01:24 Bu gije | |
BU GIJE
Goşgular
Bu gije ýüregmi ýuwdum, Öjügende köne derdim. Ýygralygy başdan sowup, Erkimi gözýaşa berdim. Ýuwdum kalbyň kinelerin, Gussalaryn artdym kemsiz. Ejiz göwün dil-agyzsyz, Dolup giden eken çensiz. Tümlügi tutunyp perde, Ýuwdum göwnüň ahmyrlaryn. “Il agzyna düşmesin” diýip, Gizlän “amanat” syrlarym. Indi bilýän barysynyň, Artykmaçja dertdigini. Özümiňem bagry ýükli, Artyk zenan, mertdigimi. Ýeňlän gursak hyjuw bilen Urdy, diriligmi duýdum. Ýaz ýagşy deý çagba dönüp. Bu gije ýüregmi ýuwdum. Annabeg AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||