15:21 Dagdan agajy | |
DAGDAN AGAJY
Goşgular
![]() Dagdan böwsüp çykmyş dagyň göwsünden, Çynar ýaly boýy beýik däl onuň. Bolmasa-da çynar ýaly saýasy, Ol goraýar mydam kyn düşen günüň. Dagdan sözi dag sözünden megerem, Ol dag ýaly sarsmaz, dag ýaly syrdam. Ösýär ol daglara urup köküni, Gözläp tapmarsyňyz çöllerden, gyrdan. Gyz-gelinler dakýar muny boýnuna, Çünki göz degmezmiş ony dakana. Gyssanýan her gezek daga baramda, (Bir wagtlar daga ylgap çykan-a!) Oglan döwrüm gören dagdanym hany? Ol henizem bezäp otyr gaýany. Tomsuň tüp yssysy, gyşyň aňzagy, Tär etmändir, misli dünýäň beýany. Bilýän ýene bir asyrdan gelseň-de, Dagdan garry eneň kimin garşylar. Ýaman gözden goraýandyr elmydam, Boýun muňa daýhan, alym hem şalar. Taňrym şeýdip ýaradanmyş dagdany, Dagdan tebigatyň seýrek magdany... Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |