10:08 Çöldäki betbagtlyk / satiriki hekaýa | |
ÇÖLDÄKI BETBAGTLYK
Satiriki hekaýalar
Giden bir çölüstanlykda Ýolbars ýaşaýardy. Günlerde bir gün ol awa çykanda eli portfelli bir adama satypdyr. Onsoňam bir zady bellemek gerek. Ýolbarsam ýowuzdan eýmenç, güýçliniňem güýçlüsi, mahlasy, ony bir göreniň akyly çaşjak ekeni. Ýolbars adamyny gören badyna şeýle pikir edipdir: "Ynha, muny maňa hut Hudaýyň özi elinjek ýollapdyr. Häzir lak-luk ataýyn... Portfeli bilen birlikde". Hyýala münen Ýolbars başyny silkeläp, dişlerini gyjap, agzyny hatap ýaly açybam şeýle diýipdir: - Eý, sen! Men seni iki üzüp bir ýalmajak!.. Adam sakga durupdyr-da, jübüsinden äýnegini çykaryp, elýaglygy bilen süpürişdirip, gözüne-de ötürip, soňundanam Ýolbarsa jiňkerilipdir. - Birinjiden-ä, bärik girjek bolanyňda gapyny kakmaly, ikinjidenem, "Men seni iki üzüp, bir ýalmaryn" diýip kimi göz öňünde tutýaňyz? "Beh, juda täsin adam, munuň ýalakylara ömrümiň durkuna gabat gelmändim" diýip, Ýolbars içinden oýlandy-da, daşyndanam şeýle diýdi: - Seni göz öňünde tutýan. - Hm... - diýip, adam dodagyny kemşertdi. - Gör, anjaýyny! Aslynda meni iýer ýaly siz kim? - O nähili kim? - Ýolbars aňk-taňk boldy. - Näme, seň garagyň gapyldymy ýa-da men saňa bütinleý başga zat bolup görünýänmi? Adam oňa tiňkesini dikip, şeýle diýdi: - A, siziň maňlaýyňyza-ha pylan diýlip ýazylmandyr. - Eý mahluk! Men - Ýolbars. Ähli haýwanlaň şasy. Adamam gazap bilen soraşypdyr: - Dokumentiň barmy? Ýolbars haýran galmakdan ýaňa çökeninem duýman galdy. Niçeme ýyl bäri çölde ýaşasa-da, henize deňiç ondan dokument talap eden bolmandy. Şonuň üçinem ol osmakladyp sorady: - O nämäň dokumenti? - Pasportyňyz, şahadatnamaňyz ýa-da siziň hakykatdanam, Ýolbarsdygyňyza kepil geçýän nähilidir bir hat-petegiňiz? - diýip, adam öwüt beriji äheňde gürledi. "Be, muňa nireden sataşdymkam" diýip, Ýolbars basga galdy. - Ýöne mende hiç hili dokument ýok-da. - Oň ýaly bolsa-ha, men siziň Ýolbarsdygyňyza büs-bütinleý ynanamok. Haýwanlaryň şasy halys oda-köze düşdi. - Meň Ýolbarsdygym köre hasa ahyry! Ýolbars öz-özi siz diýip başlanyny hem aňşyrmady. - Siziň gözüňiz bar-a. Kimdigime oňatja garaň. Adam oňa birhili serede ýalam etse-de, göwni bir ýaly gürledi. - Bir zada düşüniň. Men gözlerime däl-de, diňe dokumentlere ynanýan. Häziriň özünde dokumentiňizi görkeziň! - Men dokumenti nirden alaýyn? - diýip, aňkasy aşan Ýolbars yza götinjekledi. - Daş-töwerek ürgün çäge! Iňlär siňeksiz çöl. - Oň bilen işim ýok! Gutardy! Häzirlikçe siz boş. Indiki sapar dokumentsiz gözüme görünmäge het edäýseňiz menden oňullyga garaşmaň! Hiç hili çäre galmandy. Ýolbars boýnuny burdy-da, dokumentiň gözlegine çykdy. Şol gidişine entegem dokumentiň ugrunda diýýärler... Adam bolsa, çölden, Ýolbarsdan sag-aman sypyp, indem erkana ýaşap ýörmüşin. Ine, ertekiniň soňa-ha şeýle gutarýar. * * * Men şujagaza ertekijigi dostuma okap berdim welin, ol meniň al-petimden aldy: - Hany, dursana! Sen ertekiňi "Çöldäki betbagtlyk" diýip atlandyrypsyň. Ýöne bu ýerde barysy gülala-güllük bilen gutarýar-a. Hiç hili betbagtlyk ýok ahyry. Menem durup bilmän, oňa şeýle diýdim: - Güýji jümle-jahana äşgär, aýylgançdan gazaply Ýolbarsyň hut özi býurokraty iýip bilmedik bolsa, ondaundan başga nähili betbagtlyk gerek? - Hawa... - diýip, dostum uludan demini aldy. - Dogrudanam, sen ýalňyşmansyň, munuň özi, betbagtlygyňam betbagtlygy! Walentin ÇEMERIS, Ukraina SSR-i. "Edebiýat we sungat" gazeti, 24.12.1982 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |