09:56 Çarhypelek / hekaýa | |
ÇARHYPELEK
Hekaýalar
Göýä, bu gün kalbymy gozgalaňa saljak pursadyň boljagyny öňünden syzan ýaly, diwardaky suratlara syn edip ýörşüme, enemiň maňa gamgyn bakyp duran suratynyň öňünde saklandym. Surata siňe seretdigimçe, enemiň doňan keşbi janlanyp, maňa bir zatlar aýtmak isleýän deýin, ylla diýersiň, dodaklary müňküldäp giden ýaly boldy. Bilýän, enemiň maňa aýdyp ýetişmedik sözleri kändir. Belki, ol sözleriň hemmesini men eşitmelem däldirin. Ony menem däl, enemem däl, wagtyň özi kesgitleýär. Men şeýle oý-pikirlere gümra bolup, haçan-haçanlar dünýäden gaýyp bolan mähriban enem barada çuňňur hem agyr ýatlamalara çümüp ýetişmänkäm, wagtyň garaşylmadyk çagynda gapym kakyldy. Bu duýdansyz eşidilen tyrkylda hyýal daragtymyň solgun ýapraklary, üstünden demirgazyk ýeli öwsen ýaly, guşlar kimin pasyrdaşyp, howada galgap gitdi. Men çagalykdan galan endigim boýunça ýaýdanjaňlyk bilen tutawajy aşak basyp, gapyny açdym. Ilki gapyda kimdir biri sömelip duran ýaly duýulsa-da, daşardakynyň: — Mümkinmi?— diýen sesini eşidip, beýnip sarsyp gitdi. Çagyrylmadyk myhmanyň häzir nähili keşpdedigini doly saýgaryp ýetişmänkäm, göýä, biri kelläme serdesse bilen uran ýaly, başym aýlanyp, gözümiň alny garaňkyrady. Ýok, bu pursat kakylan gapy meniň rahat öýümiň däl-de, içinde ýüregim ýaňy köşeşip ugran takdyr külbämiň gapysydy. Bu sesi eşidenimden soň, töwerek düşnüksiz dumana öwrülip, haýsydyr bir güýç meni howada galgadyp-galgadyp, sähel salymda kalby ýaraly çagalyk ýyllarymyň ahmyrly meýdanyna oklady... Egerde ömrümiň gartaşan çagynda takdyr gapym duýdansyz kakylmadyk bolsady, belki, men bu zatlary ýazmasam ýazmazdymam. Ýöne zäherli jandar ýaly, başda çakany känbir duýulman, üstünden kyrk-elli ýyl geçensoň, bir sebäp bilen doňy çözülip, awusy endamyňa ýaýrap başlaýan elhenç pursatlar bolup geç ýär. Meniňem täleý menzillerimde kalby ňy elendiriji şeýle ezmaýyşly ýagdaýlar az bolmady. Esasan hem, olaryň çagalyk ýyllaryma has köp düşendigine haýran galýardym: şol ýyllar durmuş synaglarynyň birinden goranyp ýetişmänkäm, yzyndan başgasy tapyldy durdy. Men, barybir, şonda'da çagalygymy iň bagtly döwrüm hasaplaýaryn. Olam gaty kän möhlet däl, ýalňyşmasam, bary-ýogy bir ýa iki ýyldyr. Esasanam, ol enemiň ilkinji ýazgydyndan jyda düşüp, ikinji takdyr synagyna salnan wagty aralykda bolsa gerek. Çünki ol mahallar enemiň düýp öýünde Ýazgül mamam, enem, men bolup ýaşaýardyk. Men iki naçaryň arasynda bökjekläp, olaryň göwünlerini açmaga synanyşyp ýören bir bigünä çagajykdym. Ýöne şondada, näme üçindir, enemiň mahal-mahal kimdir birine «jynlary atlanyp», meni urup, takdyr urgusyndan galan gaharyny menden çykarardy. Men şonda enemden gorkup, raýyşyň beýle ýüzünde ýaşaýan Allaýar babamlara gaçyp giderdim. Ol meniň atamyň pederidi. Şonuň üçin ol ýerde birsalym oýnap, salkymsalkym gelinbarmak üzümlerden, şahada sallam-sajak sallanyşyp duran gyzyl almalardan, giçbişer narlardan, sary şetdalylardan iýip, garnymy göjek ýaly ederdim. Ýa-da biýarada ýapraklara bukulyp, togalanyp ýatan waharman ga wunlary ýolup, babamyň öňüne getirip goýardym. Islesem, pyçak bilen ony kesip iýmäge synanyşardym. Elimi kesýän wagtlarymam az bolmandy. Şonda: «Waý, elim!» diýip, barmaklarymdan ganymy sarkdyryp gygyrardym. Gykylygyma bir ýerden Mahym ejem tapylyp, köne köýnegiň çetinden ýyrtyp, elimi sarap bereni ýadymda. Ýöne şol pursatlarda durmuş, barybir, süýjüdi. Çünki agyryny kalbymda dälde, pyçak kesen elimde duýardym. Agyrysy köşeşensoň, Allaýar babamlaryň agyl doly goýunlaryny synlap, hezil edip, ähli täleý «iňirdilerini» şol ýerde ýatdan çykaryp gaýdardym. Ýöne soň-soňlar ol ýerde-de maňa gaharly bakýan aýal gözüme has köp kaklyşyp başlady. Belki, ol öňem bardyrda, aşa oýna gyzygyp, onuň maňa alagöz seredýänini duýan däldirin. Onuň nazaryna bir sapar petepet duçar boldum. Onuň zarbyndan, göýä, ýyldyrym uran dek, diňe çagalygym däl, bütin ömrüm sarsyp gitdi. Ondan Allaýar babamam heder edýäne meňzeýärdi. Men muny, haçanda, agşamaralar öýe gaýtjak bolanymda, onuň töweregine ätiýaçly diňşirgenişinden duýdum. Çünki şonda Allaýar babam batyl gözleri bilen ýüzüme «mähirli bakyp», etegimi kemputlardan dolduryp goýbererdi. Ýöne Allaýar babamyň meniň durmuşymy süýjetjek bolup, maňa kemput berýänligi üçin, öz agzyny zäher ýaly ajatmaly bolýandy gyny soň bildim. Ýöne men şol wagtlar öýe boýnumy sallap gelsemde, barybir, özümi bagtsyz hasaplamaýardym. Çün ki ol ýerde Allaýar babam, bärde Ýazgül mamam başymy sypap, durmuş kemsinmelerinden goraýardylar... Ynha, bir gün tomsuň ortasy bolsa-da, kelleleri gulakçynbiçim telpekli, eginleri daýhanpisint penjekli, giň balakly, aýaklary sary esgi ädikli iki kişi mamamlarda peýda boldy. Men olary görüp, begenjimden bökjekläp, mamama: — Mama! Mama, iki myhman geldi. Olaryň biri saňa meňzeşrägem ýalyla?! Tagan daýym uruşdan gaýdyp gelen däldir-le? — diýip, şadyýan seslendim. Mamam şonda birsalym oýurganyp durdy-da: — Wah, oglum, ýagşy niýetiňe döneýin. Indi Tagan daýyň gelmez. Uruş gutaraly bäri ýigrimi ýyldanam köp wagt geçdi. Geljek bolsa, gelerçe möhlet boldy — diýip, gamgyn halda batyl gözlerinden akmadyk ýaşyny, suwy azalyp, derileri sallanan elleri bilen syldy. — Onda bu gelenler kimkä? Olar maňa-da juda içgin bakýarlar. Tagan daýymdan başga, kim maňa beýle hyrydar baksyn?! Onýança gelenleriň gözi gögräk biri: — Häh, sen oglanjyk hemme zady birbada biläýjek bolýaň. Bar, ulularyň gürrüňine goşulmada, daşarda oýnap gel! — diýip, meni howada bir uçup ýören guşy kowan ýaly, elini kelemenledip, öýden çykardy. Näme üçindir, tanamasam-da, ol adama şondan soň meniň ýigrenjim hem howsalam artyp başlady. Ýöne sözlerini ikilenç gaýtalatman, daş çykmaly boldum. Men howla çykyp barýarkam, ýaňky gök gözliniň: — Ýazgül daýza, bizä habarlyja gelendiris... — diýen sesini zordan eşidip galdym. Onuň soňky sözlerini bir ýerler den öwsen awara şemal alyp gaçyp, gaýraky gür gamyşlygyň hyşalarynyň zaryn pyşyrdylaryna goşup, gürümjürüm etdi. Belki, ondan soňky sözleri men eşitmeli däldirin. Birden eşidäýenimdede, soň kalbyma ömürboýy bitmejek ýara düşjekdir. Men uzaklarda aýlanypaýlanyp ýadap, ind-ä birçak boldy diýip, mamamyň oturan pessejik jaýyna golaýlaşdym. Ýaňky adamlar gidendir öýtdüm. Emma ýene ýaňky gök gözliniň: — Oglanjygy öz ýanyňda alyp galsaň, bize has gowy boljak. Şonda oglanjygam tentiremez, siziňem... — diýen sesi eşidildi. Ýöne mamam onuň sözüni soňlatman: — Alsaňyz, oglanam bile äkidiň! Müň mamasy bir enesiniň ýerini tutmaz. Enesiniň sygan ýerine oglyda sygar. Olary ynjytman saklaryn diýseňiz, gyzym ýaş başyna dulumda garramasyn. Ullakan bir mähelle üýşürip, toý-dabara ediňem diýjek däl. Sözüňiz söz bolsa, men razy — diýip, haýsydyr bir meseläni kesgitli çözdi oturyberdi. Ýöne, näme üçindir, mamamyň bu sözlerinden hem-de ýaňkylaryň müň wadasyndan soň, özümem duýmazdan, göýä, kalbyma hanjar sokulan ýaly bolup, onuň ýarasy uzak wagtlap awuşap durdy. Özüm kiçijigem bolsam, bir pursatda düşnüksiz ahwalda peýda bolan çagalyk derdimiň aşagynda uly adamlaryňky ýaly ýegşerdim... Agşamaralar dykylyp doldurylan otly ganary zordan göterip, enem egni ýükli işinden geldi. Onuň ýüz-gözünde, eşiklerinde «Bägül baý howly» diýlip atlandyrylýan pagta peliniň çaňtozanlary gaýmalap ýören ýalydy, üstbaşy agaryp durdy. Ol ýere menem bir şemally gün gidip göremsoň, çöl üstünden öwüsýän ýelleriň asmana göterýän tozanlaryndan gowuja paýymy alanym ýadymda. Şonda töwerek göz açar ýaly bolmandy. Men güwwüldili harasatdan gorkujygyma, gulaklarymy tutup gygyrdym. «Çaltrak meni halas ediň! Ýogsam gara ýel me ni asmana uçuryp äkider! Ene, meni bu harasatdan halas et!». Meniň howsalaly sesimi enemden başga eşiden bolmady. Tüweleýläp aýlanýan gara ýeliň güwwüldisine, dogrymy aýtsam, özümem öz sesimi eşitmedim. Şonda enem şeýle diýdi: «Gorkma, oglum! Durmuşyň bular deýin harasatlary kändir. Olardan gorkup, dünýeden gaçyp gidip bolmaz! Özüňi gaýtupana taýýarla! Onsoňam häzir-ä ýanyňda eneň bar, gorkmak gerek däl. Ýöne enelerem dünýäde baky däldir. Eneler guşlar deýin çagasyna diňe uçmagy öwredýändir. Soňra nirä, nähili uçmalydygyny özüň kesgitlemeli. Eýsem-de, ýalňyzlyklar diňe bir adamyň başyny alyp durýan däldir. Ynha, saňa nygtalmadyk pelsepäm şu. Iliň täleýine ymsynyp gezmeli günler bizdenem geçer. Bizede bagt gülüp bakar. Ol günler daşda däldir. Hany, indi köşeş, oglum!». Men şonda dünýäniň gaýtupanlarynyň, harasatlarynyň öňünde eneleriň nädip çydap durup bilýändigine öz enemiň mysalynda görüp haýranlar galdym. Belki, eneler ähli ezmaýyşlara çydamalydyr. Oňa entek doly akyl ýetirip bilemokdym. Men: «Waý, ene, gözüm gumdan doldy! Güwwüldiden ýaňa gulaklarym gapylyp barýar! Meni bu tupandan halas et, ene! Ýeteweri dadyma!» diýip, ýenede sesimiň ýetdiginden gygyryp başladym. Enem meniň naýynjar gykylyklaryma dözmän, derrew üstümi başyndaky ýelýyrtan ýaglygy bilen örtdi. Emma meýdanda bolup geçýän güwwüldili harasatlara bir saparam «Wah!» diýmedi. Gaýtam, maňa kükregini gerip, özüni ýelýagmyra dözüp, meni gaý-harasatdan penalady. Bu hadysa, göwnüme bolmasa, haçandyr bir mahallar bolup geçen ýalydy. Belki, indi pagta pellerinde beýle howa ýagdaýlary bolýan däldir. Ýöne enemiň çaňjaryp duran ýüzünden çen tutsaň-a, meýdanda gaý-harasat dowam edýän ýaly. Aý, garaz, baş çykarar ýaly däldi. Onsoňam men kiçijik çaga. Bu zatlary seljermek maňa geregem däldir. Goý, durmuşyň uly aladalaryny ulular seljersin! Şeýle duýgular bilen başymy galdyrdym. Enem indi «mä-de-mä!» gygyryşýan goýungeçilere, molap duran ala sygra suw görkezip, olaryň öňüne getiren suwotularyny döküşdirip ýördi. Mal-hallara birlaý ot-suw berip, boldy edensoň, enemiň ünsi maňa tarap gönükdi. Şonda onuň juda ýadawlygyny ýüzünden duýdum. Birbada näme diýjegimi bilmän sakanakladym. Sebäbi enemiň garaýyşlaryndan diňe daýhan birleşigiň işi däl, eýsem, ony durmuşyň agyr ýüküniň ýegşerdip barýandygyny, ýöne ony ile, hatda maňada bildirmezlige çalyşýandygyny çaga duýgularym bilen az-kem aňşyryp başladym. Çünki onuň ýüzleri çalaja ýylgyrýanam bolsa, gözleriniň gülmeýändigini duýdum. Ýöne men ähli enelerem şeýle bolmalydyr öýdüp, kalbyma aram berip, köşeşmek isledim. Inede, enem mal-garalyk işlerini boldum edip, ýaşaýan tamjagazymyza tarap ýöneldi. Näme üçindir, şu pursatda enem tamyň gapysynda duran maňa golaýlaşdygyça, begenmäniň ýerine, ýüregimiň gürsüldisi artyp, kalbymy howsala basyp başlady. Göwnüme bolmasa, enem şu pursatda maňa tarap ädim ätdigiçe, göýäki, menden daşlaşyp barýan ýalydy. Hamsygyp-hamsygyp saklanyp bilmedim, indi gözümden ýaş akyp başlady. Enem: — Hä, oglum, näm boldy? Biri uruşdymy? Ýa ýene şo Sapby sapalagyň ogly Kully kowalak urdumy? — diýip, gözüne ýaş aýlap başymy sypady. — Wah, seniň hatar-hatar doganyňam bolmadyda. Ýogsam saňa el gatyp biljek kişi bolmazdy. Özüň ýeke bolsaň, atylan daş saňa degip durjak ekeni. Ol içine salyp, biraz sojapsojap aglady-da: — Goý, gamlanma, oglum! Ýekäniň ýary Alladyr! Belki, seniňem geljekde känkän doganlaryň bolar. Şonda bu hasratly duýgulardan halas bolarsyň — diýip, gowaça meýdanynyň ajy otlarynyň reňki siňen ýeňleri bilen gözüniň ýaşyny syldy. Men damagym dolup, kän wagtlap gürläbilmän durdum. Ähli zady ellerim bilen düşündirjek bolup, mamamyň bolýan tamyna tarap barmagymy çommaldyp sakawladym. Enem meniň bu ýagdaýymy görüp, has-da howsala düşdi: — Näme?..Diliňi ýuwutdyňmy? Ýa lal açdyňmy? Geple-dä! Ýa mamaňa bir zat boldumy? Ol meniň jogabyma-da garaşman, birden hasanaklap mamamyň jaýyna tarap atylyp gitdi. Ol özüne nähili durmuş «peşgeşiniň» garaşýanyny bolsa şondan soň bilip galdy. Birhaýukdan soň gözlerini gyzardyp, enem daşaryk çykdy. Onuň gözleri asmandaky owadan guşlara, mweleri sallanyşyp duran almadyr şetdaly baglaryna dälde, göni maňa, bolýan zatlardan howatyr ede-ede, ýüzi ak esgä dönen biçäre ogluna dikildi. Men ilkinji gezek ene gözlerinden haýykdym. Çünki ol gyzaran gözlerde naýynjarlyk, nebsagyryjylyk bilen gatyşykly gahargazap bardy. Göýä, ol garaýyşlarda meniň geljekki ykbalymyň ýowuzlyklary hemde ene täleýi bilen duçar ediljek kemsinme ler jemlenen ýalydy... Şondan soň aradan kän salym geçmänkä, enem bilen goňşy obada, takdyrym üçin entek aýan bolmadyk biriniň öýünde ýaşaýşymyzy dowam edip başladyk. Menin üçin «del» adam juda mysapyr hem mähriban görünýärdi. Men şondada onuň hereketlerinden biraz eýmenip hem ýadyrgap, birsalym başymy galdyryp bilmän, dymyp oturdym. Hereketsizligi ýaňky düňle kişi bozdy. Ol ilki ýaýdanaklap enemiň ýüzüne bakdy, birdenem maňa gözi düşdümi, ýüzüni men tarapa öwürdide: — Kemput iýjekmi? — diýdi. Men onuň gödeksi sesinden ýadyrgap, birbada tisginip gitdim. Soň özümi ele alyp: —Ýok! Ýok! Kempudym bar. Bärik gaýtjak wagtym Allaýar babam berip goýberdi — diýip, kanagatlylyk bilen jogap gaýtardym. Emma meniň jogabymy eşiden ýaňky kişi, birden ot alana dönüp, ýerinden böküp turdyda, enemiň ýüzüne gazaply bakdy: — Kim ol? «Allaýar babam» diýýäni kim? Enem biraz sakawlap: — Allaýar baba! Ol neme.. — diýip-diýmänkä, ýaňky kişi: — Şu günden şeýläk men babaňam bilmen, daýyňam. Şu öýde şu oglan ýaşajakmy, onuň ähli hereketleri maňa açyk-aýdyň bolsun! Düşnüklimi? Ýa?.. — diýip, gapdalda ýatan ýogyn taýaga göz aýlady. Enem mundan artyk geplese, rejäniň geň bolmajagyny aňyp, birsalymda tanalmaz derejedäki ýowuz kişä öwrülen ýaňky adam bilen ugurdaş gopdy. Enemem dowla düşse düşdi welin, şondan soň meniňem ýüregime gorky aralaşdy. Men şu pursatda enemiň maňa bagt agtaryp gelen ýerinde çaga erkinligimiň köküne ilkinji paltanyň urlandygyny bilip galdym hemde ýüregim sarsyp gitdi: «Wah, mamam jan, enemiň yzyna tirkäp, bir yzgytsyz kişä duçar edeniňden, ýanyňda alyp galsaň bolmadymy?» diýip, men öz ýanymdan Ýazgül mamama nägilelik bildirdim. Şondan soň ýaňky kişiden gorkyma, öýe girendeçykanda, ýaýdana-ýaýdana, çagalygymy egnigysyk halda geçirip başladym. Ýöne, näme üçindir, gyňyr kişi käte meniň başymy sypap, elimden tutup, oba dükanyna alyp gidip ugrady. Ol ýerden çaga oýnawaçlaryny, egineşikleri alyşdyryp, meni özüne imrindirdi. Haçan-da, biz dükandan çykyp barýarkak, dukançy Seýtek bakgal yzymyzdan köpmanyly seredip galardy. Soň görüp otursam, ol Allaýar babam dagynyň garyndaşy bo lup çykdy hem-de şol pursatda maňa hossarlyk gözi bilen seredýär ekeni. Ony has soň, hossarlyk kömegine mätäç däl wagtym bilip galdym. Wagt geçip, ep-esli öwrenişilenden soň, birmahallar juda hyrsyz görnen, kellesi gulakçynbiçim telpekli ol kişä men kemkemden «aga» diýip ýüzlenip başladym. Şondan soň agam nirä gitse, meni birmahalky köneje «ИЖ—49» kysymly gara motoksikletiniň öňüne mündürip, ýany bilen äkitdi. Käte bolsa öýde söýelgi duran gazma dutara el uzadyp, ony tirňildedip, maňa çalyp berdi. Agamyň dutar çalşy gatybir kämil bolmasa-da, çalynýan sazyň haýsy sazdygyny aňyp bolýardy. Ýogsada ol haýsy sazy çalanda, «Ynha, bu saza «Agabegler» diýýärler, ine, bu sazy bolsa «Garybym» diýip atlandyrýarlar» diýip, onuň özi hem atlaryny aýdyp çykýardy. Soňra ol haýsy perdeden bassaň, nähili owaz çykarýanyny düşündirip, barmaklarymy kirişlere basdyryp, saz öwredip başlady. Şonda ilki bilen «Ýoluňa gurban bolaýyn» diýen sazy aýdymy bilen öwrenmäge gi rişdim. Esasanam, bu aýdymyň: Söwdügim, kaýdan gelersen-eý, Ýoluňa gurban bolaýyn! Haýsy obadan bolarsen-eý, Iliňe gurban bolaýyn! — diýen bendini gaýtalapgaýtalap aýtmany gowy görerdim. Agamyň başynyň çykmaýan zady ýok ekeni. Maňa elin öwretmese-de, ol, haçanda, demir ussahanasyna girip, körügi kömürden gyzyl ot edip ýakyp, demri gyzdyryp hem soňra sandalda goýup, çekiçläp süýndürip, pilkätmen ýasanda ýanynda seredip durardym. Oraklara diş kesende, onuň eliniň ezber hereketlerini ünsümden sypdyrmazdym. Agam iş-beýleki diýip öýden çykanda, ýuwaşjadan demir ussahanasyna girip, pil, kätmen, pyçak ýasajak bolup, kän sapar elimi oda bişirenim, çekijiň aşagynda galdyranym ýadymda. Haçanda, ol gijaralar öýe dolanyp gelende, elimiň saralgydygyny görüp, bolan işiň anygyna ýetip, maňa däl'de, eneme käýärdi. Agam, haýran galaýmaly, durmuşyň ähli ugurlaryna özüni taýýarlan ekeni. Ol «eli gyzyl gül», «elinden dür dökülýär» diýilýänlerdendi. Şonuň üçinem men mydama onuň ýanynda bolup, tam suwamagy, agaç kesmegi, agaçdan dürli zatlar ýasamagy, çüý kakmagy, hatda ekerançylygyňam birnäçe tilsimlerini öwrendim. Olary onuň özi ýaly ýerine ýetirip bilmesemde, dürli hünärlerden habarly boldum. Jaýymyzyň üstüne üçek edende, men onuň ýanynda durup, haý sy ölçegde gerek bolsa, agaçtagtalary kesip alyp, oňa äberip duranym ýadyma düşýär. Agamyň traktorçylykdan başga gutaran ugry ýok bolsada, onuň haty zynjyr ýaly owadandy. Şeýlede, agamyň matematikadanam, beýleki ders lerdenem başy ezber çykýardy. Ynha, bir gyş güni menden bir synp yzda okaýan dostum Abdylla gapydan gelip, maňa: «Sen synpyňda bäşlik okaýan bolsaň, matematika degişli şeýle bir mesele aýtjak. Şony derrew çöz!» diýdi-de, meseläniň şertlerini aýtdy. Men eýlesinden bir bardym, beýlesinden bir bardym, barmaklarymy çommaldyp sanap gör düm. Oňa çenli pejiň başynda tahýasyny gyşardyp, derläp, çaý içip oturan agam: «Meň aýdanym bolýan bolsa, meseläniň çözgüdini men aýdaýyn» diýip, onuň jogabyny derrew nagt etdi. Abdylla: «Ynha, bäşlikçi bolsaň, şeýle bolmaly» diýip, maňa närazylykly garady. Agam meniň mekdepden getirýän «bäşliklerimede» biperwaý garamaýardy. Hoşallyk bildirip, elime birki manat pulam bererdi. Garaz, şol günler maňa töwerekdenem el gatyp bilen adam bolmady. Çünki, eşidişime görä, agam kişiniň gepini çekjek adam däldi. Görüp otursam, agamam hossarlaryndan gaty ir jyda düşüp, ýalňyzlyk derdini çeken adam bolup çykdy. Arada bir oturylyşykda alty doganly biri bilen onuň sözi azaşypdyr. Şonda ol öýe gaçyp diýen ýaly özüni atdy. Daşaryk diňşirgenip, jaýyň bir çünkünde çugutdyryp oturdy hem-de: «Kim gelsede, gapyny açaýmaň!» diýip, bize berk tabşyrdy. Ähli ýowuzlyklardan döş gerip goranyp bilýän agam birinden heder edýän bolsa, onda bize-hä bu jelegaýda durarlyk hem galkak däldi. Agam biziň ýagdaýymyza bir göz aýlady-da, ýüreginden gorkularyny kowup, biraz dogumlandy: — Zyýany ýok! Meniň ýeke bolanym hiç. Indi-hä ýanymda ogluň bar. Wagt geçer, bizem köpeleris. Şonda bize adam ogly kär edip bilmez. Men özüm üçin zatdan heder eden adam däl. Şükür, indi agzybir maşgalamyz bar. Ýüregimde ýaşamaga islegimiň artany üçin, dawa-jenjelli, goh-galmagally ýerlerden indi özümi gaça saklaýaryn. Bizdenem ýalňyzlyklar geçer. Agamyň bize aýdan bu mähriban sözlerinden soň, öňki hyrsyz kişä pikirlerim üýtgäp, eneatasyndan çagalykda jyda düşüp, ömrüni ýalňyzlykda geçiren bu adama ýüregim awap, oňa duýgudaşlygym artyp, çaltrak ulalyp, hossar çykasym geldi. Öz ýanymdan güýçlenmek üçin sportuň dürli maşklaryny ýerine ýetirip başladym. Şol mahalky ürç edilip gör kezilýän «Çingaçguk — uly ýylan» diýen flmdäki ulanylýan söweş tilsimlerini çaga garaýyşlarym bilen öwrenmäge girişdim. Gapymyzdaky agaçdan ýogyn sütüne ikiüç ädim aralykdan kiçijik çakgymy atyp-atyp, onuň böwrüni deşim-deşim etdim. Ýa-da mellegiň bir ýerinde kätmeni dikeldip, oňa elimdäki ýüpi halkalaýyn taşlap, onuň sapyna ildirmegi öwrendim. Rus ýazyjysy N.Ostrowskiniň «Polat nähili taplandy?» atly kitabynyň täsirine düşüp, aşaky ammarjaýda goýlan demir sekide ýukajyk köýnekli ýatyp, arkalarymy sekiniň demirlerine gyzardyp, birsalym özümi tapladym. Garaz, maňa hossar çykan agama «hossar» çykmak üçin, göýä, bir uly söweşe taýýarlyk görýän ýaly, durmuşa özümi ýowuz tapladym. Näme, ulaljak diýibem, wagty bilen ulalyp bolýarmy? Ulalýançam, meniň durmuşda görmeli külpetlerim, gazaply şatylarym kän ekeni. Çünki munda ýazgydyňy görmän, gitjek ýeriň ýok. Haçan-da, kän garaşa-garaşa, çagalygymy zordan geçirip ulalan çagym welin bu öwrenen «söweş tilsimlerimi» durmuşda ulanmaga zerurlygam ýüze çykmady. Sebäbi durmuş kino däl ekeni. Diňe ol öwrenen maşklarym meniň sagdyn bedenli bolup ýetişmegime peýdasy degdi... Nämede bolsa, wagt geçdi. Ynha, bir gün bolsa eneme-atama garran çagynda hossar, maňa dogan bolsun diýlip arzuw edilen çaga dünýä indi. Men bu habary eşidenden: «Agamyň ogly boldy! Eşidiň, halaýyk! Buşluk! Indi men ýeke däl! Indi meň bilen Kully kowalagam, hiç kimem urşup bilmez! Buşluk! Mähribanlarymyň perzendi dünýä indi!» diýip gygyryp, giden oba ses berdim. Meniň bu buşluk habaryma oba adamlary begenen ýaly görünsede, ýüzlerinde nebsagyryjylykly alamatlaryň bardygyny soň bilip galdym. Men ol wagtlar hiç zady aňmazdan, eneme ak ýürekden ogluny ulaltmaga kömek etdim. Ýörjenýörjen edip, «aýak bitenine» begendik. Dil bitenine begendik, «Atda, enne, akka» diýip, patdyk-putduk aýdýan sözlerine guwandyk. Agam bazara gidip, ogluna täze eşikler getirende, ony geýdirip çapakçapak etdik. Garaz, biz ony çar ýandan alar-alar edip, läliksiredip ulaltdyk. Men ähli wagtymy onuň bilen bile oýnap, çagalygymy oňa güýmenip geçirip başladym. Göräýmäge, hemme zat gülalagüllük. Onuň dogan kemi ýokdy. Ýöne, näme üçindir, soňky wagtlarda agamyň maňa gatnaşyklarynda sowuklyk duýlup başlandy. Göwnüme bolmasa, ol maňa däl-de, oglan doganyma has köp üns berýän ýalydy. Ýanynda oturanymdada, meniň däl-de, onuň kellesini has mähirli sypalaýany bildirip durdy. Hatda bir baýramçylygy gutlanda, oňa çaga welosipedini getirip, maňa zat almagy hem ýadyndan çykarypdyr. Ogluna alynýan eşikler bilen meňkini deňeşdireniňde tapawut gözgörtele bildirip, onuň eşikleri lowurdap durdy. Ynha, bir günä agam şäherden halwa getirende, «Al, oglum! Halwa köpräk iý! Çaltrak ulal!» diýip, ol oglunyň agzyna dykyp iýdirdi. Meniň ýuwdunyp-ýuwdunyp, bogazym galdy. Şonda durup bilmän, halwaly guta el uzatdym. Näme üçindir, agam maňa gözüni alardyp, elime çalaja kakdy. Garaz, meniň halwa iýenimi islemedi. Bu zatlary daşyndan synlap, bagryny paralap oturan naçar enemiň gözlerinden buýurbuýur ýaş akýandygyny görüp, hasda ruhdan düşdüm. Şonda agama: «Men çaltrak ulalaýyn. Şonda saňa «hossar» çykaryn. Men durmuşyň şatylaryna döz gelmek üçin, ähli sport maşklaryny geçdim, «söweş tilsimlerini» öwrendim. Ertirki gün men seniň iň ygtybar daýanjyň bolaryn. Şoňa zerur bolan ähli häsiýetleri, ähli ukyplary özümde jemledim. Maňa ynan, aga!» diýäýesimem geldi. Emma janym dan syzdyryp aýtjak bu sözlerimiň häzir ýer almajagyny bilip, pikirlerimi daşyma çykarmakdan saklanyp ýetişdim... Wagt bolsa hiç kim bilen hiç zady maslahatlaşman, öz akymyna geçip durdy. Agamyň perzendi hem indi az-kem ulalyp, ümeçüme düşüp başlady hem de töwerekden dürli gepler eşidip gelmegi çykardy. Bu-da derdimiň üstüne urna boldy. Onuň indi maňa mähremliginiň barha peselýändigi mesemälim bildirýärdi. «Sen meniň süýtdeş doganym däl ekeniňä! Iller: «Öweý dogandan dogan bolmaz» diýýärler» diýen jümleleri kalbyma hanjar bolup sokuldy. Meniň kal byma urulýan hanjaryň ilki bilen enemiň ýüregini paralaýandygyny bilemsoň, içki harasatlarymy eneme duýdurmakdan saklandym.Ýöne derdimi näçe gizlemäge synanyşsamda, enem, barybir, ähli zady bilýärdi hem duýýardy. Perzendine duçar bolýan kemsitmeleriň hesretini ýeke çekýärdi. Ony wagt geçip, akylym goýalyşyp, soňsoňlar bildim. Nätjek, «täze ogul» dünýä geldi-de, höwürli-hossarly bolmagyň ýerine, bal ýaly gidip duran durmuşymyza awy gatylana döndi. Soňsoňlara meniň üstüme kyýamat gopan ýaly boldy. «Öýüň läligi» ulaldygysaýy beterinden-beteri tapyldy. Öýde käse döwülsede, ýatakda sygyr suwuny dökse-de, aşaky tamda gyşa goýlan almaly-narly gaplar boşasa-da, oňa däl-de maňa gygyrdylar. Her gün «ony eýtdi-muny beýtdi» diýlip, agamyň ýüregi çişirildi. Indi agam dükana-da meni däl-de, «öz ogluny» äkitdi, oňa göwnüniň islän, barmagyny çommaldan zadyny alyp berdi. Men agama: «Maňa köwüş gerekdi ýa-da köýnek gerekdi» diýsem-de, bu sözlere kän pitiwa etmedi. Köwşümiň ýyrtygyndan barmaklarym çykyp dursa-da, indi känbir oňa üns bermezdi ýada bilmezlige salardy. Ýöne «öz ogly» welin pyşyrdasa-da, hemme zat öňünde taýýardy. Nätjek, «kän garaşylan ogul» gelmänkä bu öýde bir salym «han» ýaly ýaşap ýören men, bu ýerde indi «ikinji derejeli» adama öwrüläýdim. Näme, aga myňam jigerinden önen ýalňyz perzendi, maňa mähir berenden, öz ogluna yhlas edenini gowy görýärdi. Nätjek, çagasy dünýä inmänkä meniň bilen ýalňyzlyk ýolundan geçen pursatlary indi agamyň ýadyndan çykdy. Indi men takdyryň edenine kaýyl bolup, bu ýerde ýaşap ýörmelimi ýada başga çykalga gözle melimi? Allaýar babamlara dolansam, yzymda gözýaş döküp enem galjakdy. Mamamyňam meniň garamatymy götererden erki ejiz gelýärdi. Nirä gitmeli? Öz rahatlygymy haýsy ýerden gözlemeli? Öňümde müň sowal, müň bir öwrüm! Haýsyndan gitmeli, ony bilýän ýokdy. Esasanam, şol ýollaryň dogrusyny men saýgaryp bilemokdym. Meni ýalňyz goýmazlyk üçin, enemiň hem agamyň küýsegi bilen öweý doganym dünýä gelensoň, men dünýäde ýekesiräp başladym. Şonda birmahallar mamamlarda ýaşaýarkak, enemiň: «Belki, seniňem geljekde känkän doganlaryň bolar. Şonda bu ýalňyzlyk duýgularyňdan halas bolarsyň» hemde agamyň: «Wagt geçer, bizem köpeleris. Şonda bize adam ogly kär edip bilmez» diýen sözleri gulagymda ýaňlanyp gitdi hem de içimden: «Wah, ene jan, maňa hossar tapjak bolup, Sapby sapalagyň ogluna meni urdurmajak bolup dünýä inderen perzendiň ýaşaýşa ähli arzuwlarymy taladan ýowuzlyk bolup ýetişdi. Ondana men ýeke galyp, Kully kowalagyň müň sapar kowalap urany gowy bolardy. Gowusy, sen meni mamamlarda goýup gaý dan bolsaň, nähili rahat ýaşajak ekenim. Sen meni hossarly etjek bolup, hossarsyz goýduň. Sen meni öýli etjek bolup, öwzarsyz goýduň. Sen meni arzuwly etjek bolup, wysalsyz goýduň. Näme üçindir, şu mahal: «Goý, seni durmuş şeýle ýazgytlara duçar etjek bolsa, dünýäde öweý doganyň bolandan, öweý ataň bolsun! Ýöne olaryň hijiside bolmasa, has gowy. Şonuň üçinem maşgalalar abat bolup, dünýä güllesin! Eneler aglamasyn! Çünki eneler aglasa, dünýä aglar! Dünýä aglasa, perzentler jebir çeker!» diýen sesler içimden eşidilip başlady. Şu zaryn sese ýüregim para-para bolup, enem barka ol ýerde ýaşamaly boldum. Magşar gapydan gelip, enemi rahatlyga alyp gidenden soň, maňa-da bu ýerde durarlyk galmady. Enem-ä bakylyga gitdi, menem ýalňyzlygymdan özümi halas etmek üçin, haraý gözläp şähere gaýtdym. Näme üçindir, şondan soň ýüregim näçe jigläp dursada, ýyllar maňa yza dolanmaga puryja bermedi. Çünki ol ýerde maňa: «Balam, geldiňmi?» diýip duran mähriban enem ýokdy. Agamam öz mähriban ogly bilen başagaý bolup, özüne «mähriban aga» diýip hormatlamaga müň endişä düşüp synanyşan kişini, ýagny meni birçak ünsden düşüripdi. Has dogrusy, näçe dyrjaşsam-da, soň enesiz öýde maňa orun tapylmady. Içimden: «Muňa ykbal diýerler» diýdimde, ömrümiň soňky ýollaryny ýat menzillerden gözlemeli bol dum hemde «ýakynlardan» ýadyrgap, ýatlardan kalbyma howandar tapdym. Maňa bagtly günler enem deýin mähriban bakyp, gujagyny gerdi... — Mümkinmi, aga? Ikinji gezek gaýtalanan bu sese — tanyş sese men yzda galan çagalygymyň ýowuz ýatlamalaryndan çykyp özüme geldim. Ynha, indi aň etsem, saçlary çalaryp, ýüzlerini gasyn basyp giden bir kişi gapynyň agzynda durdy. Onuň garaýyşlary naýynjardy hem köpmanylydy. Belki, bu pursatda men oňa gapyny açmanam bilerdim. Ýöne, nätjek, ol birmahal dünýäsini täzelän enemden meniň ömrüme galan ýalňyz ýadygärlikdi. Ol meniň öweý jigim bolsada, enemiň öweý atamdan bolan mähriban ogludy. Çünki enem mende öz ýazgydynyň betbagtlygyny gören bolsa, agamdan bolan oglundan geljegine umyt bagladan bagtyny gözläpdi. Kimden bagt tapdy, kimden ezýet gördi, belki, bu zatlary duýmagada ýetişmän, enem birçak dünýäsini täzeledi, ýöne meniň göwnüýarym duýgularymy täzeläp bilmedi. Enemden hiç hili öýke-kinäm ýok. Dünýäde atadan öýkeläp bolar, eneden öýkelemek aýypdyr. Çünki ene hiç haçan öz perzendini betbagtly ga dözmeýär. Belki, çarhypelek aýlanyp, ol indi bar zada düşünip, hakyky dogana öwrülip gelendir?! Çünki dogan diňe maňa däl, oňada gerekdir-ä?! Birden niredendir bir ýerden enemiň: «Sen şu pursatdan many çykaryp, durmuş hakykatyna pugta göz ýetir: dünýäde eneler aglar, ýöne eneler perzendi üçin ýalňyşmaz. Dünýäde atalar ýalňyz galar, ýöne atalar hem perzendiüçin ýalňyşmaz. Şuny bek belle, oglum, hem-de seň öňüňde eden hatalaryny bagyşla! Ony öýe goýber! Çünki olam meniň mähriban balam ahyry!» diýen zaryn sesi gulagyma eşidilen ýaly boldy. Men gözümiň öňüniň ümezlänini gapynyň agzynda duran «ýowuz geçmişime» duýdurmazlyga çalyşdym hem-de onuň menden näme haraý gözläp gelendigini-de saýgarjak bolman, çykaran netijelerime görä özümi köşeşdirip: — Elbetde, mümkin — diýip, gara penjekli, çalaran saçlary meniň şu wagtky pikirlerim ýaly tozgalap duran kişä gapyny giňden açdym. Ynha, indi ol mähriban doganyma öwrülip, täleý däl-de, bagtyýar durmuş gapymdan ätläp, öýe girip barýardy. Göýä, häzir uzak ýyllaryň dowamynda çigin-çigin bolan ähli öýke-kinelerimiň düwünleri çözlenýän ýaly, kalbyma ýeňillik aralaşýardy. Men «garaşylmadyk myhmanyň» yzyndan kä howatyrly, käte-de buýsançly bakyp: — Ene, menden razy bol! Meni bagyşla! — diýip, düşnüksiz pyşyrdadym... Döwletgeldi ANNAMYRADOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |