05:08 Gel, Täze ýyl! | |
GEL, TÄZE ÝYL!
Goşgular
![]() «Gelen — döwlet», gel, täze ýyl, ýoluňdadyr göreç bary, Gel, täze ýyl, gel, gadyrdan, geleriňe garaşýarys! Sende hasyl boljak arzuw, niýet, yhlas kändir häli, Arzuwlara wysal getir, sünnäläris, taraşlarys Gel, täze ýyl, gel gadyrdan, geleriňe garaşýarys! Şahandazdyr illerimiz, gel, goşul-da, biri bol sen, Saglyk getir, şatlyk getir, bagtymyz bolmasyn kemter, Biz senem bagtly ederis, çyndyr, göz ýetirsiň, gelseň, Bagtymyza gaş bolarsyň, göz ýetirip ýaraşýanyň, Gel, täze ýyl, gel gadyrdan, geleriňe garaşýarys! Ýüreklerden ýer berýäris, ilini sarpalana biz, Türkmeniň Milli Lideri — Gahryman Arkadagymyz, Asly ussat Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Paýhasyn, gaýratyn-dogmyn saýýarys göreç ýaly biz, Gel, täze ýyl, gel gadyrdan, geleriňe garaşýarys! Ýer göteren sary öküzi arkaňa alyp, Luwum, gel, Rehnetiňden joşa gelip, heýjana gelsin göwün, gel, Sen beýiksiň, seniň bilen bir gez beýgelsin, döwür, gel, Ynsanperwerligiň rüstem bolmagy üçin göreşýäris, Gel, täze ýyl, gel gadyrdan, geleriňe garaşýarys! Berlen ömri ýagşy zada sarp etmäge gelýäris biz, Senem biz deý, bizem sen deý, düşünýäris, bilýäris biz, Şatlygmyzy binýat edip, bagt gursalar, gülýäris biz, Garaşýarys, düşünýärkäk sabryň bagta ýaraşýanyn, Gel, täze ýyl, gel gadyrdan, geleriňe garaşýarys! Aşyrmät GARLY. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |