19:26 Buthanadan çykyp, metjide giren ruhany | |
BUTHANADAN ÇYKYP, METJIDE GIREN RUHANY
Publisistika
Rus prawoslaw buthanasynyň ruhanysy we Russiýadaky ozalky Ýokarky Geňeşiň wyždan azatlygy komitetiniň başlygy Wýaçeslw Polosin 2000-nji ýylda özüniň hristian dininden çykyp, yslam dinine girendigini yglan etdi. Tanymal prawoslaw ruhanysynyň Muhammet pygamberiň (s.a.w) dinine girmegi köpleri haýran galdyrypdy. Ol öz dünýägaraýşyna kybap gelýändigi we ruhuna ýakyn görendigi üçin yslam dinini saýlap alandygyny aýdypdy. Bu barada oňa: - Maňa mälim bolşuna görä, öz dünýägaraýşyňyzdaky özgerişlik barada siz eýýäm ikinji gezek yglan edýärsiňiz – diýlende, şeýle jogap berdi: - Men çagalyk döwürmden bäri Hudaýa tüýs ýüregimden ynanýaryn. Uniwersitete girenimde, prawoslaw edebiýaty bilen tanyş boldum. Buthana geldim, men ol ýerde filosofiýa fakultetinde görmedik zatlaryma duş geldim. Men muňa ökünmeýärin, men ol ýerde köp zada göz ýetirdim. 1979-njy ýylda ruhyýet seminariýasyna dokumentlerimi tabşyrdym. Aradan göni 20 ýyl geçensoň bolsa, görşüňiz ýaly, “Мусулмане” žurnalyna interwýu berip durun. Bu iki waka ömrümdäki iki sepgidi görkezýär. • Wýaçeslaw Polosiniň “Мусулмане” žurnalyna beren beýanaty: “Birnäçe ýyllap eden çynlakaý ylmy gözleglerim meni şeýle netijä getirdi Gurhanda ýaradan Hudaý onuň ýaradan adamyna meňzedilmändir, ýagny Gurhanda butparazlyga mahsus bolan antropomorfizm ýok Şol sebäpli men jemgyýetdäki ornumy öz ynanjyma görä özgertmegi göwnüme düwdüm we köpçüligiň öňüne çykyp özümiň Hezreti Ybraýymdan bäri gelýän Täk Hudaýa ynanýanlaryň däbini dowam etdirijileriň hataryna goşulandygymy yglan edýärin. Şol sebäpli-de men özümi mundan beýläk hristian ruhanysy-da, haýsydyr bir prawoslaw buthanasynyň agzasy-da hasaplamaýaryn... Ar almak üçin meniň janyma kast etmäge synanylmagy mümkin. Ýöne biziň hemmämiz hem bir gün dünýeden ötmeli, iru-giç bu dünýäni taşlap gitmeli esasy zat bu ýerdekäň hakykaty tapyp, oňa gulluk edip gitmekdir. Ruhy dualizmden we adam aklynyň fantaziýalaryndan halas bolup gitmekdir. Yslam dininiň amallaryny öwrenmegime we arap dilini öwrenmegime täze musulman doganlarym kömek we goldaw berer diýip tama edýärin. Ýanýoldaşym hem meniň dünýägaraýşyma geçdi”. - Siziň ruhany döwrüňiz nähili geçipdi? - Moskwanyň buthanalaryndakam hem men ol ýerdäkileriň “öz adamy” däldim. Şonuň üçin hem maşgala ýagdaýymy göz öňünde tutup, meni Orta Aziýa işe ibermeklerini haýyş etdim. Frunzede uzak wagtlap işlemedim. Duşanbede oňa görä biraz köpräk işledim. Şol ýerde men ilkinji gezek yslam medeniýeti bilen, Gündogar mentaliteti bilen tanyş boldum we ol meniň göwnüme örän ýarady. Bir ýarym ýyldan soň ýolbaşçylara boýun egmeýär diýlip, ýagny din işleri boýunça wezipesini ýerine ýetirmeýär diýlip meniň adym hasapdan öçürildi. Üç ýyllap hiç ýere işe almadylar. 1988-nji ýylda “üýtgedip gurmak” döwri başlan mahaly maňa ýary ýykylan ybadathanany berdiler. (Obninskiniň eteginde ýerleşýär). Ol ýerden meni 1990-njy ýylda RSFSR-iň mejlisine deputatlyga kandidat hödürlediler. • Moskwa patriarhynyň ýagdaýy Yslam Gurhanda beýan edilişi ýaly demokratik dindir. Moskwa patriarhiýasy üçin Wýaçeslaw Polosiniň yslam dinine geçmegi juda duýdansyz waka bolupdy. Bu barada ondan: - Size protestantlyga geçer öýdüp şübhelenipmidiler? – diýip soralanda, şeýle jogap beripdi: - 1991-nji ýylda Russiýa örän köpçülikleýin gelmäge başlan amerikan protestantlary meniň kabulhanama-da gelipdiler. Şonda olar bu duşuşyga doga-dileg bilen başlamagy teklip edipdiler. Men oňa düýbünden garşy gidip: “Bu ýer dünýewi edara, men wyždan azatlygynyň goragynda durun. Şonuň üçin hem bu ýerde beýle doga-dileg bolup bilmez” diýipdim. Dogry, protestantlar bilen hem dostlaşypdym, ýöne meniň protestantlyga geçmek isleýändigim baradaky ýalan habaryň nireden çykanyna men-ä haýran. Kimdir biri, elbet-de, meniň bu pikirimden nägiledir. Ýöne men hemmeleriň göwnüne ýaraýan tylla teňňe däl. Men hristinalygy tankytlmakçy-da däl. Gaýta men hristianlaryň arasynda mahalym hristianlygy has ýiti tankytlaýardym. Häzir, düýpden tankytlamaýaryn. Yslam, Gurhanda beýan edilişi ýaly iň demokratiki dindir. Aleksandr SOLDATOW. *Yslama geçenden soñ at-familiýasyny Aly Wýaçeslaw Polosin eden ruhany häzir 67 ýaşynda (1956-njy ýylda doglan), Moskwada ýaşaýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |