11:52 Çöplemeler | |
Annaberdi AGABAÝEW
Goşgular
▶ ÇÖPLEMELER Dañ atanda pasyrdaşyp oýanyp, Guşlar ömür hakda söhbet açdylar. Ilki obañ gojalaryn oýaryp, Onsoñ uçdular... * * * "Gyzym, näme dakjak gumryñ adyna?" ~ Diýen badyma, Gapymda uzak gün saz eden şol guş Dymaýdy birden. Saýramady soñ. ...Ejesiniñ dakan ady bardyñ oñ!.. * * * Gadym suwlar akan bolýar, Guwlar ganat kakan bolýar, Göwün mydam bir ýaşynda: Galan bolýar, çöken bolýar, Käte asla gögermejek Ýere arpa eken bolýar. * * * Ajy zat täkdendir, süýjüler ~ jübüt, Süýjüler nesýedir, ajylar nagt. Ajy bilen süýjä garlan küýlerim Ähtimal, tersräkdir edil şu wagt, A belki-de, dürsüräkdir edil şu wagt... Galamym mesräpdir edil şu wagt. * * * "Telpek goýdum!" diýmek goýmakçy seri? Ser goýdum! ~ Saýgardym maýadyr neri. Lak atsa saña-da hem jyn, hem peri, Senem saýgarsyñ-la Haýyry, şeri. * * * Mahal-mahal güman eýläp öýütmişim, Mahal-mahal sözüñ berkin aýtmyşym, Mahal-mahal añsam mamla däldigim, Etmişime bermen Halal gaýtmyşym! * * * Ýazyñ-güýzüñ durnasy, Soñsuzdyr. Parlak günüñ şuglasy Ýoñsuzdyr. Gul-gunçanyñ gyrawy Gyrylmaz. Ýürekleriñ alawy Yrylmaz. * * * Gökden damja sary ýapraga ~ Dowul ýetdi jaýryk-jaýryk topraga. Damjalar köpelip, şemal öwsende Bir şänik ýaryldy ýeriñ göwsünde. Bir şine göründi göründi ~ ýarsyp gitdi ýer, Bir mañzy kemelip ~ sarsyp gitdi ýer. * * * Sile dönüp, derýa dönüp daşmasañ, Hiç bolmanda dagdan inen dam-dam bol, Gojamy sen, jahylmy sen, ýaşmy sen ~ Hemmw bilen hemdem bol. * * * Çamalagyn çaşyryp çal höwürtgäñ, Ýel ýere gaçyrsa birin ýumurtgañ, Ýapraklañ astynda ýaýdanyp durmañ ~ Ak baharyñ "ak badasyn" owurtlañ! * * * Bir gün... Şeýle bir uzak ol! Hem şeýle gysga! Bir günde müñ günüñ gülünden ysga! Bir ýylda ~ ýüz ömür. Ýülz ýylda ~ biri... Haýsysy nusga?! * * * Ýüzünden syrylyp ak ýüpek perde Ýadygärlik açyldy ~ Jigläp gitdi garry enäñ ýüregi. Jigläp gitdi, aglap gitdi, elendi... Nirden aljak OÑA deregi?! * * * Basgançakdan basgançaga ýörär ýere basan çaga. * * * Şahyrlar ýürekde Ýerem göterýär, Şahyrlar ýürekde Günem göterýär, Ömrüñizde eden günäñiz bolsa Şahyrlar ýürekde onam göterýär. * * * Öz şaýyñ däl, başga şaýlyk, Kisä düşse başagaýlyk. * * * Bir oba bar ~ ýüz şäherden owadan, Bir şäher bar ~ owadan şol obadan. * * * Pul diýip sermenseñ, günde sermen-de, Meñ kisämden eliñ çykar, şermende! * * * Bir görseñ şygyryñ ganym duşmany, Bir görseñem onuñ söwer dosty men, ~ Sözüñden, özüñden tapmadym many, Iki jähennemiñ owarrasy sen! * * * Şükür... Şahyrlañ aýagnyñ astyn gazmadyñ ~ Ýazanny paýlaşdyñ Resul Gamzadyñ. * * * Çybynmydy, çirkeýmidi, wazlaşyp, Daşymy aldy-da uşajyk işler, Bir-biriniñ öñne geçip, dazlaşyp, Saldy-la aýagma duşajyk işler. * * * Demiñi sanandan hassahana-da, Demin keslen ýagşy ussahanada. | |
|
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Yşk ymamdyr bize, köňül jemagat... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |