16:09 Ylham jepasy | |
YLHAM JEPASY
Goşgular
Gör, näçe wagt daşlaşdym men şygyrdan, Soňky wagtda ýazylanok kyssa-da. Baglaň guran ýapraklary şygyrdap, Ýogsam, kalba degip geçýär gussa-da. Honha, tanyş ýeller tanyş köçede, Birçakky deý gezip ýörler aýlanyp. Birin ýalkap, bir ykbaly keç edip, Yzda galdy ýaşlyk-joşgun...aýralyk. Ýyllaryň içinden geçip men parran, Müň sowal ýitirdim, jogap tapmadym. Göwün ýaş bolsa-da, bu göwre garran, Gepinden daş boldum gompy-akmagyň. Geçdim bu ýollary juda aýgytly, Menzillerde büdremedim keýtikläp. Täleý maňa daraşsa-da haýbatly, Janym sagat. Ýa zehinden göýdük däl. Ýazasym gelenin ýazdym şagladyp, Ýalňyzlykda kän gygyrdym aýdyma. Kalbyma nur edip yşkyň şuglasyn, Umydygär bakdym kän Aý aýdyňa. Ýaşlykda aýlandym ýaramezana, Ýa gorkup gezmedim Rejep «gargadan». Ýa ýolumdan azaşmadym her ýana, Berk sakladym enemiň pent-sargydyn. Gaçdym mydam ownuklykdan-uşakdan, Sähel zat üstünde etmedim jenjel. Otluk ýerde eşegimi duşaklap, Ýandak çapyp gezdim. Bir ýanym jeňňel. Dostum bilen (hökman däl oň kimligi), Ýükümizi ýetirerdik balykdan. Çeňňek atyp, balyk tutmak endigi Belki, Şamil Kudermetden galypdyr?! Depä çykyp gygyrdym men düýnüme, Ýaşlygymdan tapylmady «hä» beren. Ýetjek bolup ýatlamalaň düýbüne, Geçdim deňesinden Enekäbeleň. Gözüm düşüp Rahmanguly Baýhana, Birwagtkym deý tasdan ylgapdym yza. Salam berdim eli pilli daýhana, Bu zamanda söýgi nire, men nire?! Gör, nirlere ýetdim düşüp tigirden, Kalbym içre hijran-da ýok, gussa-da. Gör, näçe wagt ara açdym şygyrdan, Gör, näçe wagt ýazylmaýar kyssa-da. Döwletgeldi ANNAMYRADOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. "Garagum" žurnaly, 6 - 2021 | |
|
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Agyr meseläniň ýeňil çözgüdi / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Okanyma öýkünme / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Baýlygym meniň / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Bol / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 31.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |