12:04 Çoýun zawodynda | |
ÇOÝUN ZAWODYNDA
Goşgular
Tramwaýyň aýnasyndan esedip, Barýadyk Tuladan günorta garap. Öýi ýaňlandyryp güňlenç ses edip, Işläp dur çal tüsse-çadyrny büräp, Baryp görsek altyn reňk gyzgylt ot Akyp dur, akyp dur, dynman akyp dur. bu ot akdygyça möwjäp, alyp bat, Başga ýandan çoýun bolup çykyp dur. • LEW TOLSTOÝA Ýasnaýa-Polýana - gözel bagynda Ýagyş ýagyp, ýaňy diňen çagynda. Aýlanyp gördük biz gezen ýerlerňi, Kütläp-kütläp kitap ýazan ýerlerňi. Ine çal gojaman beýik agaçlar, Üstünde saýraşýar ajaýyp guşlar. Bagynda burk urýar reňbe-reň güller, "Ýaseman", "Sirena" ýaly bägüller, Bize görünmeýär asman deňizi, Gün hem zordan görýär jyklanda bizi. Saýasyna gün düşmeýän şu ýeriň, Bir çetinde ýatyr seniň guburyň. Bu gün seniň baky öýüň öňünde, Baş egip, gül goýdum iller deňinde. Ilmyrat PUDAKOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1958 ý. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |