16:31 "Oba depderi" goşgular toplumyndan | |
«OBA DEPDERI» GOŞGULAR TOPLUMYNDAN
Goşgular
• SÄHRA GIDEÝIN Gör, haçanlar gaýdypdyryn şähere, Gör, indi ýüregim sähra küýseýär. Oba gitsem, duşarynmy Şekere, Öňümden çykarmy Gülli sübsegär?! Durmaýyn bu ýerde, sähra gideýin, Mensiz ýaplar galandyr-la tebsiräp?! Hotjy baba: «Haý, sen ogly köpeýiň!» — diýip, deňden geçer, atyn depsiläp. Ýok, men eglenmäýin, gideýin sähra, Arabanyň jygyldysyn eşdeýin. Yşk hakda oýlary içimde saklap, Gürrüňin diňläýin köne esgeriň. Önküler deý gaýnadaýyn güpleri, Jeňňele obadan suwuny daşap. Gül ysyndan dolduraýyn kükregi, Sowuk urup, entek galmanka gyşa. Hol, köneje malagyla basaýyn, Tomus orlan ýorunjalaň bedesin. Han Lüçjegiň tumşugyna kakaýyn, Diýip: «Saklan! Nirä gaçýaň, bedasyl?!». Agşamara başym egip tutlara, Güýz gelende ýapraklaryn syraýyn. Çöp sorap baraýyn Jora Gurtlara, Muhy babaň ýetireýin sylagyn. Atdanlykda ýene köne köprüden Hol, dury zeýkeşe suwa gaçaýyn. Gök çaý süzüp, honha, keýpin kökleden, Aýdymyn eşdeýin Aman Açylyň. Gyş gelende, çapmak üçin töňňäni, Soraýyn Haýt kesäň agyr paltasyn. Ýaremezan aýdyp, sanap teňňämi, Aýdaýyn, gör, kime Taňryýalkasyn?! * * * Men sähra gideýin. Bugdaýly meýdan Garşy alsyn meni başlaryn yrap. Diýsin Gandym suwçy: «Degmese peýdaň, Çyk-a bugdaýlykdan! Dur bärden yrak!». Aýlansyn. Pyrlansyn kagyzdan peri, Bätbörek ýasaýyn sary gamyşdan. «Dolandyňmy çagalygyňa, ýeri?!»— Goý, üstümden gülsün köne tanyşlar. Men oba gideýin, sähra gideýin, Ak bagtym düzlerden gözläýin ýene. Obada ýazaryn beýik eserim, Belki, ol «Toprakdyr», belki-de, «Ene». Ýene men agamdan «iýeýin şarpyk», Jeňňelde azaşyp, gözläp kömelek. Honha, Mömmi arabasyn gyşardyp, Diýsin maňa, golun bulap: «Kömek et!». Men oba gideýin, durmaýyn munda, Şatysyny görmek üçin Goç daýyň. Gör, kime bergim bar, algym bar kimde, Kalbymda hoş habar, oba buşlaýyn. Çagalykda meniň pulum ýetmedik Harydym alaýyn Seýtek bakgaldan. Tüýdük ýasap gamyşdan ýa ekmeden, Çalaýyn haýsy heň, haýsy ykbaldan. * * * Men sähra gideýin — sürlen ýerlere, Bolsun olar tüňňi-saňňy — şüdügär. Men sähra gideýin. Ýollar, egleme, Goý, depämden ýagsyn ýagmyr, küti gar! Ondan bäri, gör, nije ýyl geçse-de, Bilmen, neçün ýene sähra çagyrýar. Gyş gelende ot ýakaýyn peçlere, Goý, gargalar aýdym aýtsyn gagyldap. Ýene şo:ol penjire, goý ýola baksyn, Tanyş guşlar gonsun ýene aýnama. Synlaýyn ahmyryn, gör, kimiň bagtyn, Geçsin ýoldan Rozy baba, Aý mama. * * * Men oba gideýin ýene ýaýdanyp, Tisgineýin gorkan ýaly bir zatdan. Aýtjak sözüm kän gaýtalap, maý tapyp, Gyşa tut soraýyn Aşyr birgätden. Ýene oba tutduraýyn ümzügim, Gideýin düýnüme, asyl durkuma. Belki, meniň tanamazlar kimdigim, Ötegçi deý bakyp Döwlet Garkyna... Nätjek, ömrüm geçirdim men şäherde, Gideýin al sähra — bakylyk sary. Bu göwnümde kinäm ýokdur sähelçe, Gideýin düşnüksiz çakylyk sary. Birsalym çekilip dost-ýar, tanyşdan, Birsalym men munda galdyryp öýüm, Zaryn sesin eşitmäge gamyşlaň, Men oba gideýin... Sähra gideýin... • ÝAŞLYK GÜLLERI Söýgi öwrümlerne ýürek lerzana, Hanha, bu gün ýagyş ýagýar daşarda. Gör, seniň yşkyňda gezdim perwana, Bu gün diňe söýgi hakda pyşyrda. Ynha, bizi aýra saldy bu ýollar, Men giderin, sen galarsyň uzakda. Deňimizden geçer gider bu ýyllar, Diňe yşk owazy galar gulakda. Älemi aýlanyp gözlärin taýym, Saňa meňzeş gyzlar çykar öňümden. Hiç haçan ýykmaryn yşkymyň raýyn, Diňe seniň keşbiň ýaşar göwünde. Ýaşlyk geçer. Ýollar, ýodalar garrar, Alyslarda galar ýaşlyk ýyllary. Tanyş baglar bize gollaryn salgar, Diňe kalpda ýaşar söýgi gülleri. Duşuşyklar süýji. Aýralyk ajy, Ençe jebir çekdim seniň yşkyňda. Sen bolarsyň öýtdüm ömrümiň täji, Gözden gaýyp bolduň bagtyň keşbinde. Yşkyň roýun gizläp bu gün salgymda, Hanha, ýene ýagyş ýagýar daşarda. Bu durmuşda, läläm, ýalňyz galaňda, Meni ýatlap, söýgi hakda pyşyrda. ÖMRÜŇ DÖRT PASLY (köňül çemeni) YŞKYŇ BAHARY Ýene däli köňli kyldy set para, Goşa maryň genç üstünde owsuny. Şöwket berip tapdan düşen ykbala, Ýene göge galdy söýgiň şowhuny. Yşk bossany — jennet, ýara — düşelge, Yska müşgün! — Seriň sermest, diwana. Yşk şuglasy ykbalyňa düşende, Bark uruban, ömrüň döner reýhana. Ýeke sapar ýakan bolsa jadysy, Şol istär ýörersiň ýaryň didesin. Gör, ne ajap, ýene köňlüň şat edip, Ter ýaşlygyň — ömür ýazyň küýseseň!.. Aşyklar äht etse yşkyň adyndan, Magşugyn aldamaz — salgymdan çykmaz. ...Belki, men çykaryn yşkyň ýadyndan, Söýgi meniň hiç wagt kalbymdan çykmaz. • TOMUS ÝAZGYLARY Türkmen tomsy giň äleme tanyşdyr, Ter gülleriň keşbi bagtyň roýudyr. Ýap boýunda başyn yran gamyşlar, Ak ýaglykly peýkerleriň taýydyr. Ygşylda, bugdaýly meýdan, ygşylda — Ýene bagtyň mukamyny eşdeýin! Ýarylsyn waharman säher çybşylda — Bal gawunlar, goý, bezesin keşleriň! Türkmen tomsy Arşyň kürse serpaýy, Durmuş güllär ter gülleriň yşkynda. Asmanda ak guşlar ganatyn ýaýyp, Aýdym aýdyp, tans edýärler göçgünde. Gülzara öwrülýär bu gün Garagum, Örüsinde mallar gezer erkana. Tebigat — ylhamym, Watan — ýüregim, Bu gün ykbal menzillerim görkana. Deňiz-derýalara sesimi goşup, Men aýdym aýdaýyn. Durmaýyn çakda! Men bu sähralaryň bagtyna aşyk, Watan hakda aýdym ýaşar gursakda. Hoşboý ysyn saçar gülli meýdanda — Gök otlary müň bir derdiň melhemi. Ýaşaýyş gül açýar läle-reýhanda, Türkmen tebigaty — bagtyň ylhamy. Käte seýle çykyp çemenzarlyga, Watan hakda aýdymymy aýdaýyn. Sežde edip kalbym içre barlyga, Men bu dünýä bakylykdyr öýdeýin. • GÜÝZ ÝAPRAKLARY Ýene siňip barýan güýzüň ruhuna, Saçlarym galgadyp garran şemala. Bilmen, bu wagt hyýaldamy-ukuda, Men salgymda, gol bulaýan kenara. Ýene pessaýlykdan joşguna geldim, Ýaşaýyş derýasy tereň göründi. Egbar garrylykdan ýaşlyga geldim, Göwnüň içi keýpi-zereň göründi. Ýene ganat açyp uçasym gelýär, Ýeller alyp barýar, bilemok niräk?! Ýatdan çykan syrlam açasym gelýär, Köne gussalarmy bir ýana süýräp. Hany, ol söýginiň ataşy hany, Kän ýegşerden yşkyň ýüki nirede?! Geljekden eşdilýär geçmişiň ýaňy, Yşky baglarymyň köki nirede?! Egne atyp ýene köne penjegim, Ýatlamalar içre aýlanyp ýörün. Birýan serpip düýnüň gohun-jenjelin, Sermest yşkdan indi aýňalyp ýörün... Takdyrymdan razy bolup her mahal, Maňlaýymy çoýdum Günüň çoguna. Ykbalyma garamadym kembaha, Durmuş ýolum siňdi saçlam agyna. Biljek ýaly, göýä, düýnüň salgysyn, Yzlaryna düşüp barýan ýelleriň. Baglar menden soraýan dek algysyn, Ýollarymda durlar serip ellerin... Ynha, bu gün ýene nätanyş ýoldan, Şo-ol tanyş günlere gidip barýaryn. Ähli töwerekden agtaryp dalda, Her ötegçä gözüm dikip barýaryn. Baglar — tukat göwünleriň melhemi, Baglar — sary güýzde tyllaýy tagt. Baglar içre Arşyň-kürsüň ylhamy, Bag bolup ýaşamak, gör, neneň bagt?! Käte-käte bu durmuşdan ýadasam, Şu baglara bolar meniň saparym. Gelerin men şol köneje ýodadan, Şu güýzlerden köňle kuwwat taparyn... • GYŞ AHWALATLARY Gyş syrgyny gulagym kän gazady, Ähli aladadan ünsümi sowup. Bar zady doňdurýan gyşyň gazaby, Öýden çykaý diýsem, daşary sowuk. Ýogsam, Amerikadan birçak getiren Gara possunym dur sary şkafda. Aýazly gyş diredi-le petige, Nätjek, gaýyş penjegimem buşlat däl. Honha, uzaklarda ýeller uwlaýar, Çyplaň baglaň şahalaryn yralap. Honha, şol ötegçi, honha, şol aýal, Pena gözläp, özün çekýär gyrarak. Honha, şol uzakdan barýan çyplaňa Öýde duran possunyndan ne peýda? Honha, biri meňzäp gelýär gaplaňa, Ala possunyndan haýykjak heýhat. Gar başlady. Düýşden çykyp gelýän dek, Honha, biri geçip gitdi alňasap. Daşary güwleýär meniň kelläm dek, Çapgyn ýel ýetirýär gyşyň «armasyn». Biraz gijä galyp gaçan ýapraklar, Bag astynda ýatyr, her ýan pytyrap. Honha, biri zordan telpegin saklap, Ylgap barýar. Kürenleýär küti gar. Bu barlyga ak nuruny seçeläp, Reňkli dünýä ak gar ýagdy birsalym. Aklyga öwrüldi asfalt köçeler, Ýöne şu wagt juda gyzgyn gursagym. Ak garlarda yşk ody bar, şatlyk bar, Ak garlarda ýatlama bar, kysmat bar. Ak garlarda ylham-joşgun, ýaşlyk bar, Ak garlarda Arşdan nurly rehnet bar. Ak gyşda gonjuny süýräp köwşümiň, Söýgi hatyn kän göterdim kisämde. Ak garlar oýarýar yşkyň möwjüni, Gara bakýan şol gözeli küýsämde. Honha, biri, elinde goşhaltasy, Gar astynda ýitip gidýär dideden. Gör, dünýäni gar perişde ýalkady, Şükür, dert çekýän ýok kine-öýkeden. Şükür, ak ömrüm bar, ap-ak garym bar, Köňlüm içre gam-gussa ýok sähelçe. Döwet galam, ylhamym bar, kärim bar, Kä obada gezýän, käte şäherde. Diýýän: «Köňlüm, ak gar içre pelpelle, Dünýä behişt ak garlara bakaňda. Dolsun ak garlarda müň pikir kellä, Goý, mydama aklyk bolsun jahanda». YKBAL PENJIRESI (goşgular toplumyndan) Bakyp durun daşaryk, Dünýe — imisalalyk. Ne işleri başaryp, Nirä barýar halaýyk?! Kimleriň nepesinde Dünýäniň aladasy. Hol, jaýlaň depesinde Guşlar galmagal, sesi. Bu bir durmuş adaty, Aýdymlar bagt hakynda. Toý-baýramda ýaşadym, Kim — bagt, gizlän tapylmaz. Yşk bagynyň seýrinde Aşyk göwni heserlär. Belki, bardyr süýrenje, Kim bat berýär eşegne. Geregi ýok boş kelläň, Doly bolsun akyldan. Ýogsam, telpek ýa selläň Çykar seniň hakyňdan! Al-asmanda pelpellän Ak guşlara bakyň siz. Gör, kellede müň hyýal, Bakýar gözlerim daşa. Honha, barýar bir aýal, Neçün sussupes aşa. Ýapraklaryn seçeläp, Baglar başyn yraýar. Kim geçmedi köçeden, Kimler golun bulaýar. Gabadynda penjiräň, Dünýä bakyp durun men. Gezmedim dilemjiräp, Dalda gözläp birinden. Hiç kimden haraýym ýok, Şükür, bu göwnüm begdir. Tylladan saraýym ýok, Öz jaýym köşkden ýegdir. Elinde goşhaltasy, Barýar biri possunly. Kim ol, dünýäň ýaltasy, Ýa meň köne dostummy?! Uzakdan baka-baka, Bilmedim hiç saýgaryp. Kim saga, kimler çepe, Ýollar kime aýralyk. Bakyp durun köçä men, Barýar biri maýdalna. Diýýän ol ötegçä men: «Dogumly bol! Ýaýdanma!». Geçip barýar köçeden Adamlar tapgyr-tapgyr. Dünýe neneň köşeşer, Kim — şatlyk, kimler — ahmyr. Kim — şowhun, kimler — gamdyr, Ýaşaýşyň bar gyzygy. Kim aşyrsyn aňkasyn, Kimleň hyrsyz gylygy. Honha, biri şadyýan, Ýa weşeň pully barýar. Honha, aşyk ýadaman, Gujagy gülli barýar. «Başladyňmy ýorgalap, Ylga! Sen kim? Eglenme!». Öňe-yza ýol garap, Gözden ýitdi egremde. * * * Käte gam-laýa batyp, Çekseňiz kän werzişi, Siz hakda oýa batyp, Oturandyr bir kişi. Söýülseňiz-söýseňiz, Ýaşaň munda eljiräp. Köşeşerin diýseňiz, Bakyň tanyş penjirä. Tutynyň aňyrsynda Oýa batmak endigim. Duşsaňyz lagar bendä, Şol mendirin, mendirin. Hoşwagt boluň, adamlar, Bagt lälesin kakyň siz! Kä durmuşdan ýadalsa, Penjiräme bakyň siz! Şonda size duýdurman, Derdiňizi egserin. Dünýe, gör, kime arman, Kimiň şatlyk-öwseri. Ýykmaň, raýyňyz ýykmaň, Her göwün bir han bolsun! Siz hakda oýa batýan Penjireler kän bolsun! • WATAN TÄJI Meni birçak dünýä beren Ýyllar geçýär tapgyr-tapgyr. Ömür kime bagy Erem, Göwnüm diýýär: «Munda sak dur!». Öňe aýgyt badyň bolsun, Gowşatma hiç gadamyňy! Şu toprakda adyň bolsun, Täç et başa Watanyňy! Käte yşkdan ýalňyz galsaň, Heserdeş bol güller bile. Ýöre mydam dogry ýoldan, Hemsyrdaş bol iller bile. Gerek bolsa, Watan üçin Elleriňde sübsäň bolsun! Toprak bakylykdyr, düşün, Ol hossardyr küýsän wagtyň. Tapgyr-tapgyr ýyllar geçsin, Geçsin gündiz-gijeleriň. Şu topraga siňsin yşkyň, Mähre dolsun dideleriň. Kalba yşky lerzan salan, Çeşme-çaýlar akyp dursun. Dünýäniň ýadynda galan Gözleň nurly bakyp dursun. • ÝAŞADYM MEN... Ýaşadym men, kim bilipdir, Geçdi ömürler dady, heý! Kimler aglap, kim gülüpdir, Ösdi sabada bady, heý! Gözlerimden katra-katra Ýaşlarymy dökmedim men. Täleýim her ýana oklap, Ýa bu dünýä ýükmüdim men?! Gygyrmadym, ses goşdular, Ýa dillerim lalmy meniň?! Örtedi gara gaşly ýar, Ömrüm yşka ýolmy meniň?! Ýaşadym men sessiz-üýnsüz, Kalbym içi goh-wagyrdy. Ömür sürdüm munda müýnsüz, Gussamy ýeller sowurdy. Kimse bakdy göz alardyp, Hiç bir jogap gaýtarmadym. Däl men hiç kişiden artyk, Durmuş ýolun saýhalladym. Dünýe bir synag-endişe, Geçeýin men kötellerden. Göwnüm düşmesin jünbüşe, Gam-hasratym köpelmesin. Ýaşadym men, kim bilipdir, Geçdi bu ömür dady, heý! Kimler aglap, kim gülüpdir, Ösdi sabada bady, heý! • SÖÝGI ÖWRÜMLERI Magtymguly, gezende, Rumy, Kaýsar düzünde, Meňli ýaryň yzynda, Gül ömrüm zaýa döndi. Magtymguly Pyragy. Asmana seda eýläp, ýerde serim-sal oldum, Göwnümi geda eýläp, egbarladym, saraldym, Jismimi jyda eýläp, gaýyp içre bar oldum, Yşkymy paş eýleýip, ismim pynhana döndi. Ýary sorsam panydan, magşara jan diledi, Yşkyň derdi galňady, ömre hijran diledi. Kalpda yşkyň tagmasy — bagta rowan diledi, Ýüregmi joş eýleýip, köňül lerzana döndi. Men Zeminde bigäne — göge elim serlendir, Telwas gitse reýgana— derdiň kerwen-kerwendir. Ýürekde yşk peýkamy — pelek oky mergendir, Saýýada duş eýleýip, günler perwaza döndi. Ykbalym juwan bolsa, kim aýlanmaz daşymdan, Köňülde pygan bolsa, kim sypaýyr başymdan, Serimde duman bolsa, çaýlar yşky joşumdyr, Ýar, saňa duş eýleýip, söýgim seýrana döndi. Kän ýalbardym ömrüme: — Geçäý! — diýdim. Geçmedi. Gaçyp girdim tümlüge — bir yş ýandy, öçmedi. Ahwal gördüm dünýede — ýa dünýeler düýşmüdi? Ömrümi düýş eýleýip, bagtym reýhana döndi. Dözseň yşkyň jebrine, söýgi şährine elter, Älem hüýre öwrüle, melek mährine elter, Nurdur yşky görgüler, Arşy rehbere elter, Ýollarym Arş eýleýip, köňül ryzwana döndi. Döwletgeldi ANNAMYRADOW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. | |
|
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Jam içre meý ki daýyra salmyş hubap aňa... / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Sen adam aslyň hakda / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |