14:53 Çilime degişli birnäçe mesele | |
ÇILIME DEGIŞLI BIRNÄÇE MESELE
Medisina
1. Çilim temmäki (tütün) ösümliginiñ (nikotina tabakum) guradylan ýapraklaryndan taýýalanylýar. Temmäki, puro, ysgalýan temmäki we hatda çeýneme görnüşleriniñ ulanylyşy ýaly, şybyk bilen hem çekilip bilinýär. Isle şybyk, isle puro, isle pes nikotinli çilim, isleseñiz müşdük ulanyp, çilim çekiñ, ýöne zyýany taýyndan netijesi üýtgemez. Temmäkiniñ, çilimiñ zyýansyz bolan görnüşi ony çekmezlikdir. Ýöne, şübhesiz, çilim (sigaret) görnüşindäki ulanylyşy organizme iñ zyýanly bolan temmäki ulanma endigidir. 2. Çilim tüssesinde (dumanynda) 4000 töweregi himiki madda bardygy anyklanylypdyr. Hut şeýle, siz ýalñyş okamadyñyz, çilim tüssesinde 4000-e çenli madda bolup, olardan hiç biri ynsan bedenine peýdaly däldir. Hemmesi-de zyýanlydyr. Iñ zyýanlylary bolsa nikotin, katran, karbon monoksit (CO) we rak (düwnük) keselini emele getirýän kanserogen ýaly maddalardyr Nikotin medisina maksat bilen ulanylmaz. Sian kislotasy bilen deñeşdirip boljak derejede bir zäherdir. 100-120 mgr (milligram) çenli nikotin, eger birbada damaryñ içinden bir şahsa sanjym ýoly bilen goýberilse, şahsyñ ölümine sebäp bolar. Meseläniñ geñ bolan bir tarapy-da, bu mukdar, ýagny 100-120 mgr. nikotiniñ iki guty çilimde bolmagydyr. Günde iki guty çilim çeken birnäçe ynsanlar bar. Bular näme üçin zäherlenmeýärler diýip soralyp bilner. Aslynda çilim çekýänler zäherlenýändirler. Ýöne ýuwaş-ýuwaşdan zäherlenýärler. Bu çilimkeşleriñ birbada zäherlenip, ölmeýändikleriniñ sebäbi bolsa çilim çekýänleriñ çilimi otlap (ýakyp) çekýändigidir. Ýagny, çilimdäki nikotin howa dargaýar we nikotiniñ belli bir mukdary organizme geçýär. Diñe bir ýekeje çilim çeken şahsyñ organizmine 1,5-2 mgr (milligram) töwereginde nikotin geçýär. 3. Nikotin böwrek üsti mäzlerinden adrenalin we nor-adrenalin atly gormonlaryñ bölünmegine ýol açýar. Aşgazanda kislota bölünmesini artdyrar. Bu ýagdaý wagtyñ geçmegi bilen aşgazan başyna (ýarasyna) sebäp bolup biler. Demalyş tizleşer. Ýürekde gürsüldi we ýüregiñ çalt işlemegine sebäp bolýar. Gan basyşy ýokarlanýar. 4. El aýak damarlaryny büzýär, el we aýaklara has az gan gidýär. El we aýaklaryñ ýygylygy aşak düşýär, sowaýar. Haçanda çilim çekeninden 15-20 minut soñra el we aýak ýylylygy kadaly derejä çykýar. 5. Nikotiniñ merkezi nerw sistemalara eden täsiri netijesinde gusma, baş aýlanma emele gelip biler. 6. Bir şahsyñ damaryna 2 milligram nikotin berilse (takmynan bir ýeke çilimiñ çekilmegi bilen organizme giren mukdardyr), ýürek bir minutda 15 sapar öñküden artyk urar. Ýürekden atylan gan göwrümi minutda 10 litr bolandygyndan 12 litre ýokary çykýar. Bu ýagdaýda çilim çeken şahs ýerinde oturýan bolsa, onda agyr bir iş edýän ýaly onuñ ýüregi çalt işlär. Yzysüre öñ ýürek agyry geçirenlerde çilim bilen ýürek agyrylary başlap biler. 7. Görnüşi ýaly, çilim rahat ediji madda däl, eýsem tersine organizmi ýadadýan bir maddadyr. 8. Uzak ýyllar çilim çekenlerde köp mukdarda keseller ýüze çykýar. Esasylaryndan gysgaça beýan edeliñ. ■ Çilimiñ iýmit siñdiriş sistemasy bilen baglanyşykly zyýanlary 1. Çilim işdäni kesýär. 2. Siñdirimi kynlaşdyrýar. 3. Dişleri sarldýar. 4. Aşgazan ýarasynyñ sebäbidir. 5. Dodak, dil we damak rak kesellerine ýol açýar. ■ Demalyş sistemasy bilen baglanyşykly zyýanlary 1. Üsgülewige we gakylyga ýol açýar. 2. Hroniki bronhit we amfizeme sebäp bolýar. 3. Bogaz we öýken rak keselleriniñ 90%-niñ sebäbi çilimdir. ■ Ganaýlanyş sistemasy bilen baglanyşykly zyýanlary 1. Damar gatylygy (arterioskleroz) emele getirýär. 2. Gol we aýak damarlarynda dolmalara, öñi kesilmelere sebäp bolýar. Gangrena emele gelýär. El we aýaklaryñ kesilmegi bilen gutaryp biler, maýyp-müjrüplige sebäp bolýar. 3. Beýnini iýmitlendirýän damarlarda-da damar gatylygy bolup biler. Ysmazlyklar emele gelip biler. 4. Ýürek kesellerine, öñi bilen miokard infarkta (ýürek agyrysy) ýer taýýarlaýar. Miokard infart bu gün ýurdumyzda-da, bütin dünýäde-de iñ esasy ölüm sebäbidir. Çilim çekýänleriñ arasynda çekmeýänlere görä hem infarkt, hem infarkt, hem-de infarktdan ölüm iñ az 10 esse artyk görülýär. ■ BEÝLEKI BIR TOPAR ZYÝANLARY 1. Ýatkeşligi küteldýär ( çünki damarlarda hapalaşmagyna ýol açýar. Beýnä giden gan we şol sebäpli kislorod azalýar. Bu hem beýniniñ az işlemegine eltýär). 2. Keýpiñi gaçyrýar, ukusyzlyga sebäp bolýar. 3. Ýüzde ýygyrt emele gelmegine, gasyn atmagyna ýol açýar. 4. Göwreli aýallarda dogmadyk bäbeklere zyýany bar. Gowşak, ysgynsyz dogum, hatda öli dogum ähtimallygy artýar. 5. Bäbegi emdiren enelerde nikotin ene süýdüne, yzyndan hem bäbege geçer. Bäbege hem zyýany täsirleri bolýar. 6. Çilim çekýänleriñ ýanynda oturanlar hem çilimden zyýan görýärler. Öýde çilim çeken ata bir tarapdan çagalaryny-da zäherleýär. 7. Çilimiñ zyýanlary, şübhesiz, bu ýerdäki görkezilenlerden has-da artykdyr. Şu wagta çenli onuñ bir peýdaly tarapyny görkezen tapylmandyr. Bu hakda iñ soñky sözümiz şudur. Çekmedikler, öwrenmedikler hiç ýanaşmasynlar. Ölemen çilimkeşler-de bir salym öñ ony taşlamagyñ ýoluny gözlesinler. Bir ýeke çilim ýürek urmagyny çaltlandyrmaga ýeter. Muña görä çilim çekýän şahs ýerinde oturýan bolsa, onda organizmi ýadatjak diýmekdir. Munuñ üçin öñ ýürek agyry geçirenlerde çilim bilen ýürek agyrysy başlap biler. Alparslan ÖZÝAZYJY Terjime eden: Berdi Saryýew | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |