12:27 Buenos dias kamponýeros | |
BUÝENOS DIAS, KAMPONÝEROS!!!
Ýol ýazgylary
1. Ýoňsuzja maglumat. 7-nji noýabr, 1990 ý. Moskwa. Şeremetowa – 2 halkara uçargähi. Ir sagat 10. Ýerde gyrpa gar ýatyr. Şu ýylyň ilkinji gary. Howa üç gradusa golaý sowuk. “Ýedi adamdan ybarat Sowet ýazyjylarynyň delegasiýasy, Il-86” kysymly äpet uçara münüp, asmana göterilýär. Delegasiýa girýänler: Aleksandr Tkaçenko /delegasiýanyň ýolbaşçysy, şahyr, Moskwa/, Wladislaw Pýesýuh /ýazyjy Moskwa/, Kristina Lýalko / ýazyjy, Minsk/, Natalýa Beloserkowes /tankytçy, Kiýew/, Norik Bagdasarýan /şahyr, Leninakan/, Taris Fedýuk /şahyr, Odessa/ we siziň sadyk guluňyz. Ugrumyz meşhur azatlyk adasyna – Kuba tarap. Maksadymyz – Kuba – Sowet ýazyjylarynyň döredijilik gatnaşyklaryna täzeden ser salmak, pikir alyşmak, esasanam birek-birek bilen ýazyjy hökmünde ysnyşmak. 10 müň metr belentlikde, sagatda 850 km tizlik bilen uçup barýan uçaryň her biri kiçiräk klubdan kem bolmadyk dört bölüminiň dördüsem ýolagçylardan doly. Onda – munda käbir kreslolaryň aňyrsyndan, “Komsomolskaýa prawda”, “Izwestýa” , “krokodil” ýaly sowet gazet-žurnallary göze kaklyşyp gidýär. Biziň ýerleşen üçünji salonymyzyň içine düşen ýalňyz siňek hiç kimden ýüz tapman, ondan-oňa kowlup, elewräp ýör. Bortdaky radio boýunça berilýän bildirişler iki dilde: rus hem ispan dillerinde eşitdirilýär. Dört sagada golaý uçanymyzdan soň, Irlandiýanyň Şenon uçargähinde gonýarys. Bu ýerde howa 8 gradus maýyl. Uçargähiň zaly dürli harytlardan hyryn-dykyn doldurylan dükanlardan ýaňa gözüň ýagyny alyp barýar ýöne bar zat diňe dollara satylýar. Bizde bolsa o ýok. Seredýäs, emenýäs, aýrylýas. Sagat ýarymdan soň ýene-de göterilýäs. Meşhur Bermut üçbururçlygynyň üsti bilen ylaýyk dört sagat uçup, bu gezek kanadanyň Gonder uçargähine baryp düşýäris. Howa bir gradus sowuk. Bu ýerde-de harydyny dollara satýan dükanjyklar az däl. Biz uçardan düşjek wagtymyz elimize tutdyrylan birkajyga bir banka pepsi-kola alyp bokurdagymyzy ölleýäris. Oňa çenlem uçara münmäge çagyrýarlar. Ýene-de bäş sagat uçup, Gawenanyň “Hose Marti” uçargähinde uçardan çykýarys. Howa 24 gradus maýyl. Mylaýym. Ýumşak. Bizi garşy alan awtobus, Gawananyň on sekiz mertebeden ybarat “Kapri” myhmanhanasynyň işiginde saklanýar. Terjimeçi Marla Sançes bize myhmanhana ýerleşmäge, dokumentleri dolduryşmaga kömek edýär we ertire çenli hoşlaşýar. 2. Ilkinji tanyşlyklar Şäher bilenem, şäheriň adamlary bilenem, Kubaly ýazyjylar bilenem tanyşlyk şol günüň ertesi irden başlandy. Turup, sekizinji mertebede ýerleşýän otagymyzyň äpişgesinden äňedişim ýaly, ilki gözümiň düşen zady – aňyrsyna bärsine göz ýetmeýän ümmülmez gök deňiz boldy. Alyslardan eplem-büklem bolup gelýän tolkunlaryň gara daşlara bagryny oýkap, birdenem öwgüldäp goýberişem, haşyldap uludan demini alyşam eşidilip dur. A-aňyrda bolsa iküç sany ak ýelkenli äpet gämiler görünýär. Olar ýa-ha durlar, ýa-da örän haýal hereket edýärdiler. Şol ýeriň porta girmek üçin garaşylýan ýer bolmagam ahmal. Asman dury. Göm-gök. Ýüzünde ak bulutlar gaýyşyp ýörler. Şeýle asuda howada-da deňziň bolubilenini bolup durşuna geň galýarsyň. Bir keçje ýeri biziň äpişgämizden deňiz doly görnenok. Üçden bir bölegini gabat-garşymyzdaky belent jaý tutup dur. Ertirlik nahardan soň bütin delegasiýamyz bolup, deňziň kenaryna tarap ugraýarys. Deňziň şähere direýän ýerine başdan-aýak beton haýat çekilen. Haýatyň deňizden tarapy juda çuň bolsa-da, şäher tarapy metr ýarymdan beýik däl. Bu ýerini Gawanalylar “Malekon” diýip atlandyrýarlar. Ol ýeri hemişe adamly. Ir ertirden tä, ilkag aşama çenli mähellesi egsilenok. Synçylar deňzi beton haýatyň bärsinde durup synlaýarlar. Keýpine syn edip duranam, balyk tutmak üçin çeňňeklerini oklaşyp duranlaram bar, Deňiz näçe birahat bolsa şonça-da kenarda balykçy köpelýär. Asuda wagty olar az. Keýpine gezişip ýörenlerem köp. Beton haýatyň ini ýarym metr çemeliräk. Onuň üstüne çykyp oturanam bar, tirsegine söýenip, deňze syn edip ýatanam bar. Tolkunlary bu ýerde durup synlamak myhmanhananyň penjiresinden bakan ýaly däl. Olar allaoworralardan uly hyruç bilen şaglaşyp gelişlerine özlerini beton diwara gülçüldedip-gülçüldedip urýarlar. Onuň öz öňlerine bent bolup durşuna gahar edýän ýaly awunan aždarha dek agyzlaryny ak köpürjik edip dik ýokaryk göterilýärler. Göz açyp ýumasy salym gök asmanyň ýüzünde daş-töwereklerine ýalt-ýult edişip durýarlar-da ahmyr bilen özlerini aşak goýberýärler. Şol bada-da kül pagyş bolýarlar we gelen yzlaryna bakan götinjekleşip ugraýarlar. Olaryň garasy ýitmänkäde, entek başyny gara daşa urup görmedik, bagtyny synasy gelip, içi byjyklaşyp duran tolkunlaryň täze bir tapgyry peýda bolýar. Emma barybir şol bir hadysa gaýtalanyp dur. Synçylar bolsa ýüz-müň arman hem köý içinde ala-basga düşüp ýören däli tolkunlaryň owunjak syçrantgylarynyň öz ýüzlerine sepelenişinden lezzet alýarlar. Ýer ýüzüniň ep-esli bölegini tutup duran mähnet okeanyň müň dürli gatlardan geçip gelen gudratly gomlarynyň şojagaz haýata degip yzyna gaýdyp duruşy welin dogrudanam juda geň. Şol gün günortan, Kubanyň Ýazyjylar guramasynyň ýolbaşçysy Migel Barnet Sowet ýazyjylarynyň hormatyna çaý içişlik gurnady. Şu ýerde bir zady aýtmak gerek. Kubada ähli döredijilik işgärleri birigip bir soýuzy emele getirýärler. Ol şeýle atlandyrylýar: “Kuba ýazyjylarynyň we sungat işgärleriniň birleşen soýuzy.” Soýuzyň bir başlygy bar. Şol soýuzyň içinde ýazyjylaryň, hudožnikleriň, kompozitorlaryň hersiniň aýratyn öz guramalary bar. Her guramanyň başlygy soýuzyň başlygynyň sekretary bolup durýar. Başlykdan we sekretarlardan başga işgärler diňe jemgyýetçilik başlangyjy esasynda işleýärler. Çaý içişlikden soň, öýlän sagat üçde, Kubanyň Ýazyjylarynyň we döredijilik işgärleri soýuzynyň jaýynda Kubaly ýazyjylaryň uly topary bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň diýseň gyzgyn, jedelli we çekeleşikli gelendigi üçin, esasanam ýerli ýazyjylary gyzyklandyrýan meseleleriň ählisi barada gürrüň ederden bir duşuşygyň ýeterlik däldigi üçin, şeýle duşuşyk soňam bassyr üç gezek gaýtalandy. Duşuşyklaryň ählisinde-de Kubaly ýazyjylar öňi bilen bu gezekki gelen delegasiýanyň öňkülerden düýpgöter tapawutlanýandygyny bellediler. – Araňyzda SSSR Ýazyjylar soýuzynyň, Respublikan Ýazyjylar soýuzynyň sekretarlarynyň ýa wezipeli adamlaryň ýokdugy SSSR-däki özgerişlikler barada eşidýändiklerimiziň çyndygyna güwä geçýär. Öňler bu ýerde diňe sekretarlar wezipeli adamlar gelerdiler. Bu ýerde-de olary diňe sekretarlar garşylardylar. Bizdenem diňe sekretarlar giderdiler we olaram o ýerde şol bir sekretarlar harşylardylar. Şeýlelikde iki ýurduň arasynda sekretar edebiýaty emele gelipdi. Belki, indiden soň bu iki halk biri-biriniň täze nesle degişli, heniz ýüze çykman ýatan ýazyjylary bilen tanşar – diýdiler. Olar yzly-yzyna, dürli-dürli soraglar berdiler. Her respublikanyň wekiline aýratynlykda-da sorag berdiler. Respublikalaryň ýeke bir edebiýaty bilen däl, syýasy ýagdaýy bilenem gyzyklandylar. Käte gürrüň edebiýatdan daşlaşyp, durşy bilen syýasata we ykdysadyýete urup gidýärdi. Bu elbetde döwrüň alamaty. Kubaly ýazyjylary öňi bilen SSSR-iň häzirki saýlap alan ýoly, gelejegi ünjä goýýar. SSSR-iň sosializmden düýpgöter daşlaşaryndan howatyr edýärler. Gündogar Ýewropa ýurtlaryndaky birsyhly üýtgäp duran syýasy ýagdaýlar hem olary ynjalyksyzlandyrman duranok. Çünki Kubanyň daşary söwdasynyň segsen prosenti şol ýurtlar we sowet soýuzy bilen baglanyşykly. Kubada köp partiýalylygy yglan etmekligiň ýurtda baş-başdaklyk döredäýmeginiň, şol başagaýlykdan Amerikanyň peýdalanmagynyň mümkindigini nygtaýarlar. Öz rewolýusiýalaryna wepaly bolmaklaryna galýarlar. Fidel Kastronyň golaýdaky: “Ýurdy halas etmeli, rewolýusiýany halas etmeli, sossializmi halas etmeli” diýen çakylygyny goldaýandygyny syzdyrýarlar. Olaryň şygary: “Rewolýusiýanyň şanyna islän zadyňy ýaz, rewolýusiýanyň garşysyna – hiç zat!” Şeýle-de olar özlerini sosialistik realizmiň guly hasap etmeýärler! “Kubaly ýazyjylar hemişe-de erkindiler, şu günem erkin” diýip aýdýarlar. Bu – entek Kuba rewolýusiýasynyň serdary ýurt başynda otyrka ýürek arzuwlaryny aýtmakdan çekinmekdenmi /ýurt başyna Gorbaçýow geçýänçä özümiziňem balyk ýaly dymandygymyzy ýadyňyza salyň/, ýa hakykatdanam şol pikire gulluk edýärlermi, ony aýdyp biljek däl, bu olaryň öz işi, ýöne, Kubalylaryň öz rewolýisiýalaryny jan-dilden söýýändiklerine welin men ynanýaryn. Çünki, Kuba rewolýusiýasy biziňki ýaly bir egninden beýleki egnine öwrülmedi-de, öz halkyny kolonial sistemadan halas etdi. Adany özbaşdak, özygtyýarly ýurda öwürdi. Şonuň üçinem olaryň öz rewolýusiýalaryna guwanmaga haklary bar. Ýöne, rewolýusiýa bir zat, rewolýusiýadan soň ýurdy ykdysady tarapdan dogry ýol bilen äkitmek başga bir zat. Belki, olaram rewolýusiýadan soň SSSR-iň sosialistik sistemasyny şablon hökmünde kabul edip alMan, başga bir, özboluşly ykdysady ýol saýlap alan bolsalar has gowy bolardy. Çünki häzir o ýerde-de edil bizdäki ýaly gytçylyk. Talon... dollaryň ýerli puldan rüstemligi... edil bizde gowaça monokulturasynyň boluşy ýaly, o ýerde-de şeker çiňriginiň monokulturasy oba hojalygynyň birgiden peýdaly pudaklaryny gysyp çykarypdyr. Ýöne men syýasatçam däl, ykdysadyýetçem. Şonuň üçinem bu gürrüňleri goýbolsun edip, gören eşidenlerime geçmek isleýärin. 3. Tebigaty. Kubanyň tebigatyny gözüň bilen görmeseň ýazyp beýan etmek mümkin däl. Esasanam Gawanadan çykyp, adanyň demirgazyk gyrasy bilen gündogara – Matanzas, Waradera welaýatlaryna tarap gideniňde, tebigatyň owadanlygy aklyňy haýran edýär. Edil ertekilerdäki ýaly. Aýtmaklaryna görä, Amerikalylar bu adany dynç alyş ýeri hökmünde ulanýan ekenler. “Kuba” sözüni bolsa, ispanlaryň üsti bilen arap dilinden geçen diýip çaklaýarlar. Haýsy sözden geçdikä, diýseň: “...metjit, ...metjidiň üstünde bir zat barmy, nämemi...” diýip, gümürtik jogap berýärler. Biziň pikirimizçe bu söz metjidiň ýokarsyndaky gupba. Arapça Kubba sözünden gelip çykan bolsa gerek. Klimaty tropiki, maýyl. Çygly. Gyş ýok. Gyş aýlaryny bu ýerde “Ýagmyrly döwür” diýip atlandyrýarlar. Iň sowuk hasap edilýän wagtam howanyň maýyllygy 14-15 grdusdan aşak düşenok. Gyşyn-ýazyn maýyllygy üçin, jaýlarda ýyladyş sistemalary ýok. Gyş üçin odun-çöp aladasy ýok. Gyş eşikleri ýok. Öňler käbir oba hojalyk ekinlerinden ýylda iki-üç gezek hasyl alýan ekenler. Häzirem alyp boljak. Emma başga-başga zatlara imrigip, o zatlar ünsden düşürilipdir. Ýagmyrly döwür ot bol bolýar. Tomsuna ýagyş ýagmaýanlygy sebäpli otlar guraýar. Ýöne, “gyşyna”, tomus üçin ummasyz köp ot taýýarlamak boljak. Bu ýerde dünýe-älem gök otlardyr-ösümliklere, palma tokaýlyklaryna bürelen. Maldarçylyk üçin diýseň amatly . emma gynansakda, häzir oba hojalygynyň bu pudagam gözden salnypdyr. Gören gözleriň aýtmagyna görä, öňler her günde her sygyrdan alynýan süýdüň mukdary akla sygar ýaly däl. Ýurduň esasy baýlygy hökmünde nikel öndürijilşini agzaýarlar. Türizm hem şeker çiňrigi ýaly, ýurda gazanç berip biljek esasy çeşmeleriň biri hasap edilýär. Ylmyň iň ösen pudagy – medisina. Gawananyň bir gyrasynda 600 gektar meýdany tutup ýatan Botanika bagy bar. Ol bag Kubanyň özünde ösýän ösümlikleri, agaçlary öz içine alýan zonadan, “Awstraliýa zonasyndan”, “Aziýa zonasyndan”, “gury we çygly afrika – tropikler zonasyndan”, “Amerikan kontinenti” zonasyndan we başgada birnäçe zonalardan ybatar. Bagyň ortasynda dünýäniň ähli ýurtlarynda ösýän palmalaryň kolleksiýasy bar. “Taryhy döwürden öňki” tokaýlykda bolsa iň bir ýönekeýje ösümlikleriň hem geň-enaýy kolleksiýasyny görmek bolýar. Bu bagy doly görüp çykmak üçin, 35 km. ýol geçmeli. Gawanadan onçakly daş bolmadyk San – Fransisko-da – Paulo munisiniýesinde meşhur amerikan ýazyjysy Ernest Hemingueýiň öý-muzeýi ýerleşýär. Beýik ýazyjynyň jaýy ýönekeý, otaglary giň, ýagty. Içinde onuň öý goşlaryndan başga aw ýaraglary, awda geýýän egin-eşikleri saklanýar. Onuň ölemen awçydygy ähli otaglaryň diýen ýaly diwarlaryndan seredip duran sugunyň ýa beýleki haýwanlaryň kelleleri ýolbarsdyr-gaplaň derileri hem subut edýär. Mülki giň. Howluda esasy jaýyndan başga, iki-üç mertebeden ybarat, kiçiräk, howaly, öýüň şakyr-şukurlaryndan daşda başga bir jaýjagaz hem bar. Muny onuň aýaly Meri saldyrypdyr. Äriniň asuda ýerde işlemegi üçin. Emma beýik ýazyjy ol ýerde işlemeýär ekeni. Öýde işlemäni gowy görýär ekeni. Howaly jaýjagazyň üstüne çykyp Meri ikisi Gawanany synlar ekenler. Howuz, saýaly basdyrma, birgiden meýdany tutup duran tokaýlyk hem ýazyjynyň ygtyýarynda bolan. Ol bu mülki satyn alypdyr we ýalňyşmaýan bolsam on ýyla golaý şol ýerde işläpdir. Bu mülk meniň ýadyma L.N.Tolstoýyň Ýasnaýa Polýanasyny saldy. Ýeriň ýüzündäki behişte meňzäp duran şeýle owadan hem ýokymly ýerde ýaşan adamyňam garrandygyna ýa ýogalyp gidendigine hiç ynanasyň gelenok. Onda-da öz-özüne kast edip. ...1961-nji ýylyň 2-nji iýulynda, ýedi sagat otuz minutda, Meri Hemingueý tüpeň sesine oýanýar. Adamsynyň ýatan otagyna tarap okdurylýar. ...Ýazyjynyň aýaklarynyň üstünde onuň iň eý görýän aw tüpeňi ýatan ekeni. Howluda Hemingueýiň bäş sany aw güjüginiňem mazary bar. Hersiniň başujynda atlary ýazylgy. Häzirki zamanyň iň meşhur ýazyjysy, Kolumbiýaly Gabriel Markes hem Kubalylaryň iň ýakyn dostudyr. Ol Kuba köp gelýär ekeni. Emma biz onuň bilen gabatlaşyp bilmedik. 4. Kubalylar. Kuba uçmagymyzdan bir gün öň biziň delegasiýamyzy Kubanyň SSSR-däki ilçihanasynyň geňeşçisi Oswaldo Nawarro kabul etdi we Kuba barada, gysgaça gürrüň berdi. Şonda ol: – Kuba halkynyň halk hökmünde formirlenmegi esasan üç halkyň – Ispanlaryň, Afrikalylaryň we geň galsaňyzam Hytaýlaryň garyşmagy esasynda bolup geçdi – diýdi. Biz muňa Kuba baran dessimize göz ýetirdik. Olar daş keşpleri boýunça üç hili: Has garaýagyzlar, akýagyzlar we aralyklar /negro, blanko, mestso go/. Emma olaryň ählisi özlerini bir halkyň wekili hasap edýärler. Ýagny Kubaly! /kuwano/. Şu örän ýeserdir! Köp halk üçin mysal alarlykdyr. Olaryň pasportlarynda-da – Kuwano, diýlip ýazylýar. Ýöne, gözleg, agtaryş organlarynyň işine hemaýat bolsun üçin, negro, blanko, ýa mestiso diýip bellik edýärler. Ilçihanada bolan duşuşykda Oswaldo Nawarrony görenimden başlap, tä, Gawanadan gaýdýançam, Kubalylaryň köpüsiniň türkmenlere juda meňzeşdigi meni haýran galdyrdy. Men birsyzly olary öňem bir ýerde gören ýaly boldum durdum. Olaryňam, kä daýym ýoldaşlaryma meni görkezip: – Este es posiblemente un Kuwano?.. – diýip, ýylgyryşan gezekleri az bolmady. Halkynyň häsiýeti gowy. Adamlaram edil öz howalary ýaly. Mylaýym. Hoşgylaw. Ýekeje gezegem gykylyk, galmagal edişip duranlaryna duşmadyk. Nobata dursalaram arkaýyn durlar. Dawa-jenjel ýok. Malekonyň ugry bilen gidip barýansyň. Birdenem çat maňlaýyňdan: – Buýenos dias, kamponýeros! – diýen mylaýym ses eşidiler. Saklanarsyň. Salamlaşarsyň. Bir enaýy ýylgyryp duruşlaryna olar seniň niredendigiňi sorarlar. Gürleşjek bolarlar. Sen: – Sowietik, sowiet union... – diýip, barja bilýänjäňi orta oklarsyň. – O-o russo?.. – No, turkmen... Bolany. Ondan aňyrda sende-de zat ýokdur, olarda-da. Olar welin barybir bir zatlar soraşdyrarlar. Seniň bilen gürleşip bilmeýänine gynanarlar. Ala-ýaz bolşup baryşlaryna ep-esli arany açansoňlaram elllerini bulaýlaşyp: – Asta pronto amigo! – diýşip gygyryşarlar. Käbirleri bolsa, “sowietik” diýeniňden: – O-o, Garbaçýow!.. Perestroýka!.. – diýşip, uly şowhun turuzarlar. Üstüňe sorag baryny ýagdyrarlar. Sen bolsaň ýene-de eliňi serip, egniňi gysyp duransyň. 5. Gawana. Gawana adanyň Meksika aýlagy tarapynda ýerleşýän port şäher. Adanyň beýleki tarapyny Garyp deňzi tutup ýatyr. Jaýlaryň arhitektura gurluşy gönüburçluklara we simmetriýa berk tabyn edilen. Ýöne Gawanada has irki arhitektura ýadygärliklere-de duşmak bolýar. Şol ýerde ýerleşýän Katoliki ybadathananyň öňündäki meýdançada /kafedralnyý ploşad/ her şenbe güni ir günortandan ir öýläne çenli çaklaňrak bazar bolýar. Ol ýerde ýerli halk öz elde ýasan senedini satýar. Daşy keşdelenen balykgulajyklaryň kiçiräklerinden ýasalan gulakhalkajyklar, uluraklaryndan ýasalan boýunlyklar, kokos hozunyň üç gatlagyny ussatlyk bilen ulanylyp ýasalan maýmynjyklar, ýer ýüzi boýunça diňe Garyp deňziniň düýbünden tapylýan täsin süňk ýaly berk ösümlikden ýasalan gara karal merjen we başga-da şuňa meňzeş ownuk zatlar. Şäher röwüşli. Reňke baý. Dükanlarynda welin zat ýok. Bar bolan ýerinde-de takyk ölçeg bilen, talon boýunça ýerli halka berilýär. Galan ýerlerde diňe dollar bilen söwda edýärler. Kubanyň öz puluna – peso, diňe ýokar ky agzalan bazardaky sowgatlyklary satyn alyp bolýar. Amerikany açyjy hasap edilýän Hristofor Kolumbyň, watanyň atasy hasap edilýän, 1868-nji ýylda, Ispan kolonizatorlaryna garşy ilkinji gezek halky aýaga galdyran rewolýisioner Karlos Manuel de Sespedeziň /onuň on ýyla çeken göreşi şowsuz tamamlanýar/, ýadygärligi hem köne Gawanada ýerleşýär. Gawananyň gijesem täsin. Agşamlaryna, esasanam ýaş ýeleňler Malekona gezelenje çykýarlar. Beton haýatyň üstüne çykyşyp, ikibir-üçbir, gündizkisine düýbünden meňzemeýän deňzi synlaýarlar. Gijesine deňiz hüýt-gara reňke boýalýar. Gözýetime-de gara perde tutulgy. Diňe, henizem şol bir köneje yhlasy bilen kenara tarap agdar-düňder bolşup gelýän gerşi ak tolkunlary görmek bolýar. Beton haýatyň üstünde jübüt kepderi ýaly çokuşypjyk oturan ýaşlaryň aňyrsyndan ala-haşyrdy bolup dik-ýokary göterilýän tolkunlar olaryň aňyrsynda äpet, gara diwary emele getirýär. Dynç alyş günlerindeiň öň ýanyndaky gije esasy köçelerde daň atýança hereket togtanok. Edil gündizkileri ýaly şäher adamlary asuda gezelenç edip ýörler. Awtobuslaryň gatnawy kesilenok. Barlar, kafeler işläp dur. Käsinde iki ýeke müşderi. Käbirinde bolsa ýekeje adam stola başyny goýup uklap otyr. Ýöne parahatlyk. Deňiz tarapdan bolsa ýumşajyk, çygly howa birsyhly gelip dur. Gawananyň örän uly we islendik göwrümdäki sergi üçin amatly bolan şekillendiriş sungaty muzeýi bar. Biziň programmamyzda bolmandygy sebäpli, ol ýere men wagt tapyp ýeke özüm gitmeli boldum. Şol wagt ol ýerde Kubaly hudožnik Alfedo Sosawrawonyň personal sergisi açylan ekeni. Ol žiwopis, grafika, keramika ýaly dürli ugurlardan işleýän pikirini metamorfoza we anatomiýa arkaly örän täsinlik bilen beýan edýän köp taraply hudožnik. Kubanyň görnükli ýazyjysy Aleho Karpentýeriň öý-muzeýi hem Gawananyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biri. Häzir ol muzeýe ýazyjynyň dul aýaly, ýaşy bir çene baran zenan – Miliýa Karpantýew direktorlyk edýär. Ol bizi kabul etdi we esli wagtlap gürrüňleşip oturdy. Merhum adamsy barada, onuň iş usullary, gün tertibi, durmuşda özüni alyp baryşy barada gyzykly gürrüňler berdi. Şäheriň köçelerinde göze ilýän maşynlaryň köpüsi biziň “jigulilerimiz” we “moskwiçlerimiz”. Bu ýerde A.S.Puşkin adyndaky rus dili institutytyň filialy bar. Filil Kubanyň ýörite we orta okuw jaýlarynda, mekdeplerde, WUZ-larda okuwçylara rus dilini öwretmekleriň metodikasy barada iş alnyp barylýar. Filialda sowet spesialistleri bilen bir hatarda ýerli kadrlar hem işleýärler. Biz filialda üç gezek bolduk. Iň soňky gezek 16-njy noýabrda, oktýabr rewolýusiýasyna bagyşlanyp geçirilen agşama gatnaşdyk. 6. Informasiýa serişdeleri. Häzir Kuba boýunça ýekeje gündelik gazet çykýar. “Granma” atly bu gazet Kuba kompartiýasynyň organydyr. Ýurtda 14 sany welaýat /prowinsiýa/ bar. Şolaryňam hersi diňe öz welaýaty üçin gazet çykarýar. Öň her gün çykarylýan ýaşlar gazeti – Huwentut, häzir diňe dynç günleri çykýar. Profsoýuzlaryň gazeti bolan “Trabahadores” diňe şenbe güni çykýar. Öň bu-da her gün çykýan ekeni. Bu zatlaryň barysy kagyz gytçylygy bilen bagly. Şonuň üçinem olar indi şeker çiňriginden kagyz almaklygyň aladasyny edýärler. Kuba Respublikasynyň iki sany telewizion programmasy bar. Olaryň biri II programma /Telerebeldi/, beýlekisi VI programma /kuba Wision/ diýip, atlandyrylýar. II – programma ertirine we agşamyna gepleşik berýär. Gündiz işlänok. Diňe şenbe we ýekşenbe günleri günuzyn işleýär. VI programma diňe agşamyna görkezýär. Ýöne, o –da şenbe we ýekşenbe güni tas, günuzyn diýen ýaly işleýär. Telewideniýa boýunça esasan, amerikan kinolary görkezilýär. Etniki gurluşy dürli halklardan düzülen Kubalylar, umuman, amerikan medeniýatini kabul edipdirler. 7. Ykballarymyz meňzeşmika?.. Men, Kubalylaryň içinde bize meňzeşleri köp diýdim. Ýöne ykballarymyz nähilikä? Meňzeşmikä? Adam ykbalynyň ählisiniň meňzeşdigine men şu ýerde göz ýetirdim. Heniz bolup görmedik ýurtlarymda-da adam ykballarynyň ählisiniň meňzeşdigine edil, ertir günüň dogjakdygyna ynanyşym ýaly ynandym. Howwa, ýer ýüzüniň adamlary bolan biziň ählimiziň ykbalymyz meňzeş. Güýçli-güýçli syýasatçylar, rewolýusion serdarlar ellerimizden tutup, ýeňsämizden idenekledip bizi durmuş derýasynyň dürli kenarlaryna tarap äkidýärler. Birimize “sen sosialistik sistemada ýaşaýaň, şu ýeri ýer ýüzünde iň gowy ýerdir” diýýärler, beýlekimize: “sen kapitalistik ýurtda ýaşaýandygyňy, kommunizm belasyndan halasdygyňa buýsan” diýýärler. Bizem olaryň haýsy näme diýse-de ynanýarys. Şo-ol yzlaryna düşüp, gidip otyrys. Ahyram bir gün öňümizden syýasatçylaryň täze bir tapgyry peýda bolýar-da: “Ahow, nirä barýaňyz, bu barýan ýoluňyz ýalňyş, sizi aldapdyrlar,” diýýär. Biz olara-da ynanýarys. Şeýdibem ömürboýy ol kenardan bu kenara tarap urunyp ýörüs. Ynsan balasy üçin bolsa ýaşap ýören jemgyýetini, barýan ugurlaryny näme diýip atlandyrsalaram, ýurt başynda kimi oturtsalaram gowy ýaşaýyş, gowy güzeran, parahat durmuş gerek. Haýsy ýurtda, haýsy jemgyýetde ýaşasalaram adamlaryň jaý edinmek, ogul-gyz ösdürip ýetişdirmek, olary öý-işik etmek, saglyk bilen ömür sürmek ýaly birmeňzeş hysyrdylary bar. Üň dürli köýlerden doly, birmeňzeş içki dünýäleri bar. Ahlak, ar-namys, edep-terbiýe barada birmeňzeş düşünjeleri bar. Garalyga, garamata, nähaka, diýdimzorlyga, ýamanlyga, ýamanlara garşy birmeňzeş gahar-gazaplary bar. Adam ruhunyň inženeri hasap edilýän ýazyjy – hakyky ýazyjy bolsa her bir ýurduň sistema aýratynlygy bilen birlikde, hökman barada däl-de adamzadyň ruhy birligi barada hem ýazar. Gabriel Markesem, Çingiz Aýtmatowam, Wiktor Astafýewem, asyl hiç bir ýazyjam eser ýazanda bu eserim kapitalistik jemgyýetiniň okyjysy üçin, bu eserim bolsa sosialistik jemgyýetiň okyjylary üçin, diýip ýazýan däldir. Geçen asyryň ägirtlerem olar ýaly zatlary küýlerine getiren däldirler. Şonuň üçinem olaryňam, şu günküleriňem eserleri hiç hili çäge boýun egýän däldirler. Ýüreklerden-ýüreklere, ýurtlardan-ýurtlara aşyp, asyrlardan-asyrlara geçip-gidip oturandyrlar. Öz ýurdundaky sisteManyň synmagy bilen “ömri” tamam bolýan, hatardan çykarylýan ýazyjylar – ýazyjy däldirler. Diňe adamyň içki dünýäsini, hemme ýerde birmeňzeş bolan ynsan keşbini çekip bilýän ýazyjy üçin Bütindünýä okyjysynyň gapysy açykdyr. Şolar ýaly eserleri dünýäniň islendik künjünde kabul edýän bolsalar, diýmek, biziň barymyzyň ykbalymyzam, ýürekelrimizem meňzeşdir. Wagtlaýyn syýasatçylaryň belli bir döwürden soň gözden düşýändiginiň, öz gahrymany umumyadamzat problemalarynyň fonunda görüp bilýän döredijileriň örüsiniň kem-kemden giňeýändiginiň gadrynyň artýandygynyň syry, ine, şundadyr. Şonuň üçin menem: Kubalylaryň käbiriniň ýüzi bize meňzeş bolsa, ählisiniň kalbam, ykbalam, ýüreklerem bize meňzeş, biziň ýüreklerimizem olaryňka meňzeş, asyl, ähli adamzadyň ykbaly, ýüregi biri-birine meňzeş diýip, çekinmän aýdyp biljek! Her ýurduň adamlarynyň ýüz keşbi, dili, tebigaty, ýaşaýan sistemasy dürli-dürli bolup biler. Ýöne, ýürekleri, ykballary birdir. 8. Hoşlaşyk. On günläp dowam eden myhmançylyk tamam boldy. Hoşlaşyk pursaty gelip ýetdi. Bir gün öňünden edil, başdaky ýaly ýene-de çaý-içişlik gurnaldy. Geçirilen çäreleriň netijesi barada pikir alyşyldy. 18-nji noýabrda, ýerli wagt bilen 18 sagat 10 minutda Hose Marti uçargähinden – Moskwa uçduk. Bizi uçargähe çenli terjimeçi, baran gijämiz ýylgyrjyklap garşy alan mährem zenan Marla Sançes, A.S. Puşkin adyndaky rus dili institutynyň Gawanadaky filialynyň işgäri Galina Iwanowna Sedyh, Gawana medisina institutynyň rus dili mugallymy, asly Özbegistanly Mariam Müminowa dagylar ugratdylar. Sözümiziň soňunda meniň on günläp, nirä gitsegem ýanymyzdan aýrylman, derlerini çalyşyp, biziň çykyşlarymyzy gezek-gezegine terjime eden dilmaçlar Marla Sançes, Horke Anton, Soniýa Brawo, ýazyjylar guramasynyň işgäri Hema Suares, gün yrman bizi o ýan, bu ýan gatnadan, uçargähden äkidip, uçargähe getiren, mylaýym, hoşgylaw, tüýs türkmene meňzäp duran şofýor Horhe dagyny uly minnetdarlyk bilen ýatlasym gelýär. dekabr. 1990ý. Moskwa JUMA HUDAÝGULY | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |