11:38 Çary Aşyr | |
ÇARY AŞYR
Edebi makalalar
– Men Oktýabr rewolýusiýasyndan has öňräk dünýä inen ekenim. Ilkibatlarda köne mekdepde okadym. O ýerde men Rownagy, Sopy Allaýary Bidil Hojany, Hapyz we ýene köp kitaplary okap çykdym. Obada öz agalaryma kileň kyssalary okap berýärdim. Soňam obada täze mekdep açyldy, şol wagt Şaly agam meni internata tabşyrdy. Internatdan soň tehnikumy gutardym, soň instituty, ondan soň Moskwa, aspirantura okuwa gitdim. Aspirantura girmek aňsat däldi. Aşgabatda instituty gutaryp, Moskwada şo ýyllarda aspirantura okuwa girmek aňsat däldi. Ýöne o ýerde «Şu wagt ekzamen berseň, häzir ekzamen aljak» diýdiler. Menem «bolýa» diýdim. Professorlary çagyrdy. Ondan soň taryhdan, pedagogikadan bir adam sorap başlady. Menem soraga Bitinsikiniň ýazan taryh kitabyndan jogap berýän, meniň jogabyma alym-sekretar ýyrşarýardy. Nämä ýyrşarýandygyny bilemok. Ondan soň pedagogikanyň teoriýasyndan bir adam ekzamen alyp başlady. Men pedagogikadan professor Şemsarýowyň kitabyndan jogap berýän. Sekretar bolsa has beter ýyrşarýardy, soň olar maňa otliçno baha goýdular-da gitdiler. Soň sekretar maňa «Sen gaty mekir adam» diýdi. «Olaň berýän sowallaryna öz kitaplaryndanjogap berýäň» diýdi. Men Şemsarýowam, Bitinskinem tanamok. Birinji gelşim Moskwa» diýdim. Ine, şeýlelik bilen aspiranturanam okap gutardym. Ýöne gutaramda, dissertasiýa ýazmaly wagty meni Gaýgysyz Atabaýew Aşgabada işe çagyrdy. Men Aşgabada gelemde bolsa Atabaýew, Aýtakow dagy tutulan eken. Bolsa-da işe durdum. Şo wagtam meni «halk duşmany» diýip ýanap başladylar. Üç adam aýagymdan arza beren eken. Ol arzalara komsomol komitetinde seretdiler, nähili hem bolsa meni basmadylar. Şol döwürde-de men «Aýralyk» diýen poýema ýazdym, özümem neşirýatda işe başladym... Çary aga neşirýatda ýigrimi ýyldan hem gowrak işledi, 100 müňden hem gowrak setir terjime etdi. Puşkinden, Lermontowdan, Nekrasowdan, Şewçenkodan, Çehowdan, Gogoldan, Tolstoýdan ... eden terjimeleri ýazyja uly abraý getirdi. – Adamyň durmuşy geçip barýar. Ol hemişe öz durmuşyna – yzyna seretmeli. Men köplenç wagt, ylaýta-da 80 ýaşamsoň, durup- durup pikir edýän. «Men halkyma nämä kömek etdim, öz watanym üçin nämeler bitirdim?» diýip, köp pikirlenmeli bolýar. Seredip otursaň meniň ýazan romanlarymyň sany 10-a bardy. Şu wagtlar 11-njini ýazyp otyryn. Ýöne her hili kyn ýagdaýda-da ýazmak bilen bolýan. Ylaýta-da uruş başlanynda, uruş ýyllarynda men örän köp eser ýazdym, örän köp goşgy ýazdym. Onuň hemmesinde adamlaryň mertligini, batyrlygyny suratlandyrdym. Soňky wagtlarda ýazýan eserlerimde adamlaryň arassa pikirli bolmagyny, biri-birine gowy aragatnaşykda bolmagyny, mert bolmagyny köp pikirler edip, köp zatlar ýazdym. Meniň başymdan örän köp kynçylyklar geçdi. Dogrusyny aýtsam, çaga wagtym garyp, ýetim bolup, çagalar öýlerine düşdüm. Soňky wagtlarda-da köp horluklary çekdim. Meniň durmuşymda horluklar kän boldy. Kolhoz gurluşygy döwründe-de biz köp kynçylygy gördük. Soňam uruş başlandy. Uruş döwründe-de köp kynçylygy gördük. Iň gowy görýän adamlaryň ölýär. Agam Şaly Kekil wepat boldy. Ýer ýykylanda aýalym, oglum öldi. Şeýle-de bolsa şol zatlar meniň işlemekden elimi sowatmady. Men gaýtam ruhdan düşmän işledim. Dogrusyny aýdaýyn şu wagta çenli az iş etmändirin.Her bir adamyň işlemegi gerek. Biziň şu wagtky ýaşlarymyzyň hekaýalaryny, goşgularyny, romanlaryny okaýan. Bularyň içinde gaty gowulary, gowşaklary hem bar. Ine, şol ýigitlerem, şol ýazyjylar hem öz ýazan zatlaryna gaty üns berip, mydama galamyny goýman işlemeli, kynçylykdan gorkmaly däl. Emma ýazanyny bozmaly wagty hem bolýar, oňa-da gynanmaly däl. Her bir romanyňy gowulandyrmak üçin köp zähmet çekmeli bolýar. Häzir men Gökdepe urşy hakdaky täze romanymy tamamladym. Gökdepede meniň kakamyň dogany öldi, Gökdepe söweşine meniň ejem gatnaşypdy. Ýaşkam Gökdepe urşuna gatnaşan adamlaryň gürrüňlerini köp eşitdim. Hanlaryň geňeşinde oturanlardan hem köp gürrüň eşitdim. Ors ýazyjylarynyň ýazan zatlaryny köp okadym. Indi şol taýda bolan zatlary bolşy ýaly ýazmak taryhçylaryň işi. A edebiýatçylar ony güýçlendirip, göze görner ýaly edip, şüwlümlendirip ýazmaly bolýar. ■ Seýitnyýaz Ataýew Çary Aşyr hakda: – Çary Aşyrowyň ömri we döredijiligi barasynda pikir aýlaňda beýik Magtymgulynyň iki setiri ýadyňa düşýär: Hataryň görküdir iner maýalar Ilimiň diregi merdana ärler. Çary Aşyr biziň halkymyzyň merdana ärleriniň biri. Biziň halkymyza direg bolup duran gerçekleriň, merdanlaryň biri. Çary Aşyryň durmuşyny häsiýetlendirjek bolsaň, merdanalyk sözi diliňe gelip dur. Onuň bütin ömri hut şol söze, halkyň şeýle bir gowy görýän türkmen halkynyň ýürekden syzdyrýan merdanalyk sözi onuň durmuşynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ynha halkynyň başyna agyr iş düşende, uruş başlananda Çary Aşyram beýleki gerçekler bilen birlikde meýletinlik bilen şol halk söweşine gitdi. Beýik Watançylyk urşunda ol uly gahrymançylyklar görkezdi. Ol şol söweşiň içinde, oduň‑ýalnyň içinde ölmejek eserler döretdi. Şu internasionalizm hakynda, halklaryň mertligi hakynda şol döwürde parahatçylyk hakynda okopyň içinde uly-uly pikirleri aýlap eserler döretdi. Ç. Aşyryň deň-duşlaryny, ýoldaşlaryny okop ýazyjylary diýip atlandyrýarlar. Meşhur «Ermeni gyzy» goşgusy barada aýdypoturjak däl. Ol hemmämize belli, ýöne şonuň bilen bagly bir wakany aýtmakçy. Adamyny tanajak bolsaň, ýolda ýoldaş bolmaly diýýä. Çary Aşyr bilen men köp ýoldaş boldum. Uzak ýurtlara-da gitdim. Öz ilimiň, halkymyzyň arasynda-da kän gezdim. Bir gezek biz Çary Aşyr, Aman Kekil we men – üçümiz Beýrutda bolduk. O ýerde Ermeni klubynda çykyş etmeli bolanda men «Ermeni gyzy» goşgusyny okap berdim. Şo ýerde oturan arap, ermeni, kürt ... adamlary biziň dilimize düşünip Ç.Aşyryň o goşgusyny joşgunly garşyladylar. Ç.Aşyryň döredijiliginiň ýene-de bir tarapyny nygtasym gelýär, o-da bolsa halallyk. Şu halallyk sözi Ç.Aşyryň ömrüniň döredijiliginiň içinden uly bir akaby ýaly bolup geçýär. Ç.Aşyryň durmuşyny, döredijiliginiň halallygy hem ikilik etmeýänliginden üýtgeşik bir şöhrat gazanjak bolmaýanlygyndan gelip çykýar. Ol halkynyň başyna uruş belasy düşende göni urşa gitdi. Halkyň başyna ýene bir bela düşse-de ol şonuň içinde. Ýene-de bir aýtjak zadym, döredijilik iki hili bolýar. Biri durmuşy kesesinden öwrenip ýazýarlar. Ikinjisi öz terjimesiniň üsti bilen döredijilige gelýär. Çary Aşyr öz durmuş tejribesi bilen edebiýata gelen adam. Çary aga uly bir baýlyk, genji-hazyna, uly hadysa. Düýpsüz umman. Ol roman yzyndan roman ýazýar. Romanyň wakalaryny özünden toslap ýazanok-da, durmuşyň içinden özüne siňen faktlary, yzalary, begençleri, guwançlary ýugrup ýazýar. Onuň döredijiliginde halkyň hakydasy bar. Ol halkyň hakydasy bilen ýaşaýar. Çary Aşyryň edebiýata ýene bir uly goşandy onuň klassykdan eden terjimeleri. Fronta gitmezinden öň Aşgabatda pyýada goşun uçilişşesinde bolduk. Ol 100-nji polkda boldy. Eýýäm şol wagtlaram Lermontowy ýat tutar ýörerdi. Şol wagt sakalny, murtuny goýberip, sypatam birhili Lermontowa meňzär durardy. Ol bizden uçilişşäni ir gutardy. Oňa bizden ir ofiser çinini berdiler. Ol biz kursantkak ofiserdi. Ol Lermontowyň eseri elinde, ýadyma düşýär, türkmen okar ýaly edip Lermontowy terjime etdi. Soň uruşdan soň dolanyp gelensoňymyz Lermontowyň, Puşkiniň eserlerini terjime etdi. Şol terjimeleriň deňi- taýy ýok. ■ Ajy aýralyk – 48-nji ýylyň ýer titremesi ýüreklere bitmejek ýara saldy. Çary aga, siz şonda aýalyňyzdan, mähriban ogluňyzdan jyda düşüpsiňiz. Şol barada aýdaýsaňyz? – Uruşdan gelip ýaňy bir oňat işe başlapdym. Bir tarapdan meniň işim rowaçdy, iň gowy ýazýan wagtlarymdy. Meniň aýalym nohur gyzy, medinstituty gutardy. Şol instituty gutaran gyzlaryň arasynda iň birinjisi biýseň hem boljak, türkmen gyzlaryň arasynda. Özem baş wraç bolup işleýärdi teke bazarynyň ýanyndaky poliklinikada. Teke bazary türkmenleriň iň köp üýşýän ýeri. Türkmen aýallary şoň ýanyna gelerdi, ol hem wraçlara görkezip elinden gelen kömegi ederdi. Dünýä düzüwdi. Men işläp otyrdym şol gije, birden ýer yrandy. Men ilki ýer yrananyny kän duýmadym, soň ýerimden turdum, Annajemal beýleki tamdady. Men «gaç, ýer yranýa» diýdim, aňyrsynda-da oglum bardy. Ogluma tarap ylgadym, o tarapy ýykyldy, yzyma seretsem, o-da ýykyldy. Werandada özüm galaýdym. Şeýlelik bilen men özümiň gowy ýoldaşym, wraç aýalymdan, Wepa diýen gowy oglum bardy, ondan aýryldym... * * * Çary Aşyr Moskwa okuwa giden ilkinji türkmen aspirantlarynyň biridi. Orazmämmet Abdalow ikisi aspiranturada-da okapdyrlar. Ýaňy onuň öz aýdyşy ýaly, ilki edebiýat institutyna okuwa girýär. «Soň görsem, o ýerde okadylýan zatlar kileň eşiden, okan zatlarym eken» diýýär. Onsoň ol haýyş edip, şoň aspiraturasyna girýär. Stipendiýasyz ýaşaýar. Gyşyna gary aýryp gün görýär. 1934-nji ýylda Sergeý Kirow atylyp öldürilende okaýan türkmen studentleri Nunna Myradowy (biolog), Möjegi (familiýasy ýadyma düşenok. Ýerligi Marydan, himik), Kerim Maşrykowy (soň görnükli akademik, geolog) Moskwada okap ýörkäler basypdyrlar. Nunna Myradow türmede oturypdyr, Möjegi atypdyrlar. Ol gaty sowatly ýigit eken. ■ Moskwa metrosynda Moskwada okaýarka, bir gezek Çary aga metronyň transport bölüminiň naçalnigi ildeşi Baýja Garaýewe jaň edýär. Olam maşynyny onuň yzyndan iberýär. Soň olar elektriçka münüp, metroda tä şäheriň merkezine çenli gelipdirler. Şo wagt metro heniz ulanylmaga berilmän eken. Çary aga «Metrodaky elektriçka ilkinji mündüm» diýýär. Soň ýyllar geçip, Baýja Garaýew diýýäni pensiýa çykyp, Aşgabada gelipdir. 30-njy mikraraýonda ýaşapdyr. Ýeke özi ýaşaýan ekeni. «– Bir gezek bir gowy görüşýän ýoldaşym gelip, ýör myhmançylyga gideli – diýdi. Gitdik. Barsak, öýüň eýesi bir ýaşuly adam. Ol adam meni görenden tanap: – Bo-ow, Çary jan, bi senmi? – diýip, meni gujaklady... Ol Baýja Garaýew eken. Ol şu golaýda ýogalypdyr. Asly Krasnowodsk tarapdan bolmaly. ■ Spirt Çary Aşyr frontda rota komandiri eken. Adъýutanty ýaş rus oglany ekeni. Kuzin diýen ýaly familiýasy bolmaly. Çary Aşyr gazaply söweşleriň birinden soň esger flýagasynyň agzyndan spirt içýär. Şonda ol bir eli bilen flýagany tutýar, beýleki eli bilenem gulagyny tutýar. Içip bolansoň, zakuska hökmünde gary ýalaýar. Ol garam gyzyl gan eken. Adъýutanty ondan «Nämüçin gulagyňy eliň bilen tutduň?» diýip, bilesigelijilik bilen soraýar. Çary Aşyr bolsa degişmän zat etmän: «Näçe içenimi biljek boldum» diýip jogap berýär. ■ Orazmämmet Abdalow Orazmämmet Abdalow bilen Çary Aşyr ikisiniň Moskwada aspiranturada bile okaýandyklaryny ýaňy ýaňzydypdyk. O.Abdalowyň soňky kysmaty keç bolupdy. Her hili töhmetler atylyp, yzygider ýanalypdy. Soň ellinji ýyllaryň başlarynda Mäti Kösäew, Baýmuhammet Garryýew bilen bile buržuaz milletçilerhökmünde basylypdy. Türmeden boşap gelenden soň Orazmämmet Abdalow uzak ömür sürmändi. Bir gezegem ony rak keseli diagnozy bilen keselhana ýerleşdirilipdir. Çary aga dagy muny eşidip, ony soramaga keselhana barýar. Orazmämmet şonda «Rak diýip aýtdylar» diýýär. Çary aga oňa göwünlik berip, ony keselhanadan alyp çykýar. Öňlerinden Ata Atajanow çykýar. (Abdalowyň ogly Atajanowyň gyzyna öýlenen). Ol: «Ýörüň, öýde guşuň eti bar, biziňkä gideliň» diýýär. Barýarlar. Guşuň etinden bişirilen nahar äberýärler. Abdalowam iýjek bolýa weli, Çary aga: – Saňa iýmek nämä gerek. Barybir sen rag-a – diýip degişýär. Muňa oturanlar bilen Orazmämmet Abdalowyň özem gülüşýär. Ýanlarynda ýene-de Moskwada bile okan ýoldaşlarynyň hem biri bar eken. Myhmançylykdan öe gaýdýarlar. Ýolda ýoldaşlary öýlerine sowlup galýar. Şonda Abdalow Çary aga: «Şu adama hiç ynanmaň. Türmede ýatamyzda hemmämizi satypdyr» diýdi. Atylan Möjegem şo satan bolmaly. ■ Garrygala Otuzynjy ýylda ony Garrygala iberipdirler. Mugallymlary okadypdyr. Raýon magaryf bölüminiň müdiri hem Çary Aşyryň dosty sumbarly Mämmet awamyň inisi eken. Raýon NKWD-siniň başlygy Baýymbet atly tatar adamsy, onuň orunbasary bolsa Begmyrat Pirguly diýýän ekenler. Bir gün Begmyrat ony öýüne çagyrýar. Şonda ol Çary aga ýüzlenip, «Meň bir jigim bar. Şony Aşgabatda internada ýerleşdirseň» diýip haýyş edýär. Öwez aga diýen nohurly ýaşulam «meňem gyzymy ýerleşdir» diýýär. Öwez aga gaty mergen eken. Ol tüpeňi bilen birtopar towugyň içinden horazy atyp alyşyna Çary aga gaty haýran galypdyr. «Özem seçme bilen» diýip, Çary aga ýatlaýar. Çary aga ýaşuludan nädip ony şeýle edip bilendigini soranda «Men awçy» diýip, Öwez aga jogap beripdir. Garrygalada bolmaly möhleti tamamlanyp, gaýtjak pursatlary mugallymlaryň biri Çary aga ýüzlenip: «Saňa kostýumlyk mata berjek» diýýär. Çary aga Baýymbere bu hakda aýdýar. Ýöne barlasalar, geçirip bilmejekdigini duýduranda «Meň özüm barlaryn. Geçireris» diýýär. Ýöne soň ol «Sen gidiber. Matany özüm Aşgabada gidende elin gowşyryn» diýýär. Çary aga Begmyradyň jigisi Annajemaly we Öwez aganyň gyzyny hem alyp Aşgabada gaýdýar (Annajemalyň ata-enesi ýogalan, beýleki gyzyňam ejesi ýogalypdyr) Getirip gyzlary Ene Kulyýewa adyndaky mekdep-internata ýerleşdiripdir. Çary Aşyr soň medtehnikumyň okuw müdiri bolup işleýär. Tehnikumyň akuşerçilik bölümine türkmen gyzlaryny okuwa çekmek kyn ekeni. Şonda ol direktora iki sany gyzyň bardygyny aýdýar. Şeýdibem bu gyzlar akuşerçilik bölüminde okap başlaýarlar. Çary agaň özi bolsa Moskwa aspirantura okuwa gidýär. Ol gyzlara Moskwadan hat ýazyp durupdyr. 1932-nji ýylda Aşgabatda açlyk başlanýar. Şonda Öwez aga gelip, gyzyny okuwdan çykaryp äkidipdir we Eýrandaky garyndaşlarynyň birine durmuşa çykarypdyr. Muny oňa Annajemala ýazan hatynda habar berýär. Çary Aşyr Annajemala hat ýazyp, onuň rabfakda okamagyny maslahat berýär. Çünki rabfagy tamamlasaň, dessine medinstituta okuwa girip bolýan eken. Annajemal hem Çary Aşyryň maslahatyna eýeripdir. ■ Gaýgysyz Atabaýew 1935-nji ýylda Moskwada Gaýgysyz Atabaýewe Lenin ordeni gowşurylýar. Muny eşiden Çary Aşyr ýoldaşlarynyň biri bilen «Metropol» myhmanhanasyna barýar. Şo ýerde ol HKS-nyň başlygy G. Atabaýew, Ýer işleri halk komissary Gurban Sähedow bilen söhbetdeş bolýar. «Gurban Sähedow gaty sowatly adamdy. Şonda ol Leniniň kadrlar hakdaky bir sözüni ýatdan gaýtalap, onuň haýsy sahypadygyna çenli aýtdy. Atabaýew bolsa degşip: «Çary şony kitap bilen barla. Ol bizem aldap ýören bolaýmasyn» diýdi. Men öýde kitaby barlasam gabat gelip dur. Atabaýew maňa «Sen hemişelik wekilhana baryp, Butiniň ýanyna bar. Salam berseň bor. Galanynyn özi düzeder» diýdi. Men onuň aýdyşy ýaly wekilhana bardym. «Salam» diýenimden ol maňa:«Saňa bir laý egin-eşik alyp bermeli» diýdi. Uniwermaga bardyk. Geýdirip, özi hem töledi. Maňa Atabaýew «Sen Aşgabada gelmeli. Sowadyňy çykypsyň. Bize sowatly adam gerek. Meň özüm seň ylmy ýolbaşçyňy Aşgabada çagyrdaryn» diýdi. O wagtlar men aspiranturanyň teoretiki bölümini tamamlap, Halk Komissarlar Sowetinde terjimeçi bolup işleýärdim. SSSR HKS-niň iş dolandyryjysy Miroşnikowyň ýanyna baramda, ol meniň elime hat tutduryp, naprawleniýe berdi. Daşkende gelemde, Anupbabaýewiň dagy «halk duşmany» hökmünde tutulandygyny eşitdim. Otly Çärjewe gelende bolsa Atabaýew bilen Aýtakowyňam basylandygyny eşitdim. Şoň üçinem özüme berlen naprawleniýäni bada-bat ýyrtdym» diýip, Çary aga ýatlaýar. ■ «Halk duşmany» – Aşgabada gelip, «Türkmenkultda» işläp başladym. Annajemal bilenem durmuş gurduk. Kireýine bir jaýda ýaşaýas. Bir gün institutyň partorgy ýanyma gelip, «Seň üstüňden üç sany arza bar» diýdi. Üstüňden arza ýazsalar, o wagtlar halk duşmany edýärdiler. Men Annajemal bilen nikamyzyň bozulandygy hakda kagyz aldym. O wagtlar üç manat berseň, «Nikadan aýrylyşdy» diýip, hat berýärdiler. Annajemalam: «Sen ýene Moskwa gitjeksiň. Başga birine öýlenjeksiň» diýip aglaýar. Men oňa «Şu haty komsomol biletiň içinde sakla» diýip tabşyrdym. Annajemaly halk duşmanynyň aýaly hökmünde komsomol hataryndan we okuwdan çykarmaly edýärler. Haçanda ol ýygnakda komsomol biletini uzadanda içinden ýaňky hat çykýar. Şeýdibem ol okuwda, komsomolda galýar. Meniň üstümden ýazanlar «Lingwistik gurultaýyň dil reformasyna Çary Aşyr garşy» diýipdirler. Meni gorkom komsomolyň býurosyna çgyrdylar. Indi meni şo ýerden ýygnajaklar. Býuroda men: «Dogrudanam dil reformasyna garşy. Sebäbi ony geçirmäge gatnaşanlaryň ählisi diýen ýaly – Poseluýewskem, Bogdanowa-da ... halk duşmany diýip tutulanlar» diýdim. Ýogsam men olaryň duşmandäldiklerini bilip durun. Nätjek-dä, çykalga tapmalydy. Şeýdibem men türmeden halas boldum. Şo döwürde Hally Şahberdä hem günä ýöňkeldi. Bir gün ol meniň öňümden çykdy. Sowuldym-da: «Sen halk duşmany» diýdim. Agşam weli öýüne bardym. Arak içdik. Haçanda maňa günä ýöňkelende ol bir gün meniň öňümden çykdy-da: «Sen halk duşmany» diýip, sowlup geçdi. Agşam weli öýe geldi. Degşip, arak içip oturdyk. Meni ýamanlanlaryň biri, neşirýatdakam, meniň golastymda işledi. Şonda-da «Sen meni ýamanladyň» diýip, ýekeje gezegem azar bermedim. Bir gün ol meniň ýanyma gelip, «Çary, şu gün men ýatamok. Bilim açylypdyr» diýdi. «Bilimi gypjadypdyryn» diýmeli-dä welin. Soň muňa köp gülüşdik. Meni ýamanlanlaryň üçüsini hem bildim, ýöne üçüsine-de syr bildirtmedim. Annajemalyň agasy Begmyrat Pirguly ogly mähriban adamdy. Ol otuz ýedinji ýylda Sumbarda ýüpekçilik ugrundan işleýän eken. Tutulmazymyň öňüsyralary Aşgabada geldi. Annajemalyň, meniň halymdan habar aldy. Men ony ugratmaga çykdym. Hoşlaşjak bolanymyzda uludan demini aldy-da: – Çary jan, bi biziň soňky görşüşimiz bolaýmasa. Nä döwür, nä zamana boldy – diýdi. Dogrudanam, biziň onuň bilen görşüşimiz iň soňky gezek eken. Garrygala baransoň ony «halk duşmany» diýip basypdyrlar. Soň ondan gördüm-bildim bolmady. Annajemal pahyram soňky demine çenli agasyny ýatlap, «ah» çekip gezdi. Begmyratdan bir ogul galdy. Ýaşuly adam. Özi Aşgabatda ýaşaýar. Ol Garrygalada ýaşan jaýlarynyň özlerine gaýtaryp berilmegini sorap, ýerli häkimiýetlere ýüz tutupdyr. Öňňül Garrygala baramda, onuň haýyşyny bitirmeklerini soradym. Sözem berdiler. Emma henize çenli berlen wadanyň yzy görnenok. ■ Moskwada 1990-njy ýylyň başlarynda biz Çary aga hakda dokumental telefilmi surata düşürýän topar Moskwa gidipdik. Ýanymyzda-da Çaryaga bilen gelnejemiz. Maksat Çary Aşyryň meşhur «Ermeni gyzy» atly goşgusynda tarypy ýetirilýän Ninanyň kowum-garyndaşlary bilen Çary agany duşurmakdy. Ony hem ýazgy etmelidi. Ýeri gelende aýtsam, filmiň režissýory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, ussat dokumentalçy Çerkez Şamyradow şu epizody surata düşürmek üçin örän yhlaslylyk görkezdi, tagalla baryny etdi. Ine-de biz Ninanyň aýal dogany Margaritanyň öýünde. Şo gezekki duşuşygy söz bilen beýan etmek kyn. Ninanyň 92 ýaşly ejesiniň ýüzünden nur ýagýardy. Şonda Margarita öz dogany hakda bize şu zatlary gürrüň beripdi. Nina 1920-nji ýylda Ermenistanda doglupdyr. Otuzynjy ýylda olaryň maşgalasy Baku şäherine göçüpdir. Ol ýerde ol ermeni mekdebini tamamlap, Narymanow adyndaky medinstituta okuwa giripdir. 1941-nji ýylda instituty tamamlandan soň, kyrk ikide meýletinlik bilen fronta gidipdir. Ol frontdan iki sany Gyzyl Ýyldyz ordenli dolanyp gelipdir. Öňki işlän institutynda okaýar. Iki ýyldan soň ol Ýerewan şäherine göçüpdir. O ýerde ol Saglygy saklaýyş ministrliginde işläpdir. Ony tanaýan adamlaryň ählisi Nina hormat goýupdyrlar. Ol özüniň mähremligi bile adamlara özüni aldyrdypdyr. Arman, onuň ömri gysga eken. Men diýen wagty – otuz dokuz ýaşynda ol aradan çykypdyr. ■ SÖZSOŇY Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrowyň 80 ýaşy toýuny bellänimiz ýaňy ýalydy. Eýýäm ondan bäri üç ýyl geçipdir. 83 ýaşly goja ýazyjynyň şähdi açyk. Köp-köp külpetleri başdan geçiren bu adamyň ruhunyň hemişe belentdigine oturyp-oturyp haýranlar galýarsyň. Kalby arassa, lebzi halal bu goja hakdaky söhbet bir gijede, iki gijede gutarjak zat däl. Onuň degişgenligi nämä degmeýär! Bize Çary aga hakdaky söhbetimiz häki bir ummandan syzylyp çykan bir damjadyr. Ýeneki aýlarda, ýeneki ýyllarda, ýeneki asyrda Siziň bilen duşuşyp, oturyşmak nesip etsin, Çary aga! 1991 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |