GAZNALY DÖWLETINIÑ DÖREÝŞI WE ÖSÜŞI
▶ MAHMYT IBN SÖBÜKTEGINIŇ GAZNA PATYŞALYGYNY EÝELEMEGI WE ONUŇ DAŞARY SYÝASATY
Geçmişde biziň halkymyzyň gylyç oýnadyp, jyza parladyp, duşman bilen gaýduwsyz söweş gurmagy başaran är ýigitleriniň bolandygyny biz taryhdan gowy bilýäris. Şolar bilen bir hatarda, goşunbaşy hök¬münde harby ussatlyk görkezip, türkmen halkynyň taryhynda at galdyryp, oňa şanly sahypalar ýazan, bütin dünýä diýen ýaly owazasy dolan Oguz han, Frat, Süreç serdar, Ärsak şa, Bumyn han, Atylla, Mahmyt Gaznaly, Çagry beg, Togrul beg, Alp Arslan, Jelaleddin Meňburny, Ärtogrul Gazy, Aba serdar, Gowşuthan, Soltannyýaz beg ýaly serkerdelerimiziň hem bolandygy buýsançly ýagdaýdyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy.
* * *
Soltan Mahmyt Söbükteginiň uly ogludy we kanuny mirasdarydy. Emma, ýokarda aýdyşymyz ýaly, Söbüktegin kesel ýatyrka, näme üçindir, tagta eýelik etmegi kyn ogly Ysmaýyla wesúet edipdir. Ysmaýyl bary-ýogy ýedi aý Gaznada bolupdyr. Ol ýaşdygy sebäpli döwlet işleriniň jylawyny berk tutmakdan heniz ejizdi. Onuň syýasatdan baş çykaryşy gowşakdy. Adamlar onuň häkimiýete gelmeginden ruhypeslige düşüpdirler. Olar onuň hökümdarlygyna sowuk-salalyk bilen garapdyrlar we öz mertebelerini götermekligi talap edip, toparlara bölünip başlapdyrlar. Olar emir Söbükteginiň özlerine kesgitlän wezipelerinden hem ýokary derejelere hantama bolupdyrlar. Ýerli han-begleriň merkezi häkimiýete garşy gozgalaňlary güýjemeýär. Şeýle gozgalaňlar döränine entek köp wagt geçmedik Söbüktegin nesilşalygynyň at-abraýyna şikes ýetirip, güýç-kuwwatynyň has artmagyna böwet bolmagy mümkindi. Şol sebäpli, döwleti edara etmekligi özüniň eline almaklygyň juda möhümdigine pugta düşünen tutanúerli we batyrgaý Mahmyt Nyşapurdan inisi Ysmaýyla hat iberip, ata-babalaryň ýol-ýörelgesi boýunça uly doganyň öňe sürlüp, wezipä ilki bellenilýändigini ýatladypdyr, muňa kiçileriň razy bolmalydygyny ýaňzydypdyr. Emma Ysmaýyl Gaznanyň emirligini uly doganyna bermekden boýun gaçyrypdyr. Mahmyt ony eglişige getirmek üçin Hyrada gidip, doganoglany Bugrajyk bilen birleşipdir. Soňra olara Bustuň emiri we Mahmydyň dogany Nasr hem goşulýar. Ysmaýylyň ýanyndaky emirler hem Mahmyda hat ýazyp, özleriniň onuň tarapyna geçjekdiklerini mälim edipdirler. 997-nji ýylyň ahyrlarynda Gaznanyň etegindäki meýdançada çaknyşyk bolup, onda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň belleýşi ýaly, «Mahmyt Gaznaly özara uruşlary döreden kiçi inisi Ysmaýyly ýeňýär» .
Şondan soňra, Mahmyt Gaznany eýeläpdir. Ol Hakyň ýoluna düşen Ysmaýylyň wezipesini beýgeldipdir we gaznalylaryň patyşalyk tagtyny oňa şärikli ýagdaýda goýupdyr. Şondan soň Mahmyt Balha gidip, döwlet işlerini şol ýerden dolandyrypdyr. Birnäçe wagtdan soňra, ol, Ysmaýyly nökerleri bilen birlikde Gazna galasyndan çykarýar.
Mahmyt Nyşapurdan Gazna giden wagtynda Buhara hökümeti Begtozan hajyby Horasana sypahsalar hökmünde ýollapdyr. Bu baradaky habary Mahmyt Balha barandan soň eşidýär. Ol Begtozanyň peýdasyna Horasan emirliginden boýun towlamak islemändir. Mansuryň ony Balhyň, Termiziň, Hyradyw, Bustuň we beýleki şäherleriň emiri edip bellemegi-de netijesiz bolupdyr; Mahmyt Horasan emirliginiň tutuşlygyna özüne berilmegini talap edip, Nyşapura ýöriş edýär. Onuň gelýänini eşidip, bäsdeşi Begtozan Nyşapurdan nökerlerin alyp, Sarahsa tarap gaçypdyr. «Mahmyt ýeňillik bilen şäheri eýeledi. Emir Mansur ibn Nuh bu wakany eşidip, Buharadan Nyşapura gaýtdy. Mahmyt hem onuň bäri gelýändigini eşidip, Nyşapurdan çykyp, Merwerruda ugrady we olardan nähili netijäniň boljakdygyna garaşyp, şol ýerdäki Raul köprüsiniň ýanynda düşledi» diýip, Ibn Esir ýazýar.
Mansur Horasanyň çäklerine Fatygyň leşgerleri bilen birlikde giripdir, ýöne ol bi işi ýaraşyk baglaşmak bilen tamamlamaga bil baglapdyr. Samany hökümdarynyň bu gezekki ýaýdanjaňlygy onuň özi üçin elhenç netijä getiripdir. Sarahsda öz goşuny bilen olara birigen Begtozan mansuryň ýaýdanýandygyny Fatyga onuň göýä Mahmyt bilen gizlin ýaraşyk baglaşmaga meýil edýändigi bilen düşündiripdir. Faýyk Hassa Begtozanyň bu howsalasyna doly goşulypdyr we olarda Abu Alynyň täleýi öz başlaryna düşer diýen düýpli wehim döräpdir. Ol wehim esaslydy. Şol sebäpli olar Mansurdan dynmak üçin ondan öňürtiläpdirler. 998-nji ýylyň Baýdak aýynyň 2-sinde Begtozan ýüze çykan müşgil meseläni maslahatlaşmak bahanasy bilen emir Mansury duşuşyga çagyrýar. Mansur maslahata gelende, ony tussag edýärler we tagtyndan düşürýärler. Bir hepdeden soň onuň gözlerini oýup, Buhara ugradypdyrlar. Mansuryň oruntutary diýlip, onuň kiçi dogany Abylfawaris Abdylmälik jar edilýär.
Mahmyt Gaznaly emir Mansuryň tagtdan agdarylandygy üçin özüni ar alyjy diýip yglan edýär we Faýyk bilen Begtozanyň üstüne ýörişe gidýär. Emma ol örän tiz wagtda duşmanlary bilen geleşige girip, Begtozanyň peýdasyna Nyşapurdan el çekýär we Mansuryň ozal oňa hödürlän teklibini kabul etmekligiň şertlerinde Balhy we Hyrady öz elinde galdyrýar. Ähtimal, Abylkasym Simjuryň goşulmagy bilen duşmanlarynyň san taýdan örän agdyk bolandygy Mahmyda şeýle şertler esasynda ýaraşyga gitmäge itergi berendir. Her niçik-de bolsa, ähtnamanyň gan dökülmezden gazanylandygy sebäpli, onuň özi üçin oňaýsyzdygyna garamazdan, mahmyt ondan hoşal bolupdyr we 998-nji ýylyň magtymguly aýynda garyp-gasarlara sadaka hökmünde gaty köp serişdeleri paýlap beripdir. Emma ähtnama basym bozulypdyr. Duşmanlar Mahmydyň dogany emir Nasryň garawullyk edýän öňdäki goşunynyň üstüne ähtiýalanlyk bilen çozýarlar we üsti altyn-kümüşli we başga gymmat zatly arabalaryny talaýarlar. Uruş ýaňadan başlanýar.
Begtozan, Faýyk, Abylkasym bin Simjur we Abdylmälik bin Nuh köp sanly leşgerleri bilen Merwiň etegine tarap, Mahmydyň goşunynyň üstüne ugraýarlar. Mahmydyň leşgergähine onuň iki dogany Nasr bilen Ysmaýyl we doganoglany Bugrajyk hem nökerleri bilen gelip ýetişýärler. Gandöküşikli uly söweş bolup, onda gaznalylar ajaýyp ýeňiş gazanypdyrlar. Bu barada «Soltan Ýemineddöwle (Mahmyt —B.G.) Söbüktegin 389-njy hijri ýylyň Dört tirkeşiginiň üçünji aýynyň ýigrimi ýedisinde Başgüni Nuhy Merwiň alkymynda ýeňdi» diýip, Awfynyň hekaýatlarynyň birinde nygtalýar. Bu ýeňiş bütin Horasanda häkimiýeti Mahmyt Gaznalynyň eline berýär.
Mahmyt halypa Kadyr Billähe (991-1031) hat ýazyp ýeňişni habar beripdir we «samanlylaryň halypanyň häkimiýetini inkär edendigi urşuň ýeke-täk sebäbi boldy» diýip düşündiripdir.
Merw söweşinden soňra, Abdylmälik bilen Faýyk Buhara gaçýarlar. Abylkasym bin Simjur öz topary bilen Kuhystana tarap, Begtozan Nyşapura tarap çekilýärler. Olar Mahmyt bilen göreşi täzeden başlamaga synanyşýarlar. Ol synanyşyk puja çykandan soň Begtozan hem Buhara gaçyp barýar. Şunlukda, Utbynyň aňlatmasyna görä, «Seýfeddöwle (Mahmyt —B.G.) Samanylar neberesiniň döwletini, ýurdunyň mülküni we Horasany… miras aldy» diýip, Awfy hem belleýär.
Şol wakalardan sora, syýasy ýagdaýlar biraz üýtgeýär. Munuň özi indi Mahmydyň sypahsalar diýen derejäni samany hökümdarynyň buýrugy boýunça alman, eýsem öz dogany Nasry özüniň Horasana sypahsalar belländiginden hem görünýär. Oňa Nyşapuryň töwereginden öňki döwürden bäri simjurynlaryň neberesine degişli bolan ýerleri hem berdu.
Horasan Begtozandan we onuň ýaranlaryndan arassalanyndan soňra, Mahmyt Gaznaly serkerdeleriniň ulusy Arslan jazyby Tusdan Kuhystana çenli bolan aralyga häkim belledi. Arslan hajyp Merwde ornaşmaklyk üçin uruş alyp barýan Abylkasym bin Simjury bu ýerden çykaryp, Tabasyň eteklerine kowdy. Ol ýerden Simjur ýaranlaryndan haraý gözläp Buhara tarap ýüzlendi.
Mahmyt Gaznaly Balha çenli we Merwerrudyň serhedine çenli ýerleri öz döwletine birleşdirip, bu işini tamamlady.
999-njy ýylyň Gorkut-Alp Arslan aýlarynda Buharada Faýyk ýogalýar. Şol ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 14-inde Ilek Abylhüseýin Nasr I (998-1001) Mawerannahrda samanylaryň agalygynyň iň soňky galyndylaryndan dynmak üçin Buhara goşun sürüp gelýär. Samanlylar duşmana gaýduwsyz garşylyk görkezmekçi bolýarlar. Hökümetiň buýurmagy boýunça hatyplar Buhara metjitlerinden halky öz nesilşalygyny goramak üçin ýaraga ýapyşmaga çagyrýarlar. Eger-de samanlylar halkyň hereketini özleriniň peýdasyna guramagy başaran bolsadylar, munuň özi, elbetde, nesilşalygyň agdarylmagynyň öňüni alyp bilmese-de, garahanlylara çynlakaý zyýan ýetirip biljekdi. Hatyplaryň wagyz-nesihaty hiç hili täsir ýetirmedi. Samanlylar hiç haçan halk köpçüliginiň ynamyny gazanmaga, olary tagtyň pugta daýanjyna öwürmäge jan etmändiler. Muňa yslamyň şaýylar mezhebiniň tarapdarlarynyň demokratiýa häsiýetine eýe bolan hereketleriniň (X asyr) yzarlanmagy hem tymsal bolup biler.
Baýhakynyň ýazyşy ýaly, «Ilek Buhara hamana samanlylara tabyndygyny bildirmek we olary goramak üçin gelen hökmünde özüni görkezipdir». Şäheriň ilaty basybalyjylary biparhlyk bilen garşylapdyr. Begtozan we Ýynaltegin ýaly Buharanyň harby güýçleriniň baştutanlary basybalyjylaryň leşgergähine meýletin gelipdirler. Bir günden soň olary duýdansyzlykda tutup, el-aýaklaryny gandallapdyrlar. Horasanyň öňki hökümdary Abylkasym bin Simjur gizlenipdir; basym ony hem tutupdyrlar. 999-njy milady ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 23-inde Ilek Nasr Buharany alýar we samanlylaryň gaznasyny eýeleýär. Abdylmälik bin Nuh we nesilşalygyň beýleki agzalary, Simjur hem-de onuň ähli dogan-garyndaşlary bilen birlikde saýawanlarda Uzkende ugradylypdyr. Soňra Ilek hanyň özi hem Buharada we Samarkantda emirlerini galdyryp, ol ýere barypdyr we şol ýerde ölüpdir. Şeýlelikde, ähliumumy biperwaýlyk bilen meşhur nesilşalygyň ýykylmagy bolup geçipdir. «Samanlylar neberesiniň galan işleri hem Mawerannahrda we Horasanyň etraplarynda öz-özünden ýatdy. Olaryň erjelligi hiç hili peýda bermedi we döwletleriniň ýaşamak möhleti tamam boldy» diýip, Utby görkezýär.
Ilek hanyň Buharany basyp almagy bilen bir wagtda diýen ýaly Mahmyt Samanylardan indi garaşsyz hökümdar hökmünde Gaznanyň tagtyna çykypdyr. Şondan soňra, ol, möminleriň emiriniň täze ýakyn adamy bolup, ondan Horasana we Gazna eýelik etmekligiň ygtyýar beriji hatyny alýar. Bagdat halypasy Mahmyda «eýeçiligiň mundan beýläk özüne degişli däldigi barada ýazmaça görmezme berýär» . Şonuň ýaly-da, Kadyr Billäh Mahmyda «Ýemineddöwle we ýelinelmille» diýen hormatly derejeleri berýär. Mahmyt bolsa öz gezeginde Kadyr Billähiň adyna Horasanda hutba okamagy girizýär. Bagdat halypasy tarapyndan Mahmydyň Horasanyň soltany diýip ykrar edilmegi onuň baştutanlygyndaky türkmen döwletiniň bütin musulman dünýäsinde garaşsyz ýurda öwrülendiginiň subutnamasy boldy. Hut şol wakadan soňra Mahmydyň ady ilkinji gezek Gaznaly türkmen döwletiniň köşgünde soltan diýlip tutulyp başlanýar. «Şoňa çenli soltan diýen at bolmandyr. Mahmyt yslam döwründe özüne soltan diýen ilkinji adam bolupdyr, şondan soň bolsa bu adaty bir zat bolup galypdyr» diýip, Nyzamylmülk belleýär. Döwletiň Gazna şäherinde döredilendigi sebäpli oňa Gaznaly döwleti diýip at beripdirler. Belli gündogarşynaslaryň biri professor Karl Ritteriň «Eýran» atly eserinde Gazna şäheri barada beren maglumatynda: «Köp adamlar tarapyndan «Gazneýn» diýlip atlandyrylýan Gazna «ýeňiş şäheri» diýmeklikdir. Bu şäher Sşbükteginiň we soltan Mahmydyň paýtagty hökmünde bellidir. Olaryň nesilşalygy şu şäheriň ady boýunça Gaznalylar diýlip atlandyrylypdyr» diýip, nygtamagy munuň tassyklanmasydyr.
Şeýlelikde, ýokarda belleýşimiz ýaly, Samany döwletiniň ýykylmagy netijesinde onuň eýelik eden çäklerinde bir wagtda diýen ýaly garaşsyz döwletler emele gelýär. Şu mynasybetli «999-njy ýyly belli derejede iki sany täze garaşsyz döwletleriň dörän senesi diýip hasap etse bolar» diýip, professor A.Ýakubowskiý belleýär.
--------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------
47-nji sahypa
nyna Arslan Balu hajyp baştutanlyk edipdir. Utbynyň ýazmagyna görä, ol garahanlylaryň Buharadaky goşunlaryna hüjüm edip, olaryň goşunbaşysy Japartegini we 17 sany esasy serkerdelerini tutup, olary Jürjana ugradypdyr, galanlaryny Ilek hanyň ýanyna kowupdyr. Hoşnutlyk bilen Buhara dolanyp gelen Muntasyry şäheriň ilaty şatlykly garşy alypdyr. Bu üstünliklere garamazdan, olara Ilegiň esasy güýçlerine garşy göreşmek mümkin bolmandyr. Ilek goşun çekip Buhara golaý geleninde Muntasyr we Arslan Balu nökerleri bilen Amula geçip, ol ýerden Horasana tarap gaçýarlar. 1000-nji ýylda olar Abywerdi eýeläp, Nyşapura ugraýarlar. Bugahy we Bäşje obalarynyň arasyndaky meýdanda 1001-nji ýylyň Baýdak aýynyň 26-synda bolan söweşde Nyşapur goşunlarynyň başlygy, Mahmydyň dogany Nasr ýeňlip, Hyrada tarap yza çekilmäge mejbur bolupdyr. Şol ýylyň Sanjar aýynda Muntasyryň we Arslan Balunyň goşunlary Nyşapury eýeläpdirler. Emma Sarahsyň eteginde bolan uly söweşde Nasr olary çym-pytrak edipdir.
Muntasyr iň soňky güýçlerinden mahrum bolandan soňra, Mawerannahrdaky oguz türkmenleriniň düşelgelerine gaçyp baryp, olardan haraý gözläpdir. Oguz türkmenleri samanlylara meýillidiler. Gardyzynyň gürrüň bermegine görä, Oguz türkmenleriniň baştutany Beýgu hut Muntasyryň kömek bermegini sorap ýüz tutanyndan soň yslamy kabul edipdir we ozal samanlylara bagly bolandyklary sebäpli ony goldamaga wada beripdir. Çeşmelerde Beýgunyň eýýäm haçan samanlylara olaryň garahanlylara garşy göreşinde kömek eden seljuk türkmeniň ogly bolandygy aýdylýar. Oguzlar Muntasyra goşulyp, Zerawşanyň kenarynda Ilegiň uly serkerdesi Sübaşyteginiň goşunlaryny derbi-dagyn edipdirler. 1003-nji ýylyň Alp Arslan aýynda olar Samankandyň golaýynda gijäniň garaňşykylygyndan peýdalanyp duýdansyz hüjüm bilen Ilegiň öz goşunlaryny hem ýeňlişe sezewar edipdirler. Üstesine-de, onuň leşgergähiniň köp bölegini alyp, on sekiz serkerdesini hem tutupdyrlar we düşelgelerine dolanypdyrlar. Oguzlar Ilekden onuň ýesir alnan serkerdeleriniň öwez tölegini almak isläp, olary Muntasyra bermekden aýgytly ýüz dönderipdirler. Oguzlaryň özaralarynda ýesirleri Ilege gaýtaryp bermek meselesi boýunça jedel gidýändigi barada Muntasyra habar ýetirenlerinde, ol, oguzlar, Ilek bilen dildüwüşýändirler öýdüp, 700 adamlyk ýeňil we agyr ýaraglanan atly hem pyýada harby topar bilen şol ýylyň güýzünde Darganyň ýanynda Jeýhunyň buzunyň üstünden geçip, Amula gelýär. Oguzlar olaryň yzyndan gidipdirler, emma derýadan geçjek bolanlarynda buz ýarylyp, gark bolupdyrlar.
Amulda ornaşandan soň Muntasyr ýaraşyk isläp soltan Mahmyda hat ýazýar we Buharany gaýtaryp almak üçin ondan kömek soraýar. Özi bolsa türkmenleriň Jeýhundan geçmeginden ätiýaç edip (ol olaryň heläk bolandygyndan şol wagt bihabar eken —B.G.), Merwiň golaýynda bir ýere barýar. Şol ýerde Abu Japar hoharzadäniň harby topary bilen söweşe girip, soňra Abywerde tarap çekilýär. Soltan Mahmyt onuň ilçisini gowy garşylap, oňa pul kömegini berýär we Hoharzadäniň Muntasyra tabyn bolmaklyga mejbur edýär. Muntasyryň soňky hereketleri hem şowly bolmandyr. Ol kiçeňräk topar bilen Ysfaraýyna gelende, ilat ony gala goýbermändir. Ol Sarahsyň çäklerine baryp, goşunynyň galan-gaçanlary ýygnanýança şol ýerde garaşypdyr. Bu ýerlerde onuň meýilnamalary paşmandan soň, ol, 1004-nji ýylda Nesefiň ýanynda derýadan aňry geçipdir. Emma Mawerannahrda ýene-de Ilek hanyň yzarlamalaryndan gaçyp, derýadan günorta geçýär we Jüzjanyň töwereklerine gelýär. Muntasyr bu ýerde ilatyň mallaryny sürüp, talamak we olary urşujylaryna paýlamak bilen meşgullanypdyr we çölüň üsti bilen Zagul köprüsine tarap gidipdir. Soltan mahmydyň buýurmasy boýunça serkerde Farigun ibn Muhammediň ony yzarlamagy sebäpli Muntasyr Kuhystanyň Junabit diýen ýerine gaçyp gelýär. Bu ýerde Nyşapuryň goşun başlygy Nasr ibn Söbükteginiň, Sarahsyň häkimi Tuganjygyň we Tusuň häkimi Arslan Jazybyň birleşen güýçleri tarapyndan onuň daşy gabalýar. Muntasyr şol gabawdan hem sypyp gitmegi başarypdyr we ol ýerden Bistama ýönelýär. Bistamyň emiri Şemsilmagaly Kabus bin Wuşmgiriň iberen kürt harby topary tarapyndan ol ýerden hem Biara tarap gysylyp, soňra Jeýhunyň kenaryna ugraýar. Emma oňa täleýi bu ýerde hem gülüp bakmandyr. Ilek hanyň iberen goşunlary derýadan geçip, ony yzyna gaçmaga mejbur edipdirler we Buşri rabatynda iki doganyny ýesir alypdyrlar. Muntasyr 1005-nji ýylyň sähralyklarda göçüp-gonup ýören Ibn Behiji atly arap çarwadarynyň soltan Mahmydyň Abu Abdylla Mahruý diýen salgyt ýygnaýjysynyň tabşyrygy boýunça buky gurnalyp, gürpbasdy edilýär we öldürilýär. Onuň jesedini Rudbarzemdäki Maýmarga alyp gidip, şol ýerde jaýlapdyrlar. Bu waka baradaky habary eşideninde Mahmyt salgyt ýygnaýjysyny jezalandyrmagy, Behijiniň düşelgesini bolsa talamagy buýrupdyr.
Samanylar nesilşalygynyň iň soňky wekili wepat bolanyndan soň, gildi diňe olaryň mirasyny Garahanly we Gaznaly türkmen döwletleriniň arasynda paýlaşmak meselesi galypdy. Bu mesele boýunça Ilek Nasr bilen mahmyt Gaznalynyň arasynda heniz Muntasyr bilen uruş gidýärkä ähtnama baglaşylypdy. Oňa laýyklykda ozal Bugra han bilen Abu Alynyň Jeýhuny iki döwletiň araçägi diýip ykrar etmek baradaky şerti güýjünde galdyrylýar. Galyberse, Ilek soltan Mahmydyň gelejekde Hindistana etmeli ýörişlerine päsgel bermeli däldi. Mahmyt onuň gyzyny özüne aýallyga alyp, olaryň arasynda gaýyn-giýew gatnaşyklary peýda bolandan soňra, ýaraşyk-ylalaşyga ýol açylypdy. Şunlukda, Samanylaryň Jeýhundan demirgazyk we demirgazyk-günbatardaky öň eýelik eden (Mawerannahr we beýleki) ýerleri Garahany döwletiniň düzümine, Jeýhundan günorta we günorta-günbatardaky welaýatlary bolsa Mahmyt tarapyndan basylyp alnyp, Gaznaly türkmen döwletiniň düzümine girdiler. Munuň netijesinde güýçlenen Gaznaly döwleti musulman dünýäsinde möhüm orun eýeläp başlady.
Şondan soň soltan Mahmyt gysga wagtyň içinde güýçli ýygyn düzüp, goňşy ýurtlara yslam dinini ýaýratmagyň aladasynda bolýar, çünki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýazyşy ýaly: «Öz döwründe güýçlenmegiň zerurlygy hökmünde yslamy ýaýmak, ýurduňy giňeltmek esasy maksat bolupdyr». Şu maksat bilen «Güýçli goşun toplap, ilek hanlar bilen, Samanylaryň güýçden gaçan döwleti bilen ylalaşyk baglaşyp, Mahmyt Hindistana ýörişlere başlaýar». Umuman, Hindistan onuň harby ýörişleriniň esasy ugry bolupdyr. Ýöne Mahmyt Hindistana gitmezden öňürti Seýistanyň emiri Halep bin Ahmet bilen baglanyşykly meseläni gutarnykly çözmek isläpdir, çünki Halep Nasyreddin Söbükteginiň emirligi döwründen bäri Horasandaky gozgalaňlara baş boşup gelýärdi. Onuň Seýistanda turzan gozgalaňynyň ulalyp, goňşy ýurtlara ýaýramagy mümkindi. Üstesine-de, Halebiň buýurmasy boýunça onuň ogly Tahyr Kuhystany we Buşenji basyp alýar. Buşenç bilen Hyrat soltanyň agasy Bugrajyga degişli ýerlerdi. Bugrajyk Tahyr bilen söweşe girip, ilki ony ýeňipdir. Emma ony tutjak bolup kowup barýarka, Tahyr duýdansyz yzyna öwrülip, ony öldüripdir. Şol sebäpli Mahmyt 390-njy hijri (1000-nji milady) ýylynda Seýistanyň üstüne ýörişe gidýär. Ol Halep bin Ahmedi Asbahbet galasynda gysaja salyp, tussag edýär we harby çykdajylaryň öwez tölegi üçin getirilmeli baýlyga derek onuň özüni girew hökmünde saklaýar.
Hindileriň özleri hem Gaznaly döwletiniň çäklerine ululy-kiçili çozuşlar guraýardylar. Şonuň üçin soltan Seýistan welaýatyny tutuş eýelemegi birneme gijiräge goýup, hindileri amana getirmek isledi. Ol öz esgerlerinden we meýletinlerden düzülen 15 müňlük goşun bilen 392-nji hijri (1001-nji milady) ýylynda Burşawaz (Berşur) şäheriniň eteginde bolan agyr söweşde Hindi patyşasy Jibalyň 40 müň atly we pyýada hem-de 300 pilli goşunyny çym-pytrak edip, ajaýyp ýeňiş gazanypdyr. Söweş wagtynda Jibalyň boýnundaky seýrek dürler we jöwherler bilen bezelen göwher monjugyny alypdyrlar we oňa 200 müň dirhem baha kesipdirler. Başga hindilerden hem gaty köp gymmat bahaly şaý-sepler olja alnypdyr. Soltan 50 pili hem olja alypdyr. Jibal ogullaryny we agtyklaryny soltana wepaly bolar ýaly girew bermäge mejbur bolupdyr. Şondan soň olar ýurtlarynyň içki çäklerine yza çekilipdirler. Bu ýeňşiň Horasan üçin ähmiýeti diýseň uly bolupdyr, çünki, ozalky aýdylanlardan belli bolşy ýaly, Horasan onlarça ýyllaryň dowamynda ululy-kiçili ençeme söweşleri başdan geçirip, ysgyndan gaçypdy. Bu şöhratly ýeňiş onuň şöhratyny alyslara ýaýratdy we kuwwatyny artdyrdy.
1001-nji ýylyň ahyrynda Soltan Mahmyt Multanyň gündogarynda ýerleşen Behatiýýa şäherine tarap üçünji ýörişine ugrady. Birnäçe güne çeken gabawdan soň, onuň hökümdary Bahyra ýeňlendigini duýýar we öz janyna kast edip, hanjar bilen ýüregini urýar. Soňra gaznalylar şäheri eýeleýärler.
Biz ýokarda soltanyň Halep bin Ahmedi tussag edip, girew hökmünde saklandygyny aýdypdyk. 1002-nji ýylda Seýistan welaýatynyň işlerini tertip-düzgünli alyp barmaklygy wagtlaýyn synag möhleti bilen Halep bin Ahmediň özüne tabşyrypdyr. Emma Halep bu işi kanagatlanarly alyp barmandyr. Üstesine-de, ol öz ogly Tahyr bilen Seýistany oňa tabşyrmak barada äht ýedipdir. Tahyr ýurdy dolandyrmagy başarman, biperwaýlyga ýüz urupdyr. Halep ogluny zyndana taşladypdyr. Tahyr zyndanda hem dünýäden ötüpdir. Soňra «Ol öz-özüni öldüripdir» diýip, habar ýaýradypdyrlar.
Seýistanyň goşunbaşysy Tahyr bin Zeýnep we beýleki harby serkerdeleri bu wakany eşidip, Halebe boýun bolmakdan ýüz dönderipdirler we soltan Mahmydyň ygtyýaryna tabyn bolmaklygy müwessa bilipdirler. Olar soltana şu maksatdan ilçi iberip, Seýistana özleriniň arasyndan häkim bellemekligini sorapdyrlar. Soltan olaryň haýyşyny kanagatlandyrypdyr. Emma Halep muňa razy bolman, urşa taýýarlyk görüpdir. Soltan 1003-nji ýylda goşun iberip, Seýistany öz şadöwletine birikdirýär. Ol Halebi Seýistandan aýryp, onuň öz haýyşy boýunça Jüzjana häkim edip iberýär.
Mahmyt Seýistan welaýatyna Nasyreddin Söbükteginiň Gonjy hajyp ady bilen meşhur bolan asylly serkerdeleriniň birini häkim edip belläpdir.
Birnäçe wagtdan soňra Mahmyt Gaznala Halebiň Ilek hany öz üstüne küşgürýändigi barada maglumat gowuşýar. Soltan Jüzjana iki sany uly goşun bölümini sürýär we Halebi tä 1008-nji ýylyň Gorkut aýynda ajaly ýetip ötýänçä gabawda saklaýar. Onuň yzynda galan ähli zadyny onuň ogly Abu Hafsa miras bermekligi buýurýar. Abu Hafs soltana wepaly hyzmat edipdir.
Utbynyň ýazmagyna görä, halep bin Ahmet ylyma, bilime, medeniýete uly hormat goýýan adam bolupdyr. Şahyrlar, alymlar we başgalar ony dillerinde wasp edipdirler. Onuň ömür beýany baradaky gürrüňler alys gözúetimlere ýaýrapdyr.
Halep bin Ahmet Hemedan şäherinde hajyplary garşy alanda, ondan sorag-jogap edilipdir. Abylfazl Hemedany ony şeýle beýan edýär:
Hajylar Halap bin Ahmede berdiler birnäçe sorag-sowaly:
«Hany ogluň , öýi nirede, niçik onuň işi, ýagdaýy-haly?
Diýdi Halap: «Nebsi öýünde, aňy yzda,
elinde dünýäniň maly.
Wezipe ony göterdi, ulumsylyk suwunyň üstünde saly.
Ýalan-ýaşryk dilinde, töhmet atmakda iki paý berlen ýaly,
Eý, hajylar, bu soragda barmy sizde
meni oýnamak hyýaly?»
Aýtdylar: «Oýnumyz ýok, synagdan geçdiň,
çekip keç gelen ykbaly.
Ogluň sözünde yktybar ýok, işinde adalat, düzüw däl päli.
Eger ýakyn bolmasa sahylyga, sadalyga mülküň şemaly.
Mertebäňi gaçyrýar, tagtdan taýdyrmaga salýar hiläni-aly.
Haýyr-yhsan gerek ilata, tagta direg iliň ýagşy ahwaly.
Şanyň päk ahlagy ile ýagşy görelde, görkezýär dogry ýoly.
Goňşyň hakyn saklamak beýik ahlak,
ynjytmak ahlaksyzlyk uly».
Seýistanyň täze häkimi Gonjy hajyp tejribeli, ýumşak gylykly, mähirli ýolbaşçylaryň biri eken. Emma onuň orunbasarlarynyň we ynamly adamlarynyň käbiri has ýokary wezipelere dalaş edip başbozarlyga ýüz urýarlar we biri-biriniň garşysyna topalaň turuzýarlar. Bu bulagaýlygy ýatyrmak üçin soltanyň özi saýlantgy esgerlerinden 10 müň adam alyp, gyssanmaç ýola düşýär. 393-nji hijri (1003-nji ýylyň milady) ýylynyň Bitaraplyk aýynyň ortasynda gala zabt edilip alynýar we gozgalaňçylar dargadylýar. Munuň özi Seýistanyň Mahmyt tarapyndan ikinji gezek eýelenilmegidi. Soltan ony goşunbaşy dogany Abylmuzapbar bin Nasr bin Nasyreddin Söbükteginiň ygtyýaryna üstesine Nyşapury, Nahydy we gündogardaky welaýatlary hem goşmak bilen beripdir.
Behatiýýa söweşinden soň soltan Mahmyt Multany Gaznaly döwletine birikdirmegi maksat edinýär we 1005-nji ýylda uly goşun bilen Seýhundan geçip, şol tarapa ugraýar. Bu onuň hindileriň üstüne dördünji ýörişidi. Ol Panjabyň şasy Andybala hat ýazyp, Multana ýetmek üçin öz ýurdunyň üstünden ötüp gitmeklige rugsat sorapdyr. Emma Andybal bu haýyşy kabul etmän, onuň garşysyna topalaň turuzýar, soňra bolsa soltanyň güýjünden asgyn gelip, Kaşmire gaçyp gidýär. Mahmyt onuň ýurduny eýeläpdir. Multanyň häkimi Abylfutuh Jaýpal hem Soltanyň uly güýçdigini we garadan gaýtmaz işleriniň bardygyny bilýärdi. Şonuň üçin ol söweşde ýeňiljekdigine takyk göz ýetiripdir we Multany taşlap, Serendi adasyna tarap gaçyp gidenini kem görmändir. Şäheriň ilaty soltanyň goşunlaryna aýgytly garşylyk görkezmäge synanyşýar. Gandöküşikli söweşden soň gaznalylar Multany güýçli hüjüm tabyn edýärler. Soltan onuň ilatyna 20 million dirhem salgyt salypdyr.
Mahmyt Gaznalynyň Hindistanyň içerki etraplaryna ýöriş edip, ol ýerleriň ilatyna hem yslamy kabul etdirmek niýeti bardy. Emma ol bu maksadyny wagtlaýynça goýbolsun edip, Multandan yzyna dolanmaly bolupdyr. Sebäbi Ilek hanyň onuň özi bilen baglaşan ähtnamasyny gödek bozandygy barada oňa maglumat gowşurýarlar. 1006-njy ýylda Garahany türkmenleri Horasana iki sany güýçli harby topar iberýärler. Olaryň birinjisi Sübaşyteginiň baştutanlygynda Nyşapury we Tusy basyp almalydy; Ikinjisi Ilegiň dogany Japar teginiň başlyklygynda Balhy tabyn etmelidi. Ol toparlaryň ikisi hem öz üstlerine ýüklenen wezipeleri ýerine ýetiripdirler. Balhyň ýaşaýjylary garahanlylara aýgytly garşylyk görkezipdirler, şol sebäpli olaryň şäheri rehimsiz talaňçylyga sezewar edilipdir. Nyşapurda ilat basybalyjylary bütinleý gowşak garşylapdyr, üstesine-de ýokary gatlagyň wekilleri, Mawerannahrda bolşy ýaly, olaryň tarapyny tutupdyr. Mahmyt bu hüjüm barada eşiden badyna dessine Gazna dolanyp gelýär we Japartegini Balhdan Termize çekilmäge mejbur edýär; Sübaşytegin hem Mahmydyň we onuň serkerdeleriniň uran zarbasyna bäs gelip bilmän, öz goşunynyň diňe ujypsyzja bölegi bilen zordan Mawerannahra özüni atypdyr. Onuň dogany we serkerdelerinden birtopary ýesir alynýar. Mahmydyň ünsüni Sübaşydan başga tarapa sowmak üçin Ilek alty müň goşuna baştutan edip Japary ikinji gezek Balha ugradýar. Onuň topary Jeýhunyň kenarynda soltanyň dogany Abylmuzapbar Nasr tarapyndan derbi-dagyn edilýär. Horasan ýene soltanyň doly eýeçiligine geçýär.
Ilek hanyň teýeneli sözlerine onuň harby başlyklary «olaryň pilleri, olaryň ýaraglary we özleri bilen söweşmek asla mümkin däl» diýip, jogap berýän ekenler. Ilek bu ýeňlişler üçin Mahmytdan ar almakçy bolup, Mawerannahryň dehkanlaryndan haraý gözläpdir we öňden bäri özi bilen dostlukly gatnaşykda bolan garyndaşy, Hotanyň hökümdary Kadyr han Ýusup bilen ýaranlyk baglaşypdyr. Ilek 1007-nji ýylda Kadyr hanyň iberen uly goşuny bilen birlikde 50 müňden-de köpräk leşger bilen Jeýhundan geçipdir.
Soltan mahmyt bu habary Toharystanda bolup ýörkä eşidýär. Ol Balha baryp düşläp, aýgytly söweşe taýýarlanypdyr we oguz türkmenlerini, halaçlylary, hindileri, owganlylary we gaznalylary jemläp, bäş ýüz pilli ägirt uly goşun düzüpdir. Söweş Balhdan 4 parsahlykda ýerleşen Şarhaýan köprüsiniň ýakynynda 1008-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 4-ünde bolup geçipdir. Mahmydyň pilleri bilen söweşmäge garahanly trkmenleriň ukyby bolmandyr we söweşiň netijesini esasan şolar çözüpdir. Garahanlylaryň goşunlary bütinleý çym-pytrak edilýär. Olaryň yza gaçanlaryny gaznalylar Horasandan tä Mawerannahra çenli kowalapdyrlar.
Soltan Mahmyt garahanly türkmenler bilen baglanyşykly oljasyndan dynandan soň Hindistan tarapa ýörişe gitdi. Munuň üçin amatly pursatdöräpdi. Soltanyň golastynda yslama giren hindi patyşasy Nowaçanyň ogullarynyň biri Suhpal başga birnäçe serdarlar bilen birigip, oňa garşy başgöteripdirler we gaznalylara degişli ýerleriň käbirini basyp alypdyrlar. Bu ýagdaý soltany gazap atyna atlandyrýar. Gyş paslynyň möwç urmagyna garamazdan, ool hindileriň üstüne bäşinji gezek ýörişe ugrap, Multanyň üsti bilen Suhpalyň paýtagty bolan Bheranyň çäklerine baryp ýetdi. Iki tarap daglaryň arasynda çaknyşdy. Suhpal dört ýüz müň dirhem hun töläp, başyny ölümden gutardy. Soltan ony zyndana taşlady. Ol gaznalylara degişli ýerleri yzyna yslama girizip, Gazna dolanýar. Syhpal soňra Mahmydyň görkezmesi boýunça zyndandan çykarylyp, ýene Multana häkim edilip bellenilýär.
Bu iki uly ýeňiş Gaznaly türkmen döwletiniň kuwwatyny has-da artdyrýar. Ýöne soltan Mahmyt bu üstünlikler bilen kanagatlanman, yslamyň täsirli güýjüni has giň ýaýratmak isleýärdi. Şu maksat bilen ol 1007-nji ýylyň güýzünde Hindiment derýasynyň kenaryna ýetýär. Bu onuň Hindistana altynjy gezekki ýörişidi. Bu ýerde ol Penjabyň hökümdary Abrahman (Brahman) Andybalyň baştutanlygyndaky goşunlary bilen uzakly gün söweş edip, olary Behim Nogur galasyna çenli gaçmaga mejbur edýär. Ol galada Hindi şasy we tanymal adamlaryň iň uly, iň owadan we iň gymmatbaha daşlardan ýasalan senemlerine çokunýan ekenler. Olar bu ýere köp asyrlardan bäri toplaýan baýlyklaryny we gymmat bahaly şaý-seplerini getirip saklaýan ekenler. Olar muny dini-ygtykat hasaplapdyrlar. Hindiler dabarasy dag aşan soltanyň bu ýere goşun çekip gelýänini görüp, musulmanlardan aman diläpdirler. Mahmyt Behim Nogury söweşsiz diýen ýaly eýeläp, gaznalylaryň mülküne birikdiripdir. Gaznalylar bu ýerde örän köp olja alypdyrlar. Bu baýlygyň mukdary 70 million şahy pula barabardy. Altyn, kümüşleriň bahasy 700 milliondan hem geçipdir. Altyn kümüşli deňi-taýy bolmadyk bu hazyna uzynlygy otuz gulaç, ini bolsa ýigrimi gulaç öýi dolduryp durupdyr. «Olar bu oljalary Gazna getiripdiler. Ýemineddöwle ajaýyp we nepis göwherleri köşgüniň öňündäki açyk meýdana düşetdi. Onuň ýanyna gelen özge patyşalaryň ilçileri aýaklarynyň astynda lowurdaşyp duran bu täsinlige, ömürlerinde görmedik we eşitmedik ajaýyplygyna geň galyp seredýärdiler» diýip, Ibn Esir görkezýär.
Taryhy çeşmelerde soltan Mahmydyň hindileriň käbir ýerlerini Gaznaly döwletine hatda söweşsiz hem tabyn edendigi barada aýdylýar. Muňa beýik söwda merkezi bolan Naryn şäheriniň boýun egdirilişi mysal bolup biler. Mahmydyň Hindistana ýedinji gezekdäki ýörişi wagtynda, 400-nji hijri (1010-njy milady) ýylynda bu şäheriň rajasy Mahmydyň goşunlarynyň güýçli zarbasyndan gutulma ýokdugyna magat göz ýetiripdir we ýaraşyk ähdini baglaşmaklygy sorap, oňa ýüz tutupdyr. Şunda ol soltana salgyt töläp durmaga, her ýylda elli pil, ýurdunyň gowy önümlerinden mata-marlyk we köp mukdarda pul ibermeklige, iki müň hindi esgerini onuň hyzmatyna ýollamaklyga boýundygyny nygtapdyr. Soltan yslamy kabul etmekligi boýnuna goýup, onuň teklibine razy bolupdyr. Utbynyň ýazmagyna görä, «Hindileriň ýurdundan uly kerwenler yzly-yzyna Horasana ýük alyp gelipdirler».
1010-njy ýylda soltan Mahmyt sekizinji gezek Hindistana ýöriş guraýar. Ol bu sapar Multana baryp, Karmatylara agyr zarba urýar, karmatylaryň hereketine ýol berendigi üçin Suhpaly aýyplap, ony tussag edýär we Gazna getirýär. Suhpal Gandagardaky Gurak galasynyň zyndanyna taşlanyp, şol ýerde hem ýogalypdyr.
Şol wagtlarda Gazna gyşy bolup durýan Gur ýurdunyň adamlary özleriniň hökümdary Ibn Surynyň baştutanlygynda yslama tabyn bolmakdan ýüz öwrüp, gozgalaň turzupdyrlar we we gaznalylara garşy eden-etdiligi köpeldipdirler. 1060-njy ýylyň Alp Arslan aýynda soltan Hyradyň häkimi Tontaş Hajyby we Tusuň häkimi Arslan Jazybyň goşunlaryny olaryň üstüne ugradýar. Çaknyşykda iki tarapyň hem edermenleri gaýduwsyzlyk bilen söweşip, biri-birinden pes durmandyrlar. Hiç tarapyň hem ýeňiş gazanyp bilmändigi baradaky habary eşidip, Mahmyt Gaznadan kiçi ýaşly ogullary Mesgudy we Muhammedi, şeýle hem ýörişe ygtyýarly gulamlaryny alyp gaýdýar we gur goşunlarynyň hataryny böwüsýär. Olar Ahengeran atly galalaryna gaçyp girýärler. Mahmyt gala güýçli hüjüm edýär. Gurlar erjellik bilen goranypdyrlar. Şu ýerde bir ýagdaýy aýratyn bellemek isleýäris. Utby şol galanyň zabt edilişini beýan edip: «Ýürekleri demirden ýa daşdan ýasalan ýaly on müň esger duşmanyň üstüne howp salmak üçin hüjüme geçdiler» diýip, şol esgerleriň gaznalylaryňkydygyny äşgär görkezýär. Ibn Esiriň kitabynda bolsa muňa çapraz gelýän maglumat berlip: «Gurlar çar ýana dargadylar we özleriniň ýaşulusy Ibn Sury ady bilen tanalýan hökümdarlarynyň ýanyna gitdiler. Olar Ahankeran (Seret, Utbynyň kitabynda Ahengeran —B.G.) diýip atlandyrylýan şähere ýetdiler. Olar bu şäherde (?) on müň sany söweşijini saýladylar. Musulmanlar olar bilen tä gün gyzyşýança söweşdiler» diýip, göýä ol esgerler gurlara degişli bolan ýaly nädogry görkezilipdir. Munuň özi, elbetde, terjimeçiniň goýberen säwligi bolsa gerek. Her niçik-de bolsa, soltan Mahmyt gurlary aldaw ýoly bilen duzaga salyp, olardan üstün çykarypdyr. «Mahmyt Gaznaly bu ýeri 1010 (401)-njy ýylda boýun egdirýär» diýlip, Mukaddes Ruhnamada görkezilýär.
Ibn Esiriň ýazmagyna görä, Mahmyt Gaznaly gurlar bilen baglanyşykly meseläni birýanlaýyn edip, Gazna dolanyp gelýär. Emma arsuan köp wagt geçmänkä, ol, özge dine uýýan başga bir taýpanyň üstüne ýöriş gurap, ony hem tabyn edipdir we musulmançylygy olaryň ýol-ýörelgelerine girizipdir. Ýöne ýazar şol taýpanyň adyny, haýsy ýurtda ýerleşendigini, boýun egdirilen senesini we taryh üçin beýleki gerekli maglumatlary, gynansak-da, görkezilmändir.
Ýokarda agzalan Şarhaýan söweşi bilen garahanlylaryň Horasana hüjüm edijilikli hereketi togtadylypdy. Mundan beýläk olaryň bilelikdäki hereketleri üçin eýýäm mümkinçilik bolmandyr. Muňa garahanlylaryň özleriniň arasynda başlanan dawa-jenjeller sebäp bolupdyr. Islegiň uly dogany Tugan han Kaşgarly oňa garşy göreşmek üçin soltan Mahmyt bilen ýaranlyk baglaşýar. Ilek han mawerannahryň goşunlaryny jemläp, ilki Tuganyň, soňra soltan Mahmydyň, ahyrsoňunda-da Kaşmiriň üstüne ýöriş gurap, garahanlylaryň eýelik edýän ýerlerini giňeltmekçi bolupdyr. Emma Uzkende ýeteninde günläp düşen galyň gar ony Samarkanda dolanmaga mejbur edipdir. Şondan soň taraplaryň ikisi-de soltana ilçilerini iberýärler. Soltan doganlaryň jedellerinde araçy bolmaklyga göwünjeň razy bolupdyr. Şunda ol ilçiler üçin olarda güýçli täsir galar ýaly lowurdap duran görkli köşgüniň öňünde, daşyny ajaýyp lybasly gwardiýasy gurşap alan meýdançada dürli dabaralar gurnadypdyr. Ýöne ilçileriň eden yhlasy gowy netijä getirmändir we doganlaryň biri-birleri bilen, şonuň ýaly-da soltan bilen agzalalygy hem duşmançylygy aradan aýrylmandyr. Bu waka 402-nji hijri (1011-1012-nji milady) ýylynda bolup geçipdir.
Taryhy makalalar