00:14 Türkmen | |
TÜRKMEN
Goşgular
![]() Syrly rowaýatlaň içine siňip, galyň-galyň kitaplary açybam, men seniň aslyňy açmadym anyk, ýaňy geçdim iň ilkinji gaçydan. Häzir islegleriň yzyna düşýän, isleg bilen meni kim aralasyn? Beýik-beýik döwletlerden bir nyşan: metjit-medreseli, minaralysyň. Sarsmaz döwletlerni ýele beripdir, başgaça bolarmy agzyň a:la:r-da?! Gyzlaryny köre, kele beripdir, Oňarsalar bermändirler namarda. Aýdym aýdypdyrlar çekip belende, ýagy gelse, üýşüp at salypdyrlar. Ata Watanyna gezek gelende, otda ýanyp, gary ýassanypdyrlar. Garry çopan, has oglantap çolugam, söweşe gypynçsyz girip gidipdir. Çaklaryndan erjel güýje ýolugan, diri gelip, yza «süýnüp» gidipdir. Gynananda hyrçyn dişläp oňupdyr, gülende gülüpdir gülen şekilli. Käbir inçe häsiýetiň anyksy mümkin däl söz bilen çekmek şekilni. Berip goýberipdir soňky lukmasyn, «Goňşyň ogly boldy!» diýip buşlana. Hiç haçan söýmändir özgäň dikmesin, sarpa goýupdyrlar halal işläne. Sypalapdyr körpe nesliň başyndan, oňarsa ulynyň göwnün ýykmandyr. TÜRKMEN – ýedi sany sesden goşulan ýöne söz däl, OL BIZ ÜÇIN YKBALDYR! Aşyrmat GARLY. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |