşy boýunça türki kowumlara degişli sasanylaryň neberesinde gulluk eden meşhur serkerde. Ol özüni şa diýip yglan edýär. 591-nji ýylda sasanylar neberesinden bolan Hysrow Perwiz ony ýeňýär. Samanlylar neberesi özleriniň aňyrsyny bu serkerdeden alyp gaýdýar» diýip, nygtap ýazýar. Bu maglumatlar Siman ogullarynyň gelip çykyşynyň gadymy türkmenlerden gözbaş alyp gaýdýandygyna şek-şübhe goýmaýar. Elbetde, bu mesele mundan buýana hem alymlar tarapyndan çuňňur öwrenilip we hemmetaraplaýyn derňelip, anyk çözgüt tabşyrjakdygy ikuçly däl. Eýsem-de bolsa, biz sasanylaryň türkmen bolandygynyň jedelsiz hakykata öwrüljekdigine we onuň ýakyn geljekde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda neşir ediljek okuw we ylmy kitaplaryň sahypalarynda mynasyp orun tutjakdygyna pugta umydymyz bir.
Saman şa nesliniň atasy Saman Hudat yslamy kabul edipdir. Saman şadan soň onuň ogly Mansur we dört agtygy Horasanyň hökümdary halypa al-Mamunyň hyzmatyna geçýärler we ondan hemaýat tapýarlar. Wepaly hyzmaty üçin Mamun Nuh ibn Mansury 819-njy ýylda Samarkanda hökümdar belleýär. Ikinji agtygy Ahmedi Fergananyň, Ýahýany Çäjiň we Usruşanyň, Ylýasy Hyradyň hökümdary edip belleýär. Bu dört doganyň içinde Ahmet olaryň hemmesi tarapyndan sözi diňlenilýän dogumly we abraýly kişi bolupdyr. Şonuň üçin hem ol Nuhuň hökümdarlyk edýän Samarkant welaýatyna hem öz eline alýar. Ondan soňra Ahmet Kaşgar welaýatyny hem basyp alýar.
Tahyrylaryň hökümdarlygy ýykylandan soň, Buharada pugta ýola goýlan hökümet bolmandyr. 874-nji ýylda dogany Nasr tarapyndan iberilen Ysmaýyl bin Ahmet buharany basyp alýar. Şunlukda, Saman şanyň agtyklary Mawerannahrda berk ornaşýarlar, 875-nji ýylda bolsa apbasy halypasy al-Mutamit Nasr ibn Ahmedi tutuş welaýatyň emiri edip belleýär. Bu baý welaýat samany döwletiniň merkezi bolýar. Samanlylaryň üstüne Mawerannahryň bütewiligini we söwda bähbitlerini sähra butparazlarynyň — türk(men)leriň hüjünlerinden gorap saklamak borjy hem ýüklenýär. Mawerannahryň demirgazyk garyplary we fergana gutarnykly musulman dünýäsine birikdirilýär, 893-nji ýylda bolsa Ysmaýyl ibn Ahmet Syrhun derýasynyň günortasyndaky sähralyklarda ýaşaýan garlyklara hüjüm edip, olaryň paýtagty Talas şäherini talaýar. Şeýlelikde, Saman şalygy musulman dünýäsinde iň kuwwatly we ägirt uly döwlete öwrülýär. Onuň eýelik edýän çäkleri häzirki Owganystanyň ýerlerini hem içine almak bilen Týan-Şandan başlap Süleýman daglaryna çenli we Buhara hem Samarkantdan başlap tä Pars aýlagynyň kenaryna we Bagdadyň töwereklerine çenli uzalyp gidipdir. Samanlylar tabyn edilen welaýatlary dolandyrmagy Apbasy halypalygynda dowan eden düzgün boýunça ýerli nesilşalyklaryň ellerinde galdyrypdyrkar. Emma Seýistanyň, Balhyň, Gaznanyň we beýleki birnäçe welaýatlaryň emirleri Samany döwletiniň paýtagty Buhara salgyt ýygymlaryny we sowgat-serpaýlaryny hemişe iberip hem durmandyr.
Ysmaýyl öz şalygynyň esasy güýjüni Mawerannahrda saklapdyr. Şonuň üçin hem bu döwletiň esasy ykdysady, syýasy we medeni merkezleri bolan Buhara we Samarkant şäherleri onuň şalyk süren asyrynda diýseň gülläp ösüpdir. Ol şäherlere zamanasynyň beýik alymlary, edebiýatçylary, hünärmentleri jemlenipdir. Umuman şol zamanalarda türkmen medeniýetinde, ylmynda beýik ösüşler bolupdyr. Sebäbi, Eýranly alym Bahram Tusynyň ýazmagyna görä, «Saman ogullarynyň neslinden bolan patyşalaryň aglasy şahyrçylyk hem-de ýazyjylyk bilen meşgullanyp, olar sungaty we döredijiligi söýýän adamlar bolupdyrlar» . Hut şonuň üçinem, Saman şalygy zamanasynda daşary ýurtly alymlar tarapyndan medeniýetiň, sungatyň, ylmyň täzeden döreýiş (Renessans —B.G.) döwri hasaplanylýar. Ol döwürlerde külli Horasanda we Mawerannahrda ýaşaýan halklar gülläp ösüpdirler. Olar ýurdy abadanlaşdyrmakda, adamlaryň azat pikir ýöretmekleri, medeniýetiň, ylmyň, sungatyň ösmegi üçin hem köp işleri durmuşa geçiripdirler.
Saman şalygy zamanasynda döwletiň hemaýaty bilen meşhur bolan türkmen akyldarlary diýseň köpdür. Mysal üçin, Seýit Nefisi , meşhur türkmen şahyry Abu Nasr Margezi (Merwli) Saman şalarynyň köşgünde işläpdir. Meşhur Saffar Margezi (Merwezi) hem şol zamanda ýaşan şahyrdyr.
Kesaýy Merwezi lakamy bilen tanalan Hekim Mojadeddin Abylhasan Ishak hem Samanlylaryň şalary döwründe meşhurlygynyň şol wagtky paýtagty Buharada geçýär. Bu şäherde ol Nuh bin Mansuryň weziri Abylhasan Ata begden goldaw tapýar. Ol öz çuň manyly pelsepeli şygyrlarynda Taňryny söýmäge, ahlak taýdan arassaçylyga çagyrypdyr. Bulardan başga, şol döwürde ýaşan meşhur Masudy Merwezini, Rudakyny, Şehit Balhyny, Abu Şaib Herewini, Şaker Baharyny, Lokerini, Agajyny, Hosrow Sarahsyny we beýlekileri ýatlamak bolar.
Samany şalarynyň zamanasyna degişli gymmatly eserleriň käbir nusgalarynyň häzirki wagtda Kembrijde (Beýik Britaniýa) saklanýandygy barada daşary ýurt çeşmeleri habar berýär.
X asyryň ilkinji çärúeginde we has-da ortalarynda Samany döwletiniň ösüşinde durnuksyzlygyň howply alamatlary mese-mälim görünýär. Daýhanlary we şäherleriň zähmetkeş gatlaklaryny ezmekligiň güýçlendirilmegi bütin ýurtda önümçiligiň ösmegine böwet bolýar. Harbylaryň we iri ýer eýeleriniň hökümdarlaryň dolandyryş ulgamyny merkezleşdirmek syýasatyna garşy giň gerim alan çykyşlary, ýokary häkimiýete dalaşgärleriň özara oňşuksyzlygy we gazaply göreşi bu ýagdaýa itergi beripdir. Ysmaýyl ölenden (907) soň, eýýäm Ahmet ibn Ysmaýylyň (907-914) şalyk sürmeginiň başynda Samarkantda, Horasanda, Reýde, Seýistanda we beýleki birnäçe welaýatlarda pitneler tutaşypdyr, ýerli häkimler aýaga galypdyrlar. Bu pitneler ýatyrylandan soň köp wagt geçip-geçmänkä Seýistanda salgytlaryň artdyrylmagy we daýhanlaryň ýagdaýynyň pese düşmegi netijesinde ýüze çykan halk gozgalaňy başlanypdyr. Bu gözgalaňy basyp ýatyrmak Samanylara uly kynçylyk bilen başardypdyr.
Ahmet ibn Ysmaýyl türkmen gwardiýasynyň hukuklaryny çäklendirmekçi bolup synanyşanda olaryň nägileligini döredipdir we aw wagtynda özüniň gulamlary tarapyndan öldürilipdir. Onuň ogly Nasr II (914-943) wagtynda döwleti dolandyrmagy Abu Abdylla Muhammet ibn Ahmet Jeýhany öz üstüne alýar.
Jeýhany öz döwrüniň aň-bilimli we ýokary medeniýetli döwlet işgärleriniň biri bolupdyr. Ol ýurduň dolandyrylyşyny düzgüne salypdyr we onuň geljekki ösüşi üçin başga-da birnäçe çäreleri durmuşa geçiripdir. Emma ýokary häkimiýet we köp ýer edinmek ugrundaky özara uruşlar dowam edipdir. 914-nji ýylyň ahyrynda — 915-nji ýylyň başynda Samarkantda Nasr II garyndaşy Yshak ibn Ahmet uly gozgalaň turuzýar. Birnäçe wagtdan soňra ilki Hyratda, onuň yzýanyndan bolsa Nyşapurda uly harby başlyk Hüseýn ibn Aly Merwezi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Karmatlaryň (ysmaýylylaryň) hereketi diýilýän gozgalaň başlaýar. Hüseýn Merweziniň harby güýçlerini derbi-dagyn edip, onuň özüni bolsa ýesir alan iri mülk eýesi Ahmet ibn Sahlyň özi hem tiz wagtdan Samanlara garşy aýaga galýar. Ahmet ibn Sahlyň pitnesi kynlyk bilen diňe bir ýyldan soň basylyp ýatyrylýar.
Ýokarda tymsal hökmünde getirilen wakalar Samany şalygynyň güýç-kuwwatyny pese düşüripdir. Şonuň netijesinde samanlylar daşarky güýçleriň ýyl-ýyldan köpelýän güöçlerine aýgytlylyk bilen garşy durmany başarmandyrlar. Şonuň üçin Ysmaýyl şa öleninden soňky geçen ýarym asyryň dowamynda Samany şalarynyň Mawerannahrdan hem-de Horasandan beýleki hökümdarlyk eden sebitlerini ellerinden giderendigi geň bolup görünmeýär. X asyryň ahyrynda bolsa samanylar döwleti taryhy edebiýatda Garahanly türkmenleri adyny alan birnäçe göçme taýpalaryň (olaryň arasynda iň uly we medeniýetli taýpa garlyklardy) birinji hüjümine sezewar bolýar. Garahanly türkmenleriň gelip çykyşy soňky döwürlere çenli alymlaryň arasyndaky jedelli meseleleriň biri bolup geldi. Rus gündogarşynasy K.E.Boswort özüniň «Musulman nesilşalyklary) atly işinde şu mesele boýunça has abraýly hünärmen O.Priňagyň Garahanlylar nesilşalygy irki taryhda sähralyklarda uly ähmiýeti bolan Garlyk türkmenleriniň dolandyryjy öýünden gelip çykypdyr diýen tassyklamasyny agzap, Garahanlylaryň şeýle gelip çykyşy gutarnykly subut edilenok, ýöne bolup biljek zat» diýip ýazýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasynda bu meseläni gutarnykly anyklady we:
«Garahanly türkmenleriň döwleti asly türkmen bolan Bilge Kül Kadyr han tarapyndan 840-njy ýylda Türkmenistanda, Mawerannahrda binýat edildi.
Döwletiň ady Bilge Kül Kadyr hanyň Garahan adyny almagy bilen utgaşdy, hökümdaryň ady Gara han, döwletiniň ady Garahanly boldy. Döwleti türkmenleriň garlyklar, ýagmalar, jykylar taýpalarynyň birleşigi esaslandyrdy. Döwletiň güýçlenmegine yslam dininiň tekge berendigi hakykatdyr» diýip görkezdi.
Garahanly türkmenleriň iň uly hanlarynyň biri Şyhabeddöwle Harun ibn Süleýman Eýlik Buhara çozan wagtyna (992) çenli eýýäm Gündogar Türküstanyň bir bölegi bolan Kaşgardan we Balasagundan tä Hytaý serhetlerine çenli ýaýlyp ýatan giňişlige hökümdarlyk edýärdi.
IX asyrda we, aýratynda, X asyrda Merkezi Aiýada şäher durmuşy uly ösüşi başdan geçirýär. Samany döwletiniň şäherlerinde: Merwde, Buharada, Samarkantda, Balhda, Nyşapurda, Reýde we beýlekilerde dürli-dürli senetçilik kärhanalarynyň, ýerli (şäheriň we obanyň) hyrat dolanyşygynyň we kerwen söwdasynyň janlanandygy göze ilýär. Hünärmentçi guramalaryň arasynda ýaranlyk gatnaşyklary bardy we olar uly güýç çeşme sidi. Hünärmentler daýhanlar bilen birlikde gozgalaň turzan wagtlarynda hökümet şäherlerde diýseň guramaçylykly, güýçli garşylyga sezewar edipdir. Samanylaryň döwleti merkezleşdirmek syýasatyndan nägile bolýan dehkanlaryň ep-esli böleginiň we iri mülkdarlaryň hem olara garşy göreşi güýçlenip, halk köpçüliginiň çykyşlary bilen utgaşypdyr. Samany döwleti özüniň daşky kaşaň ýalpyldysyna we haý-haýly dabarasyna garamazdan, içki gapma-garşylyklary ýeňip geçmäge hötse gelip bilmändir. Şol ýagdaýy göz öňüne getirip, näme üçin garahanylar nesilşalygynyň (ilek hanlaryň) «ýalaňaç diýen ýaly elleri bilen» Mawerannahrda häkimiýeti basyp alyp, musulman gündogaryndaky iň «kuwwatly» we baý nesilşalyklaryň birini agdarandygyna düşünmek bolar. Türkmenleriň X asyryň ahyryndaky we XI asyryň başyndaky hereketi Gündogarda iň uly dartgynlygyň köne düzgünleriň halypalykdan miras alnan köne düzgünleriň köp sanly esaslarynyň syndyrylmagy bilen gabat geldi. Ilek hanlar we olar bilen gelenler bu dartgynlylyk wagtynda Merkezi Aziýada gutulgysyz bolup geçmeli ýagdaýyň ukyply we ökde ýerine ýetirijileri hökmünde hereket etdiler.
Baýramdurdy GURBANOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.
Taryhy makalalar