21:02 Bagtymyñ badalgasy | |
BAGTYMYŇ BADALGASY
Goşgular
Bir ullakan şäher örän gadymy, kyrk dört derwezeli galasy bilen hersinde bir metjit ymam-hadymly on müň namazhonuň senasy bilen baş derwezäň ýanyndaky metjitde kyrk müň dindar dileg-doga edipdir. Ähli zadyn öwüp bolmaz hetjikläp, ylymda kän ösüş – sogap edipdir. Ibn Sinaň, Al-Horezmiň, Gazaly:ň Kubraň, Zamahşaryň, Najib şanyndan... ýedi yklymda gollanmadyr ýazany hersi parlak ýyldyz giň Asmanymda. Gerçek Göroglynyň ýanbermez ruhy Aýdyň piriň nazarynda berkedi. Aram-aram pessaýlaýan howalam, sen hakynda ýazanymda berkedi, sorag belgisine dönen hyýalym boldy minara deý dim dik alamat. Nalaç babaň, Edhem piriň diýary, Sen amanmyň – diýmek, menem salamat. Mertlik nury çaýylypdyr zamana. Jelaleddin, Ýusup, Ahmet, Bozoglan, häzir olar erteki deý hamala, ýogsam, bular taryh içre ýazyglam. Ýok, ýok, bu meň diýdigim däl ýalandyr, ýaýdanýan gürrüňe çyna berimsiz. Çyn bolandyr. Ol, elbetde, bolandyr, heňňamlara seýle çykyp görüň siz. Şonuň üçin girişeýin gürrüňe bozguja çalymdaş ýyllar hakynda. Günleriň içinde diňe bir güne däl-de, tanap ugran günlem hakynda. Adamlaryň özem üýtgäp barýa-la, ösdürmek maksady bilen durmuşy. Kän wagtam bolupdyr öýdýän barmanma, döwrebaplaşanmyş jaýlaň gurluşy, meniň üçin üýtgemändir, ol takyk. Hakydamyň letdelerniň süýşmegi kyn bolsa-da, arasyndan ýol tapyp, subut etdi ony maňa düýşlerim. Altyn sen, ýakut sen, zümerret, dür, genç bibaham sen. Men özümi ýazgarýan. Gadym Gürgenç soňra Ürgenç – Köneürgenç baş badalgam huzuryňa az barýan. Seniň mertebäňi aň subut edýär, ýatlap durmasam-da her bir pursatda, ýekeje hakykat kän subut edýär iň ilkinji şäherdigňi gursakda. Almazly hazynam, göwherli genjim ömrümiň hem ykbalymyň keşdesi. Gürgenjim – Ürgenjim – Köneürgenjim, Üç ýüz altmyş är öwlüýäň mesgeni. Gadym Gürgenç, soňra Ürgenç –Köneürgenç darajyk köçäňde kiçjik külbede doglan ogluň bu gün özün gözläp ýör bu ummasyz uç-gyraksyz dünýede. Aşyrmat GARLY. | |
|
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Kakasy aýatda, çagasy ýetim... / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Mekanyna gideli / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||