22:09 Ýurt | |
ÝURT
Goşgular
![]() Ýurt tutundy Oguz – edermen emin, öňe salyp, gök börüsin – gurduny. Nuhuň tupanyndan çalygyp Zemin, Ýafesiň aýagnyň düşen ýurdy bi. Alla bu mekana beripdir kerem, çöl beren, dag, derýa hem deňiz beren. Şu ýurtdan güýç alyp, kän döwlet guran, türkmen dünýä subut etdi zordugyn. Belent ruh – Allanyň beren senedi, dost köpeldi, duşmanlarmyz kemedi, içoguzy, daşoguzy jem eden Gorkudyň paýhasy bilen nurdy bi. «Türkmenler ýurduny saýlapdyr gowy!» bu jümle jigerne ýapyşdy ýagyň. «Ýurt» diýip, hikmeti, bilegi ýogyn Röwşen oýnamaga gylyç syrdymy?! Agzalalyk şek ýetirdi zandyna, Soň hiňlenip ugradylar «Ýandyma», umytdy Pyragyň şygyr bendine, Şüküriň eline goşa tardy bi. Läheň gerek – umman göwsün dilmäge, Hakdan kerem gerek eken gülläre. Garaşsyz Watany bilen dünýäýe, Şugla saçýar türkmen Güneş – Nur kibi. Aşyrmat GARLY. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |