19:31 Bitaraplyk balladasy | |
BITARAPLYK BALLADASY
Goşgular
Şahyr göwni käte-käte heňňamlara seýle gider, Kalby pikirden püre-pür, duýgulary gaýmagydyr, Ynsanperwer halkymyzyň gözbaşynda — Oguz peder, «Il bilen il bolmak» ýoly gadym türkmen saýlawydyr. Topragy tymsaldan doly, baýdyr – taryhy dükany, Garaşşsyzlyk — gudratymyz, Bitaraplyk — bagt mukamy! «Ody özüňe basyp gör», çünki, jebri dadan biler, Ýagşy bol, ýagşy bol, ýagşy ýakyn biler, ýadam biler, Adalata – Baýyndyr han, güýç küýselse, Gazan geler, Pähim, alkyş islenilse, meşhur Gorkut dädem geler, Aýdan sözi ýere gaçmaz, Hak kelamydyr okany, Garaşşsyzlyk — gudratymyz, Bitaraplyk — bagt mukamy! Öz ýurduňdan hergiz üzňe bolmagyn – diýip sargalan, Aglap duranyň ýanynda gülmegin – diýip sargalan, Gury agaja nähak gan çalmagyn – diýip sargalan, Wesýetleri berjaý etseň, kyn däl Görogly bolmagam. Onsoň, ykbalmy gysganjak, beýle ýigde genji-käni Garaşşsyzlyk — gudratymyz, Bitaraplyk — bagt mukamy! Ýetmişden gowrak ýurt gurup, çawlady ýakyn-yragy, Al Horezmi, Al Faraby tutuş dünýäniň çyragy, Berkarar döwlet isledi guşdilli şahyr – Pyragy. Köki bäş müň ýyla çümen türkmeniň ruhy çynary Ýene pür-pudak ýaýratdy, saýasy diýseň sapaly. Garaşşsyzlyk — gudratymyz, Bitaraplyk — bagt mukamy! «Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme, Birisine gep berip, ol birine al berme». Mollanepes «yşk mülküniň şasy» diýseler geň görme, Adamzadyň aşygy ol, gurbanam onuň dillerne. Türkmen ynsanperwerligi – bitaraplygym sapaly, Garaşşsyzlyk — gudratymyz, Bitaraplyk — bagt mukamy! Kä eseldi, kä peseldi heňňam içre halkyň haly, Daňa umydy güýjeltdi gijäniň garaňky şaly, Wepany-da kän görendir, boldy gören wagtam aly, Bethyýala atlananda bilegi güýçliniň päli, Dünýä ýaň salyp ýaňlandy Şükür bagşynyň mukamy. Garaşşsyzlyk — gudratymyz, Bitaraplyk — bagt mukamy! Şatlygyň joş ursa diňle, diňläber, göwnüň nadylmy, Döw diňlese gözün ýaşlap, paş eýläbir perýadyny, Dutaryň owazy çözer, gyljyň çözmejek zadyny, Amangeldi Gönübekden hikmet – «Ybraýymşadilli» Gudratyndan göçürmedir kalby mukama bekäniň, Garaşşsyzlyk — gudratymyz, Bitaraplyk — bagt mukamy! Agyz birläp, göwün birläp, bolup bir-bire taý, boýdaş, Egrip, dokap, çitip, kakyp, hem köňüldeş hemem roýdaş, Her öý – dünýä, töri – tagty, her gerçek beg-hana taýdyr Gireniň gözüni eglär, gurup oturşy aýbogdaş, Alkyş bary ýagýar baky, haly sungatyn dokana, Garaşşsyzlyk — gudratymyz, Bitaraplyk — bagt mukamy! Bagt diýlen zat berilýändir öz aslyny sarpalana, Agyr ýükler abraý bolsun, gaýrat bagtyn arkalana, Dünýä bileleşiginde sarpa goýlup, dür kelama, Iki gezek ykrarly ýurt, ykrarýetli Arkadaga, Alkyş bolsun, şöhrat bolsun baky Bitarap mekana Garaşşsyzlyk — gudratymyz, Bitaraplyk — bagt mukamy! | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Gözeller şasy / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Ugrukdyrma / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Agta han / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Sen adam aslyň hakda / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |