13:25 Gerçek hakda söz | |
GERÇEK HAKDA SÖZ
Goşgular
Ilmyrat Pudakowyň okyjylarymyza hödürleýän şu goşgusynda Gökdepe raýonynyň “Bolşewik” kolhozynyň zootehnigi Bekmyrat Annalyýewiň görkezen edermenligi teswirlenýär. Kolhozyň öri meýdanyndaky guýyny arassalap durkalar, onuň içinden duýdansyz çykan gaz sebäpli heläkçilige uçran iki ýoldaşyny halas etjek bolup, özi gurban bolan bu gerçegiň görkezen edermenligi nusga alarlykdyr. “Bekmyrat neresse...” diýdi-de Jamat, Duýdansyz süpürdi gözden ýaşyny. Üstümden gyzgyn suw guýlan dek boldy, Şobada unutdym edýän işimi. Gürleşip duran dek edil häzirem, Ynanyp bilemok bu hakykata. Düýn-ä gülüp gidip, bu günki günem... Ýeri, näme diýjek keç tebigata?! Düýn dälmidi degip, şeýle diýýäniň: “Tema gerek bolsa, bu ýerde ýatman, - Merdi-merdanlygyň synalýan ýeri, Ýör, guma gideli, taparys hökman”. Düýn dälmidi illere gür berýäniň, Çykyş edip ullakan bir ýygnakda. Çölde agyp-dönýän sürüler bilen, Maljanly edermen çopanlar hakda. Ýüzüňi tutduň-da garaňky gijä, Obadan uzaga “Alaça” gitdiň. “Zootehnigiň jany mal bile” diýýän, Işeňňirt oglandyň, işjeň ýigitdiň. “Edermenlik” sözün agzamazdyň hiç, Kyn işe hemişe göwünjeň gitdiň. Sözüň bile işiň çykmazdy aýry, Sen şeýle oglandyň, şeýle ýigitdiň. Bu zatlar seň waspyň ýetirden ejiz, Bir duşuşan adam unutmaz seni. (Otly ýürekleri gozganym üçin, Bagyşlaň, adamlar, bagyşlaň meni.) * * * Bir adam aşakdan läbik äberdi, Sen bolsaň läbigi çekdiň ýokardan. Az wagtdan soňam: “Tiz çekiň!” diýip, Bir eýmenç zaryn ses eşdildi birden. Salladyň urgany läbik deregne, Demsiz-düýtsüz ýatan Öwez jan geldi. “Menem ölüp barýan, tiziräk ýetiň!” Diýen aýylganç ses ýene eşdildi. Ýatyrdyň Öwezi çägäň üstünde, Diňlediň ýüregne goýup gulagyň. Ýaş ýüregiň urşy juda haýaldy, Ýitse ýitäýmeli eliň-aýagyň. Zalym ajal gerip durdy penjesin – Ölüm bilen ömür juda ýakyndy. Ýap-ýaňy on ýedä giren oglanyň Bolup ýatyşyna döz gelmek kyndy. Kükreginde goýup iki elini Gollaryny tiz-tiz ýazdyň-da epdiň. Dalla gözläp, kömek isläp keseden, Gaýta-gaýta töweregňe esetdiň. “Hany, Nurly wraç, hany, Halnepes, Oglana haýdan-haý tiz kömek gerek. Bu nä waka, bu nä boluş, janlarym!” Dört ýana seredip durduň janserek. Göz açyp-ýumasy salym geçmänkä, Geçdi göz öňüňden dünýäň hyýaly: “Be, muň-a ýagdaýy gowy däl weli, Onuňam-a haly gaty teň ýaly’. “Mertden bolan merdana” dek bolduň-da, Özüňi dürsediň, gaýa dek durduň. Öweziň agzyna agzyňy goýup, Dem berdiň, dem berdiň, ýene dem berdiň. Ol mejlalsyz çala açanda gözün, “Gelewer, Öwez jan – diýdiň - essiňe”. Goýup maňlaýynda ölläp ýaglygyň, Aşaga kömege girdiň dessine. Barsaň olam ýatyr haly teň bolup, Mäkäm saradyň-da, ugratdyň ony. Tutdy gazyň ysy senem guýuda, Indi kim sarasyn gelen urgany?! Garaguma dil bitirseň eger-de, Bir oýam diňýmezdi: “maňa basmadyň”. Indi, gel-gel “Alaçanyň” oýunda, Şeýle bolmalymy seniň kysmatyň?! Garaňky düşende, gyzyl şapagyň Gaýyp bolşy deýin gaýyp gitdiň sen. Şapaklara hergiz-hergiz öçme ýok, Şapak deýin şöhle çaýyp gitdiň sen. Seň kakaň söweşde bolupdy gurban, Özüň bolsa dostlaň üçin jan berdiň. Birjik çekinmediň howpdan-hatardan, Seň ykbalyň ykbalydyr çyn merdiň. Bürgüt kimin ganatyňy gerdiň-de, Ömür berdiň solup barýan güllere. Mertlik bilen edilen bu ýagşylyk Göreldedir ýeneki aý-ýyllara. Ölmek hiç mahalam oňat däl weli... Wah, otuz ikiňem dolmandy şindi. Görjek şat günleriň öňdedi-öňde, Birden juwan ömrüň çyrasy söndi. Parhy köpdür ölüm bilen ölümiň, Ölüm bolýar – müňläp ölüme derek... Şeýle merdanlyga, şeýle ärlige Rastyn aýtsak, ýürek gerekdir, ýürek. Iki ýoldaşyňa gelen ajaly Özüň alyp, özüň bilen äkitdiň. Bir şahyr dostumyň aýdyşy ýaly: “Nähili ölmegem öwredip gitdiň”. “Edebiýat we sungat” gazeti, 10.01.1971 ý. | |
|
√ Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ «Ta» harpy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Tebärek, Alla, eger dilber ise, anjak ola... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Oýnam setirler / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |