DAGLARYŇ BÜRGÜDI, SÄHRANYŇ GURDY
Öten agşam, ýene, düýşüme girdi,
Daglaryň bürgüdi, sähranyň gurdy.
Çary Ýegenmyradow.
Jelaleddin Horezmşa hakynda taryhy esasly söhbet
Üstünden sekiz asyrdan gowrak wagtyň geçendigine seretmezden, Jelaleddin beýik şahsyýet, ýanbermez serkerde hökmünde diňe bir türkmeniň hakydasynda däl, eýsem, dünýäniň hakydasynda müdimi ýaşaýar.
Käwagt, käwagt biz taryhy unudýarys. Emma taryhmy özüni unutdyrmaga goýjak! Ol asla beýle geleňsizlige ýol bermez. Sebabi, ol diňe seniňki däl. Ol – halkyňky. Ol saňa özüni sazandanyň sazy, suratkeşiň suraty ýa heýkeltaraşyň heýkeli arkaly ýatladar durar. Ýogsam «Jelaleddin» poemamy ýazanyma-da, eýýäm 23 ýyl geçäýen eken.
Döwran Agalyýew bilen Saragt Babaýewiň «Jelaleddin» heýkeli barasyndaky söhbedimizden soň, Çary Ýegenmyradyň goşgy setirleri hakykata öwrüldi: «Öten agşam, ýene, düýşüme girdi, daglaryň bürgüdi, sähranyň gurdy». Ýöne, yzy welin başgaça boldy. «Aýpalta çalymdaş owadan Aý» däl-de, Jelaleddin soltan ýylgyryp durdy.
Poemamy ýazan günlerim ýadyma düşdi. Ol jaklaňja poema üç günüň dowamynda ýazyldy. «Edebiýat we sungat» gazetinde-de çap edildi. Dogrusy, poemanyň ýazylan üç gününiň dowamynda kimdir biri menden adymy soraýsa, ol: «Jelaleddin» diýen jogaby alaýmagy gaty mümkindi. sebäbi, men onuň dünýäsine, has takygy, ol meniň dünýäme siňňin ornaşypdyr.
Ynha, indi ýene-de şol ahwal. Ýene-de göwnüm, ruhum, meni taryha sary idenekledip ugrady. Nireden nirä diýýäňizmi?! Aşgabatdan Köneürgenje – Horezmşalaryň paýtagy bolan şo-ol gadymy Gürgenje. Soň-soňlar ony Ürgenç diýibem atlandyrypdyrlar. Hawa, bildiňiz, şo-ol hemişeki ýerlerden, meniň çagalygymyň geçen ýerlerinden. Il Arslanyň, Soltan Tekeşiň Gadymy Gürgençdäki kümmet binalarynyň ýanyndan. Sopy donuny sypyryp, Çingize garşy söweşip, sapan atan Nejmeddin Kubranyň aramgähiniň ýanyndan. Ýöne çagalykda bolsa-da, men ol binalary heňňamyň ençeme möwrütiniň çaň-tozany siňeninden soň görüpdim. Jelaleddiniň gözleri welin ol binalary heniz beýle binalaryň başga ýerde ýok wagtlary, şugla saçyp duran wagtynda görendir. Jelaleddin öz pederleriniň dowamat dowamynyň ykbalyny heniz bilmedik wagtlary..., dogrusy, bilen wagtlaram. Mongollaryň turzan tupanyndan soňam ol ejizlemändi. Tupandan soňky tüweleý bolup köwsarlapdy.
Beýikligini dünýäniň boýnuna goýmagy başaran seljuk türkmenleriniň yzysüre, düýbi tutulan Horezmşalar döwleti Çingiz hanyň zarbasyna döz gelmedigem bolsa, taryhy ýadygärlikleri, ýatlamalary we Pilmahmyt ýaly gaýratyna dünýäde taý tapylmadyk, bir çetinden sanap ugrasaň sanawy gutarmajak ylym eýeleriniň ruhy welin mizemän saklanyp galypdyr.
Dogry, taryhyň örüsi giň. Ol üstünden ençeme asyr geçenligine seretmezden, inkär edilmesi mümkin bolmadyk wakalaryň guraksy sene ýazgysynyň, ýeňişlerdir ýeňilişleriň sanawlarynyň möçberinden aşa giňdir. Bu hut Jelaleddin soltanyň ykbaly bilen dahylly söhbetlerde-de hut şonuň ýalydyr.
Indi men bu gün taryhyň dumanlap duran ýyllaryna seredip, huşumda-da, düýşümde-de Jelaleddin dogrusynda pikre batýan. Asly Oguz handan gaýdýan Aýdan a:ry türkmeniň taryha siňen şöhraty bize gökdäki Güni ýatladýar. Gün Zeminden näçe alysda bolsa-da, onuň howry – bedenimize ýylylyk, ýagtylygy – kalbymyza nur.
Oguz peder bilen bagly gysgaça maglumatlary ýatlamak gerek. Halkymyzyň taryhy köküniň Oguz hana direýär. Nesilbaşymyzyň alty ogly bolup, üçüsini ynsan ýaşaýşy üçin derwaýys bolan Asmany zerurlyklaryň hormatyna – Gün, Aý, Ýyldyz, beýleki üçüsini hem ynsan ýaşaýşy üçin zerur bolan Zemini zerurlyklaryň hormatyna – Dag (toprak), Gök (gök ýalyn, o:t), Deňiz (suw) diýip atlandyrypdyr. Oglanlaryny ýaý we ýaý oky bilen bagly rowaýatlardan bilşimiz ýaly, üç üçden iki topara bölüpdir. Uly ogullaryna ýaý berip, (bozulýan, sökülip gurnalýan ýaý manysynda) «bozuklar» diýip atlandyrypdyr. Kiçi üç ogluna bolsa, üç sany ýaý okyny berip, «üçoklar» diýip atlandyrypdyr. Ondan soň häkimligiň, hökümdarlygynyň uly ogullaryna «bozuklara» degişlidigini aýdypdyr. «Üçoklara» bolsa ýerine ýetirijilerdigini aýdypdyr.
«Oguz» sözi taryhyň dürli döwürlerinde dürli halklaryň dilinde (orfoepiýasynda) dürlüçe aýdylypdyr. Ynha, olar: «Oguz» sözüniň birinji harpy başlangyç 0 (nol – başlangyç) hökmünde göz öňüne getirilse, başlangyçdan 0-dan gaýdýan «guz» sözüniň dürli dillerdäki orfoepiýasynyň, ýagny aýdylyş äheňiniň netijesinde, gu:r, gu:n, go:r, hu:n, hor, tür, tu:r, sun, hwalin, hwalis, u:z, yz ýaly görnüşlere eýe bolandygyny öňki makalalarymyň birinde ýazypdym. Şeýlelikde halkymyzyň dürli dillerde we dürli döwürlerde dürlüçe atlandyrylyşy, ýazylyşy esasynda onuň başga-başga halkyň ady hökmünde göz öňüne getirilen we kabul edilen pursatlary-da az bolmandyr.
Dünýäde 70-den gowrak döwleti, nesilşalyklary (dinastiýalary) esaslandyran halkymyzyň taryhyndan käbir maglumatlara ýüzleneliň. Gaznaly soltanlygyny dabaralandyran Söbükteginiň we onuň ogly Mahmyt Gaznalynyň şejeresi Oguz hanyň Gün oglundan bolan Gaýa agtygyna direýär. Dabarasy dünýä dolan Seljuk türkmen hökümdarlygy öz aslyny «Üçoklardan» Deňiz hanyň Kynyk ogluna direýär.
Eýsem, Seljuk hökümdarlyklaryndan soň dabarasy äleme dolan, taryha Jelaleddin ýaly mertebe eýesini sowgat beren Horezmşalar hökümdarlygy kimlerkä?! Bu barada hormatly Prezidentimizi diňläliň. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde: «Daşoguz welaýatynyň häzirki çäkleri gadymyýetde Horezm diýlip atlandyrylypdyr. Amyderýanyň aşak akymlarynda ýerleşen, ýaýylyp ýatan çölli, sähraly Horezm topragynyň ýeke daban ýeri hem işlenilmän galdyrylmandyr. Horezm topragy ekinzarlyk bilen gül öwsüpdir. Bu ýeriniň topragynda zeý suwlarynyň esli möçberiniň bardygyna garamazdan, Amyderýanyň kenaryndaky hem-de onuň Sarygamyş töweregindäki ähli ýerlerinde, geçmişdäki syýahatçylaryň aýtmaklaryna görä, obalar gür oturyp, olaryň aralyklaryny ekin meýdanlary eýeläpdir. XI asyrda ýaşap geçen, seljuklaryň Horezmdäki dikmesi Anuştegin Gur şanyň esaslandyran uly bolmadyk oguz-türkmen döwleti asyrlar aşyp, Orta Gündogarda kuwwatly uly döwlete öwrüldi. Anuşteginiň nebereleri Beýik Horezmşalary diýlip atlandyrylmaga başlanyldy, olaryň paýtagty bolsa gadymy Gürgenç (häzirki Köneürgenç şäheri) boldy. Horezme mongol ýörişleriniň öň ýanynda gelip gören Ýakut al-Hamawy: «Horezm ýaly gülläp ösýän ýeri dünýäniň hiç bir ýerinde görmedim» diyip belleýär
.
Anuştegin Guruň ýedinji arkasy
Jelaleddin soltanyň lakamy Meňburyn däl-de Menguberdidir
Jelaleddin soltanyň mürzesi, gözli şaýat bolan wakalary esasynda onuň ömürbeýany baradaky kitaby nesillere miras goýan Muhammet Nusaýly: «Taryhçylaryň her biriniň baş maksady öz döwrüniň taryhyny ýoýman gürrüň bermekdir» diýýär. Gürrüňini edýän taryhy şahsyýetimiz öz döwrüniň we onuň yz ýanlaryndaky taryhy çeşmelerde şeýle atlandyrylýar – Jelaleddin ibn Horezmşah soltan Alaeddin Abulfeth Muhammet, ibn Tekeş ibn Il Arslan ibn Atsyz ibn Muhammet ibn Anuştegin. Lakamy Menguberdi.
Diýmek, Jelaleddin Horezmşalar döwletini esaslandyran Anuştegin Gu:ruň 7-nji arkasy bolýar.
1) Anuştegin;
2) Anuşteginiň ogly Muhammet;
3) Muhammediň ogly Atsyz;
4) Atsyzyň ogly Il Arslan;
5) Il Arslanyň ogly Tekeş;
6) Tekeşiň ogly Alaeddin Abulfeth Muhammet Horezmşa;
7) Alaeddin Abulfeth Muhammet Horezmşanyň ogly Jelaleddin. Jelaleddiniň lakamy – Menguberdi.
Aslynda, «Mengu» sözi Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwanynda» ölmez-ýitmez, baky manysynda bolup, ol Allanyň bir ady hökmünde düşündirilýär. Diýmek, Mengu+berdi (Alla+berdi, Taňry+berdi, Hudaý+berdi, Salyh+berdi, Kadyr+berdi, Kerim+berdi, Jepbar+berdi ýaly türkmeniň goşma sözlerden has at ýasamak galypynyň nusgasynda. «Berdi» sözüniň goşulmagynda, şeýle usulda at ýasamagyň beýleki sebitdeş halklara mahsus däldigini bellemelidir.).
«Menguberdi» sözüni nygtamagymyzyň sebäbi şol döwürleriň meşhur taryhçylarynyň hemmesiniň taryhy işlerinde Jelaleddiniň lakamy Menguberdi. Ol kitaplardan Menguberdi sözüni gözlese-de bolar, tapsa-da. «Meňburun» lakamyny welin gözläniň bilen tapyp bolmaz. Sebäbi ol ýokdur. Taryhda Alaeddin Abulfeth Muhammet Horezmşanyň uly ogly Jelaleddin Menguberdidir.
Taryh bu – taryhdyr. Ol seljuklaryň älemi sarsdyran hökümdarlygyndan soň dabarasy dünýä dolan Horezmşalar nesilşalygyny esaslandyranyň Anuştegin Gu:ruň Oguz hanyň Ýyldyz han oglundan bolan Begdiliniň neslidigini tekrarlanynda-da taryh dogrudyr. Kutbetdin Muhammediň, Il arslanyň, Tekeşiň hat-da Alaeddin Abulfeth Muhammediň bitiren sansyz beýik işlerini beýan edeninde-de taryhdyr.
Horezmiň soltanynyň – öz ogly Muhammediň Permanlaryny hususy Permany bilen güýçden gaçyran Türkan hatyn hakyndaky maglumatlar bilenem ol taryhdyr. Türkan hatyn ogly Muhammet Horezmşanyň asly Gaýalara direýän urugly aýaly Aýjäjekden bolan uly ogly Jelaleddiniň tagta mirasdüşerlik hukugyny öz Gypjak kabylasyndan bolan beýleki bir aýalyndan dünýä inen ogly Ozlag şa bilen çalyşmaga göwnedenligi baradaky maglumatlar bilenem taryhdyr. Alaeddin Abulfeth Muhammet Horezmşanyň uly ogly Jelaleddine soltanlygy geçiren soňky demindäki adalaty bilenem taryhdyr.
Jelalleddin Muhammediň ýitiren abraýyny arslanyň agzyndan almaly boldy. Onuň bary-ýogy 300 atly bilen Çingiz hanyň 700 atlysynyň üstünden gazanan ýeňşini ýaýradyp, ýüreklerde umyt uçgunyny ýylpyldadanynda-da taryhdy ol.
Çingiz han tarapyndan ykrar edilen soltan Jelaleddin kakasy Muhammet Horezmşanyň doganoglany, Hyradyň häkimi hem muktasy, Jelaleddiniň gaýynatasy, gaňly taýpasynyň serdary, ýanynda soltan Muhammediň goşunundan bolan ýolbarsyň äňini ýazdyryp bilýän, arslana gaýra dur diýýän saýlama 10 müň türkmen goşuny bolan Emin el-Mülk bilen birleşip, mongollara gurt oýnuny görkezeninde-de taryhdy...
Üstünden sekiz asyrdan gowrak wagtyň geçendigine seretmezden Jelaleddin beýik şahsyýet, ýanbermez serkerde hökmünde diňe bir türkmeniň hakydasynda däl, eýsem, dünýäniň hakydasynda müdümi orun aldy. Halkyň, ýurduň ykbalyna jogapkär şahsyýetleriň ynsanpewerligem bolmalydyr welin, gerek ýerinde ýowuzlygam bolmaly. Ejesi Türkan hatyna «haý» diýmäge bogny ysmadyk Muhammet Horezmşa, pitjiň atyjylaryň beýan edişi ýaly ejiz, namart bolsa, döwletini beýle uly derejä asla ýetirip bilmezdi. Ol Anuşteginleriň mynasyp dowamy bolmadyk bolsa, Jelaleddin ýaly merdana gerçek älemi aňk etmezdi.
Taryh Soltan Muhammet Horezmşanyň ogly Rukneddin Gursanjynyň mongollara ýesir düşüşi bilen bagly wakany şeýle beýan edýär. Tuly han oňa dyz epip, aman sorasa, boşatjakdygyny aýdýar. Rukneddin Gursanjy mertlerçe ölümi saýlaýar. Onuň şol wagt bary-ýogy 12 ýaşy bardy.
Jelaleddiniň doganlaryndan Kutbeddin Ozlag şa 1221-nji ýylda mongollaryň elinden wepat bolýar. Uýasy, aýal dogany Hansoltan hatyn, ilki, Samarkandyň hökümdary Osman hana durmuşa çykarylýar. Osman han Muhammet Horezmşa tarapyndan dönüklikde aýyplanylyp öldürilýär. Hansoltan şondan soň Memdud atly emire durmuşa çykýar. Memdud Müsürdäki mamlýuk türkmenleriniň Salaheddin Eýýubynyň yz ýanyndaky hökümdarlarynyň biri bolmak bilen taryhda «Beýbars» diýlip tanalýan serkerdesi Begbars bilen mongollaryň üstünden iň ilkinji aýgytlaýjy ýeňşi gazanan wagtynda: «Men Mamdudyň ogly Mahmyt. Men şol, mongollary kül-peýkun eden (Jelaleddin) Horezmşa daýymyň aryny alan» diýen sözleri buýsanç bilen dabaralandyran Seýfeddin Guduz şol Memdud beg bilen Hansoltanyň ogludyr. Taryh-da bu. Ol göwünem görmeýär, ýüzem, ýeňşiňem gizlänok, ýeňlişiňem.
Jelaleddiniň doganlarynyň ýene birisi Kyýaseddin Pir şadyr. Ol 1220 – 1229-njy ýyllarda Yragyň häkimi bolýar. Ýene bir dogany hem Ak şa, ýagny 12 ýaşynda Tuly hanyň elinden ölen Rukneddin Gursanjydyr.
Jelaleddiniň Guýmahy şa, Ýahýa Hur şa atly doganlarynyň bardygy aýdylýar.
Esasy şygary: «Medet diňe Alladandyr» diýen jümleden ybarat bolan Jelaleddin Menguberdi bilen baglylykdaky ýene-de bir hakykata ünsi çekmeli. Ol hakykat «Jelaleddin Muhammet Horezmşanyň türkmen aýalyndan bolan» diýlip, dogry ýazylyp, ýalňyş düşünilýän şu jümlededir.
Eýsem hakykat nämede ýa nirede?!
Dürli döwürlerdäki dürli milletlerden bolan awtorlaryň – Muhammet Nusaýlynyň, As Subki Abu Nasryň, Juweýniniň, ibn Esiriň, Ibn Haldunyň, Jüzjanynyň, Al-Makriziniň, Tekindagyň, W.Ýanyň, W.W.Bartoldyň, Z.M. Buniýatowyň, W.A. Gördlewskiniň, Ö.Gündogdyýewiň, J Gurbangeldiýewiň nygtaýşy ýaly, Anuştegin Gu:ruň 7-nji arkasy bolan Jelaleddin alty arkasy türkmen wagty nädip milletini üýtgedip biler?! Jelaleddiniň taryhy çeşmelerde beýan edilýän lakamy – Menguberdi.
Jelaleddin – Anuştegin Guruň 6-njy arkasy Muhammet Horezmşanyň uly ogludyr. Diýmek, ejesiniň kabylasyna seretmezden ol, eýýäm, türkmendir.
«Jelaleddin Muhammet Horezmşanyň türkmen aýalyndan bolan» diýlen jümläniň mazmunyny aýratyn nygtamagymyzyň sebäbi sebäbi, Muhammet Horezmşanyň beýleki milletlerden hem aýallarynyň bolandygy üçindir. Şeýlelikde, Jelaleddin Meňguberdiniň ata tarapy hem, eje tarapy hem türkmendir..
Taryhymyzdaky şeýle merdana gerçekleriň mertebesini öz eserlerinde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, meretebesi hemişe belent bolsun!
Aşyrmät GARLY.
Edebi makalalar