13:42 Täze ýylym | |
TÄZE ÝYLYM
Goşgular
Garaşýanmyz elmydama gowulyk, Jan saglygy, Başymyzyñ dikligi. Söýýänimiz eziz myhman, gowy gylyk. Söýýäs sadalygy, göwni päkligi. Garaşýar köp zada zähmetkeş ilim Täze ýylym - Juwan ýylym - Now ýylym! Goýny jennet. Bahar-ýazly Diýarym, Dünýämiñ daýançly merdiwanydyr. Ol göýä älemde aýlanýan Ýeriñ Merkezi okudyr, meridianydyr. Galagop dünýäni betbagtlykdan Gorar ol. Goramak bagtdyr bagt. Depesinde parlaýan al Baýdakdan, Nur saçýar Moskwam - Beýik paýtagt. Onuñ kurantlarnyñ hoş owazyny, Herdem diñläp turmak arzuwym me iñ. Täze ýyllañ täze aýdym-sazyny, Mydam diñläp durmak arzuwym meniñ, Aýagyñ düşümli, Ak bolsun ýoluñ, Täze ýylym - Juwan ýylym - Now ýylym! Ilmyrat PUDAKOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 01.01.1987 ý. | |
|
√ Sadalyk / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sen meniň alma-narymsyň / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Ýangyn söndürijä / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |